bölüm 914, süre Zohrof, aýat 36- 42
bölüm 914, süre Zohrof, aýat 36- 42
راهی بسوی نور(914)
Zohrof süresi , 36 we 37-nji aýatlar :
وَمَن يَعْشُ عَن ذِكْرِ الرَّحْمَنِ نُقَيِّضْ لَهُ شَيْطَاناً فَهُوَ لَهُ قَرِينٌ (36) وَإِنَّهُمْ لَيَصُدُّونَهُمْ عَنِ السَّبِيلِ وَيَحْسَبُونَ أَنَّهُم مُّهْتَدُونَ (37)
<< we her kim rahman allany zikir etmekden saklansa hemişe onuň ýanynda boljak bir şeýtany oňa hemra ederis // we olar (diýmek şeýtanlar ) olary ( hakdan ) alyp galarlar ýöne ( şondada ) olar özlerini hidaýat bolanlardan güman ederler. >>
Geçen gepleşikde hemme zatlary mady ölçegler bilen ölçäp dünýäniň baýlyklarynyň we gözellikleriniň yzynda bolan adamlar hakynda gürrüň boldy . şeýlede çym möminleriň dünýä bil baglamaklaryny zyýankärlik bilip ahyretlerini gazanmagyň yzyndadyklary hakynda aýtdyk.
Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : dünýäniň yzynda bolmaklygyň zyýanlarynyň birisi olda dünýäniň baýlyklarynyň ynsanlary allanyň ýadyndan alyp galmagydyr allanyň zikrinden gaflat edýän ynsany şeýtan eýelenjekdir we ony islän ýerine tarap äkitjekdir. ýene bir ybaratda ynsanyň ýüregi rahman allanyň jaýy bolmalydyr ýüreginde rahman alla bolmadyk ynsanyň ýüregini şeýtan eýelenjekdir we şol ýürek Iblis şeýtanyň jaýy boljakdyr . ýüregi şeýtan eýelenen ynsan bolsa her bir işe we her hili günä işe baş goşjakdyr. allanyň zikirinden gapyl galyp ýüregini şeýtana eýeleden ynsanyň hemişelik ýoldaşy şeýtan boljakdyr we şeýtanlyk pikirler ony gurşap aljakdyr.
Ýüreginde şeýtan mesken tutan ynsan hatda hak ýoluna dolanjak bolsada dolanmagy gaty kyn bolar. sebäbi şeýtan oňa böwet bolar we ony hak ýolundan alyp galar. Bu hili ynsany şeýtan şeýle bir gümra eder weli onuň gözi haky we hakykaty görmez we diňe dünnýäň baýlyklarynyň we gözellikleriniň yzynda bolar . bu hili ynsanlar özleriniň gümralyga uçrandyklaryny hem bilmezler eýsem özleriniň edýän bütin işlerini dogry güman edip özgeleri hatakär bilerler , özüni hatakär bilmeýän ynsanyň hem özüni düzeltmegi miýesser bolmaz.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- her kim alladan ýüz öwrüp allany unutsa ony şeýtan eýelenjekdir.
2- ynsanyň ýüregi boş däldir ynsanyň ýüreginde ýä alla bardyr ýada şeýtan. şeýtanyň eýelenen ýüreginde alla bolmaz .
3- hata etmekden ýaramazrak zat olda hatakär ynsanyň öz hatalaryny dogry güman etmegidir.
Zohrof süresi , 38 we 39-njy aýatlar:
حَتَّى إِذَا جَاءنَا قَالَ يَا لَيْتَ بَيْنِي وَبَيْنَكَ بُعْدَ الْمَشْرِقَيْنِ فَبِئْسَ الْقَرِينُ (38) وَلَن يَنفَعَكُمُ الْيَوْمَ إِذ ظَّلَمْتُمْ أَنَّكُمْ فِي الْعَذَابِ مُشْتَرِكُونَ (39)
<< haçanda ( kyýamatda ) biziň ýanymyza gelende ( ýoldaşy şeýtana ) “käşki seniň bilen meniň aram günbatar bilen gündogar ýaly daş bolsady , sen maňa ne erbet ýoldaş bolduň” diýip aýdar. // bu gün bu arzuwlar saňa peýda bermez sebäbi sen sütem etdiň ( we indi ) hemmäňiz bilelikde azapda boluň ( diýlip olara aýdylar ). >>
Gurhan kerim bu aýatlarda allanyň ýadyndan gapyl galan adamlaryň ahyretde gabat geljek ykballlaryna yşarat edip aýdýar : dünýäde allanyň zikrini unudýan ynsanlar haçanda dünýäden gaýdanlaryndawe kyýamat meýdanynda huzurly bolanlarynda gözleri açylyp hakykaty görjekdirler şonda olar hakykata göz ýetirip şeýtanyň ne belalary başlaryna getirendiklerini duýjakdyrlar şonda : allanyň zikrini unudýan ynsan “käşki şeýtanyň ýoldaşlygyny kabul etmekden boýun gaçyran bolsadym diýip” arzuw eder . ol : dünýäde şeýtana asla ýüzüm düşmez ýaly onuň bilen meniň aram gündogar bilen günbataryň arasy ýaly daş bolsady diýip arzuw eder ýöne kyýamatda bu arzuwdan we puşmanlykdan oňa zerre peýda ýetmez we ol , şol şeýtan ýoldaşy bilen birlikde dowzah odunda azap çekmeli bolar.
Hawa , kyýamat dünýäniň aýnasy we mysalydyr we her kim dünýäde gatnyşyk saklan dostlaryny kyýamatda hem görüp olar bilen birlikde kyýamatyň azabyndan ýada serpaýyndan paýly boljakdyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ahyretde puşman bolmaz ýaly dünýäde tutunýan dostlarymyza esewan bolmalydyrys we her kim her kim bilen dostluk saklamaly däldiris.
2- dowzahda diňe günäkär ynsanlar däl eýsem şeýtanlar hem boljakdyrlar. dowzah ähli kyýamatda şeýtanlar bilen birlikde tamugynyň odunda ýanjakdyrlar .
3- sütem diýleni diňe özgäniň hakynda bolýan zat däldir eýsem ynsan alladan ýüz owrup özüne hem sütem edip bilýändir . ynsanyň alladan ýüz öwürmegi onuň özi hakynda rowa görýän uly sütemkärligidir sebäbi alladan ýüz öwürmeklik ynsany gümra edip ony dowzah oduna giriftar edýändir.
Zohrof süresi , 40 , 41 we 42-nji aýatlar :
أَفَأَنتَ تُسْمِعُ الصُّمَّ أَوْ تَهْدِي الْعُمْيَ وَمَن كَانَ فِي ضَلَالٍ مُّبِينٍ (40) فَإِمَّا نَذْهَبَنَّ بِكَ فَإِنَّا مِنْهُم مُّنتَقِمُونَ (41) أَوْ نُرِيَنَّكَ الَّذِي وَعَدْنَاهُمْ فَإِنَّا عَلَيْهِم مُّقْتَدِرُونَ (42)
<< ( eý pygamber ! ) sen eşitmeýän kerleri eşidirdip bilermisiň? Ýada körleri we gümralykda bolanlary hidaýat edip olara ýol görkezip bilermisiň?// onda egerde seni ( dünýäden ) alyp gitsek olardan ar aljakdyrys . // ýada seniň diriligiňde olara (azapdan ) beren wadalarymyzy saňa görkezeris . şübhesiz biz olara üssem çykjakdyrys . >>
Gurhan kerim bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : haky görmäge we eşitmäge meýil etmeýän adamlaryň, görme göze gözleri we gulaklary bolsada aslynda olaryň gözleri görýän däldir we gulaklary hem eşitýän däldir . oňa görä gep bilen haky olaryň gulagyna ýetirip bilmersiň ýada haky olara görkezip olary haka tarap getirip bilmersiň olar şol gümralyklarynda galarlar. çyndan uka giden adam bilen ýalandan uklan adamyň arasynda esasy tapawut bardyr . deslapky adamy uýaryp bolar ýöne ikinjini hergiz oýaryp bolmaz . kä bir adamlar şeýile bir günäkärlikde bolandyrlar weli olar hatda allanyň we pygamberiň adyny eşitmäge hem taýýar däldirler bu hili adamlar din taglynaty bilen ýüzbe ýüz bolanlarynda hallary harap bolýandyr oňa görä bu hili adamlaryň dogry ýola gelmekleri mümkin däldir hatda pygamberler hem gelip olary dogry ýola çagyrsalar olar dogry ýola gelmezler . olaryň şeýle bir derejede hak bilen terisleşmekleri ahyrda olary allanyň gahar- gazabyna giriftar etjekdir. Olaryň ykbaly hergiz gowy bolmaz sebäbi dünýäniň hakyky hökmurowany alla tagaladyr we hiç kim onuň gudratynyň we häkemiýetiniň astyndan çykyp bilmez.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- egerde biriniň ýüregini şeýtan eýelenen bolsa we onuň haka dolanmagy asla mümkin bolmasa iň päk ynsanlar hatda pygamberler hem gelip olary haka tarap çagyrsalar olar ýola gelmezler.
2- egerde bir ynsany şeýtan eýelense onuň gözi haky görmez we gulagy hem haky eşitmez.
3- pygamberiň barlygynda azap inmeýär ýada pygamberiň dünýeden gaýtmagyndan soň onuň wada beren azaplary inmez diýip müşrükleriň edýän gümanlary ýalňyşdyr we alla her haçan yrada etse öz azabyny inderip bilýändir.
//////////