bölüm 891, süre fussilat, aýat 24-28
bölüm 891, süre fussilat, aýat 24-28
راهی بسوی نور(891)
Fussilät süresi, 24 we 25-nji aýatlar:
فَإِن يَصْبِرُوا فَالنَّارُ مَثْوًى لَّهُمْ وَإِن يَسْتَعْتِبُوا فَمَا هُم مِّنَ الْمُعْتَبِينَ (24) وَقَيَّضْنَا لَهُمْ قُرَنَاء فَزَيَّنُوا لَهُم مَّا بَيْنَ أَيْدِيهِمْ وَمَا خَلْفَهُمْ وَحَقَّ عَلَيْهِمُ الْقَوْلُ فِي أُمَمٍ قَدْ خَلَتْ مِن قَبْلِهِم مِّنَ الْجِنِّ وَالْإِنسِ إِنَّهُمْ كَانُوا خَاسِرِينَ (25)
<< onda garaşy bersinler , Ot olaryň jaýydyr we ötünç sorasalar bagyşlanmazlar. // we olar üçin ýoldaşlary goýdyk olar olaryň maňlaýyndaky we arkalaryndaky närseleri gözel jilwelendirip olara görkezdiler we olardan ozal yns we jynlary gurşap alan azabyň permany olary hem gurşap aldy şübhesiz olar zyýankärlerdendirler. >>
Gurhan kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda ýaramaz dostuň ynsanyň ykbalynda galdyrýan ýaramaz täsirine yşarat edip aýdýar : kyýamat gününde toba kabul edilmez sebäbi dowzahyň oduny görüp talap edilýän ötünç we edilýän toba meýletinlikde däldir, gorky ýüzündendir, oňa görä olar kyýamatda töba etmegiň deregine eden etmişleriniň netijesini we miwasyny görmäge garaşmalydyrlar. Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem günäkärleriň başyna kyýamatda gelejek azabyň sebäplerini açyklamakda telek dostlary ynsanyň günä işlere ulaşyp kyýamatda azap görmegine sebäpkär bilýär .çünki telek dost ynsany ýoldan çykaryp ýaramaz işleri ynsanyň gözüne gözel işler hökmünde görkezýändir, şeýdipde ynsany günä işlere tarap çekýändir . telek dostlar ynsany durly taraplardan gurşap alýandyrlar. olar kä wagt şeýle bir ynsanyň töweregini gurşap alýandyrlar welin ynsan ýagşy bilen ýamany saýgarmakda kynçylyga uçraýandyrlar we haýsy işiň dogry we haýsy işiň egridigini saýgarmakda başy çaşýandyr . Şaýlelik bilen ynsan telek dostlaryň netijesinde ýoldan azaşyp özüni betbagt edýändir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsan ölmänkä toba edip eden etmişlerini düzüldip bilýändir, ýöne ahyretde ynsan üçin bu ýol baglanýandyr .
2- pasyk we telek dostlardan esewan bolmalydyr, olar durly ýollardan ynsanda ýaramaz täsirleri galdyryp ony dowzaha tarap äkidip bilýändirler .
3- biziň telek işlerimizi gowy görýän adamlar bize çyn dost bolup bilezler eýsem olar ynsan şeklindäki şeýtalardyrlar .
4- ynsanyň telekeçilige uçramagy ýuwaş- ýuwaşdan bolýandyr, deslapky ädim ynsanyň töweregindäki telek dostlar telek işleri onuň ýanynda öwýändirler soň ynsanyň özi ýuwaş- ýuwaşdan telek işlere öwrenip özüni betbagt edýändir .
5- telek dost ynsana hiç zady berýän däldir eýsem olar durşuna zýankärlikdir we ynsany iki dünýe betbagt edýändir.
Fussilät süresi, 26 , 27 we 28-nji aýatlar :
وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا لَا تَسْمَعُوا لِهَذَا الْقُرْآنِ وَالْغَوْا فِيهِ لَعَلَّكُمْ تَغْلِبُونَ (26) فَلَنُذِيقَنَّ الَّذِينَ كَفَرُوا عَذَاباً شَدِيداً وَلَنَجْزِيَنَّهُمْ أَسْوَأَ الَّذِي كَانُوا يَعْمَلُونَ (27) ذَلِكَ جَزَاء أَعْدَاء اللَّهِ النَّارُ لَهُمْ فِيهَا دَارُ الْخُلْدِ جَزَاء بِمَا كَانُوا بِآيَاتِنَا يَجْحَدُونَ (28)
<< kapyr bolan adamlar aýtdylar : gurhana gulak asmaň we ol ukalanda boş we bihuda gürrüňleri dile getirdiň, belki ýeňdiňiz" diýip // onda kapyrlara güýçli azaby dadyrarys we olary eden iň ýaramaz işleri üçin hökman jezalandyrarys // allanyň duşmanlarynyň jezasy budyr : ( tamugyň ) ody , ol ýer olaryň hemişelik saraýy bolar, biziň aýatlarymyzy hemişe inkär etmekleri üçin . >>
Gurhan kerim bu aýatlarda mekge müşrükleriniň yslam pygamberiniň garşysynda ýola berýän ýaramaz işleriniň ýene birisine yşarat edip aýdýar : haçanda yslam pygamberi gurhanyň her bir derde derman aýatlaryny mekgäniň ýaşaýjylaryna okap berende müşrükleriň käleri sykylyk çalýardylar ýada gygyryp goşgy okaýardylar şeýdipde ilatyň üns berip gurhana gulak asmaklaryna päsgelçilik döredýärdiler . durmuşda şeýle bir hileli hereketleri diniň duşmanlary tarapyndan görmek bolýandyr . diniň duşmanlary köpçüligiň ünsini gurhandan başga ýerlere sowmak ugurda özleriniň medýa we arabaglanşyk serişdeleri arkaly gurhan hakynda ýalan- ýaşryk gürrüňleri ýaýradýandyrlar . hatda olar öz maksatlaryna ýetmek ugurda karikatur , film, suratlar we romanlar bilen gurhana gep ýetirip gurhanyň aýatlaryny masharalaýandyrlar . ýöne olaryň bu barada diýmek gurhany ünslerden düşürmek ugurda edýän ham hyýallary hergiz netije bermez, sebäbi allanyň beren wadasy esasynda üstünlik ahyrda hak bilendir we gurhanyň garşysyndaky böwetler bir - birden aýrylyp gurhanyň hakykaty dünýäni gurşap aljakdyr . elbetde gurhanyň nuryny köpçülikden basyrjak bolup tagalla edýän adamlar allanyň we diniň duşmanlarydyrlar we olaryň kyýamatda agyr azaba uçrajakdyklaryna hiç şek - şübhe ýokdur .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- mantyk we delil bilen sözlemeýän adamlar durly şiweler bilen halkyň ünsini hakdan başga ugurlara sowmagyň aladasyny adýändirler .
2- gurhan kerimiň aýatlarynyň özüne çekiji ýüriteligi bardyr, şonuň üçin hem gurhanyň aýatlaryna üns berip gulak asmaklyk ynsanyň ýüregini ýumşadyp ony alla tarap ýakynlaşdyrýandyr . bu zat bolsa diniň we gurhanyň duşmnlaryny gorkyzýandyr .
3- duşmanlar durly şiweler bilen ýalan- ýaşryk sözleri ýaýradyp gurhanyň we diniň hakykatlaryny köpçülikden basyrjak bolýandyrlar .
4- dowzahyň azabynyň, bile- bile hak bilen duşmançylyk edýän adamlar üçin hemişelik bolmagy, adalata laýykdyr.
///////////////