Jun 14, 2021 14:01 Asia/Ashgabat

bölüm 889, süre fussilat, aýat 13-18

راهی بسوی نور(889)

Fussilät süresi , 13 we 14-nji aýatlar:

فَإِنْ أَعْرَضُوا فَقُلْ أَنذَرْتُكُمْ صَاعِقَةً مِّثْلَ صَاعِقَةِ عَادٍ وَثَمُودَ (13) إِذْ جَاءتْهُمُ الرُّسُلُ مِن بَيْنِ أَيْدِيهِمْ وَمِنْ خَلْفِهِمْ أَلَّا تَعْبُدُوا إِلَّا اللَّهَ قَالُوا لَوْ شَاء رَبُّنَا لَأَنزَلَ مَلَائِكَةً فَإِنَّا بِمَا أُرْسِلْتُمْ بِهِ كَافِرُونَ (14)

<< eger ýüz öwürseler olara aýt : sizi Ad we Semut kowumlarynyň başyna gelen otly ýyldyrym bilen gorkuzýaryn" diýip // haçanda biziň ilçilerimiz maňlaylaryndan we arkalaryndan ( diýmek çar tarapdan ) olaryň üstüne gelip olara "ýeke taňrydan özgä bendelik etmäň" diýip aýdanlarynda, olar : egerde biziň perwerdigärimiz bize (ilçi iberjek bolsa ) perişdeleri ibererdi , onda biz seniň ilçiligiňe iberlen zadyňa ynanmaýarys" diýip aýtdylar .>>

Geçen gepleşikde allanyň ýerdäki we göklerdäki gudratynyň we ylmynyň kä nyşanalaryna yşarat boldy . şol gürrüňiň dowamynda gurhan kerim bu aýatlarda allanyň gudratyny we ylmyny inkär edýän müşrüklere we kapyrlara ýüzlenip : siziň hak bilen jedel we duşmanlyk etmegiňiziň soňy allanyň gahar gazabynyň inmeginden aýry zat bolmaz sizden ozalky kowumlar hem pygamberleriň çakylygyny eşidip olaryň möjizalaryny görselerde ony inkär etdiler şonuň üçin hem olar allanyň gahar gazabyna giriftar boldular diýip aýdýar . kapyrlar , özleriniň bildirýän tersleşiklerini dogry görkezmekde : egerde alla pygamber iberjek bolsa ony adamlardan dälde eýsem perişdelerden saýlap bilerdi diýip aýdýarlar, şeýlede olar pygambere ýüzlenip : egerde seniň aýdýan zatlaryňa biziň iman getirmegimizi isleýän bolsaň onda saňa wahyý getirýän perişdäni bize görkez emma çünki sen bu işi başarmaýaň biz hem saňa we seniň aýdýan zatlaryňa iman getirmeýäris diýip aýtýarlar . dogrusy kapyrlaryň bu hili boş bahanalar bilen pygamberler bilen tersleşmekleri allanyň gahar gazabynyň inmegine sebäp bolandyr tebigatyň gahary bolsa allanyň gazabynyň bir görnüşi hökmünde bu hili kapyrlary gurşap alandyr .

 Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- pygamberleriň üstüne düşen borçlaryň biriside her bir işiň soňy barada ilata hüşgärlik bermeklikdir .

2- bütin ýazyklaryň jezasy ahyrete galdyrylýan däldir eýsem kä ýazyklaryň netijesi şu dünýäde hem ynsanyň ýakasyndan ýapyşýandyr . onda kyýamatda armanda bolmaz ýaly öz amallarymyza esewan bolmalydyrys.

3- taňry tagala , soň bahana getirmezler ýaly pygamberler arkaly özüniň halka bolan hüjjetini kämil edýändir . hüjjeti kämil etmeklik allanyň berkarar edip goýan ylahy kadasydyr alla tagala bu kadanyň üsti bilen müşrükleri we kapyrlary jezalandyrýandyr .

4- ynsanlary allanyň birligine çagyrmaklyk pygamberleriň baş maksadydyr, oňa görä hiç bir ylahy pygamber ynsanlary özüne tarap çagyrýan däldir.

Fussilät süresi, 15 we 16-njy aýatlar :

فَأَمَّا عَادٌ فَاسْتَكْبَرُوا فِي الْأَرْضِ بِغَيْرِ الْحَقِّ وَقَالُوا مَنْ أَشَدُّ مِنَّا قُوَّةً أَوَلَمْ يَرَوْا أَنَّ اللَّهَ الَّذِي خَلَقَهُمْ هُوَ أَشَدُّ مِنْهُمْ قُوَّةً وَكَانُوا بِآيَاتِنَا يَجْحَدُونَ (15) فَأَرْسَلْنَا عَلَيْهِمْ رِيحاً صَرْصَراً فِي أَيَّامٍ نَّحِسَاتٍ لِّنُذِيقَهُمْ عَذَابَ الْخِزْيِ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَلَعَذَابُ الْآخِرَةِ أَخْزَى وَهُمْ لَا يُنصَرُونَ (16)

<< ýöne Ad kowumy nahak ýere ýer ýüzünde tekepbirlik edip "bizden güýçliräk kim bar" diýdiler . olar tekepbirlik etmekleri üçin hem hemişe biziň aýatlarymyzy inkär edýärdiler // ahyr soň şum günlerde , olara dünýäde harlaýjy azabyň tagamyny dadyrmak üçin güýçli sowuk ýeli olaryň üstüne iberdik , elbetde ahyrda olaryň görjek azaby mundan güýçlirak bolar we şol günde olara hemaýatçy tapylmaz. >>

Ad we Semud kowumlaryň atlary çekilen geçen aýatlaryň dowamynda gurhan kerim bu aýatlarda kapyrlyk edýän adamlaryň nähili jeza görjekdiklerine yşarat edýär . aýtmak ýerli Ad kowumy Arabistanyň günortasynda ýaşaýan ýokary güýçden we baýlykdan paýly bir kowum bolupdyr . olar gaty uruşjaň bolupdyrlar we beýik mekanlarda we daglyk ýerlerde jaý salypdyrlar olaryň mäkäm galalary we gözel köşkleri bolupdyr. Ad kowumy özleriniň bu baýlyklaryna , galalaryna we köşklerine magtanyp özlerini hiç mahal ýeňilmez hasaplapdyrlar . şonuň üçin olar Hud pygamberiniň çakylygyny eşidenlerinde tekepbirlenip : allanyň azaby barada bize duýduryş berer ýaly sen kim bolarsyň? Megerde bizi ýeňip biläýjek gudrat barmy ? diýip aýtdylar . olar şeýle bir tekapbirlik edýärdiler weli özlerini ýaradan allanyň hemmelerde güýçliräkdigini unutdylar . alla diňe olar däl eýsem bütin älem - jahany ýaradan närsedir we allanyň gudratyny ynsanyň gudraty bilen deňeşdirmeklik umuman nädogrydyr we olary deňeşdirmek hem dogry däldir . her halda Ad kowmunyň hetden geçmekleri zerarly allanyň güýçli azaby olaryň üstünden indi, bir hepteläp güýçli ýel turdy we olaryň öýlerini we saraýlaryny derbi dagan etdi, ahyrsoň hem olaryň köşgi saraýlaryndan harabalykdan aýry zat galmady. olaryň başyna gelen bu azap dünýäniň azabydy, elbetde ahyretde olaryň başyna geljek azap bu azapdan has güýçliräk boljakdyr we şonda olara hemaýatçy hem tapyljak däldir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- tekepbirlikden gözbaş alýan kapyrlygyň jezasy şu dünýäde jogapsyz galmaz we tekepbir adamlar şu dünýäde hem allanyň azabyna giriftar boljakdyrlar .

2- öz güýç - kuwwatyňa magtanmaklyk her bir ynsany we köpçüligi şu dünýäde harlyga uçradyp biljrkdir .

3- tebigatdaky ýel we ot ýaly närseler alla yrada etse azap bolup ynsanyň ýada köpçüligiň üstünden inip bilýändirler .

4- allanyň rahmeti inen zamany mübärekdir we onuň gahar gazabynyň inen zamany bolsa şum we näsdir.

Fussilät süresi, 17 we 18-nji aýatlar :

وَأَمَّا ثَمُودُ فَهَدَيْنَاهُمْ فَاسْتَحَبُّوا الْعَمَى عَلَى الْهُدَى فَأَخَذَتْهُمْ صَاعِقَةُ الْعَذَابِ الْهُونِ بِمَا كَانُوا يَكْسِبُونَ (17) وَنَجَّيْنَا الَّذِينَ آمَنُوا وَكَانُوا يَتَّقُونَ (18)

<< emma Semud kowumy hakynda , olary hidaýat etdik ýöne olar gara ýürekliligi hidaýatdan ýegräk bildiler şonuň üçin hem eden etmişleri sebäpli otly ýyldyrym şeklinde güýçli azap olary gurşap aldy. // şonda biz, iman getirip ýagşy işleri eden takwa adamlary ( azapdan ) halas etdik . >>

Ad kowumynyň ykbalyndan soň gurhan kerim bu aýatlarda Semut kowmunyň ykbalyna yşarat edýär . Semud kowumy Arabisanyň demirgazygynda ýaşaýardy. olar daglaryň içinde mäkäm jaylary salyp durly miweleri we hasyllary amala getirýän bag bussanlykda ýaşaýardylar. taňry tagala Semud kowumy hakynda bu aýatlarda aýdýar : Semud kowmuny beýleki kowumlar ýaly dogry ýola çagyrdyk olary dogry ýola çagyrmak üçin Salyh pygamberi olaryň üstüne iberdik. Salyh pygamber aýdyň deliller bilen we ilahy möjizalar bilen olary hidaýat etdi. ýöne olar Salyh pygamberiň çakylygyny kabul etmegiň deregine ol bilen tersleşdiler. haka eýermegiň ýerne gara ýürek bolup ýaşamagy gowyrak bildiler . Semud kowumy hakyň nämedigini bilýärdiler, ýöne olar hak bilen jedel edip oňa eýermeklikden saklandyrlar netijede olar şu dünýäde allanyň güýçli azaby bilen ýüzbeýüz boldular asmandan inen otly ýyldyrymlar olaryň ýer ýurtlaryny we ýaşaýan jaýlaryny ýakyp ýok etdi . bu ýyldyrym şeýle bir güýçlidi weli haçanda çakanda onuň bilen birlikde ýer- gök lerzana gelip bütin zatlary agtar düňder bolýardy . elbetde bu arada iman getiren adamlar allanyň merhemeti bilen bu güýçli azapdan halas boldular .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- kapyrlyk gara ýüreklilikden bir nyşandyr, oňa görä her kim kapyrlyga aýak direse onuň ykbalyda şum boljakdyr

2- allanyň merhemeti ýada gahar gazaby öz – özünden däldir, eýsem bir kada esasyndadyr we ynsanlaryň amallaryna görädir. her kimiň ýazygy we eden etmişi bolsa şeýlede ýüregi gara bolsa ol allanyň gahar gazabyna uçrar, her kimiň ýüregi päk bolup ýagşy işleri etse ol allanyň gahar gazabyndan gutular . allanyň gahar gazabyndan gutulmaklyk bolsa allanyň merhemetidir.

//////////////

 

Tags