Apr 05, 2022 09:51 Asia/Ashgabat

bölüm 911, süre Zohrof, aýat 16- 22

راهی بسوی نور(911)

Zohrof süresi, 16 , 17 we 18-nji aýatlar :

أَمِ اتَّخَذَ مِمَّا يَخْلُقُ بَنَاتٍ وَأَصْفَاكُم بِالْبَنِينَ (16) وَإِذَا بُشِّرَ أَحَدُهُم بِمَا ضَرَبَ لِلرَّحْمَنِ مَثَلاً ظَلَّ وَجْهُهُ مُسْوَدّاً وَهُوَ كَظِيمٌ (17) أَوَمَن يُنَشَّأُ فِي الْحِلْيَةِ وَهُوَ فِي الْخِصَامِ غَيْرُ مُبِينٍ (18)  

<< alla özüniň ýaradanlaryndan gyzlary ( özi üçin ) saýlap alyp sizler üçin ogully bolmagy saýlap alanmydyr?// we haçanda olaryň birisine , allanyňky diýip aýdýan zadynyň ( dünýä gelmegi ) buşlanylsa üzi gara ört bolar , gaharyny we gamyny uwdan halynda , // şaý esbaplarda eklenip saklanan kimsäni we dawalarda beýany aýdyň bolmadyk kimsäni ( allanyň perzendi bilýärsiňizmi?). >>

Gurhan kerim bu aýatlarda taryh boýunda köp kowumlaryň arasynda ýorgyn bolan ynam ygtykatlara yşarat edýar . şol ynam ygtykatlar esasynda erkekler zenanlardan artykmaçdyrlar we içeri maşgalalar gyzly bolmaklygy özlerine ar bilýän myşlar şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar : siz kä sebaplerden ogylly bolmaklygy gyzly bolmakdan ýagşyrak bilýäňiz we haçanda oglyňyz bolanda huş bolýaňyz we gyzyňyz bolanda ýüzüňizi turşydyp gam bolýaňyz ? bu arada has erbet zat olda ogylly bolmaklygy özüňize mahsus bilip buýsanýaňyz ýöne gyzlary allaňky bilýäňiz we alla ony ýaratdy ýogsa biz ony islemeýärdik diýip aýdýaňyz , emma işde we uruşda sizä kömekçi bolan ogyllary özüňize mahsus bilýäňiz ýüne şaý esbabyň we bezegleriň arasynda ulalan gyzlary we uruşda we dawada aýdara zady bolmadyk gyzlary allaňky bilýäňiz diýip gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar . elbetde ogyl bilen gyzyň ikiside allanyň ýaradanlarydyrlar we bu jehetden olaryň arasynda hiç hili paryh ýokdyr olaryň ikiside adamzat neslidirler we bu jehetden allanyň ýanynda olaryň hiç birisi ýene birisinden artykmaç däldir olaryň ikiside allanyň ýaradany we allanyň bendesidirler . elbetde gyz bilen oglanyň , doýgy we jysym taýdan paryhly taraplary bardyr gyzlar umuman hamrak we mähriban bolýandyrlar we allatagala gyzlaryň soň ene bolmaklary üçin şu hili häsiýetleri olaryň durkunda goýandyr . şeýlede şu sebäpden gyzlaryň we zenanlaryň uruş meýdanlarynda we çaknyşyklarda huzurly bolmaklyklaryna ruhsat berlendir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- gyz bilen oglanyň arasynda paryh goýmaklyk köne we nä dogry ynam ätykatlardan göz baş alýandyr we gurhan kerim hem bu hili ynam ätykatlary berk ret edendir .

2- gyzlaryň we zenanlaryň şay esbaplary we özlerini bezemeklige ymtylmaklary olaryň durkynda goýlan bir tebigy häsietdyr we gurhan hem şol häsiýeti ekrar edendir.

3- çaknyşyk we uruş meýdanlary zenanlaryň huzurly bolmaly jaýy däldir sebäbi olaryň tebýgaty we dorky bilen okaýan däldir .

Zohrof süresi, 19 we 20-nji aýatlar :

وَجَعَلُوا الْمَلَائِكَةَ الَّذِينَ هُمْ عِبَادُ الرَّحْمَنِ إِنَاثاً أَشَهِدُوا خَلْقَهُمْ سَتُكْتَبُ شَهَادَتُهُمْ وَيُسْأَلُونَ (19) وَقَالُوا لَوْ شَاء الرَّحْمَنُ مَا عَبَدْنَاهُم مَّا لَهُم بِذَلِكَ مِنْ عِلْمٍ إِنْ هُمْ إِلَّا يَخْرُصُونَ  (20)

<< rahman allanyň bendeleri bolan perişdeleri orkaçy hasapladylar, megerde olaryň ýaradylyşyna şaýatdylarmy? olaryň güwäligi basymlykda ýazga geçirler we ol barada soraga çekiljekdirler // we aýtdylar “egerde rahman alla islesedi olara çokunmardyk” diýip. olaryň bu aýdan zatlaryna ylymlary we ägälikleri ýokdur. olar güman bilen sözläp ýalan aýdýandyrlar. >>

Müşrükleriň nä dogry ynam-ygtykatlarynyň birside perişdeler hakyndady. olar perişdeleri allanyň gyzlary güman edýärdiler we şeýlede bu nä dogry ynam ygtykatlarynyň üstünde aýak direýärdiler weli edil aýdarsyň olar , perişdeleri alla ýaradyp durka güren ýalydylar . bu arada erbet zat olda müşrükleriň dünýäniň işlerine çäre görmekde perişdeleri bir hili dahylly bilmekleridi. aslynda müşrükleriň bu ynam ygtykatlary bir gümandan güzbaş alýardy we olaryň bu mesele barada hiç hili bilimleri ýokdy. şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar: müşrükler özleriniň perişdeler hakyndaky nä dogry ynam-ygtykatlary üçin kyýamatda soraga çekiljekdirler we şonda olaryň aýdara zady boljak däldir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- perişdeler allanyň ýaradan närselerindendir. olar ne allanyň perzendidirler we nede ynsanlar ýaly olaryň erkek , orkaçysy bardyr .

2- allanyň ýaradan zatlaryna indi hä perişdeler bolsun häde hezreti Isa (a.s) ýaly ynsan jynsyndan bolsun çokunmaklyk gaty ýalňyş işdir we kyýamatda ondan soraljakdyr .

3- ynsanyň agzyndan çykýan zatlar “çykdy gitdi we ondan hiç bir yz galmaýar” diýen gümanda bolmaly däldiris. ynsanyň agzyndan çykýan her bir söz hasap depterinde ýazylýandyr we ynsan ol barada bir gün jogap bermeli boljakdyr.

4- telek işleri alla ýapmak bilen ony dogry görkezjek bolmaly däldir. sebäbi ynsanlary dogry ýola hidaýat etmek üçin kitap we pygamber ýollan taňry tagala hiç bir ýerde ynsanlardan telek ýola gitmekligi islän däldir.

Zohrof süresi, 21 we 22-nji aýatlar :

أَمْ آتَيْنَاهُمْ كِتَاباً مِّن قَبْلِهِ فَهُم بِهِ مُسْتَمْسِكُونَ (21) بَلْ قَالُوا إِنَّا وَجَدْنَا آبَاءنَا عَلَى أُمَّةٍ وَإِنَّا عَلَى آثَارِهِم مُّهْتَدُونَ (22)

<<>>

Gurhan kerim geçen aýatlaryň dowamynda müşrükleriň nä dogry ynam-ygtykatlarynyň köklerine yşarat edip aýdýar : müşrükler özleriniň nä dogry ynam ygtykatlaryny kitapdan ýada pygamberlerden alan däldirler. sebäbi hiç bir pygamber şu hili nä dogry ynam ygtykatlary halka öwretmez eýsem olar öz geçenlerine we ata-babalaryna eýerip şu hili nä dogry düşünjäni kabul edendirler . ylymdan we ägälikden bähreleri bolmadyk olaryň ata-babalary güman ýüzünde ýaramaz zatlary alla tagala ýapandyrlar. hamana perişdeleri allanyň perzendi bilendirler. olaryň aýdýan bu zatlaryny ne ylym kabul edýändir nede kitaplarda we pygamberleriň hadyslarynda şeýle bir gürrüň bardyr. eýsem müşrükler köre-körlük bilen öz ata-babalaryna eýerip şu hili gümra bolandyrlar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynam ygtykatlar hökman akyl we wahyý esasynda bolmalydyrlar. akyl we wahyý esasynda bolmadyk ynam ygtykatlar hurafadyr, gümralykdyr. hatda milletleriň kabul eden däp-dessürleri hem şeýle bolup bilýändirler .

2- ata-babalaryň we geçenleriň mirasyny goramak bahanasy bilen nä dogry ynam ygtykatlary köpçülikde rowaç bermeli däldir.

3- mantyksyz boluşlara we köre-körlükli ýerine ýetirmelere baryp çadýan her bir iş şeýlede dil , ýagyz , milletçillik, kowum parazlyk ýaly ýerliklerde bolan gury täsip çekmeler gurhanyň garaýşyndan nä dogrydyr.

/////////////