bölüm 888, süre fussilat, aýat 8-12
bölüm 887, süre fussilat, aýat 8-12
راهی بسوی نور(888)
Fussilät süresi, 8-nji aýat :
إِنَّ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ لَهُمْ أَجْرٌ غَيْرُ مَمْنُونٍ (8)
<< iman getirip ýagşy işleri eden adamlara şübhesiz hemişelik serpaý bardyr . >>
Geçen gepleşikde zekat bermeýän we ýagşy işleri etmeýän we kyýamata imanlary bolmadyk müşrükler hakynda gürrüň etdik . elbetde bu hili ynsanlar bir wagyt ýagşy işleri edaýsalarda imanlary bolmansaň olara kyýamatda serpaý berilmez . gurhan kerim bu aýatda aýdýar : ýöne alla we ahyrete imanlar bolan ynsanlar we özleriniň ýagdaýlaryna görä ýagşylyk edýän ynsanlar kyýamatda taňry tagalanyň tökenüksiz serpaýyndan paýly boljakdyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ýagşy işleri etmeklik bilen imanyň arasynda özülmez arabaglanşyk bardyr we kyýamatda hem bu zatlaryň her birisi öz özünden ynsanyň derdine ýarajak däldir dimek iman bilen ýagşy amal bir biriniň ýanynda ynsanyň derdine ýarajakdyrlar .
2- kyýamatda allanyň berjek serpaýy tökenüksizdir ýöne dünýäde ynsanlara berilýän serpaý çäklidir we hemişelik däldir .
Fussilät süresi, 9 we 10-njy aýatlar :
قُلْ أَئِنَّكُمْ لَتَكْفُرُونَ بِالَّذِي خَلَقَ الْأَرْضَ فِي يَوْمَيْنِ وَتَجْعَلُونَ لَهُ أَندَاداً ذَلِكَ رَبُّ الْعَالَمِينَ (9) وَجَعَلَ فِيهَا رَوَاسِيَ مِن فَوْقِهَا وَبَارَكَ فِيهَا وَقَدَّرَ فِيهَا أَقْوَاتَهَا فِي أَرْبَعَةِ أَيَّامٍ سَوَاء لِّلسَّائِلِينَ (10)
<< eý pygamber müşrüklere aýt : siz ýeri iki günde ýaradan kimsä kapyr bolýarsyňyzmy? we oňa şärik tutunýarsyňyzmy? ol älem - jahanyň perwerdigäridir // ol ýeriň ýüzünde daglary ýaratdy we onda köp haýyr we bereketler goýdy we onuň ryzkyny dört günde belli etdi ( we bu ryzyk ) gözleginde bolanlar üçin deňdir" diýip. >>
Gurhan kerim bu aýatlarda kapyrlara we müşrüklere ýüzlenip : siz , ýeri iki günde ýaradan alla şärik kaýyl bolýarsyňyzmy ? şeýdýän bolsaňyz siz gaty ýalňyşdadyrsyňyz" diýip aýdýar . aslynda üstünde ýaşaýan ýerimizi alla tagala ýaradandyr we ony ýaratmakda hem hiç bir zatdan kömek alan däldir. alla diňe bir ýeri ýaradan däldir eýsem bütin älem - jahany ýaradandyr we onuň çäresini hem özi görýändir, onda älem - jahanyň we barlygyň hakyky eýesi bolan alla tagala bendelik etmeklige laýykdyr we hakyky hökmürowanlyk hem allanyňkydyr. Alla tagala ýer şaryny halk etmekden soň onuň ýüzünde ýaradan bütin janly närseleriniň mätäçliklerini hem ýaradandyr, ýeriň ýüzünde berk daglary , uly- uly deňizleri we ummanlary we ýeriň astynda hem köp baýlyklary we magdanlary goýandyr, indi insanlar we beýleki janly närseler bu zatlardan peýdalanyp öz mätäçliklerini we ryzyklaryny üpjün edip biljekdirler onda alla hemmeler üçin ýeriň üstünde gerek mygdarda ryzyk goýandyr we janly närseler bu zatlardan peýdalanyp öz ýaşaýyşlaryny dowam berip biljekdirler . Indi şu ýerde bir sorag ýüze çykýar, olda, bu zatlar öz özünden amala gelipdirlermi ýada olary amala getirmekde allanyň kömekçisi bolupdyrmy? diýen sorag. Jogap belli zat , bu zatlar ne öz özlerinden amala gelipdirler we nede olary amala getirmekde allanyň kömekçileri bolupdyr eýsem alla , özüniň yradasy we gudraty bilen bu zatlary amala getirip olary janly jandarlaryň dowamaty üçin olaryň erkinde goýandyr .
Elbetde bu zatlaryň amala gelmekleri gurhan kerimiň bu aýatlarda nygtaýşyça tapgyrlaýyn suratda bolandyr we dört tapgyrda amala gelip ryzyk hökmünde ýeriň ýüzünde ýaýylandyr .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-müşrükleriň garaýyşlarynyň tersine älem jahany bir närse ýaradandyr ol närse bolsa alladyr we älem jahany ýaratmakda allanyň kömekçisi hem bolan däldir . müşrükler , älem- jahany dolandyrmakda allanyň şärikleri bar diýen pikre gulluk edýärler. elbetde olaryň bu pikri hem nädogrydyr. hem ýaradylyşda hemem ýaradylyşyň işlerine çäre görmekde allanyň şärigi we kömekçisi ýokdur .
2-ýaradylyş birden amala gelen zat däldir eýsem tapgyrlyk suratda ýüze çykandyr . hamana ýer şary iki günde dimek iki tapgyrda ýaradylandyr .
3-ylahy perwerdigäriň nyşanalarynyň birside dürli bereketleriň we nygmatlaryň ýaradylyp ynsanlaryň mätäjliklerini üpjün etmek maksady bilen ýeriň ýüzünde goýulmagydyr. elbetde alla bu nygmatlary deňläp ynsanlaryň erkinde goýandyr ýöne ynsanlaryň isrip etmekleri ýada birek biregiň hakyny imekleri hemmeleriň deň derejede bu nygmatlardan peýdalanyp bilmezliklerine sebäp bolandyr.
Fussilät süresi , 11 we 12-nji aýatlar :
ثُمَّ اسْتَوَى إِلَى السَّمَاء وَهِيَ دُخَانٌ فَقَالَ لَهَا وَلِلْأَرْضِ اِئْتِيَا طَوْعاً أَوْ كَرْهاً قَالَتَا أَتَيْنَا طَائِعِينَ (11) فَقَضَاهُنَّ سَبْعَ سَمَاوَاتٍ فِي يَوْمَيْنِ وَأَوْحَى فِي كُلِّ سَمَاء أَمْرَهَا وَزَيَّنَّا السَّمَاء الدُّنْيَا بِمَصَابِيحَ وَحِفْظاً ذَلِكَ تَقْدِيرُ الْعَزِيزِ الْعَلِيمِ (12)
<< soň alla asmana ulaşdy, şonda asman tüssedi, bes oňa we ýere aýtdy : meýletinlikde ýada mejburlykda geliň diýip . olar : "emre tabyn geldik" diýip aýtdylar.// bes olary iki günde ýedi gat asman şekline öwürdi we her gat asmana (özüne mahsus ) işi wahyý etdi we biz dünýäniň asmanyny ýagty we nurly yyldyzlar bien zynat berdik we ony goradyk we budyr gudrtly we ylymly allanyň goýan takdyrydyr. >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda ýaradylyşda we nygmat bermekde allanyň merhemet eden zatlaryny beýan etmekden soň bu aýatlarda asmanlaryň ýaradylşyna yşarat edip : alla asmanlary ýaratmagy yrada eden mahaly asman tüsse ýaly ýöne bir gazdy, alla oňa şekil berip ony tertip düzgüne getirdi diýip aýdýar . Alla ýeri we asmany ýaratmaklygy yrada etdi şonda ýer bilen asmanyň bu yrada boýun bolmakdan aýry çäreleri ýokdy, we alla tagala özüniň eden yradasyna görä olara şekil we düzgün berdi . mysal üçin allanyň şu yradasy bilen ýer şary iki günde dimek iki tapgyrda ýaradylyp onuň üstünde ýaşaýan närseleriň erkinde goýuldy, şeýlde alla tagala asmany ýedi gat edip ýaratdy we biziň depämizde görünýän asman birinji gat asmandyr ýene bir ybaratda asman ýedi uly toplumda ýaradylandyr we biziň öz depämizde asman diýip görýän zadymyz aslynda şol birinji asmandyr we ynsanlar hatda güýçli teleskoplar bilen we döwrebap enjamlar bilen hem asmanyň beýleki gatlaryny görüp bilen däldirler.
bu aýatlarda üns bermeli meseleleriň ýene birsi olda yyldyzlaryň asmana zynat bermek üçin ýaradylmaklarydyr . şeýlede yyldyzlarda ýaradylyşyň syrlary ýatandyr we yyldyzlar ynsanlary ýaradylyş hakynda oýlanmaklyga çagyrýandyrlar. şeýlede alla tagala özüniň gudraty bilen asmany her bir howpdan hatardan gorandyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-asman ozal başda bir tüsse şeklinde bir gaz bolandyr .
2-barlykdaky barça närseler allanyň emrine tabyndyrlar, onda ynsan hem barlygyň beýleki agzalary bilen birlikde hereket edip allanyň emrinden çykmaly däldir .
3-barlykdaky düzgün ynsanyň pähminden çylşyrymlyrakdyr, biziň barlykdan görýän zatlarymyz we sansyz yyldyzlarymyz diňe birinji asmana mahsusdyr we asmanyň beýleki gatlaryndan ynsanyň bilýän zady ýokdur .
4-barlyk allanyň gudratynyň we ylmynyň görnişe çykan ýeridir we allanyň barlygy belli bir gada esasynda ýaradyp onuň işlerine çäre görýändigini görkezýändir.
///////////////