bölüm 910, süre Zohrof, aýat 11- 15
bölüm 910, süre Zohrof, aýat 11- 15
راهی بسوی نور(910)
Zohrof süresi, 11 we 12-nji aýatlar :
وَالَّذِي نَزَّلَ مِنَ السَّمَاءِ مَاءً بِقَدَرٍ فَأَنشَرْنَا بِهِ بَلْدَةً مَّيْتاً كَذَلِكَ تُخْرَجُونَ (11) وَالَّذِي خَلَقَ الْأَزْوَاجَ كُلَّهَا وَجَعَلَ لَكُم مِّنَ الْفُلْكِ وَالْأَنْعَامِ مَا تَرْكَبُونَ (12)
<< ( alla ) suwy asmandan gerek bolan mukdarda iberen kimsedir. bes şonuň bilen öli ýerleri direltdik . siz hem şu hili ( gabyrlardan ) çykaryljaksyňyz . // we ( alla ) bütin jübütleri ýaradan we siziň ulagyňyz bolar ýaly dört aýakly ulaglary we gämileri siz üçin taýýar eden kimsedir. >>
Gurhan kerim geçen gepleşigiň aýatlarynyň soňkysynda tebigatda allanyň birligine delalat edýän nyşanlary aýdyp berdi . gurhan kerim şol aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : Ýeriň ýüzündäki ýaşaýyş, ynsanlaryň we ösümlikleriň ýaşaýyşy asmandan inýän suwa baglydyr, asmandan suw inmese ýeriň ýüzünde ýaşaýyş hem bolmaz gahatçylyk bolar we ynsanlar hem açlykdan we suwsyzlykdan ölerler.
Bu ýerde bir sorag ýüze çykýar olda güniň ummananlara we deňizlere şöle saçyp suwy bug şeklinde asmana götermeginde ynsanyň hem roly barmy? We bulutlaryň ýel bilen bir ýerden ýene bir ýere hereket edip ýagyn şeklinde ýeriň ýüzüne ýagmagynda ynsanyň hem ruly barmy ? diýen soragdyr. Dänäni öz garnynda saklap gurylykdan gögerdip bilman duran gury toprak , ýagynyň ýagmagy bilen dänäni gögerdýär, gögeren däne bolsa beýgelýär ýaprak berýär gül berip miwe emele getirýär şeýdipde ýaşaýyşyň täze bir görnüşini tomaşa goýýar . ýagynyň suwy bilen gury toprakdan ýaşaýyşyň emele gelişi ýaly ynsanyň ölümden soň direlmegi hem şu hilidir . alla özüniň ylmy we gudraty bilen gury ýerlere ýagynyň usty bilen jan berýändir. kýamatda hem alla özüniň gudraty we ylmy bilen ölen ynsanlara jan berip olary direltjekdir gurhan kerim hem özüniň durly aýatlarynda bu hakykata yşarat edendir .
Gurhan kerim bu aýatlarynda şeýlede her bir janly närsäniň jübüt ýaradylmaklaryna yşarat edip : Bu zat allanyň janly närseleriň dowamaty üçin berkarar edip goýan kadasydyr diýip beýan edýär . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda şeýlede ynsanyň ýer ýüzünde we suwuň ýüzünde hereket edip maksada ýetip bilmegi ugrunda allanyň haslan ulaglaryna şol sanda dürt aýakly ulaglara we gämilere yşarat edip bu zatlary allanyň ynsanlara bagyş eden bereketlerinden bilendir .
Ynsan ir eýýämlardan bäri gämilerden ýük daşamak üçin ýada ýolagçylyga gitmek üçin peýdalanyp gelendir. bu gämileriň kä biri şeýle bir agyr bolsalarda olar suwuň ýüzünde gaýyp suwda garyk bolýan däldirler. gämileriň suwuň ýüzünde gaýmaklary fizik kanunlary esasyndadyr. bu kanunlary bolsa şübhesiz taňry tagala tebigatda berkarar edip goýandyr . häzirki döwürde hem uly - uly uçarlar we otlylar ýaly ulaglar ýük daşamakda ýada ynsanlary bir ýerden ýene bir ýere äkitmekde olaryň gullugynda bolýandyrlar . ynsanlaryň ýaşaýyşynda uly özgerişleri döreden bu ulaglaryň hemmesi allanyň tebigatda berkarar edip goýan kanunlary esasynda hreket edýändirler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- barlyk allanyň berkarar edip goýan kanunlary esasynda dolandyrylýandyr. ol kanunlary bolsa alla tebigatda berkarar edip goýandyr.
2- taňry tagala her bir närsäni bir wesile goýandyr. jülgäni suw bilen dagy gar bilen suwarýandyr . şonça-da ýagyşyň suwy bilen ýer ýüzüne ýaşaýyşy çaýýandyr .
3- ynsanyň bejerýän abzallary we işe alýan senagaty allanyň tebigatda berkarar edip goýan kanuny esasynda amal edýändirler . şol kanunlary bolsa ynsan tapyp özüniň bejerýän abzallarynda olardan haýyrlanýandyr.
Zohrof süresi, 13 we 14-nji aýatlar :
لِتَسْتَوُوا عَلَى ظُهُورِهِ ثُمَّ تَذْكُرُوا نِعْمَةَ رَبِّكُمْ إِذَا اسْتَوَيْتُمْ عَلَيْهِ وَتَقُولُوا سُبْحانَ الَّذِي سَخَّرَ لَنَا هَذَا وَمَا كُنَّا لَهُ مُقْرِنِينَ (13) وَإِنَّا إِلَى رَبِّنَا لَمُنقَلِبُونَ (14)
<< tä siz onuň östüne müner ýaly . bes haçanda olara müneňizde perwerdigäriňiziň beren nygmatlaryndan ýatlaň we : bu ( ulaglary ) biz uçin goýan ( alla, her bir ýaramazlykdan ) päkdir ýogsa biz munuň hütdäsinden gelmerdik diýip aýdyň ( şeýlede ) biz hökman perwerdigärimiziň tarapyna dolanjakdyrys (diýip aýdyň ) . >>
gurhan kerim geçen aýatlarda gämileriň we dört aýakly ulaglaryň ynsanyň ýaşaýyşynda oýnaýan roluna yşarat etmekden soň bu aýatlarda aýdýar :
haçanda bir ulaga müneňizde hä maşyn , gämi, otly we uçar ýaly ynsanyň ýasan ulaglary bolsun hä at we düýe ýaly allanyň ýaradan olagy bolsun bolaryň hemmesini alla siz üçin haslap goýandyr bu arada ynsanlar allanyň tebigatda berkarar edip goýan kanunlaryny tapyp şonuň üsti bilen maşyn , otly we uçar ýaly ulaglary işe almagy başarandyr onda ulaglaryň hemmesi aslynda alla dolanýandyrlar we ynsanlar bu ulaglaryň her gaýsyna münenlerinde onuň üçin allanyň şükürni kylmalydyrlar . gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem ynsanyň ahyretde dolanjak ýeriniň allanyň dergähidigini ýatlap geçendir. onda ynsanlar häzirki zaman ulaglara münenlerinde ýada dünýäniň zinetlerine eýe bolanlarynda özlerini unudyp alladan we ahyretden gapyl galmaly däldirler eýsem bu zatlaryň hemmesini alladan bilip ahyrda hem alla tarap dolanjakdygyna imanlary bolmalydyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň nygmatlaryna eýe bolamyzda olardan haýyrlanmaly bolamyzda allany unutmaly däldiris, eýsem bu nygmatlar üçin allanyň şükrüni kylmalydyrys . şeýle bir ýagdaýlarda tesbih çekip allany her bir ýaramazlykdan päk bilmelidiris.
2- allanyň garşysynda öz ejizligimizi ykrar etmelidiris özümizi allanyň garşysynda ejiz bilsek allanyň şükrüni gyldygymyz bolar .
3- ýer ýüzüne syýahat edip sapara gidemizde ahyret saparyna oýlanmalydyrys ahyret sapary bolsa ölüm bilen başlanýandyr .
Zohrof süresi, 15-nji aýat :
وَجَعَلُوا لَهُ مِنْ عِبَادِهِ جُزْءاً إِنَّ الْإِنسَانَ لَكَفُورٌ مُّبِينٌ (15)
<< we onuň üçin bendeleriniň arasyndan ( perzent ýaly ) ownujak zady goýdylar , şübhesiz ynsan aýan näşükürlik edýän närsedir . >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda allanyň birligine we ýaratmakdaky we ynsanlary terbiýelemekdäki taraplaryna delalat edýän mysallary beýan etmekden soň bu aýatda kä ynsanlardan görünýän şirke we kapyrlyga yşarat edip aýdýar : müşrükler haýsy delil bilen perişdeleri allanyň perzendi bildiler ? we olary öz ene- atalarynyň perzentleri ýaly närse hasap etdiler ? alla jisim däldir tä onuň perzendi bolar ýaly ýada ondan bir zat emele geler ýaly . perişdeler hem beýleki närseler ýaly allanyň ýaradan zadydyr, olar alladan emele gelen perzent ýada başga bir zat däldirler eýsem olar barlygy dolandyrmakda allanyň işe alan närseleridirler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- taryh boýunda alla barada alla bilen ýaradylyşyň arasyndaky baglanşyk hakynda nädogry ynam- ygtykatlar köp bolandyr bu nädogry pikirleriň hemmesi ynsanlaryň nadanlygyndan ýada olaryň ylahy pygamberleriň taglymatyndan daş düşmeklerinden gözbaş alandyr.
2- perişdeler allanyň ýaradan we onyň emrinden çykmaýan närseleridirler. olar allnyň perzendi ýada onuň jisminden bolan närse däldirler.
3- şirke bolaşan nädogry ynam- ygtykatlar ynsany alladan daşaldyp ony dogry ýoldan daş edýändirler we ynsany allanyň beren nygmatlaryna näşükür bolmaklyga iterýändir .
/////////////