bölüm 913, süre Zohrof, aýat 29- 35
bölüm 913, süre Zohrof, aýat 29- 35
راهی بسوی نور(913)
Zohrof süresi , 29 we 30-njy aýatlar :
بَلْ مَتَّعْتُ هَؤُلَاء وَآبَاءهُمْ حَتَّى جَاءهُمُ الْحَقُّ وَرَسُولٌ مُّبِينٌ (29) وَلَمَّا جَاءهُمُ الْحَقُّ قَالُوا هَذَا سِحْرٌ وَإِنَّا بِهِ كَافِرُونَ (30)
<< belkide olary we olaryň atalaryny ( durly nygmatlardan ) paýly etdik onsuň hak we haky äşgär ediji resul olaryň üstüne geldi // ýone haçanda hak bilen ýüzbe ýüz bolanlarynda “bu zat jady we biz ony kabul etmeýäris” diýip aýtdylar. >>
Allanyň ynsanlar üçin berkarar edip goýan ylahy kadasy olara hüjjet we delil görkezmeklikdir . ynsanlaryň gulagyna hak kelemy eşidilýänçä olardan hak barada sorag edip bolmaz Mekgäniň müşrükleri hem bu kadadan daşda däldiler . alla tagala olara öz aralaryndan bir adamy pygamber edip iberdi tä hak kelamyny eşidip ony düşünsinler diýip . ýöne olaryň köpüsi ozalky pygamberleriň kowumlary ýaly yslam pygamberi bilen terisleşip onuň aýdýanlaryny jady bildiler . şondan gelende taňry tagala olary özüniň nygmatlaryndan mahrum etmedi, belkide barýan ýollaryny düzelderler diýip olara möhlet berdi .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- alla tarapyndan inen barça zatlar hakdyr. emma ynsanyň düzýän kanunlary allanyň buýruklaryna ters gelen ýagdaýynda batyldyr hatda ol kanunlary ynsanlaryň köpüsi kabul etselerde olar dogry bolup bilmezler .
2- kä adamlaryň baýlykdan we gowy ýaşaýyşdan paýly bolmaklary olaryň berhaklygyna delil däldir eýsem belkide bu zatlar synag üçin berlendirler.
3- ynsan haky düşünen ýagdaýynda delil we hüjjet oňa kämil bolýandyr ondan soň onuň bahana getirmegi dogry däldir eýsem kapyrlygyň nyşanasydyr.
Zohrof süresi , 31 we 32-nji aýatlar :
وَقَالُوا لَوْلَا نُزِّلَ هَذَا الْقُرْآنُ عَلَى رَجُلٍ مِّنَ الْقَرْيَتَيْنِ عَظِيمٍ (31) أَهُمْ يَقْسِمُونَ رَحْمَةَ رَبِّكَ نَحْنُ قَسَمْنَا بَيْنَهُم مَّعِيشَتَهُمْ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَرَفَعْنَا بَعْضَهُمْ فَوْقَ بَعْضٍ دَرَجَاتٍ لِيَتَّخِذَ بَعْضُهُم بَعْضاً سُخْرِيّاً وَرَحْمَتُ رَبِّكَ خَيْرٌ مِّمَّا يَجْمَعُونَ (32)
<< we aýtdylar “ne sebäpden bu gurhan , bu iki şäheriň ( Mekge we Tayef şäherleriniň ) beýiklerine inmedi?” diýip // megerde olar seniň perwerdigäriň rahmetini bölýärlermi? Biz dünýelik ýaşaýyşynda olaryň oňşugyny we ryzkyny paýlaşdyrdyk we dereje taýdan olaryň käleriniň derejesini ( ýene bir tuparyň derejesinden ) artykmaç etdik tä olaryň käleri ýene bir adamlary işe alsynlar diýip, we seniň perwerdigäriň rahmeti olaryň ýygnaýan zatlaryndan gowyrakdyr. >>
Gurhan kerim bu aýatlarda Mekge müşrükleriniň getirýän bahanalarynyň ýene birisine yşarat edýär . Mekge müşrükleri “egerde biziň aramyzdan pygamber seçilmeli bolsa ol adam , Mekge ýada Tayef şäherleriniň başlyklaryndan we beýiklerinden bolmaly we ol adam çagalykda ýetimlik çekip dünýe malyndan hiç zady bolmadyk adam bolmaly däl” diýip aýdýardylar.
Mekge müşrükleri bu sözler bilen hem pygamberlik ornuny , özüniň baýlygyna we gudratyna daýanyp bir şähere ýada bir kowuma baş tutanlyk edýän adamlaryň orny bilen deňeşdirýärdiler . emma pygamberlik orny üçin saýlanýan ynsanyň baý ýada gudratly bolmagyna hajat ýokdur eýsem ol her bir zatdan ozal kemal derejesine ýeten ynsan bolmalydyr. sözünde we ahlagynda hiç hili aýyp bolmaly däldir dogurçyl bolmalydyr . taryh boýunda gelen pygamberleriň hemmesi şeýle häsiýetli ynsanlar bolandyrlar .
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar: Pygamberlik orny adamlaryň islegleri bilen berilýän däldir, alla ynsanlaryň islegi bilen özüniň pygamberini saýlaýan däldir eýsem alla kime pygamberligiň berilmegini we kime berilmeli däldigini özi gowy bilýändir. dünýäniň işlerinde hem ýagdaý şeýleräkdir diýmek alla tagala özüniň hikmeti esasynda ynsanlaryň başarnyklaryny , huşlaryny , jysmy we ruhy taraplaryny parhly edip ýaradandyr . bu tapawutlar bolsa ynsanlaryň her gaýsynyň bir iş üçin mynasyp bolmaklaryna sebäp bolandyr . egerde ynsanlaryň hemmesi jysmy we ruhy taýdan we durly başarnyklary taýdan deň derejede bolsalardy köpçüligiň işi dogry aýlanmazdy we ynsanlaryň mätäçlikleri dogry üpjün bolmazdy .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- bir topar adamlar özleriniň baýlyklary we şuhratlary bilen köpçülikde tanalýandyrlar ýöne bu zatlar allanyň ýanynda artykmaçlyk hasaplanýan däldir.
2- allanyň beren mady we magnawy nygmatlary taňry tagalanyň ynsanlara bolan rahmetiniň nyşanalaryndadyr . alla tagala özüniň hikmeti esasynda ynsanlara mady nygmatlary bagyş edýän bolsa özüniň magnawy nygmaty bolan pygamberligi hem kime bermelidigini özi gowy bilýändir .
3- köpçüligiň sagdynlygy we dowamaty şol köpçülikde ýaşaýan ynsanlaryň arkalaşyp birek biregiň başarnyklaryndan peýdalanmaklaryna baglydyr . oňa görä adamlaryň arasynda görünýän tapawutlar köpçülikde adamlaryň mätäçlikleriniň üpjün edilmeginde gereklidir.
Zohrof süresi , 33,34 we 35-nji aýatlar :
وَلَوْلَا أَن يَكُونَ النَّاسُ أُمَّةً وَاحِدَةً لَجَعَلْنَا لِمَن يَكْفُرُ بِالرَّحْمَنِ لِبُيُوتِهِمْ سُقُفاً مِّن فَضَّةٍ وَمَعَارِجَ عَلَيْهَا يَظْهَرُونَ (33) وَلِبُيُوتِهِمْ أَبْوَاباً وَسُرُراً عَلَيْهَا يَتَّكِؤُونَ (34) وَزُخْرُفاً وَإِن كُلُّ ذَلِكَ لَمَّا مَتَاعُ الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَالْآخِرَةُ عِندَ رَبِّكَ لِلْمُتَّقِينَ (35)
<< we eger ynsanlaryň ( allany inkär etmekde ) bir ymmat bolmaklary bolmasady , rahman ( allaga ) kapyrlyk edýän adamlaryň öýleriniň bamlaryny kümüşden ederdik we onuň üstüne çykar ýaly ( kümüşden ) merdiwanlary goýurdyk // we öýlerine köp gapylary goýurdyk we ýaplanar ýaly tagtlary goýurdyk // şeýlede zer-esbaplary goýurdyk . ýöne bolaryň barysy dünýäniň azajyk matasydyr we seniň perwerdogäriň ýanynda bolan ahyret takwa adamlar üçindir. >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda gurhanyň baý ýada gudratly adama inmezligi barada müşrükleriň getirýän bahanalaryna yşarat etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : allanyň ýanynda dünýäniň baýlygy ýada gudraty hasaba gelýän däldir eýsem allanyň ýanynda möhüm bolup durýan zat olda ynsanlaryň içindäki takwalykdyr we alla tagala şonuň esasynda öz bendelerine baha berýändir we her gaýsy takwarak bolsa şol hem allanyň ýanynda hormatlyrakdyr.
Halkyň gözünde bolan dünýäniň şaý-sepleri we altyn jewahyrlary allanyň ýanynda hasaba gelýän däldirler egerde kapyrlaryň dünýäniň baýlyklaryndan we altyn jewahyrlaryndan paýly bolmaklary imanlary gowşak bolan adamlaryň kapyrlyga ýüzlenmeklerine sebäp bolmaýan bolsady alla kapyrlara altyn jewahyrdan doly öýleri bagyş ederdi olaryň öýleriniň gapylaryny , bamlaryny şeýlede bamyň üstüne çykmak üçin ulanýan merdiwanyny kümüşden ederdi şeýlede olaryň hiç hili kemçiligi bolmaz ýaly olara durly gaply we içi tagtly köşkleri bagyş ederdi şeýlede olaryň köşklerini zer esbaplaryny şaýlar bilen bezärdi .
Elbetde taňry tagala bu zatlary beren ýagdaýynda bu baýlyklary kapyrlar öz ýaşaýyşlarynda kynçylyk çekmesinler diýip olara bagyş etmezdi eýsem olar öz ömürlerini şu zatlara ulaşyp bihuda geçirsinler diýip bu zatlary olara bererdi. gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem : elbetde bu zatlar dünýäniň matasydyrlar we ahyretiň baýlygy allanyň ýanyndadyr we ony alla özüniň söýen bendelerine we takwa adamlara bagyş etjekdir” diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- halkyň akly gözündedir . şonuň üçin olaryň köpüsi kapyrlaryň baýlyklaryny görüp olaryň ýollaryny dogry güman edip ýoldan çykjakdyrlar .
2- ynsanyň gadyr gymmaty onuň öýünde ýada maşynynda ýada beýleki baýlyklarynda däldir eýsem ynsanyň öz içindedir . ynsan ahlak we adamkärçilik taýdan özüni ýokary derejelere ýetirip bilse allanyň ýanynda hem onuň orny beýik boljakdyr .
3- her kim öz ýaşaýyşynda takwa bolup ýaşasa kyýamatda alla oňa köp nygmatlary bagyş etjekdir allanyň kýamatda takwa ynsanlara bagyş etjek nygmatlaryny dünýäniň nygmatlary bilen deňeşdirip bolmaz sebäbi dünýäniň nygmatlary oňa taý gelip bilmezler.
////////////