bölüm 893, süre fussilat, aýat 31-36
bölüm 893, süre fussilat, aýat 31-36
راهی بسوی نور(893)
Fussilät süresi , 31 we 32-nji aýatlar :
نَحْنُ أَوْلِيَاؤُكُمْ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَفِي الْآخِرَةِ وَلَكُمْ فِيهَا مَا تَشْتَهِي أَنفُسُكُمْ وَلَكُمْ فِيهَا مَا تَدَّعُونَ (31) نُزُلاً مِّنْ غَفُورٍ رَّحِيمٍ (32)
<< biz dünýäniň we ahyretiň ýaşaýyşynda size ýarandyrys we siz üçin behiştde ýüregiňiziň küýsäni üpjündir we ol ýerde her zady isleseňiz siz üçin taýýar ediler // ( bu zatlar ) mähriban we ýalkawjy alla tarapyndan size bolan merhemetdir. >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda perişdeleriň hakyky möminleriň ýüreklerine inmeklerine yşarat etmekden soň bu aýatlarda aýdýar: perişdeler diňe bu dünýäde dälde eýsem ahyretde hem möminleriň daýanjydyrlar we edil bir wepaly dost ýaly olara hemralyk edýändirler hatda behişde girmeli bolanda olara ýol görkezýändirler. dünýäde perişdeler hak ýolunda gaýduwsyzlyk görkezýän hakyky möminleri duşmana üstin çykmak bilen buşlaýandyrlar we üstünligiň ahyrda hak bilen bolýandygyny ýatlaýandyrlar, ahyretde hem olary allanyň behiştde giňgden ýazan saçagynyň başyna çagyrýandyrlar . ol ýerde mömin adam her näme islese we her zady talap etse öňden saçak başynda taýýar edilip goýlandyr. elbedtede ol saçagyň başynda goýlan nazy nygmatlar diňe mady nazy nygmatlar bolman eýsem ynsanyň ýüreginiň küýseýän magnewi nygmatlary hem ol ýerde onuň erkinde goýlar . dünýäde mömin adam öziniň gara nepsine erk edip özüni dünýäniň kä zatlaryndan mahrum edendir, alla hem onuň bu işiniň ýerini doldurmakda ahyretde mömin adamy behişdiň hemişelik nazy nygmatlaryndan gandarjakdyr . behiştde mömin adam myhman bolsa oňa gonakdar alla tagalanyň hut özi boljakdyr . gonakdary allanyň özi bolan myhmançylyk nähili myhmançylyk bolar ? onuň derejesine ýetjek myhmançylyk bolup bilermi?
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- eger dünýäde hakyky möminleriň dostlary az bolsa perişdeler olaryň dünýedäki we ahyrerdäki çyn dostlary boljakdyrlar we olary hemişe goldajakdyrlar .
2- behişdiň lezzetleri maddy lezzetlere we hoşluklara çäklenýän däldir eýsem ynsana her bir zat lezzet berse ol zat kyýamatda behişt ähline üpjün ediler , şübhesiz behişt ähliniň ýanyndaky hoşluklaryň we magnewi lezzetleriň orny maddy lezzetlerden az däldir .
3- taňry tagala özüniň lotfy keremi esasynda behişt ähline çemeleşýändir. bu mesele bolsa alla tagalanyň möminlere bolan lotfy ynaýaty üçindir.
Fussilät süresi, 33-nji aýat :
وَمَنْ أَحْسَنُ قَوْلاً مِّمَّن دَعَا إِلَى اللَّهِ وَعَمِلَ صَالِحاً وَقَالَ إِنَّنِي مِنَ الْمُسْلِمِينَ (33)
<< we hudaýa tarap çagyryp ýagşy iş etmegiň ýanynda "men musulman" diýip aýdýan kimseden huşguftarrak kim bolup biler ? >>
Halky , gurhanyň aýatlaryny we pygamberleriň gürrüňlerini eşitmekden alyp galýan adamlaryň garşysynyda gurhan kerim bu aýatda ýene bir topar adama yşarat edip aýdýar : kä adamlar özleriniň ýagşy amallary we sözleri bilen halky alla tarap çagyrýandyrlar olar özlerini musulman bilip öz musulmanlygyna buýsanýandyrlar. gurhan kerimiň bu aýaty esasynda , hiç kimiň sözi we kelamy , ynsanlary allanyň bendeligine çagyrýan adamyň sözünden we kelamyndan ýokumlyrak we ýagşyrak däldir, olar ýagşy işleri edip ynsanlary ýagşy zatlara tarap çagyrýandyrlar . elbetde ynsanyň bir özüniň haky saýgaryp oňa amal etmekligi ýeterlik däldir eýsem özgeleride şoňa tarap diýmek allanyň bendeligine tarap çagyrmalydyr . aslynda her kim başardygyndan haky saýgaryp özgeleride şoňa tarap çagyrmaga borçlydyr .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň ýanynda iň ýagşy kelam , ynsany allanyň bendeligine çagyrýan kelamdyr. elbet allanyň bendeligine çagyrýan ynsanyň özi hemmelerden ozal özüniň aýdýan zadyna imany bütin bolup oňa amal etmelidir .
2- azan aýtmak , ynsanlary allanyň bendeligine çagyrmagyň iň umumy görnüşidir .
3- musulman adam özüniň musulmanlygyndan utanmaly däldir eýsem oňa buýsanmalydyr.
Fussilät süresi, 34 we 35-nji aýatlar:
وَلَا تَسْتَوِي الْحَسَنَةُ وَلَا السَّيِّئَةُ ادْفَعْ بِالَّتِي هِيَ أَحْسَنُ فَإِذَا الَّذِي بَيْنَكَ وَبَيْنَهُ عَدَاوَةٌ كَأَنَّهُ وَلِيٌّ حَمِيمٌ (34) وَمَا يُلَقَّاهَا إِلَّا الَّذِينَ صَبَرُوا وَمَا يُلَقَّاهَا إِلَّا ذُو حَظٍّ عَظِيمٍ (35)
<< ýagşy bilen ýaman deň bolmaz ( onda özgelerden görülýän zatlara ) iň ýagşy suratda jogap gaýtar şonda sen bilen arasynda duşmançylyk bolan adam edil bir dost ýaly saňa mähriban bolar // elbetde ( bu ýagşy häsiýet ) sabyrly adamlardan beýlekilerde bolmaz we ( imandan ) uly bähresi we paýy bolmadyk kimse oňa ýetip bilmez. >>
Hakyň duşmanlary öz maksatlaryna ýetmek üçin haýbat adýandyrlar bolmasa hem ýalan- ýaşryk sözleri ýaýradýandyrlar, oňa görä hak ýolunda hereket edýän mömin ynsan , ne haýbatdan we nede ýalan- ýaşryk sözlerden gorkman gaýduwsyzlyk bilen özüniň ýoluny dowam etmelidir şonuň üçin hem taňry tagala bu aýatlarda aýdýar : duşmanlar möminleriň garşysynda nädogry şiwelerden peýdalanýandyrlar ýöne mömin adam özüniň berhak maksadyna ýetmek üçin telek şiwelerden peýdalanmaga hakly däldir hökman onuň ulanýan şiweside dogry bolmalydy mömin adam öz garşydaşynyň ýaramaz we söwünç sözlerine ýaramaz we söwünç sözler bilen jogap bermeli däldir eýsem ýumşaklyk we mähribanlyk bilen jogap berip öz garşydaşnyň ýüregini awlajak bolmalydyr . yslam pygamberiniň we ähli beýtiň hemde öwliýalaryň dini wagz etmekde peýdalanýan şiweleri şu hili bolupdyr . olar mähribanlyk bilen hatda gara ýürek duşmanlaryda özlerine bendi etmegi başarypdyrlar . mysal üçin musulmanlar mekgäny basyp alanlarynda kä musulmanlar ar almakdan gürrüň gozgadylar ýöne yslam pygamberi umumy günä geçiş yglan edip mekgä ilatynyň ýüreklerini awlady we olaryň yslama ymtylmaklaryna sebäp boldy . elbetde öz duşmanyň garşysynda bu hili giň gursak bolmak aňsat zat däldir onuň üçin bolsa deslap ynsanyň özi gaty beýik adam bolmaly we özüni ahlagyň we kemalyň ýokary derejelerine ýetiren adam bolmaly.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- halky dine çagyrýan ynsan , özgelerden görýän telek zatlaryna gowy we ýagşy suratda çemeleşip telekeçiligi ýagşylyga öwrüp başarýan adam bolmalydyr .
2- duşmana garşy uruşda duşmandan ar alyp bolar, ýöne jemgýýetçilikde ar almaklyk söýerli däldir eýsem köpçülikde duşmançylygy arytdyrjakdyr .
3- özgeleriň telek sözleriniň we amallarynyň garşysynda sabyrly bolmaklyk , ýagşy gylyk häsiýeti we iman güýjüni talap edýändir, diýmek ýagşy gylyk häsiýetli we mömin adamlar telek sözleriň we erbetlikleriň garşysynda sabyrly bolup bilýändyrler .
Fussilät süresi, 36-njy aýat :
وَإِمَّا يَنزَغَنَّكَ مِنَ الشَّيْطَانِ نَزْغٌ فَاسْتَعِذْ بِاللَّهِ إِنَّهُ هُوَ السَّمِيعُ الْعَلِيمُ (36)
<< we egerde şeýtan tarapyndan waswasa bolsaň alla pena getir çünki alla ägä we eşdijidir . >>
Aýtmak ýerli şeýtan durly şiweler bilen ynsanlary waswasa edýändir, ynsanlaryň arasynda öýke- kine döretmeklik we ynsanlaryň arasyndaky dostlugy aradan aýyrmaklyk şeýtanyň waswasalary netijesinde amala gelýän ýagdaýydyr. Şonuň üçin taňry tagala bu aýatda pygambere we möminlere ýüzlenip aýdýar : egerde halkyň arasynda allanyň dini wagyz etmekde kapyrlaryň we müşrükleriň telek sözlerini çekip jydasaňyz we halka mähribanlyk bilen çemeleşseňiz şeýtansymak adamlar size möçew bererler we näme üçin bu hili çemeleşýäň belki olaryň özi ýaly bolup olara gaýym çemeleş diýip aýdarlar . bu hili sözlere – her çen dostlaryň dilinden çyksada esewan boluň sebäbi bu sözlerde we tabşyryklarda haýyr ýokdur onda oalra üns bermäň .
Dogrusy halky dine tarap çagyrmakda deslap dini wagyz edýän adamyň özi , öz gara nepsini aýak astynda goýup öz niýetini alla üçin päklemelidir şonda alla hem ony goldap onuň aýdýan zatlarynyň halk tarapyndan eşidilmegine şert döretjekdir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ar almaklyk şeýtanyň ynsanyň ýüregine goýan waswasalaryndandyr emma özgeleriň eden etmişlerine ýumşaklyk bilen çemeleşmeklik diniň tabşyrýan zadydyr .
2- her kim ynsany telek işlere tarap çagyrsa ýada telek işler barada ynsanda waswasa döretse ol adam şeýtandyr her çen ynsan şeklinde bolsada .
3- allanyň dergähine ýüzlenip toba etmeklik şeýtanyň waswasalaryndan gutulmagyň ýoludyr.
//////////////