bölüm 898, süre şura, aýat 1-6
bölüm 898, süre şura, aýat 1-6
راهی بسوی نور(898)
Şura süresi
53 aýaty bolan şura süresi mekge mükärremede yslam pygamberine inendir, şonuň üçin şura süresi mekgi sürelerden hasaplanýandyr. bu süräniň ady onuň 38-nji aýatyndan alnandyr . bu aýatda taňry tagala möminleri işlerde geňeş geçirmeklige çagyrandyr.
Şura süresi, 1-2-3 we 4-nji aaýtlar :
حم (1) عسق (2) كَذَلِكَ يُوحِي إِلَيْكَ وَإِلَى الَّذِينَ مِن قَبْلِكَ اللَّهُ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (3) لَهُ مَا فِي السَّمَاوَاتِ وَمَا فِي الْأَرْضِ وَهُوَ الْعَلِيُّ الْعَظِيمُ (4)
<< hä , mim // aýn , sin , gaf // hikmet eýesi bolan gudratly alla şu hili saňa we senden ozalkylara wahyý edendir // göklerdäki we ýerdäki närseleriň hemmesi ondandyr we ol beýik we azamatlydyr . >>
gurhany kerimiň bu süresi hem gurhanyň beileki 28 süresi ýaly mugattaha harplar bilen başlanandyr. ozal hem aýdyşymyz ýaly bu hili sürelerde mugattaha harplardan soň gurhan hakynda gürrüň gidýändir. belli bolşundan taňry tagala bu harplar bilen : gurhanyň ýöneki harplardan düzilendigini şondan gelende onuň mysalynda kitaby , hiç bir ynsanyň düzüp bilmändigini ýatlatjak bolandyr . aslynda gurhany kerimiň aýratyn taraplarynyň birside onuň ýöneki harplardan düzülen ýagdaýynda mugjyza bolmagydyr sebäbi gurhanyň ulanan bu harplary hemmeleriň erkindedir şondan gelende hiç kim gurhannyň derejesinde ýekeje aýaty hem getirip bilen däldir . taňry tagala bu aýatlarda mugattaha harplardan soň aýdýar: saňa wahyý edişimiz ýaly senden ozal gelen pygamberlere hem wahyý etdik . taryh boýunda , ynsanlary dogry ýola getirmek üçin ozalky pygamberlere wahyý inderen alla saňa hem bu gurhany wahyý edendir, onda wahynyň çeşmesi birdir ol çeşme bolsa alladyr şonuň üçin bütin pygamberlere wahyý bolan zatlaryň hemmesi usullda bir zatdyr meňzeşdir ýöne allanyň hikmeti , durly tapgyrlarda we döwürlerde ynsanlara inen wahyýň döwrüň talabyna görä üýtgemegine sebäp bolandyr . ýöne bu parhlar , ynsanyň kemala tarap ösüşi bilen sazdaşdyr . gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar: asmanlardaky we ýerdäki närseleriň hemmesi alla degişlidir alla bolsa ýer , gögi ýaradan we olardaky barça zatlaryň asly eýesidir. alla, hem ynsanlary ýaradandyr hemde olaryň işlerine çäre gürjidir . alla ynsanlaryň işlerine çäre görmek üçin hem pygamberleri iýberendir we pygamberlere kitap we şerigat berendir . şeýlelik bilen şerigatyň we tebigatyň çeşmesi bir zatdyr we ynsanlaryň tebigatdan alýan zatlary bilen onuň şerigatdan alýan zatlarynyň arasynda çaprazlyk ýokdur .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberleriň hemmesi bir çeşmeden suw içýändirler we olaryň alýan wahyýlary bir çeşmeden göz baş alýandyr. Oňa görä pygamberleriň başy bilen ahyrkysynyň arasynda hiç tapawut ýokdur .
2- wahyý hikmet eýesi bolan gudratly alla tarapyndanyr we wahyýň aýdanlaryna amal etmeklik ynsanyň baş ýokarlygyna we hezzetiniň artmagyna sebäp bolýandyr.
3- wahyýň çeşmesi allanyň hikmeti we ylmydyr oňa görä gurhanyň aýatlary mäkäm we gawşamazdyr.
4- ynsanlara kanyn düzmeklik onuň ýaradylyşy we ykbaly elinde bolan kimsä laýykdyr. Ol kimse bolsa alladyr.
Şura süresi, 5 we 6-njy aýatlar :
تَكَادُ السَّمَاوَاتُ يَتَفَطَّرْنَ مِن فَوْقِهِنَّ وَالْمَلَائِكَةُ يُسَبِّحُونَ بِحَمْدِ رَبِّهِمْ وَيَسْتَغْفِرُونَ لِمَن فِي الْأَرْضِ أَلَا إِنَّ اللَّهَ هُوَ الْغَفُورُ الرَّحِيمُ (5) وَالَّذِينَ اتَّخَذُوا مِن دُونِهِ أَولِيَاء اللَّهُ حَفِيظٌ عَلَيْهِمْ وَمَا أَنتَ عَلَيْهِم بِوَكِيلٍ (6)
<< depelerinde gökleriň böwsülmekleri golaýdyr we perişdeler öz perwerdigärleriniň hämdi senasyny aýdýandyrlar we ýer ýüzündäki kimselere ýalkaw dileýändirler . takyk alla ýalkawjy we mähribandyr // we onuň ýerine özlerine taňry saýlan adamlara alla habardardyr we sen olara kepil dälsiň ( tä olary imana mejbur eder ýaly ). >>
Gurhany kerim geçen aýatlarda allanyň wahyýsy hakynda gürrüň etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : allanyň kelamynyň we wahyýsynyň azamaty şeýle bir ulydyr weli göklere inse ony götürip bilmän böwsüljekdirler, para- para boljakdyrlar Häşir süresiniň 21-nji aýatynda hem gelşi ýaly gurhan daga inse dag allanyň gorkysyndan pytrap gitjekdir allanyň perişdeleri ynsanlaryň dogry ýola hidaýat bolmaklary üçin pygamberlere wahyýň inmegi üçin hemişe allanyň hämidi senasyna meşguldyrlar şeýlede olar , aýaklary taýyp hata etmekleri mümkin bolan ynsanlar üçin alladan ýalkaw dileýändirler . çünki alla ýalkawjy we mähribandyr we hatakär adam toba eden ýagdaýynda onuň tobasyny kabul edip günälerini ýalkaýandyr.
Elbetde alla tagala belkaslaýyn günä etmeýän adamlaryň , hak bilen jedel etmeýän adamlaryň hata işlerini bagyşlaýandyr . gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem bu meselä yşarat edip aýdýar : ynsanlaryň bir topary alla tagala we onuň pygamberine ýapyşmagyň ýerine alladan gaýryň yzyna düşüp alladan gaýra çokunýandyrlar we alladan gaýryny öz ýaşaýyşlarynda täsirli bilýändirler. bu adamlar aslynda kapyrlyk we şyrk belasyna uçrap pygamberleriň çakylygyny garşy alýan däldirler . onsoňda pygamber , halky dogry ýola diýmek allanyň ýoluna çagyrmakda özüni borçly bilýändir we hemmeleriň dogry ýola, allanyň ýoluna girmeklerini isleýändir we haçanda olaryň şol gümralykda galmaklaryny görende gaty tokat bolýandy şonuň üçin hem taňry tagala bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : sen halkyň kepili dälsiň we olary öz çagyrýan zadyňa mejbur edip bilmersiň sen olary mejbur etmek üçin hem iýberlen dälsiň elbetde her kim ýaramaz işiň yzynda bolsa dünýäde we ahyretde onuň netijesini görjekdir we her kim ýagşylygyň yzynda bolsa ol hem onuň miwesini datjakdyr we iki dünýäde bagtyýar boljakdyr .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kä ynsanlaryň ýüregi edil daş ýaly gatydyr, gurhan asmanlara inen bolsady asmanlar ýarylyp giderdiler ýöne hak bilen jedel edýän gaty ýürek ynsanlar hatda gurhanyň aýatlaryny eşidenlerinde hem ýürekleri ýumşaýan däldir.
2- doga - dileglerde hemmeleriň hakynda doga etmelidir, edil perişdeleriň hemmelere ýalkaw dileýşi ýaly biz hem hemmelere ýalkaw dilemelidirs .
3- alla iman getirip oňa bendelik etmeklik alladan özgä bendelik etmeklik bilen jebis gelýän däldir. allanyň hakyky bendesi alladan özgä çokunmaz .
4- pygamberler, özleriniň çakylyklaryna halky mejbur etmäge hakly däldirler eýsem olar , diňe wahyýň halka ýetirip olary dogry ýola çagyrmaga borçly edilen dirler .
///////////