Sep 28, 2021 12:30 Asia/Ashgabat

bölüm 905, süre şura, aýat 36-39

 

راهی بسوی نور(905)

Şura süresi, 36-njy aýat :

فَمَا أُوتِيتُم مِّن شَيْءٍ فَمَتَاعُ الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَمَا عِندَ اللَّهِ خَيْرٌ وَأَبْقَى لِلَّذِينَ آمَنُوا وَعَلَى رَبِّهِمْ يَتَوَكَّلُونَ (36)

<< onda size her ne berlen bolsa ol  dünýe ýaşaýyşynyň matasydyr we allanyň ýanyndaky zatlar iman getirip perwerdigärlerine töwekgel edýänler üçin gowyrak we hemişelikdir. >>

Geçen gepleşiklerde allanyň deňizlerde we ýeriň ýüzünde ynsanlara begş eden nygmatlaryndan gürrüň etdik. gurhany kerim bu aýatda hem aýdýar : allanyň dünýäde öz bendelerine bagyş eden zatlarynyň hemmesi panydyr , geler grçerdir oňa görä ol nygmatlary hemişelik galjak zatlar bilmeli däldir ýöne ol dünýäniň nygmatlary hemişelikdir müdimlikdir we möminler özleriniň dünýäde bitiren ýagşy we sogap işleri bilen ony elgerer.

Dogrusy dünýäň geler geçer matasyndan el özüp ahyratyň hemişelik nygmatlaryny elgermekden gowyrak we peýdalyrak sewda bolup bilermi?

Elbetde bolup bilmez . dünýäň nygmatlary hemme ynsanlara berlendir we taňry tagala bu barada kapyrlar bilen möminleriň arasynda paryh goýan däldir ýöne ahyratyň nygmatlary diňä möminlere we salyhy ynsanlara mahsusdyr olar özlerini ýagşy işleri bilen ahyratlaryny abat edip bilendirler . elbetde mömin adamlar diniň tabşyryklaryny ýerne ýetirmekde kynçylygada gabat gelendirler ýada özlerini dünýäň kä lezzetlerinden hem mahrum edendirler . şonuň üçin taňry tagala kýamatda olaryň dünýäde çeken kynçylyklarynyň ýerine näçe esse ser paý berjekdir. Ünsüňde dünýä bil baglap dünýäň malyny toplamak üçin özlerini zähmete oklaýan adamlaryň tersine möminler mal üýşürmek deregine alla töwekgel edip özleriniň ýygnan mallaryndan hem ynfak edýändirler sadaka berýändirler möminleriň garaýşyndan allanyň hemişelik nygmatlarynyň ýanynda dünýäň geler geçer baýlyklary hiüdir we hasaba gelýän däldir .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- mömin ynsan dünýäň baýlygyndan ahyratyny gazanmak üçin haýyrlanýandyr .

2- mömin adam dünýäde her zady elden berse alla kýýamatda ondan näçe esse gowyragyny oňa nesip etjekdir . şonuň üçin kýýamatyň nygmatlary alla töwekgel edýän möminler üçindir.

3- öz baýlygyňa we güýç kuwatyňa daýanmagyň ýerine allatagala töwekgel etmeklik mömin adamň nyşanalaryndandyr.

Şura süresi, 37-nji aýat :

وَالَّذِينَ يَجْتَنِبُونَ كَبَائِرَ الْإِثْمِ وَالْفَوَاحِشَ وَإِذَا مَا غَضِبُوا هُمْ يَغْفِرُونَ (37)

<< Olar uly günälerden we telek işlerden saklanýandyrlar we gaharlananlarynda hem geçirimlilik edýändirler. >>

Gurhany kerim geçen aýatda mömin adamlaryň ýüriteliklerini beýan edeni soň bu aýatda hem olaryň iki sany ahlak ýüriteligine yşarat edip aýdýar : ahyratyň ser paýyndan paýly bolýan adamlar telek we erbet işlere baş goşmakdan saklanýandyrlar we öz ruhlaryny hapalykdan arassalaýandyrlar sebäbi iman hapalyk bilen okaýan däldir . şeýlede möminler öz nebislerine eýedirler we oňa erk etmegi başarýandyrlar . olar haçanda gazaba minenlerinde özlerini kontrol edip telek we hapa sözleri dile getirmekden saklanýandyrlar, gahar gazap diýleni aslynda ynsanyň içinde mesken tutan otdur. bu ot ynsanyň kontroluny onuň elinden alyp bilýändir ýöne mömin adam gahar gazaba minende öz ygtyýaryny onuň eline berýän däldir eýsem basym koşyp özüne erk etmegi başarýandyr . bu arada mömin adamdaky iman göýji onda geçirimlilik duýgysyny oýarýandyr şonuň üçin mömin adamlaryň häsiýetleriniň birside onuň geçirimli bolmagydyr . rowaýatlarda hem : “çyn dosty gaharlanan mahaly tanap bolar egerde ol gaharyny ýuwdup bilse çyn dostdyr” diýlip getirlendir .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- iman diýleni diňe ýürekden göz baş alýan zat däldir eýsem iman diýleni mömin adamyň amalynda we sözünde hem özüni körkezmelidir .

2- mömin adam özüniň gara nepsine erk etmegi başarýandyr we gara nepsiniň elinde bendi däldir .

3- özgeleriň hatalaryny we ýazyklaryny bagyşlamaklyk imanyň şertlerindendir, oňa görä özgeleriň hatasyny geçip bilmeýän adam çyn mömin adam bolup bilmez.

Şura süresi, 38 we 39-njy aýatlar :

وَالَّذِينَ اسْتَجَابُوا لِرَبِّهِمْ وَأَقَامُوا الصَّلَاةَ وَأَمْرُهُمْ شُورَى بَيْنَهُمْ وَمِمَّا رَزَقْنَاهُمْ يُنفِقُونَ (38) وَالَّذِينَ إِذَا أَصَابَهُمُ الْبَغْيُ هُمْ يَنتَصِرُونَ (39)

<< perwerdigärleriniň çakylygyna lepbýik aýdyp namaz okuýan adamlar öz aralaryndaky işlerde geňeşýändirler we olara ryzyk beren zatlarymyzdan ynfak edýändirler .// we olara haçanda sütem ýetişende ( süteme boýun egmän zalymyň garşysynda ) medet soraýandyrlar . >>

Öňki aýatlaryň dowamynda gurhany kerim bu aýatlarda möminleriň bir näçe nyşanasyna yşarat edip aýdýar : olar , perwerdigärleriniň çakylygyna lepbýik dýandyrlar we doly yhlas bilen allanyň emrine boýundyrlar we diňä allanyň bendeligini edip namaz okuýandyrlar şeýilede olar garyp gasarlara kömek edip öz mallaryndan olara bagyşlaýandyrlar .

Içeri maşgalada we il gün arasynda hem her bir işi etmeli bolanlarnda başgalaryň aýdanlaryna hormat goýup olaryň pikrini soraýandyrlar . yslam taryhynyň deslaoky ýyllarynda hem yslam pygamberi we onuň sahabalary şeýile bolandyrlar we il güne degişli işleriň başyny başlamaly bolanlarynda hemmeleriň pikrini sorapdyrlar . hatda wahynyň üsti bilen alla bilen arabaglanşykda bolan yslam pygamberi köpçülige degişli bir işi etjek bolanlarynda özgeleriň pikrini sorapdyrlar şeýdipde özgeleriň pikrine hormat goýmagyň ähmiýetini bildiripdirler . hatda yslam pygamberi özi bir pikri aýdyp ýaranlarynyň köpüside başga bir pikri aýtsalar ol köpüň aýdanyny edipdirler mysal üçin Ohod urşunda duşman bilen nähili uruşmak barada öz ýaranlaryna maslat salýar şonda olaryň köpüsi şäheriň daşynda duşman bilen uruşmaklygy maslahat berýärler. bu pikir, yslam pygamberiniň pikri bilen jebis gelmesede ol hezret köpüň diýenini edip şäheriň daşynda duşmanlar bilen uruşýar, her çen bu uruşda musulmsnlardan ýeňilip olaryň 70 den eýrägi şehit bolsalarda yslam pygamberi , köpüň aýdanyny kabul edip şäheriň daşynda duşman bilen garşylaşýarlar .

Elbetde musulmanlaryň birek birege maslahat salmaklary, köpçülikleýin , yktysady we içeri maşgala degişli meselelerdendir we allanyň belli edip goýan hökümleriniň üstünde maslahatlaşmaklyk dogry däldir. sebäbi maslahat bilen allanyň haram eden zadyny halal ýada halal eden zadyny haram edip bolmaz. musulmanlaryň birek birek bilen maslahatlaşmaklary yslamda şeýle bir möhüm meseledir welin gurhany kerimň süreleriniň birsiniň ady şura goýlandyr şura süzünden maksat şol maslahat salmaklykdyr .

Iman ähliniň ýene bir möhüm ýüriteligi onuň zülüm süteme garşy guruşyp süteme boýun egmezligidir . mömin adam sütemi kabul edýän däldir we zalymlary aradan aýyrmak üçin özgeleri kömege çagyrýandyr gurhany kerim beileki aýatlarynda hem mömin adamlary tanydar bolanda : çym mömin adam ne sütem eder we nede sütemiň assyna girer diýip aýdandyr .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- yslam dini hemme taraplaýyn kämil dir we ynsan ýaşaýyşynyň durly sýasy , yktysady , sosial , ahlak we dini taraplaryna üns berendir .

2- mömin adamyň möminligi onuň amalynda subut bolmalydyr mömin adam özüniň birin we jemgyýetçilikli ýaşaýyşynda namaz ukap ybadat etmegiň ýanynda köpçüligiň ykbalyndan hem gapyl galmaly däldir .

3- “diňe meň aýdanym bolmaly” diýip özgeleriň pikrine hormat goýmazlyk, iman bilen jebis gelýän däldir . çyn mömin adam özgeleriň pikrine hem hormat goýýandyr .

4- sütemi kabul edip zalymyň garşysynda dymyp oturmaklyk iman bilen dogry okaýan däldir, çyn mömin adam sütemkärleriň garşysynda durup hakdan arka çykýandyr.

//////////