bölüm 904, süre şura, aýat 29-35
bölüm 904, süre şura, aýat 29-35
راهی بسوی نور(904)
şura süresi, 29-njy aýat :
وَمِنْ آيَاتِهِ خَلْقُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَمَا بَثَّ فِيهِمَا مِن دَابَّةٍ وَهُوَ عَلَى جَمْعِهِمْ إِذَا يَشَاءُ قَدِيرٌ (29)
<< we onuň ( gudratynyň ) nyşanalaryndan , gökleriň we ýeriň we olaryň arasyndaky barça närseleriň ýaradylmagydyr, we ol her haçan islese olary üýşürip biler . >>
Geçen gepleşikde allanyň rahmetiniň nyşanasy we ýaşaýyşyň çeşmesi bolan ýagynyň ýagmagyndan gurruň etdik gurhany kerim bu aýatda hem aýdýar : ýer , gök we olaryň üstündäki barça närseler allanyň gudratyny we ylmyny subut eden nyşanalardandyr . gökler we ondaky uly uly şar toplumlary we kähkeşanlar we olardaky milionlarça ýyldyzlar bu zatlaryň hemmesi ynsany haýranlar galdyrýandyr. şeýlede ýer şary we ondaky durly ösümlikler we janly jandarlar we gözellikler allanyň gudratyndan bir nyşandyrlar. Ýaradylyşdaky we ýaşaýyşdaky düzgüni we gözelligi we ululygy ýaradan kimse kyýamaty dikeldip özüniň dünýäde ýaradan närselerini gaýtadan jemläp bilmezmi? Elbetde jemläp biler . gurhany kerimiň bu aýatynda iki möhüm meselä üns bermelidir. birinjiden bu aýatdan belli bolşuna görä ýer şaryndan aýry şarlarda-da allanyň ýaradan janly närseleri bolmaly . ikinji möhüm mesele kyýamatda ynsanlardan aýry ýene bir topar janly närseleriň hem çagyrlyp ýygnalmaklarydyr .
Bu çagyryp ýygnamaklygyň iki maksady bardyr. birinjiden egerde bu närselere akyl we düşünmeklik häsiýetini kaýyl bolsak bes olaryň hem ýagşy işlerine serpaý we telek işlerine hem jeza beriljekdir. ikinjiden hem bir topar närseler bardyr weli olaryň jany bardyr ýöne olaryň amaly, akly esasynda däldir, diýmek olar pähim edip telek bilen telek däli saýgaryp bilýän däldirler. şonuň üçin hem gurhany kerim durly aýatlarynda bu topar närseler hakynda diňe olaryň bir ýere ýygnanmaklaryndan gürrüň edýändir, olaryň jezalandyrylmaklaryndan ýada olara serpaýyň berilmeginden gürrüň edýän däldir .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- taňry tagalanyň janly närseleri şu dünýäde ýaradyp bilmegi allanyň kyýamatda hem olary gaýtadan direldip bilmegine bir delildir .
2- janly närseler, diňe biziň ýer ýüzünde görýän zatlarymyz däldirler eýsem beýleki şarlarda hem janly närseler bardyr .
3- janly jandarlary köpeltmek ýada olary bir mekana jemlemek, allanyň islegi we yradasy bilen bolýandyr we bu zatda ynsanyň hiç roly ýokdur.
şura süresi, 30 we 31-nji aýatlar :
وَمَا أَصَابَكُم مِّن مُّصِيبَةٍ فَبِمَا كَسَبَتْ أَيْدِيكُمْ وَيَعْفُو عَن كَثِيرٍ (30) وَمَا أَنتُم بِمُعْجِزِينَ فِي الْأَرْضِ وَمَا لَكُم مِّن دُونِ اللَّهِ مِن وَلِيٍّ وَلَا نَصِيرٍ (31)
<< we size her bir musybat ýetişse eden etmişiňizdendir we ol ( alla ) olaryň köpsünden geçer // we siz ýer ýüzünde ( allany ) ejizledip bilmersiňiz we size alladan gaýry hiç bir kömekçi we dost bolmaz . >>
Gurhany kerim geçen aýatda kyýamatda barça janly närseleriň mähşur bolmaklaryndan gürrüň edendir. emma gurhany kerim bu aýatda aýdýar : elbetde bu ynsanyň dünýäde edýän etmişleri babatly sorag ýada jeza manasynda däldir eýsem şu dünýäde hem ynsan bir hili özüniň amalynyň netijesini görýändir . şu hasap bilen ynsanlar özleriniň erk ygtyýarlary bilen ýola berýän amallary telek bolsa onuň ajysyny hem şu dünýäde datýandyrlar eden etmişleriniň ajy tagamyny şu dünýäde datmaklyk allanyň tebigatda ber karar edip goýan kanuny esasynda olara ýetişýändir. rum süresiniň 41-nji aýatynda hem bu hakykata yşarat bolandyr. gurhany kerim şol aýatda , adamlaryň eden etmişleri üçin deňizde we ýeriň ýüzünde pysatçylyk ýüze çykdy tä alla olaryň eden etmişleriniň kä birisiniň netijesini olara dadyrsyn , belkide haka tarap dolansynlar diýip aýdýar . gurhany kerim bu aýatyň dowamynda hem aýdýar : käler özleriniň eden etmişlerinden gutulup bilerler mykam diýýändirler olar allanyň ber kara edip goýan ylahy kadasyny aýak aşaga salmak bilen musybata uçramarys diýip güman edýändirler ýöne olar asmana uçsalar ýada ýeriň teýne girseler allanyň ýer ýüzünde ber karar edip goýan ylahy kadasyndan gutulyp bilmezler sebäbi älem jahanda hakyky häkim we hakyky hökmürowan alladan gaýry hiç kim däldir .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanyň öz ýaşaýyşynda gabat gelýän ajy wakalarynyň köpüsi önuň öz eden etmişlerinden göz baş alýandyr .
2- ynsanyň kynçylyklary, onuň ýola berýän hata işleriniň bir böleginiň netijesidir sebäbi taňry tagala ynsanyň hata işleriniň köpüsini görmezlik edýändir.
3- ynsan allanyň gudratynyň garşysynda hiçdir we onuň allanyň höküm rowanlygyndan gaçyp gutulara çäresi ýokdur .
şura süresi, 32 ,33, 34 we 35-nji aýatlar :
وَمِنْ آيَاتِهِ الْجَوَارِ فِي الْبَحْرِ كَالْأَعْلَامِ (32) إِن يَشَأْ يُسْكِنِ الرِّيحَ فَيَظْلَلْنَ رَوَاكِدَ عَلَى ظَهْرِهِ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّكُلِّ صَبَّارٍ شَكُورٍ (33) أَوْ يُوبِقْهُنَّ بِمَا كَسَبُوا وَيَعْفُ عَن كَثِيرٍ (34) وَيَعْلَمَ الَّذِينَ يُجَادِلُونَ فِي آيَاتِنَا مَا لَهُم مِّن مَّحِيصٍ (35)
<< we onuň nyşanalaryndan deňizlerde daglar ýaly gämileriň hereket etmekleridir // islese ýeli ýatyrar , netijede gämiler suwuň ýüzünde hereketden galarlar, dogrudanda bu işde sabyrly we şükür edýän adamlar üçin nyşanalar bardyr // ýäda islese gämileri ( üstündäki adamlaryň ) eden etmişleri üçin ýok eder we elbetde ol köpüsinden geçer // we biziň aýatlarymyz hakynda jedel edýän adamlar bilsinler olaryň gaçara ýerleri ýokdur. >>
Gurhany kerim geçen aýatlarda allanyň rahmetinden , ylmyndan we gudratyndan habar berýän kä nyşanlary şol sanda ýagşyň ähmiýetini aýdyp beren soň bu aýatlarda ýeliň ynsanyň ýaşaýyşyndaky ähmiýetine yşarat edip aýdýar : Deňiziň üstünde ynsanlary ýada ýükleri bir mekandan ýene bir mekana ýetirýän uly gämileriň suwa batman suwuň ýüzünde gaýyp durmaklary allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr, sebäbi gämileriň suwa batman onuň ýüzünde hereket edip bilmek häsiýetini alla tagala suwda goýandyr . şeýlede gämileriň ýeliň ýelkene degmegi bilen hereket etmekleri allanyň ynsanlara bolan rahmetiniň nyşanalaryndandyr . elbetde häzirki ýagdaýda dag ýaly gämiler ýelken bilen dälde eýsem ýangyç ýakýan motor bilen hereket edýändirler . elbetde olaryň hem suwa batman suwuň ýüzünde hereket etmekleri allanyň suwda we tebigatda ber karar edip goýan kanuny esasynda ýüze çykandyr we ol kanunlary ynsan tebigatda goýan däldir .
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : egerde alla islese ýeli ösmekden alyp galar şonda , ýel bilen hereket edýän gämiler hem hereketden galarlar, bu zatda hem sabyrly we şükür edýän adamlar üçin nyşanalar bardyr . her halda ulydyr kiçi gämileriň hereket etmekleri ýada hereketden galmaklary bu zatlaryň hemmesi allanyň elindedir hatda gämileriň sag aman maksada ýetmekleri hem allanyň elindedir sebäbi alla islese gämiň we onuň içindäki adamlary gark edip biler . elbetde gämidäki adamlaryň gark bolmaklary olaryň kä eden etmişleri üçindir elbetde alla olaryň köp eden etmişlerini hem görmezlik edýändir sebäbi egerde alla eden etmişleri sebäpli adamlaryň hemmesini jezalandyrsa ýeriň ýüzünde adam galmazdy . alla şu hili özüniň gudratyny görkezip durka , hak bilen jedel edýän kä jedelkeş ynsanlar allanyň tebigatdaky gudratynyň nyşanalaryny inkär etmegiň we möminler bilen dawa tutmagyň yzyndadyrlar şondan gelende olar ahyr soňda allanyň gudratynyň elinden gaçyp gutulyp bilmejekdiklerini bilerler .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- diňe bir älem jahandaky närseleriň ýaradylmaklary dälde eýsem älem jahana we tebigata häkim bolan kanunlar, allanyň rahmetinden we gudratyndan bir nyşandyr . dag ýaly gämileriň suwuň ýüzünde hereket edip bilmekleri allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr .
2- allanyň nygmatlaryna gabat gelemizde hem şükür etmelidir hemde sabyrly bolmalydyr . kä wagtlarda bu nygmatlardaky hikmet, şükür kylmagy kä mahallar hem sabyrly bolmagy talap edýändir .
3- ynsanlaryň edýän işleri hemişe olary heläkçilik howpy bilen ýüz be ýüz edýändir. onda egerde ynsan her bir işde zyýan görmän sag aman galsa ony allanyň lutfy kereminden bilmelidir .
4- tebigatdaky düzgüni we kadany maddy garaýyş bilen barlap allanyň ondaky roluny inkär etmeli däldir. dogrusy ol kada kanunlary alla tagala tebigatda ber karar edip goýandyr . egerde bu meselä başga şekilde garasak, älem jahanyň işlerine çäre görmekde allanyň hikmetini gudratyny we ylmyny inkär etdigimiz bolar.
//////////