Jun 14, 2021 14:30 Asia/Ashgabat

bölüm 896, süre fussilat, aýat 45-48

راهی بسوی نور(896)

Fussilät süresi, 45 nji aýat :

وَلَقَدْ آتَيْنَا مُوسَى الْكِتَابَ فَاخْتُلِفَ فِيهِ وَلَوْلَا كَلِمَةٌ سَبَقَتْ مِن رَّبِّكَ لَقُضِيَ بَيْنَهُمْ وَإِنَّهُمْ لَفِي شَكٍّ مِّنْهُ مُرِيبٍ (45)

<< we biz musa kitap berdik ýöne ol barada agyzlary alardy, egerde ( halka möhlet bermek baradaky ) perwerdigäriň ozaldan goýan kadasy bolmasady olar hakynda karar çykaryp ( olary heläklärdi, elbetde bular hem ( musanyň kowumy ýaly ) gurhana şekli we betgüman karaýandyrlar. >>

Geçen gepleşikde mekgäniň müşrükleriniň gurhan barada yslam pygamberine getirýän bahanalaryna yşarat etdik. şol gepleşikde aýdyşymyz ýaly mekgäniň müşrükleri: seniň bu gurhan kitabyň arap dilinde, bes mugjyza bolup bilmeýär egerde özge dile kitap getirseň şonda mugjyza getirdigiň bolar diýip yslam pygamberine aýtýardylar . gurhany kerim bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : hezret musa (a.s)yň zamanasynda hem beni ysraýyl kowumy şu hili bahanalary getirmek bilen Tuwratyň asmanlyk kitapdygyna şübhe bildirýärdiler ýöne alla müşrüklerden günä we ýazyk gören badyna olary jezalandyrýan däldir. olary tiz jezalandyrmak allanyň rahmetine çapraz gelýändir, belki alla olara pursat berýändir. onsoňda gurhana dil ýetirýän müşrükleriň bildirýän şek- şübheleri, adaty şek şübhe däldir ynsan her bir täze zada gabat gelende ony şol bada kabul edýän däldir eýsem ol zadyň hakykatyna ýetmek üçin deslap oňa şübheli karaýandyr, ony hemme taraplaýyn barlan soň öz ýanyndan bir netijä ýedýändir ýa ony kabul edýändir ýada ony ret edýändir . ýöne mekgäniň müşrükleriniň gurhana bildirýän şübheleri gurhanyň hakykatyny bilmek üçin däldi eýsem gurhany ret etmek üçin garaz bir bahana aramak üçindi . olar bu hili bahanalar bilen hem özgeleriň gurhana iman getirmeklerine böwet bolýardylar .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- allanyň rahmanlyk tarapy onuň günäkärlere we kapyrlara möhlet bermegine sebäp bolýandyr. alla tagala , günäkär adamlar we kapyrlar belkide toba ederler diýen tama bilen olara pursat berýändir we olardan günä görlen badyna olary jezalandyrýan däldir.

2- bir zadyň hakykatyna ýetmek üçin deslap oňa şübheli karamak telek zat däldir ýöne özgeleri bir zat hakynda betgüman etmek maksady bilen ol zada şübheli karamak gowy iş däldir.

Fussilät süresi, 46-njy aýat :

مَنْ عَمِلَ صَالِحاً فَلِنَفْسِهِ وَمَنْ أَسَاء فَعَلَيْهَا وَمَا رَبُّكَ بِظَلَّامٍ لِّلْعَبِيدِ (46)

<< her kim ýagşy iş etse onuň öz peýdasynadyr her kim hem ýaramaz iş etse öz zyýanynadyr seniň perwerdigäriň öz bendelerine hergiz sütem etýän däldir . >>

Gurhan kerim geçen aýatda kapyrlara mölet bermek baradaky ylahy kada yşarat etmekden soň bu aýatda hem allanyň ber karar edip goýun ýene bir kadasyna yşarat edip aýtýar :

Alla bu kada esasynda her kime amalyňa gürä ser paý ýada jeza berýändir egerde bir adamyň amallary ýagşy bolsa alla oňa ser paý berýändir onda onuň ýagşy amaly her bir zatdan ozal onuň öz nepinedir egerde amallary telek bolsa alla oňa jeza berjekdir bes onuň telek amallary onuň zyýanynadyr şu hasap bilen alla özüniň hiç bir bendesine sütem etýän däldir her kimiň öz eli öz ýakasydyr ynsan özüniň eken zadyndan aýry zady ormaz . egerde bir adam awy içse her bir zatdan ozal öz saglygyny elden berjekdir oňa görä bile- bile awy içýän adam öz saglygynyň elden berilmeginde özgeleri ýazykly tanap bilmez, kapyrlardaky şek şübhe hem ýaňky awy ýalydyr. şek şübhe awysy ýuwaş- ýuwaşdan ynsanda ýaramaz täsiri galdyryp ynsany ruhy taýdan hassa edýändir, ynsanyň bu ruhy hassalygy we nahuşlygy ahyretde azap şeklinde onuň ýakasyndan ýapyşjakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- ygtyýar we yrada bilen edýän işlerimiziň ýaramaz netijelerini özgeleriň üstüne oklap bilmeris. ynsan öz amallary barada kyýamatda jogap bermeli boljakdyr.

2-Ýaşaýyşymyzda ýüze çykýan ýaramaz wakalary alladan bilmäli. çünki alla hiç bir bendesine sütem edýän däldir .

Fussilät süresi, 47 we 48-nji aýatlar :

‏ إِلَيْهِ يُرَدُّ عِلْمُ السَّاعَةِ وَمَا تَخْرُجُ مِن ثَمَرَاتٍ مِّنْ أَكْمَامِهَا وَمَا تَحْمِلُ مِنْ أُنثَى وَلَا تَضَعُ إِلَّا بِعِلْمِهِ وَيَوْمَ يُنَادِيهِمْ أَيْنَ شُرَكَائِي قَالُوا آذَنَّاكَ مَا مِنَّا مِن شَهِيدٍ (47) وَضَلَّ عَنْهُم مَّا كَانُوا يَدْعُونَ مِن قَبْلُ وَظَنُّوا مَا لَهُم مِّن مَّحِيصٍ (48)

<< kyýamatyň haýsy sagat gopjakdygyny bilmeklik diňe alla mahsusdyr we hiç bir miwe öz gülünden dogmaz we hiç bir madda bogaz bolup artmaz, meger onuň ylmy bilen, we ol günde ( alla ) müşrükleri çagyryp : maňa kaýyl bolýan şärikleriňiz hany? diýip sorar. şonda ( müşrükler ) : gygyryp saňa aýdýarys, bu barada biziň hiç bir gowamyz ýok diýip aýdarlar // we olaryň hudaý diýip çagyrýan zatlary olaryň ýanyndan ýitirim bolarlar. şonda olar hiç bir gaçalgalarynyň ýokdygyny düşünip galarlar . >>

Gurhany kerim geçen aýatda allanyň öz bendelerine serpaý ýada jeza bermekde hiç sütem edmeýändigini beýan etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : hiç kim kyýamatyň gopjak zamanyny bilmez bu zady diňe alla biler we onuň ylmy diňe allanyň ýanyndadyr herçen alla kyýamat baradaky kä hakykatlary öz ilçilerine bildirendir we şol ilçiler hem şol hakykatlary ilata ýetirendirler, şondan gelende kyýamatyň asly syrlary ynsan üçin basyrgylydyr we ynsan olardan bihabardyr .

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : diňe bir kyýamatyň syrlary däl eýsem gaýyp äleminiň köp syrlary ynsanlara basyrgylydyr, ýöne allanyň ýanynda olar aýan we äşgärdirler , edil gülden miwäniň we göwreli ynsandyr haýwandan çaganyň emele gelşi ýaly gaýyp dünýäsiniň syrlaryda allanyň ýanynda aýan we maglumdyrlar, we alla şol boljak- geljek zatlary öz wagtynda ýüze çykarýandyr.

Gurhany kerim bu aýatllaryň dowamynda hem kyýamaty inkär edýän kapyrlara yşarat edip aýdýar: kyýamatda olardan soralar : siziň allanyň ýerine çagyrýan zatlaryňyz hany? olar sizi bu ýagdaýdan halas edip bilerlermi diýip . şonda olaryň aýdara zadlary bolmaz, diňe “biziň şol aýdan zatlarymyza bu gün hiç bir güwämiz ýokdur we şol aýdan zatlarymyzyň ýalňyşdygyna göz ýetirdik” diýip aýtmasalar olaryň başga aýdara zatlary boljak däldir . şol günde kapyrlar özleriniň, allanyň ýerine bendeligini eden närseleriniň ellerinden hiç bir zadyň gelmeýändigini öz gözleri bilen gorjekdirler . olar kyýamatda şeýile bir ajy hakykata göz ýetirmegiň ýanynda bu ýagdaýdan gutular ýaly hiç bir gaçalgalarynyň hem ýokdygyny bilip galjakdyrlar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamatyň gopjak zamanynyň näbelliligi onuň ber haklygyny ret edýän däldir , ynsan özüniň ölüminiň wagtyny bilýän däldir şondan gelende ölüm hakdyr kyýamat hem wagty näbelli bolsada onuň gopjaklygy hakdyr .

2- allanyň älem jahana bolan ylmy we ägäligi hemme traplaýyndyr. Alla älem-jahanyň hemme zadyndan doly habarlydyr .

3- kyýamatda ellerinden hiç bir iş gelmejek zatlardan kömek soramaly ýada allanyň ýerine olara bendelik etmäli .

4- kyýamatda hak şeýile bir jilwe berjekdir weli onuň astynda kezap we batyl hudaýlaryň hemmesi ýitirim boljakdyrlar. şonda müşrükler öz geçmişlerini zaýalap elden berendiklerine göz ýetirjekdirler.

//////////////