Apr 05, 2022 09:56 Asia/Ashgabat

bölüm 912, süre Zohrof, aýat 23- 28

راهی بسوی نور(912)

Zohrof süresi , 23-nji aýat :

وَكَذَلِكَ مَا أَرْسَلْنَا مِن قَبْلِكَ فِي قَرْيَةٍ مِّن نَّذِيرٍ إِلَّا قَالَ مُتْرَفُوهَا إِنَّا وَجَدْنَا آبَاءنَا عَلَى أُمَّةٍ وَإِنَّا عَلَى آثَارِهِم مُّقْتَدُونَ (23)

<< we şonçada senden ozal hiç bir ýere duýduryş beriji ibermedik meger ol diýersiň tekepbirli mest we hoşlugynyň yzynda bolan başlyklary “biz ata- babalarymyzyň ýolundan gidýäris we olara eýerýäris” diýip aýtdylar. >>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly mekgäniň müşrükleriniň we butparazlarynyň öz ýalňyş ýollary barada getiren delilleri ata-babalarynyň ýol- ýodasyna eýermeklik bolandyr . gurhan kerim bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : mekge müşrükleriniň aýdýan zady diňe olara degişli däldir eýsem senden ozal geçen pygamberler hem öz döwürleriniň müşrükleri bilen ýüzbe ýüz bolup olary dogry ýola çagyranlarynda müşrüklerden şu hili jogaby eşidýärdiler. ozalky müşrükler hem öz döwürleriniň pygamberleriniň çakylygyny eşidenlerinde oýlanmazdan “biz ata- babalarymyzyň ýolundan ugyr alýarys ata- babalarymyz şu ýolda bolupdyrlar biz hem olaryň ýolundan dänmeris” diýip aýdýardylar . gurhan kerimiň bu aýatda nygtaýan möhüm meseleleriniň birsi olda pygamberleriň çakylygy bilen tersleşmekde müşrük kowum başlyklarynyň we baýlarynyň oýnaýan möhüm roludyr. olar özleriniň gudratlaryna we baýlyklaryna daýanyp halky özlerinden gorkyzyp olaryň pygamberlere tarap gitmeklerine böwet bolýardylar baýlyklaryna we gudratlaryna buýsanýan bu başlyklar umum ilat pygamberleriň çakylygyna lepbeý diýen ýagdaýynda özleriniň köp zatlary şol sanda köpçülikdäki orn mertebelerini , baýlyklaryny we gudratlaryny elden berjek diklerini bilýärdiler şonuň üçin hem pygamberleriniň çakylygynyň garşysynda berk durup pygamberlere ýakynlaşýan ilaty hem basgylaýardylar .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- bir milletiň geçenleriniň däp dessürleri , ynam ygtykatlary ol milletiň häzirki nesilniň oýlanmagyna bewet bolmaly däldir eýsem gerek bolan ýerinde olary düzeltmelidir sebäbi atababalaryň köre körlik bilen bir pikre we ynam ygtykada eýerip hata giden ýerleri az däldir .

2- köpçülik howp , hatarlary dogry saýgaryp biler ýaly ýürek ýandyrjy akylly başly adamlara mätäçdir her çen ilatyň köpüsi berilýän duýduruşlara üns bermän onuň bilen terisleşselerde .

3- gudrat bilen baýlyk dogry hidaýat bolmasalar bu zatlar ynsany azgynçylyga iterip bilerler . şunuň üçin hem gudraty we baýlygy bolan ynsanlar umuman haky wagyz edýän ynsanlaryň garşysynda durýandyrlar .

Zohrof süresi , 24 we 25-nji aýatlar :

قَالَ أَوَلَوْ جِئْتُكُم بِأَهْدَى مِمَّا وَجَدتُّمْ عَلَيْهِ آبَاءكُمْ قَالُوا إِنَّا بِمَا أُرْسِلْتُم بِهِ كَافِرُونَ (24) فَانتَقَمْنَا مِنْهُمْ فَانظُرْ كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الْمُكَذِّبِينَ (25)

<< ( pygamberleri olara ) aýtdy “hatda ata- babalaryňyzdan gören ýoluňyzdan gowyrak we hidaýat edijiräk ýoly size getirmekde ( ata- babalaryzyň ýolunda ) bolarsyňyzmy?” diýip soranda olar “biz seniň ilçi edilip iberlen zadyňa kapyrdyrys” diýip aýtdylar. // şonda olardan ar aldyk . onda , inkär edijileriň ykbalynyň nähili bolandygyny bir synlap gör ? >>

Geçen kowumlaryň pygamberleri “biz ata- babalarymyzyň ýoluny gorap şol ýolda galmagyň yzyndadyrys” diýen gürrüňlerini olardan eşidenlerinde pygamberler “egerde size ata- babalaryňyzyň ýolundan ýagşyrak ýoly getirsek we biziň aýdýan ýolumyz siziň sagadat ýoluňyz bolsa şondada biziň çakylygymyzy kabul etmersiňizmi? onda sizi şeýle bir maksada gysga zamanda ýetirjrk ýoly kabul ediň” diýip aýtdylar. ýöne müşrükleriň we kapyrlaryň köre- körlik bilen öz ata- babalarynyň ýoluna eýermekleri , olary pygamberleriň beren bu çakykygy hakda oýlanmakdan alyp galdy. şonuň üçin hem olar ylahy pygamberleriň çakylygyny eşidenlerinde ata- babalarynyň ýol ýodasyna aýak diräp “biz seniň aýdýan zatlaryňy kabul etmeris özüňi zähmete oklap bize hem azar berme” diýip aýdýardylar . bu arada üns bermeli zat olda pygamberler öz ýollarynyň hakdygyny we müşrükleriň barýan ýolunyň nähakdygyny bilselerde müşrükler bilen gürrüň edenlerinde bu hakykaty göni suratda olara aýtmaýardylar eýsem “geliň biziň aýdýan ýolumyz bilen öz barýan ýoluňyzy deňäp görüň haýsy birsi sizi bagtyýarlyga ýetirýär? bu barada oýlanmakdan soň ýoluňyzy saýlap alyň” diýip aýdýardylar. bu şiwe diýmek garşylar bilen jedel edeňde delil we mantyk bilen geplemek we geplemekde adalatly we ynsaply bolmaklyk gurhan kerimiň ençeme gaýtar nygtan şiwesidir.

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem “müşrükler şeýle bir hak bilen terisleşip öz başyna gitdiler weli allanyň gahar gazaby olaryň başyndan indi” diýip aýdýar . elbetde gurhan kerim durly aýatlarda başyna giden kowumlaryň ykbalyny beýan edendir we şol aýatlarda ol kowumlaryň bir näçesiniň tupan bilen bir näçesiniň ýer yrznma bilen käleriniň hem ýyldyrym bilen heläk bolndyklaryny aýdyp berendir.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- yslam dinini tanatmagyň ýollarynyň birside yslam dinini özge dinler bilen deňeşdirip yslam dininiň artykmaç taraplaryny açyklap bermek bilen bolmalydyr. elbetde bu deňeşdirmekde akyl we mantykdan haýyrlanmalydyr .

2- ynsan öz ýaşaýyşynda bir ýoly saýlajak bolsa ata- babalarynyň däp-dessurlaryna eýermeli däldir eýsem akyl we wahyýdan peýdalanmalydyr .

3- gury täsipler ynsanyň gözüni baglaýandyr we onuň haky saýgaryp bilmegine pasgelçilik döredýändir.

Zohrof süresi , 26 , 27 we 28-nji aýatlar :

وَإِذْ قَالَ إِبْرَاهِيمُ لِأَبِيهِ وَقَوْمِهِ إِنَّنِي بَرَاء مِّمَّا تَعْبُدُونَ (26) إِلَّا الَّذِي فَطَرَنِي فَإِنَّهُ سَيَهْدِينِ (27) وَجَعَلَهَا كَلِمَةً بَاقِيَةً فِي عَقِبِهِ لَعَلَّهُمْ يَرْجِعُونَ  (28)

<< we haçanda ybraýym , öz atasy we kowumyna ýüzlenip “men siziň çokunýan zatlaryňyzy ýygrenýärin // meger meni ýaradan kimse bolmasa. elbet ol meni dogry ýola gönükdirer” diýip aýdan ( mahalyny ýat et ) // we ol ( sözi ) ondan soňky nesillerde hemişelik edip galdyrdy belkem olar ( alla tarap ) dolansynlar diýip. >>

Gurhan kerim bu aýatlarda gysga suratda hezreti ybraýym (a.s)-yň ykbalyna yşarat etmek bilen gysga suratda müşrüklere ýüzlenip : siz ybraýymy öz aňryňyz bilýärsiňiz egerde ybraýym siziň aňryňyz bolsa we siz hem öz ata-babalaryňyzyň ýoluna hurmat goýýan bolsaňyz onda näme üçin allanyň birligini nygtaýan ybraýymyň dinine eýermeýärsiňiz? diýip aýdýar . hezreti ybraýym haçanda kowmunyň we atalygy Azäriň şirk belasyna uçrandyklaryny gürende olardan arasyny açyp “men diňe ýalňyz taňra bendelik edýärin we diňe ondan hidaýata garaşýaryn we onuň meni öz erkime goýmajakdygyny bilýärin” diýip aýtdy.

Hezreti ybraýym alla tagalany birlemek üçin we ynsanlaryň bütin zamanlarda allanyň birligini ykrar etmekleri üçin elde baryny gaýgyrmady we bu ugurda köp zähmetleri çekdi. şonuň üçin hem şirke we butparazlyga garşy göreşip ynsanlary allanyň birligine tarap çagyrmaklyk hezreti ybraýym (a.s)-yň özünden miras galdyran zadydyr. hezret ybraýym (a.s)-dan soň gelen pygamberler hem bu ýoly dowam edip ony berkidendirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- bir kowumdan ýada bir topardan bolmaklyk ynsanyň ýaşaýyşynda şeýlede haky saýgaryp haka eýermeginde ýaramaz täsiri galdyrmaly däldir.

2- dogry oýlanyp göreňde ynsany ýaradan allanyň ony öz erkine goýman onuň hidaýaty üçin gerek bolan şertleri hem üpjün edendigine göz ýetirýäň. Alla tagala şu ugurda akyl bilen wahyý arkaly ynsany hidaýat edendir .

3- köpçülikde we içeri maşgalada ýagşy däpleri ýoň edip hak ýolunyň berkimegine ýardam etmelidiris.

////////////