Jun 14, 2021 14:39 Asia/Ashgabat

bölüm 897, süre fussilat, aýat 49-54

راهی بسوی نور(897)

Fussilät süresi, 49-njy aýat :

  لَا يَسْأَمُ الْإِنسَانُ مِن دُعَاء الْخَيْرِ وَإِن مَّسَّهُ الشَّرُّ فَيَؤُوسٌ قَنُوطٌ (49)

<< ynsan ( özüniň ) ýagşy ( güman edýän ) zatlaryny talap etmekden ýadaýan däldir we haçanda oňa ýaramazlyk ýetişende näumyt bolýandyr.>>

Imansyz ýada imanlary goşak bolan ynsanlar uzagy görýän däldirler. olar köpräk gazanç edip asuda ýaşaýyşa ýetmegiň aladasyny edýändirler ýöne olar her näçe gazanç etselerde ýene köpräk gazanmagyň yzyndadyrlar, baýlykdan we mal mülkden olaryň gözi doýýan däldir .

Ýöne dünýä olardan ýüz öwrüp olara bir musybat ýada garypçylyk ýetişaýsa olary näumytlyk basýandyr . olar şeýle bir näumyt bolýandyrlar weli dünýe ahyr bolandyr diýen güman edýärsiň. aslynda dogry dini terbiýe almadyk ynsanlar hemme zady maddyýat bilýändirler . haçanda dünýe olaryň ýüzüne gülende olar hem gülýärler we hoş bolýarlar aýry tarapdan haçanda dünýe olardan ýüz öwrende olar hem gam bolup näumyt bolýarler .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsan umuman tamakär we zýadatalapdyr . dünýäniň hemme gowy zady meniňki bolsun diýýändir ýöne pygamberler ynsanlary bir hili terbiýeleýändirler weli olar öz ýaşaýyşlarynda geçirimli we ynfak ähli bolýandyrlar .

2- ýaşaýyşynda näumytlyga üçraýan ynsan, aslynda imany gowşak adamdyr. hakyky mömin adam hiç mahal näumyt bolýan däldir.

Fussilät süresi, 50 we 51 nji aýatlar :

وَلَئِنْ أَذَقْنَاهُ رَحْمَةً مِّنَّا مِن بَعْدِ ضَرَّاء مَسَّتْهُ لَيَقُولَنَّ هَذَا لِي وَمَا أَظُنُّ السَّاعَةَ قَائِمَةً وَلَئِن رُّجِعْتُ إِلَى رَبِّي إِنَّ لِي عِندَهُ لَلْحُسْنَى فَلَنُنَبِّئَنَّ الَّذِينَ كَفَرُوا بِمَا عَمِلُوا وَلَنُذِيقَنَّهُم مِّنْ عَذَابٍ غَلِيظٍ (50) وَإِذَا أَنْعَمْنَا عَلَى الْإِنسَانِ أَعْرَضَ وَنَأى بِجَانِبِهِ وَإِذَا مَسَّهُ الشَّرُّ فَذُو دُعَاء عَرِيضٍ (51)

<< we egerde bir mehnetden soň oňa öz rahmetimizden dadyrsak ol “bu zat meniň hakymdyr we kyýamat gopar diýip güman etmeýärin egerde perwerdigärimiň ýanyna äkidilsem onuň ýanynda maňa gowy ( serpaýlar ) bardyr” diýip aýdar. şonda biz kapyrlary eden etmişlerinden habarly ederis we olara şübhesiz güýçli azaby bereris // we haçanda bir ynsana nygmat bersek ýüzüni öwrüp bir ýana çekiler we haçanda oňa zyýankärlik ýetişse ( ony başyndan sawmak üçin ) uzyn- uzak doga - dilegler eder . >>

Gurhany kerim geçen aýatda hoşlukda ýada kynçylyklarda imanlary gowşak bolan adamlaryň ýagdaýny açyklap beren soň bu aýatlarda ýene bir meseläni ulyrak suratda açyklap aýdar : bu adamlar gaty menlikli bolýarlar hatda öz ýaşaýyşlarynda alla tagala hem ýol bermejek bolýarlar , olaryň elindäki nygmatlaryň hemmesi alladan bolsada olar allanyň beren bu nygmatlarynyň şükrüni kylmaýarlar eýsem : meniň elimdäki zatlaryň hemmesi meniň hakym we men zähmet çekip olara ýetdim we allanyň onda hiç haky ýokdur diýip aýdýarlar . ynsanyň bu hili menliklenmegi ahyrda ony ahyreti inkär etmeklige iterýändir şeýlelik bilen bu hili adamlar : kyýamat dileni ýalandyr egerde bolaýan ýagdaýynda hem ol ýerde hem men asudalykda ýaşaryn we asudalyk meniň hakymdyr diýip aýdýarlar . ýöne taňry tagala heddini bilmeýän bu hili adamlaryň kyýamatda gabat geljek ýagdaýlaryna yşarat edip : basymlykda olary öz eden etmişleriniň netijesinden habarly ederis we kyýamatda olara güýçli azaby dadyrarys diýip aýdýar.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem ýaňky imansyz adamlaryň ýagdaýna yşarat edip : olar hoşluga we nygmata gabat gelenlerinde allany unudýarlar we tekepbirlik edip alladan ýüz öwürýärler ýöne haçanda musybat we kynçylyk olaryň başyndan inende olar , allanyň ýadyna duşup kynçylyklardan we musybatdan halas bolmak üçin köp doga dilegler edýändirler .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dogry terbiýe almadyk azgyn ynsanlar menlikli bolýandyrlar, olara haçanda bir nygmat ýetişse menliklenip allany ýatdan çykarýandyrlar .

2- allanyň nygmatlary onuň ynsana bolan lutfy kereminiň bir nyşanydyr, ynsan hakly bolup ol nygmatlara ýeten däldirler. ynsanyň allada haky ýokdur alla her näme berse özüniň lutfy kereminden berýändir . oňa görä ynsan diňe allanyň beren nygmatlarynyň şükrüni kylmalydyr .

3- dünýäniň mal mülküne we baýlygyna şeýlede gudrata eýe bolmaklyk bir ynsanyň allanyň ýanynda hormatly bolmagynyň nyşany däldir oňa görä dünýäniň baýkygyna we mal mülküne eýe bolan adamlar, kyýamatda hem ýagdaýlary şeýle bolar diýip güman etmeli däldirler .

4- ynsan asuda ýaşaýyşdan paýly bolanda allany unutmaly däldir, çünki allany unutmaklyk nygmatlaryň ynsanyň elinden alynmagyna sebäp boljakdyr .

Fussilät süresi, 52-53 we 54-nji aýatlar :

قُلْ أَرَأَيْتُمْ إِن كَانَ مِنْ عِندِ اللَّهِ ثُمَّ كَفَرْتُم بِهِ مَنْ أَضَلُّ مِمَّنْ هُوَ فِي شِقَاقٍ بَعِيدٍ (52) سَنُرِيهِمْ آيَاتِنَا فِي الْآفَاقِ وَفِي أَنفُسِهِمْ حَتَّى يَتَبَيَّنَ لَهُمْ أَنَّهُ الْحَقُّ أَوَلَمْ يَكْفِ بِرَبِّكَ أَنَّهُ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ شَهِيدٌ (53) أَلَا إِنَّهُمْ فِي مِرْيَةٍ مِّن لِّقَاء رَبِّهِمْ أَلَا إِنَّهُ بِكُلِّ شَيْءٍ مُّحِيطٌ (54)

<< aýt : maňa aýdyp beriň egerde ( bu gurhan ) alla tarapyndan bolup soň siz oňa kapyr bolan bolsaňiz ( bu gurhan bilen ) terisleşýän adamdan gümrarak kim bolup biler ? diýip .// biz öz nyşanlarymyzy dünýäniň dört künjünde olaryň öz aralaryndan görkezeris tä onuň haklygy olara belli bolar ýaly . seniň perwerdigäriň hemme zada güwäligi ýeterlik dälmi ? // habardar bol , olar ( kyýamatda ) perwerdigärlerini görjekdiklerine gaty şekdedirler, bilip goý ol her bir zady gurşap alyjydyr. >>

Müşrükleriň we kapyrlaryň hakynda bolan geçen aýatlaryň dowamynda gurhany kerim bu aýatlarda deslap aýdýar : siz kapyrlar we müşrükler bu kitabyň diýmek gurhan kitabynyň alla tarapyndan bolmagyny mümkin bilýärsiňizmi? Siz gurhan bilen munça tersleşmezden ozal bu kitabyň alla tarapyndan bolmak ätimäli hakynda bir oýlanyň . egerde bu kitap alla tarapyndan bolup onda behişt we dowzah hakynda aýdylan gürrüňleriň hemmesi dogry bolsa kyýamatda siz näme edersiňiz ? onda azajyk oýlanyň we gury täsip bilen ata- babalaryňyzyň ýoluna eýerip hakykatdan daş düşmäň eýsem hakykatyň yzynda boluň .

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : allanyň berhaklygynyň nyşanalary dünýäniň çar künjünde we ynsanyň daşynda we içinde aýan we äşgärdir onda allanyň berhaklygyna göz ýetirmek üçin olara üns bermeýärsiňizmi . egerde şerigat kitaby bolan gurhan hakynda şek edýän bolsaňyz tebigat kitaby bolan ýer şarynyň ýüzünde görünýän nyşanlar we alamatlar hakynda hem şek edýärsiňizmi? Bu älem jahanyň we tebigatyň bir ýaradyjy gudrata mätäçdigi barada oýlanmaýarsyňyzmy ? ýer şaryndaky tebigat we älem jahandaky asmanlyk şarlar aý , gün we ýyldyzlar we olaryň arasyndaky düzgün we ynsanyň bu zatlar barada ýeten we ýetmedik ylmy syrlary , bu zatlaryň hemmesi allanyň berhaklygynyň nyşanalaryndadyr.

Gurhany kerim bu aýatlarda: öz aýatlarymyzy we nyşanalarymyzy görkezeris diýip aýdýar. bu ybaratdan belli bolşuna görä allanyň aýatlary we nyşanalary gelejekde hem ynsanlaryň gözüne görkiziljekdir . ýene bir ybaratda ynsan ylym , bililmde ösüş gazanmak bilen allanyň berhaklygyna delelet edýän täze nyşanalaryň we aýatlaryň üstünden barjakdyr . ylymda gazanyljak her bir üstünlik bilen allanyň ylmyndan , hekmetinden we gudratyndan bir nyşan we alamat ynsanyň gözüne görünjekdir . ýöne gynanç bilen allanyň berhaklygyna şek edýän ynsanlar kyýamaty we kyýamatda allanyň huzuryna barmaklygyda inkär edýändirler . elbetde ynsanyň bir hakykata göz ýetirmek üçin ozal başda ol hakynda şek etmegi öz özünden telek zat däldir ýöne hemişe şekde galmaklyk gowy zat däldir. alla hakynda ynsanyň hemişe şekde galmagy onuň gümralygyna sebäp bolýandyr bu hili ynsanlar alladan gapyl galyp her bir telek iş bolsa edýändirler. ýöne ahyrda alla hem olary gurşap aljakdyr. şonda alla olaryň bütin eden etmişlerini olara görkezjekdir olara aýan we äşgär etjekdir. ol gün bolsa myzan tereziň gurlan güni boljakdyr. şonda ynsanyň bütin amallary hasaba alynyp adalat esasynda onuň amallaryna ýetişiklik boljakdyr .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- akylly başly ynsan bir zadyň tarapyndan zýanyň ýetişmegini mümkin bilse ol zat barada köpräk esewan bolýandyr. Şu hasap bilen kyýamatyň gopmak ätimäli ynsany günä işlerden we telekeçiliklerden alyp galmalydyr .

2- älem , jahandaky barça närseler alla tagalanyň nyşanalarydyrlar. onda ynsan şol närseler hakynda köpräk oýlansa we şol närselere köpräk üns berse allanyň berhaklygyna köpräk göz ýetirip biljekdir.

3- ýaşaýyşyň we barlygyň owaly - ahyry bir birinden aýry däldir. älem , jahanyň hem owaly we ahyry allanyň elindedir.

////////////

Fussilät süresiniň soňy