bölüm 895, süre fussilat, aýat 41-44
bölüm 895, süre fussilat, aýat 41-44
راهی بسوی نور(895)
Fussilät süresi , 41 we 42-nji aýatlar :
إِنَّ الَّذِينَ كَفَرُوا بِالذِّكْرِ لَمَّا جَاءهُمْ وَإِنَّهُ لَكِتَابٌ عَزِيزٌ (41) لَا يَأْتِيهِ الْبَاطِلُ مِن بَيْنِ يَدَيْهِ وَلَا مِنْ خَلْفِهِ تَنزِيلٌ مِّنْ حَكِيمٍ حَمِيدٍ (42)
<< üstlerine gurhan gelip oňa kapyr bolan adamlar ( hökman jezalaryny çekerler ) we ( bu kitap ) hormatly kitapdyr // batyl oňa ne öňden we nede yzdan ornap bilmez ( sebäbi bu kitap ) hekim we senasy aýdylýan alla tarapyndan inendir . >>
Geçen gepleşikde görme göze gowy ýöne ýalan- ýaşryk sözler bilen adamlary dinden we gurhandan daş etjek bolýan adamlar hakynda gürrüň etdik . gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: bu gurhan kitaby ynsanlary gyflat ukusyndan oýuryp olary öz ylahy gaýnamlaryna dolamak üçin inendir. ýöne gynanç bilen ynsanlaryň kä biri oňa garşy bolýarlar we diniň hakykatlaryny kabul etmekden saklanýandyrlar . elbtede olaryň inkär etmekleri ýada kabul etmekden saklanmaklary allanyň kitabyna zýanly däldir. sebäbi bu kitap nurdyr, ýagtylykdyr, ýeňilmezdir we onuň getirýän delileride aýdýan zatlary hem hakdyr .
Bu aýatlar gurhanyň azamatyny bildirmek üçin hem aýdýar : bu kitap alla tarapyndan inendir we onuň aýatlary hekmet esasyndadyr , dogrudyr we hekmet eýesi bolan alla tarapyndandyr . onuň aýatlaryna ne öňden we nede yzdan batyl we ýalan ýaşryk ornap bilmez. gurhanyň aýatlarynda çaprazlyk görülmez, onuň kanunlarynda we magaryflarynda hata we naraslyk bolmaz gurhanyň aýatlaryny hiç kim üýtgedip bilmez ýada hakykatlaryny nä dogry edip görkezip bilmez. şeýlede ynsanyň ylmy ösüşleri hem gurhanyň hakykatlaryny ret edip ýada oňa ysnat ýetirip bilmezler. onda gurhanyň hakykatlary üýtgemez we hemişelikdir .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- häzirki çylşyrymly dünýäde azaşmaz ýaly gurhan ukyp ondaky hakykatlary ýatlap durmalydyrs .
2- gurhany kerim özüniň gelejeginden habar berýär we öz aýatlarynyň üýtgedilmejekdiklerini , gurhanyň içindäki hakykatlaryň hemişelik bolup galjakdygyny we nä dogry zatlaryň gurhana ornamajakdyklaryny aýdýar .
3- duşmanlaryň gurhanyň tersine edýän hileleri kär etmez . duşmanlar her näçe bu ugurda tagalla etselerde olar gurhany meýdandan çykaryp bilmezler .
4- gurhanyň aýatlary ylmyň we ylahy hekmetiň jelwenen mekanydyr gurhan dogry we hekmet esasynda bolup yslam dininiň sütünidir.
Fussilät süresi , 43 we 44-nji aýatlar :
مَا يُقَالُ لَكَ إِلَّا مَا قَدْ قِيلَ لِلرُّسُلِ مِن قَبْلِكَ إِنَّ رَبَّكَ لَذُو مَغْفِرَةٍ وَذُو عِقَابٍ أَلِيمٍ (43) وَلَوْ جَعَلْنَاهُ قُرْآناً أَعْجَمِيّاً لَّقَالُوا لَوْلَا فُصِّلَتْ آيَاتُهُ أَأَعْجَمِيٌّ وَعَرَبِيٌّ قُلْ هُوَ لِلَّذِينَ آمَنُوا هُدًى وَشِفَاء وَالَّذِينَ لَا يُؤْمِنُونَ فِي آذَانِهِمْ وَقْرٌ وَهُوَ عَلَيْهِمْ عَمًى أُوْلَئِكَ يُنَادَوْنَ مِن مَّكَانٍ بَعِيدٍ (44)
<< ( eý pygamber ) saňa senden ozalky pygamberlere aýdylan zatlardan özge zat aýdylmaz . dogrudan seniň perwerdigäriň ýalkawjy hemde güýçli jeza eýesidir // we egerde gurhany Arap dilinden özge dilde inderen bolsadyk : näme üçin aýatlary açaçan däl? arap halkyna arap dilinde bolmadyk kitap ? ( bu nähili bolýar ) diýip hökman aýdardylar . ( olara ) aýt : bu kitap möminler üçin hidaýat we derde dermandyr, ýöne iman getirmedikleriň gulaklary agyrdyr ( diýersiň weli ilar kördirler we ) gurhan olara basyrgyly ( we düşüniksiz zat ) dyr . olar edil daşdan gygyrylýan adamlar ýalydyrlar ( eşitmezler ). >>
Gyrhany kerim geçen aýatlarda , din bilen terisleşýän adamlara yşarat etmekden soň bu aýatlarda ýene olar hakynda gürrüň gozgap : olar diňe gurhana duşmançylyk etmeýärler eýsem olar yslam pygamberi hakynda hem ýalan ýaşryk sözleri aýdýarlar we ony şahyr , jadygöý we däli telwä diýip tanydýarlar diýip aýdýar. Gurhany kerim bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip : elbetde kapyrlar senden owalky pygamberler hakynda hem bu hili boş gürrüňleri aýdandyrlar onda olaryň sözüne üns berme we sabyrlylyk bilen öz işiňi dowam et diýip aýdýar . dogrusy taňry tagala bihabar adamlary ýalkaýandyr, ýöne hakykaty bilip onuň bilen terisleşýän adamlary ýada hakykata gep ýetirýän adamlary din we pygamber bilen terisleşýän adamlary ýalkaýan däldir eýsem olara agyr jezalary berýändir . Yslam pygamberi bilen terisleşýän adamlaryň arasynda : seň kitabyň näme üçin arap dilinde ? sen pygamber bolýan bolsaň arap dilinde bolmadyk kitaby getir diýip aýdýanlar hem bardy . Gurhany kerim bu aýatlarda bu toparyň bildirýän aýyplaryna yşarat edip : egerde arap dilinde bolmadyk kitaby ibersedik olar : arap halkyna arap dilinde bolmadyk kitap getirdiňmi ? bu kitap bize düşnükli däl , gowysy sen arap dilinde bize kitap getir diýip aýdardylar diýip aýdýar. gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : aslynda gurhan , iman getiren möminler üçin hidaýatdyr, derde şypadyr gurhanyň maksady ynsanlara päk we dogry ýaşaýyşy döretmekdir, şeýdipde ynsanyň ahlagyň we kemalyň ýokary derejelerine ýetip iki dünýä bagtyýar bolmagyna şert döretmekdir . ýöne gynanç bilen ynsanlaryň arasynda käler, ne hakykaty göresleri gelýär we nede eşidesleri gelýär. olar haka gezek edil ker we kördirler. egerde olarda hakykatyň gözleginde bolup gurhanyň aýatlaryny okasalardy olar hem gurhanyň hidaýat nurundan bähre alyp dogry ýoly tapmak bilen bütin ruhy we ahlagy kesellerden halas boljakdyrlar. ýöne olar edil daşdan çagyrylýan adamlar ýaly eşidýän däldirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- din ýolbaşçylary we dini wagyz edýän adamlar, öz garşydaşlaryndan ýaramaz sözleri eşidenlerinde sabyrly bolmalydyrlar .
2- allanyň ýalkawy we jezasy hekmet esasynda we her gaýsynyň öz ýeri bardyr allanyň rahmeti onuň gazabyna üstem bolsada, ol, öz ýerinde ýalkaýandyr we ýerinde hem jeza berýändir .
3- diniň duşmanlarynyň bahanalary tükenmezdir. musulmanlar her näme iş etselerde duşmanlar garaz oňa bir aýyp taparlar oňa görä duşmanlaryň tutýan aýyplaryna üns berip durmaly däldir .
4- gurhan hidaýat kitabydyr. gurhan ruhy we ahlagy ýaramazlyklaryň dermanydyr . elbetde gurhany kerim , hidaýatyň we şypaň yzynda bolan adamlar üçin hidaýat we şypa kitabydyr.
////////////