bölüm 894, süre fussilat, aýat 37-40
bölüm 894, süre fussilat, aýat 37-40
راهی بسوی نور(894)
Fussilät süresi, 37 we 38-nji aýatlar :
وَمِنْ آيَاتِهِ اللَّيْلُ وَالنَّهَارُ وَالشَّمْسُ وَالْقَمَرُ لَا تَسْجُدُوا لِلشَّمْسِ وَلَا لِلْقَمَرِ وَاسْجُدُوا لِلَّهِ الَّذِي خَلَقَهُنَّ إِن كُنتُمْ إِيَّاهُ تَعْبُدُونَ (37) فَإِنِ اسْتَكْبَرُوا فَالَّذِينَ عِندَ رَبِّكَ يُسَبِّحُونَ لَهُ بِاللَّيْلِ وَالنَّهَارِ وَهُمْ لَا يَسْأَمُونَ (38) (س).
<< gije - gündiz , aý- gün onuň nyşanalaryndandyr ne güne sežde ediň nede aýa . eýsem olary ýaradan alla sežde ediň- egerde diňe oňa çokunýan bolsuňyz . // onda egerde ( alla bendelik etmekden ) tekepbirlik etseler ( bilsinler ) seniň perwerdigäriň ýanyndaky kimseler gije we gündiz onuň hämdini aýdýandyrlar we hämd aýtmakdan hem ýadaýan däldirler . >>
Geçen gepleşikde ynsanlary allanyň bendeligine çagyrmak barada gürrüň etdik . gurhany kerim bu aýatlarda bolsa şol gürrüňiň dowamynda , taryh boýunda görlen şirkiň bir görnüşine yşarat edip gün bilen aý allanyň ýaradan närseleridir şondan gelende käler , aý bilen güni ýaradan uly gudrata bendelik etmegiň deregine ol zatlaryň özüne bendelik edýärler diýip aýdýar.
Aslynda gije bilen gündiz şeýlede aý bilen gün allanyň nyşanalaryndandyr gije dinç almak üçin gündiz hem işlemek üçin ýaradylandyr. ynsan bolsa gije bilen gündiziň döreden mümkinçiliginden peýdalanyp özüniň ýaşaýyşyny yzarlaýandyr . indi egerde – gije bolup gündiz bolman bolsady ýada gündiz bolup gije bolman bolsady ynsanyň ýaşaýyşy gaty gynaljakdy ýada onuň ýerniň ýüzünde ýaşamagy mümkin boljak däldi. bu arada ýer şaryndaky ýaşaýyş, güniň şohlasyna bergidardyr. egerde güniň şohlasy bolman bolsady ne ýel bolardy nede ýagyn bolardy we nede ösümlikler amala gelerdi ne ýer ýüzünde hereket bolardy. hemme zat hereketden galardy. ýaşaýyş bolmazdy bu arada aý hem her çen öz nuruny günden alsada onuň ýer ýüzündäki ýaşaýyşda özüne görä täsiri bardyr. hamana çöllerde ýol ýitiren adamlara ýol görkezýändir ýada deňizlerde we aýlaklarda suwuň ýokary galyp pese gaçmagynda täsiri bardyr.
Bu tebigi gopgunlaryň hemmesi allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr. ýöne ilatyň bir topary aý bilen güni öz özünden öz ýaşaýyşlarynda täsirli bilip onuň garşysynda seždä gidýändirler. emma aslynda bu zatlar allanyň ýaradan zatlary bolup olaryň özleriden hiç erk- ygtyýarlar ýokdur. alla olary ýaradandyr we olardaky täsiri hem alla olarda bagyş edendir. oňa görä aý bilen güni dälde eýsem olary ýaradan gudrata bendelik etmelidir. gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : ynsanlar, allanyň bendeligine çagyrlanlarynda olaryň bir topary bu çakylyga lepbik diýändirler sebäbi olar hakyň gözleginde bolan ynsanlardyrlar ýöne kä adamalr hem tekepbirlik edip bu çakylyk bilen terisleşýändirler, olar oýlanmazdan hak bilen terisleşýändirler.
Onda käleriň hak bilen terisleşip jedel etmeklerini göreňizde tokat bolmaň, olaryň zanny şeýledir. aýry bir tarapdan hem edil şol mahal allanyň hämid we senasyny aýdýan we hämid we sena aýtmakdan ýadamaýan perişdeler bardyr, olar allanyň ybadatyny berjaý kylmakdan hergiz ýadaýan däldirler .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gije- gündiziň gelip gitmeginde ynsanlara we beýleki janly zatlara köp peýdalar bardyr. Bu zat bolsa allanyň gudratyndan we hikmetinden bir nyşandyr .
2- allany tanamagyň ýollarynyň biriside tebigaty we onuň durly taraplaryny tanamak bilen mümkin bolýandyr .
3- ynsandaky çokunmaklyk duýgysy , ynsanyň zatyndan goýlan duýgydyr . bu doýgy ynsany haýsydyr bir uly gudrata çokunmaklyga iterýändir . kä mahallar hem ynsan bu ýolda azaşyp allanyň ýerine başga bir zatlara çokunýandyr . şonuň üçin hem pygamberler çokunmak meselesinde dogry ýoly adamlara görkezmek üçin alla tarapyndan iberlendirler .
4- tekepbirlik we ulumsyramak häsiýetleri, ynsany hakdan we hakykatdan daşaldýandyr .
5- allanyň ynsanlaryň ybadatyna mätäçligi ýokdur. egerde ynsanlaryň hemmeside allany we oňa bendelik etmekligi unutsalar perişdeler allany unutmazlar we onuň ybadatyny berjaý kylmakda hergiz ýadamazlar. olar hemişe allanyň hämdi senasyny edýändirler .
Fussilät süresi, 39-njy aýat :
وَمِنْ آيَاتِهِ أَنَّكَ تَرَى الْأَرْضَ خَاشِعَةً فَإِذَا أَنزَلْنَا عَلَيْهَا الْمَاء اهْتَزَّتْ وَرَبَتْ إِنَّ الَّذِي أَحْيَاهَا لَمُحْيِي الْمَوْتَى إِنَّهُ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ (39)
<< onuň gudratynyň nyşanalarynyň birisi budyr, olda gurap ýatan ýerleri görýärsiňiz weli haçanda ( asmandan ) suw iýberemizde herekete düşüp gögerer. elbetde ony direldýän kimse hökman ölüleri direldip biljekdir, şüphesiz ol her bir işe kadyrdyr.>>
Gün bilen aýyň gürrüňinden soň gurhany kerim bu aýatda gury ýerlere ýaşaýyş begyş edýän ýagynyň ähmiýetine yşarat edýär . taňsyk we kerpiç daşdan gaýry hiç zat amala getirmeýän gury ýer we gury toprak , suw bilen gögerýär we durly miweli agaçlary we ösümlikleri amala getirýär we şol ösümlikleriň we agaçlaryň netijesinde hem ýer ýüzünde ýaşaýyş amala gelýär. hakykatda hem ýagyn bilen tozap ýatan ýerden ýaşaýyş amala getirýän alladan gudratlyrak kimse bolarmy? Şüphesiz bu zat, allanyň taysyz gudratynyň we ylmynyň nyşanalaryndandyr. Gudratyny şu hili görnüşe goýup duran alla indi kyýamat gününde ölüleri direldip ýene bir gaýtar gudratyny tomaşa goýup bilmezmi? Allanyň kyýamatda ynsanlara ýaňadan ýaşaýyş bagyş etmegi bolarly däldir ? elbetde bolarlydyr. alla her bir zady yrada etse ol zat hökman boljakdyr .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ýel - ýagyn toprak we ösümlikler ýaly tebigatdaky närseler allanyň taysyz gudratynyň nyşanalaryndandyr. onda tebigatdaky närselereiň üsti bilen allanyň gudratynyň hakykatyna ýakynlaşyp boljakdyr .
2- allanyň gudratyna şek etmeklik ynsany kýamata şek etmeklige tarap iterýändir . dogrusy kyýamaty inkär edýän adamlaryň bu barada delilleri ýokdur eýsem olar , allanyň şeýle bir işiň hütdäsinden gelmegine şek edýändirler bu şek bolsa olary kyýamaty inkär etmekligä iterýändir .
Fussilät süresi, 40-njy aýat :
إِنَّ الَّذِينَ يُلْحِدُونَ فِي آيَاتِنَا لَا يَخْفَوْنَ عَلَيْنَا أَفَمَن يُلْقَى فِي النَّارِ خَيْرٌ أَم مَّن يَأْتِي آمِناً يَوْمَ الْقِيَامَةِ اعْمَلُوا مَا شِئْتُمْ إِنَّهُ بِمَا تَعْمَلُونَ بَصِيرٌ (40)
<< şüphesiz biziň aýatlarymyz hakynda ýol ýitiren kimseler, bizden basyrgyly däldirler . oda taşlanan kişi ýagşymydyr ? ýada kyýamatda aman – esen geljek kişi? her näme isleseňiz ediň (çünki) ol siziň edýän amallaryňyzdan doly habarlydyr.>>
Ilaty allanyň bendeligine çagyrýan möminleriň we pygamberleriň garşysynda ýene bir topar bardyr weli olar adamlary azgynçylyga we gümralyga tarap çagyrýandyrlar . olar özgeleride özleri ýaly bidin etjek bolýandyrlar. Olar, halkyň arasyny pygamberlerden we alladan özjek bolýandyrlar . bu topar adamlar, gowy gürrüňler beren bolup allanyň kelamyny we pygamberleriň aýdýanlaryny çöwre görkezip olary akyl we mantykden daş görkezjek bolýandyrlar, şeýdipde halky allanyň dinindan we kitabyndan daş etjek bolýandyrlar . dogrusy bu adamlar dine we allanyň kelamyna şüphe girizmek bilen kyýamatda dowzahyň oduna duçar boljakdyrlar. emma aýry bir tarapdan hakyň yzynda bolan ynsanlar kyýamatda allanyň kölege berjek saýasyna gabat gelip behiştde aman- esen ýaşajakdyrlar .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- egerde alla azgynlara pursat beren bolsa, allanyň giflat etmeginden nyşan däldir eýsem alla bir ylahy kada esasynda hemmelere pursat berýändir bu ýerde hem günäkär adamlara tuba etmek pursatyny berendir .
2- ahyretde ynsan üçin iň möhüm nygmat , jisim we jan saglygy we asudalygydyr.
3- ynsandaky erk- ygtyýar , onuň her bir işi edip bilmegi üçin berlen däldir, eýsem allanyň bagyş eden bu erk- ygtyýaryndan dogry we halal işleri etmek üçin haýrlanmalydyr.
//////////////