bölüm 903, süre şura, aýat 24-28
bölüm 903, süre şura, aýat 24-28
راهی بسوی نور(903)
Şura süresi, 24-nji aýat:
أَمْ يَقُولُونَ افْتَرَى عَلَى اللَّهِ كَذِباً فَإِن يَشَأِ اللَّهُ يَخْتِمْ عَلَى قَلْبِكَ وَيَمْحُ اللَّهُ الْبَاطِلَ وَيُحِقُّ الْحَقَّ بِكَلِمَاتِهِ إِنَّهُ عَلِيمٌ بِذَاتِ الصُّدُورِ (24)
<< ýa aýdarlar : ol alla ýalan ýapdy diýip . onda egerde alla islese seniň ýüregiňe mohur urar we alla batyly ýok edip haky özüniň kelamy bilen goldar , mäkämleşdirer. dogrudanda ol adamyň içindäki zatlardan habarlydyr . >>
Geçen gepleşikde yslam pygamberiniň ähli beýtine hormat etmek barada gürrüň etdik . gurhany kerim bu aýatda aýdýar : elbetde kä munafyklar yslam pygamberine töhmet ýapyp önüň aýdýan zatlary alla tarapyndan dälde eýsem önüň tarapyndandyr we önüň gurhan , wahyý barada, ýada ähli beýtine hormat etmek barada aýdýan zatlary alla tarapyndan däldirde eýsem öz tarapyndadyr diýip yslam pygamberine töhmet ýapdylar .
Taňry tagala bu aýatda munafyklaryň we müşrükleriň aýdan bu zatlaryna jogap berip : eger yslam pygamberi bu işi etse we öz sözüni alla aýtdy diýip aýtsa onuň ýüregine mohur urarys we onuň , alla tarapyndan bolmadyk zatlary alla tarapyndan indi diýip aýtmagyna rugsat bermeris . sebäbi bu hili işleriň öňüni almasa halk gümralyga üçrar we halkyň gümralyga uçramaklary bolsa allanyň halky hidaýat etmek baradaky hikmetine jebis gelýän däldir diýip aýdýar . elbetde gurhany kerimiň Hakka süresiniň 44 , 45 we 46-njy aýatlarynda hem bu mesele barada gürrüň gozgalandyr . şol aýatlarda şeýle getirilýär : “egerde ol , ( diýmek yslam pygamberi ) bize ýalan ýapyp öz kelamyny alla aýtdy diýse , ony gudrat bilen gurşap alardyk we jan damaryny keserdik”
Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda hem ýene bir mesele yşarat edip nygtaýar : alla batyly ýok edýändir we ony ryswa edýändi we batylyň wahyý bilen garyşmagyna rugsat bermez, alla özüniň inderen kelamy bilen haky mäkämleşdirýändir .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- mömin adam , yslam pygamberiniň alla tarapyndan getiren barça zatlaryna iman getirip ony kabul edýändir , “bu zatlar meniň isleýän zatlarym däl” diýip olary ret edýän däldir.
2- alla hiç kim bilen oýun edýän däldir hatda özüniň ýollan resuluda alla tarapyndan bolmadyk bir zady alla tarapyndan diýip aýtsa ony ryswa edýändir onuň ýalanyny çykaryp ony özüniň wahyýsyndan mahrum edýändir .
3- hakyň üstünlik gazanyp batylyň ýok olmaklygy allanyň möminlere beren wadasydyr bu wada hökmany durmuşa geşjekdir.
Şura süresi, 25 we 26-njy aýatlar :
وَهُوَ الَّذِي يَقْبَلُ التَّوْبَةَ عَنْ عِبَادِهِ وَيَعْفُو عَنِ السَّيِّئَاتِ وَيَعْلَمُ مَا تَفْعَلُونَ (25) وَيَسْتَجِيبُ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ وَيَزِيدُهُم مِّن فَضْلِهِ وَالْكَافِرُونَ لَهُمْ عَذَابٌ شَدِيدٌ (26)
<< we ol ( alla ) öz bendeleriniň tobalaryny kabul ediji we günälerini ýalkawjydyr we siziň edýän her bir işiňizden habarlydyr. // we ol iman getirip ýagşy işleri edýän adamlaryň dogalaryny ejabat edýändir we öz fazlyndan olara artdyrýandyr we elbetde kapyrlara güýçli azap bardyr . >>
Allanyň ynsanlara bolan lutfy kereminiň iň möhümleriniň birside hata we günä edýän ynsanlara toba edip dolanmak pursatyny goýmagydyr . günäkär adam her haçan eden etmişinden gaýdyp toba etse alla onuň tobasyny kabul edýändir we ony öz dergähinden kowýan däldir ýone ynsanlar beýle däldirler. biz bir adam biziň hakymyzda sütem eden bolsa we ony gaýtalan bolsa ondan ýüz öwrüp hatda onuň bizden ötünç soramagyna hem rugsat berýän däldiris .
Ýöne taňry tagala bu aýatda , özüniň tagsyrkär bendeleri özleriniň eden etmişlerinden puşman bolsalar we toba etseler olaryň tobasyny kabul etjekdigini aýdýar. alla öz bendeleriniň içinden doly habarlykä we olaryň eden etmişlerini doly suratda bilýänkä , olaryň tobasyny kabul edýändir , bu bolsa allanyň öz bendelerine bolan lutfy kereminiň gaty güýçlidigini mälim edýändir . şeýlede taňry tagala ynsanyň aňyna girmeýän zatlary özüniň fazly kereminden möminlere bagyşlaýandyr bu hem allanyň möminlere bolan ýokary lutfy keremini görkezýändir .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- yslam dininde goşa sebjik ýokdur. yslam dini her bir ýagdaýa görä ynsanlara ýol we çykalga görkezýändir .
2- taňry tagala günäkär adamlar toba eden ýagdaýynda olaryň ýazygyny geçjekdigi barada söz berendir . aslynda taňry tagala bu wada bilen günäkär ynsanlary dogry ýola girmeklige şowklandyrýandyr .
3- iman getirip ýagşy işleri etmeklik ynsanyň doga dilegleriniň allanyň ýanynda kabul bolmagyna sebäp bolýandyr .
Şura süresi, 27 we 28-nji aýatlar :
وَلَوْ بَسَطَ اللَّهُ الرِّزْقَ لِعِبَادِهِ لَبَغَوْا فِي الْأَرْضِ وَلَكِن يُنَزِّلُ بِقَدَرٍ مَّا يَشَاءُ إِنَّهُ بِعِبَادِهِ خَبِيرٌ بَصِيرٌ (27) وَهُوَ الَّذِي يُنَزِّلُ الْغَيْثَ مِن بَعْدِ مَا قَنَطُوا وَيَنشُرُ رَحْمَتَهُ وَهُوَ الْوَلِيُّ الْحَمِيدُ (28)
<< we eger alla öz bendeleriniň ryzkyny artdyrsa olar ýer ýüzünde hetden geçip sütem ederler, ýöne weli ( alla ) islän zadyny gerek mukdarda inderer , sebäbi ol öz bendeleriniň ýagdaýyndan ägä we habarlydyr // we ol ( alla )dyr, halk, ýagmagyndan näumyt bolan mahaly ýagyny ýagdyryp öz rahmetini ( ýeriň ýüzüne) ýaýýandyr we ol ( öz bendelerine ) söýürli dostdyr . >>
Gurhany kerim bu aýatlarda dünýäniň bütin işlerinde görüp bolýan allanyň hikmetine yşarat edip aýdýar : ýaradylyşda her bir zat ölçege salnandyrlar, hatda ynsanlaryň ukyplary we başarnygy hasaba alynandyr şonuň üçin taňry tagala her bir zada we kimsä onuň başarnygyna görä nygmat bagyş edýändir we ondan artykmaç berýän däldir . elbetde alla islese artykmaçrak hem berip bilýändir ýöne bir närsäň ýarawundan we ukybyndan artykmaçrak oňa bagyş etmeklik allanyň berkarar edip goýan hikmeti bilen okaýan däldir sebäbi artykmaç bagyş edilen zatlar ol kimsäniň hetden aşyp köpçülikde pysat etmegine sebäp bolýandyr . ynsanlaryň hemmesi alladan rysgallarynyň artdyrylmagyny isleýändirler elbetde bu islegi kanagatlandyrmak alla üçin kyn däldir ýöne allanyň berkarar edip goýan hikmeti şeýle bir zadyň bolmagyna rugsat berýän däldir . allanyň öz bendelerine berýän rysgaly belli bir ölçeg esasynda we her bir ynsanyň rysgaly beýleki ynsanyň rysgaly bilen paryh edýändir onuň hasaby allanyň ýanyndadyr . taryhy tejribeleriň hem görkezşine görä ynsanlar bolelin ýaşaýyşdan paýly bolanlarynda olar umuman alladan gapyl galyp köpçülikde pysat we sütem edip başlandyrlar . sebäbi ynsan haçanda öz gara nepsine bende bolanda oňa gudratdan we baýlykdan doýmak ýokdur . ol her näçe baýlyk toplasa ýene az görüp başgalaryň mal mülkine hem gözün tikýändir şeýlede bir ynsan her näçe kuwwatlansa şonçada özgelere sütem edýändir . şonuň üçin hem taňry tagala öz ylmy bilen her bir ynsana nä mukdarda rysgal bermelidigini gowy bilýändir . elbetde her bir ynsanyň rysgalynyň alla tarapyndan belli edilmegi onuň zähmetden we talaşdan gaýra durmagyna sebäp bolmaly däldir eýsem her bir ynsan allanyň belli edip goýan rysgalyny elgermek üçin boldugyndan zähmet çekip tagalla etmelidir we zähmet bilen hem allanyň özi üçin belli edip goýan rysgalyny gazanmalydyr . “ýatan öküze iým ýok” diýipdirler. alla hem ýatana berýän däldir we ýörtene berýändir.
Ynsanyň rysgalynyň allanyň elinde bolmagyna delalat edýän delilleriň birside ýagynyň asmandan ýagmagydyr. allanyň gudratyny we ylmyny görkezýän ýagyn , egerde bir näçe aýlap ýagmasa gurakçylyk bolar netijede hem gahatçylyk ýüze çykýandyr. eger ýagyn edil wagtynda ýagyp dursa ýer ýüzüne nygmat eçilip abadançylyk bolýandyr ýagyn bilen ölen ýerlere jana girip dürli ösümlikler amala gelýändir şeýdipde ynsanlaryň we haýwanlaryň talap rdýän iýmit madalary üpjün bolýandyr bu bolsa allanyň bir uly içeri maşgalanyň eýesi hökminde içeri maşgalany gowy suratda dolandyryp bilýändigini görkezýändir .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- alla, özüniň berkarar edip goýan hikmeti esasynda öz bendeleriniň doga dileglerini yjabat edýändir şonuň üçin ynsanlaryň azgynçylygyna sebäp boljak olaryň isleglerini ganagatlandyrýan däldir .
2- ýaradylyş hikmet esasynda şeýlde hasap kitap esasynda dolandyrylýandyr şonuň üçin ýaradylyş düzgüninde her bir zadyň öz jaýy bardyr.
3- ýagyn allanyň rahmetiniň bir görnüşidir .
4- bela beterlerde we ýowuz ýagdaýlarda ynsanyň ýekeje penagäsi allanyň özidir.
//////////