Apr 05, 2022 10:22 Asia/Ashgabat

bölüm 915, süre Zohrof, aýat 43- 48

راهی بسوی نور(915)

Zohrof süresi, 43 we 44-nji aýatlar :

فَاسْتَمْسِكْ بِالَّذِي أُوحِيَ إِلَيْكَ إِنَّكَ عَلَى صِرَاطٍ مُّسْتَقِيمٍ (43) وَإِنَّهُ لَذِكْرٌ لَّكَ وَلِقَوْمِكَ وَسَوْفَ تُسْأَلُونَ (44)

<< onda ( eý pygamber ! ) özüňe wahyý bolan zada ýabyş . hakykatdanda sen dogry ýoldadyrsyň // we dogrudanda bu gurhan sen we seniň kowumyň üçin duýduryş çeşmesidir we basymlykda ( ol barada ) soraljaksyňyz . >>

Geçen gepleşikde yslam pygamberiniň aýdýanlary kabul etmejek bolup müşrüklriň aýdýan boş gürrüňlerini we tutýan jedellerini beýan etmekden soň alla tagala bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : seň alyp barýan ýoluň dogrudyr we onda narastlyk we gyşyklyk ýokdur onda garşylaryň seniň sözleriň we aýdýan zatlaryň bilen terisleşmekleri olaryň berhaklygyna delalat edýän däldir . sen allanyň emrine eýerip onuň wahyý eden zatlary esasynda öz ýoluňy berk dowam et we bilip goý sen göni ýolda hereket edip hak sen bilendir .

Aslynda gurhan kerimiň inmegi ynsanlary gaflat ukysyndan oýaryp olary öz borçlary bilen tanyş etmeklik üçindir. Gurhan kerimiň aýatlary ynsanyň akylyna we fitretine jebis gelýändir şonuň üçin hem gurhanyň aýatlary ynsany gaflat ukusyndan galmakdan alyp galýandyr. emma ynsanlaryň gaflat edýän zatlarynyň birsi olda kyýamatda allanyň gurjak myzan terezisi şol ýerde ynsanyň bütin işlerine , ýagşy ýaman amallaryna ýetişiklik boljakdyr we ynsanlar özleriniň eden etmişleri barada jogap bermeli boljakdyr . onda ynsanlar şu dünýäde pursatlary barka bu zatlar hakynda oýlanmalydyrlar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanyň garşysynda duran iň ynamly ýekeje ýol olda gurhan kerimiň aýatlaryna we onuň beýik taglymatyna eýermeklikdir sebäbi gurhanyň we onuň taglymatynyň dogrulygyny allanyň özi kepil geçendir.

2- gurhanyň ýanynda , pygamberiň ýoly we sünneti hem hüjjetdir, hakdyr , onuň haklygyny hem allanyň özi gurhanda nygtandyr.

3- kyýamatda musulmanlardan gurhan barada we gurhana ne çende eýerendikleri barada sorag ediljekdir .

Zohrof süresi, 45-nji aýat:

وَاسْأَلْ مَنْ أَرْسَلْنَا مِن قَبْلِكَ مِن رُّسُلِنَا أَجَعَلْنَا مِن دُونِ الرَّحْمَنِ آلِهَةً يُعْبَدُونَ (45)

<< we özüňden ozalky pygamberlerden , Rahman allanyň ýerine ybadatyny eder ýaly başga hudaýlary belläp goýan ( ýada goýmanlygymyz ) barada sora. >>

Özlerini hezreti ybraýym we ysmaýylyň neslinden bilýän Mekgäniň müşrükleri her ýylda haj myrasymlary ýaly dini myrasymlary ýerine ýetirýärdiler . allanyň öýi bolan Käbä hormat goýýan hallarynda ol mukaddes mekanda But hem saklaýardylar . şonuň üçin gurhan kerim bu aýatda Butparazlyk işini ret edip : yslam pygamberine ýüzlenmek bilen : öňki pygamberleriň ymmatlaryndan sora , ol pygamberler öz ymmatlaryna allanyň ýerine başga zatlara çokunmaklyk rugsatyny beripdirlermi ? diýip aýdýar.

Gurhan kerim bu aýatda musulmanlara: öňki ymmatlardan bu barada sora olara şeýle bir işe rugsat beripdirmi? Diýip aýdýar . egerde alla bu işe rugsat beren bolsa ony kabul etmeli bolýar sebäbi musulman adam , allanyň emrinden çykmaly däldir elbetde gurhan kerim alladan gaýry hudaýlara çokunmak barada bu soragy öňe sürmek bilen aslynda bu işi ret edýändir  gurhan kerim bu aýatda bu soragy ara atmak bilen bütin pygamberleriň şol sanda yslam pygamberinden ozal geçen pygamberleriň ynsanlary allanyň birligine we allanyň bendeligine çagyrandyklaryny aýdyp Butparazlygy ýazgarýandyr.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- ylahy we asmanlyk dinlaryň hemmesiniň baş maksady ynsanlary allanyň birligine we bendeligine çagyrmaklykdyr . yslam pygamberi we gurhan kerim hem bu meseläni nnygtandyrlar .

2- allanyň ýerine ýada allanyň ýanynda alladan gaýry her bir zada ýada her bir kimsä çokunmaklyk dogry däldir diňe alla çokunmaklyk we onuň bendeliginde tapylmaklyk dogrudyr.

Zohrof süresi, 46 we 47-nji aýatlar :

وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا مُوسَى بِآيَاتِنَا إِلَى فِرْعَوْنَ وَمَلَئِهِ فَقَالَ إِنِّي رَسُولُ رَبِّ الْعَالَمِينَ (46) فَلَمَّا جَاءهُم بِآيَاتِنَا إِذَا هُم مِّنْهَا يَضْحَكُونَ (47)

<< we dogrudanda biz musany ( aýdyň ) aýatlar bilen Fyrownyň we onuň köşük adamlarynyň üstüne iberdik . şonda ( musa ) “men älem jahanyň perwerdigäri bolan allanyň iberen resulydyryn” diýip aýtdy . // we haçanda biziň aýatlarymyzy olara okanda olar oňa güldüler . >>

Gurhan kerim bu aýatlarda hezreti musa destanynyň bir bölegine yşarat edip aýdýar : hezreti musanyň üstüne düşen borçlaryň birsi esasynda ol Fyrownyň üstüne baryp ony allanyň bendeligine çagyrmalydy. Alla tagala bu ýumuşda hezreti musany goldamak maksady bilen oňa aýdyň aýatlary we mugjyzalary bagyş etdi. Hezreti musa olary Fyrowna we onuň ýaranlaryna görkezende olar ony masgara etdiler. hezret musa Fyrownyň köşgüne baran mahaly onuň egninde ýüňden dokalan lybas bardy. hezret musa Fyrowna özüniň alla tarapyndan ynsanlary dogry ýola hidaýat etmek üçin iberlendigini aýdanda Fyrown we onuň köşgündäki adamlar oňa güldüler sebäbi olar allanyň şeýle bir sada egin eşikli adamy pygamber edip ibermegini geň gördüler “egerde alla birini pygamber edip iberjek bolsa ony baýlardan we baranda ynsanlardan saýlardy bir zaman Fyrownyň ogullugy bolup özünden hiç zady bolmadyk adamy saýlap ýürmez” diýip güman etdiler . her halda olar öz ýanlaryndan boş bahanalary getirip hezreti musany masgara we inkär etdiler . elbetde bu şiwe diňe Fyrown we onuň ýaranlarynyň şiwesi däldi bu şiwe taryh boýunda Fyrown ýaly adamlaryň şiwesidi olar ylahy pygamberleriň we ynsanlaryň garşysynda öz maksatlaryna ýetmek maksady bilen olary masgaralamak şiwesine ýüzlenendirler.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ylahy pygamberler umum halky we garamaýak ilaty allanyň bendeligine çagyrmagyň ýanynda häkimleriň hem üstüne baryp olary allanyň bendeligine çagyrandyrlar sebäbi köpçüligi düzeltmegiň ýollarynyň birside häkimleri we başlyklary düzeltmegiň üstünden geçýändir.

2- pygamberler şahsy we ahlagy taýdan gaty artykmaç ynsanlar bolandyrlar olar bu artykmaçlyklaryň ýanynda hem özleriniň berhaklygyny subut etmek üçin allanyň bagyş eden mugjyzalaryndan hem paýly bolandyrlar .

3- hak bilen terisleşýän taraplar haçanda delil we mantyk bilen işini öňä äkidip bilmän ýagdaýylarynda masgaralamak bilen ýol gazanmagyň yzynda bolandyrlar.

Zohrof süresi, 48-nji aýat:

وَمَا نُرِيهِم مِّنْ آيَةٍ إِلَّا هِيَ أَكْبَرُ مِنْ أُخْتِهَا وَأَخَذْنَاهُم بِالْعَذَابِ لَعَلَّهُمْ يَرْجِعُونَ (48)

<< we biz olara hiç mugjyzany görkezmedik meger onuň meňzeşinde ulurakdy we olary ( durly ) azaplara giriftar etdik, belki dolansynlar diýip . >>

Gurhan kerim öňki aýatyň dowamynda bu aýatda aýdýar : Fyrown we onuň ýaranlary bahana getirip bilmezler ýaly olaryň gözüne durly we her birisi ol birisinden ulurak bolan mugjyzalary görkezdik belki menlik atyndan düşüp haka dolansynlar diýip . ýöne olara her näçe mugjyza görkezilsede olaryň haka bildirýän terisleşigi şonçada artdy ahyrda hem belkide olar gaflat ukusyndan oýunsynlar diýip olara duýduryş bolar ýaly olary gorakçylyk we gahatçylyk ýaly bela beterlere giriftar etdik diýip gurhan kerim bu aýatyň dowamynda aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- taňry tagala ynsanlara ýeterlik delil bolar ýaly köp zatlardan mysal getirip olara açyklama berýändir . hatda gerek bolan ýerinde ynsanlara mugjyza görkezýändir . allanyň ynsanlaryň hidaýaty üçin şu hili delilleri onuň ýolunda goýmagy taňry tagalanyň ynsanlara bolan ýürite enaýatyny görkezýändir.

2- taňry tagala ynsanlara ýeterlik delil getiren soň ynsanlar ýene dogry ýola gelmeseler, belkide olara duýduryş bolar diýip, olara dünýäniň azaplary bilen jeza berýändir .

////////////