Apr 05, 2022 10:28 Asia/Ashgabat

bölüm 916, süre Zohrof, aýat 49- 56

راهی بسوی نور(916)

Zohrof süresi, 49 we 50-nji aýatlar :

وَقَالُوا يَا أَيُّهَا السَّاحِرُ ادْعُ لَنَا رَبَّكَ بِمَا عَهِدَ عِندَكَ إِنَّنَا لَمُهْتَدُونَ (49) فَلَمَّا كَشَفْنَا عَنْهُمُ الْعَذَابَ إِذَا هُمْ يَنكُثُونَ (50)

<< we aýtdylar : eý jadygöý! Perwerdigäriň seniň ýanyňda ähd eden zadi bilen bizi çagyr. Şübhesiz ( şonda ) biz dogry ýola geleris // ýöne haçanda azaby olaryň üstünden aýramyzda şol bada ähdlerini döwerdiler. >>

Geçen gepleşikde Fyrowny we onuň köşgündäki adamlary dogry ýola getirjek bolup hezreti musa (a.s)-yň çeken zähmetlerinden we görkezen mugjyzalaryndan gürrüň etdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: Fyrown we onuň ýanyndaky adamlar hezreti musa (a.s)-yň allanyň birligine we onuň bendeligine tarap bildirýän çakylygyna üns bermeýärdiler ýöne haçanda bela beterlere uçranlarynda hezreti musa (a.s)dan şol bela beterleriň sawulmagy ugrunda alladan isleg bildirmegini haýyş edip bela beter başlaryndan sawlan ýagdaýynda hezreti musaň çakylygyny kabul etjekdikleri barada, oňa iman getirjekdikleri barada söz berýärdiler .

Bu ýerde üns bermeli geň zat olda , olaryň hezreti musa (a.s)dan kömek soraýan mahallary ony jadygöý bilekleridir. olar pygamberleri hem , töweregine adam üýşürip geň- taň işleri edýän jadygöýler bilen barabar bilýärdiler . olaryň pygamberler hakynda şeýle bir gumanda bolmaklary olaryň imanlarynyň ýalandygyny we ýawuz ýagdaýdan gutulmak üçin bähbitlerini arap pygamberlere ýüz tutýandyklaryny mälim edýändir . dogrusy olar hidaýatyň yzynda däldiler eýsem nepleriniň yzyndadylar şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda : haçanda ýawuz ýawuz ýagdaýlarywe kynçylyklary zalymlaryň üstünden aýramyzda olary ähdlerini döwüp iman getirmeýärdiler diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlar umuman ýaramaz ýagdaýa uçranlarynda taňry tagala pena getirip ondan kömek sorandyrlar .

2- ýowuz ýagdaýlarda ynsanlaryň hudaýlykly gaýnamlary oýanyp ynsany allanyň ýadynda bolmaklyga iterýändir. ýöne haçanda bu ýagdaý onuň başyndan sawlanda ol allanyň ýadyndan hem gaflat edýändir.

Zohrof süresi, 51-52 we 53-nji aýatlar :

وَنَادَى فِرْعَوْنُ فِي قَوْمِهِ قَالَ يَا قَوْمِ أَلَيْسَ لِي مُلْكُ مِصْرَ وَهَذِهِ الْأَنْهَارُ تَجْرِي مِن تَحْتِي أَفَلَا تُبْصِرُونَ (51) أَمْ أَنَا خَيْرٌ مِّنْ هَذَا الَّذِي هُوَ مَهِينٌ وَلَا يَكَادُ يُبِينُ (52) فَلَوْلَا أُلْقِيَ عَلَيْهِ أَسْوِرَةٌ مِّن ذَهَبٍ أَوْ جَاء مَعَهُ الْمَلَائِكَةُ مُقْتَرِنِينَ (53)

<< we Fyrown öz kowumynyň arasynda jar çekip : eý meniň kowumym! Musur döwleti meňki dälmi ? we bu ( görýän ) akarlaryňyz meniň ( köşgümiň ) astyndan akmaýarlarmy? Bu zatlary görmeýärsiňizmi ? // megerde meniň bu , dogry sözläp hem bilmeýän bu ýöneki adamdan gowyrakdygymy bilmeýärsiňizmi? // näme üçin onuň bileginde tylladan bolan bizelik ýok? ýada perişdeler oňa hemralyk etmeýärler? diýip aýtdy. >>

Fyrown bilen onuň kowumy bir tarapdan hezreti musa (a.s)-yň mugjyzalaryny görüpdiler we aýry bir tarapdan hem onuň dogalary bilen bela beterlerden gutulypdylar . hezreti musa (a.s)dan görlen bu zatlar ilatyň Fyrownyň orn mertebesi barada edýän pikirlerine täsir galdyryp Fyrownyň halkyň aňyndaky orn mertebesini pese gaçyrýardy şol bir wagtda Fyrown we onuň ýaranlary hezreti musa (a.s)-yň çakylygyny kabul etmäge hem taýyn däldiler . Fyrown , ilatyň hezreti musa(a.s)-yň sözlerinden we görkezýän mugjyzalaryndan täsir almaklarynyň öňüni almak maksady bilen hezreti musa(a.s)-yň orn mertebesini halkyň ýanynda pese gaçyrmagyň aladasyny etdi. şonuň üçin hem hezreti musa(a,s)-y halkyň ýanynda masgaralap : musaň näme zady bar? Bu musruň baý we uly ýurdy meňki dälmi ? bu akyp duran akarlar meniň permanym bilen meniň köşgümiň astyndan akmaýarlarmy? Ýöne musada näme zat bar ? onuň bir gepläre dogry dili hem ýok hatda onuň ýanynda perişde hem ýok ýada onuň altyn jöwheri egin eşikleri hem ýok ýöne siz her näme isleseňiz mende bar. onda näme üçin biz onuň yzyna düşmeli diýip aýtdy. Nil derýasy musuryň abadab çylygynda aýgytly rola eýedi we köp akarlar we kanallar ondan göz baş alýardy. Bu akar musur ilatynyň içer süwüni we oba hujulyk bölüminiň talap edýän süwüni üpjin edýärdi . we nil derýasynyň süwi Fyrownyň permany bilen bölünýärdi şu hasap bilen hem musur ilatynyň ýaşaýşy we gun oňşygy Fyrownyň elindedi şonuň üçin hem Fyrown özüni musur ilatynyň hudaýy bilýärdi.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- tagutlar we eziji gudratlar akla we mantyga eýerýän däldirler eýsem olar öz baýlyklaryna we gudratlaryna büýsanyp şolary özleriniň berhaklygyna delel bilýändirler .

2- özgeleriň geýýän egin eşiklerini we edip gepleýişlerini masgaralap olary giçeltmek bilen özüňi uly saýmaklyk Fyrownyň häsiýetindendir .

3- her kim her bir delil bilen özüni özgelerden üstem saýsa onuň gylyk häsiýeti Fyrownyň gylyk häsiýetidir her çen baýlygy we gudraty bolmasada .

Zohrof süresi, 54-55 we 56-njy aýatlar :

فَاسْتَخَفَّ قَوْمَهُ فَأَطَاعُوهُ إِنَّهُمْ كَانُوا قَوْماً فَاسِقِينَ (54) فَلَمَّا آسَفُونَا انتَقَمْنَا مِنْهُمْ فَأَغْرَقْنَاهُمْ أَجْمَعِينَ (55) فَجَعَلْنَاهُمْ سَلَفاً وَمَثَلاً لِلْآخِرِينَ (56)

<< şonda ( Fyrown ) öz kowumyny kiçeltdi netiçede olar oňa eýerdiler sebäbi olar pasyk kowumdylar // emma haçanda biziň gaharymyzy getirenlerinde olardan ar alyp olaryň hemmesini suwda gark etdi // onda olary ( telek ) başlyklary bilen indiki nesiller üçin ybrat edip goýdyk. >>

Fyrown özüni uly we hezreti musa (a.s)-y kiçi saýmak bilen aslynda öz kowumyny gümra etdi we olaryň dogry oýlanyp haky saýgaryp bilmeklerine rugsat bermedi . Fyrown , özüniň baýlyklary , köşk saraýlary we altyn jowahyrlary bilen öz kowumynyň gözüni baglady we ýaňky zatlar bilen özüni olaryň ýanynda uly görkezip olaryň haka oýlanmaklaryna ýol bermedi.

Häzirki döwürde hem dünýäň eziji döwletleri Fyrownyň ýaňky ýolundan gidip bihuda zatlary halkyň ýanynda kymmatly zat görkezip ynsanlary dogry ýoldan alyp galýandyrlar sebäbi bu hili gudratlar , ynsanlaryň hakyky kymmatlyklara tarap gitmeklerini özleriniň dowamaty üçin hawply bilýändiler . eziji gudratlar ynsanlaryň akyllaryny ogurlamak üçi hem durly we köp mümkinçilikleri işe alyp durandyrlar . olar , Radio Telewizor , mediýa serişdeleri we sosial arabaglanşyk serişdeleriň kömegi bilen ynsanlaryň düşünjesini özleriniň isleýän zatlaryna tarap äkidýärler. aýtmak ýerli Fyrownyň zamanynda umum halkyň üstünde hem ýazyk bardy olar ýazyksyz ynsanlar däldiler dogrusy olar öz ýaşaýyşlarynda pysada öwrenşipdiler şonuň üçin hem olar aňsatlyk bilen Fyrownyň aýdýanlaryna aldanýardylar . onsoňda Fyrownyň ýada Fyrown ýaly häkimleriň yzyna düşýän adamlaryň ykbalyda olaryň ykbalyndan gowy bolmaz şonuň üçin hem Gurhany kerim bu aýatlaryň soňunda Fyrownyň yzyna düşen adamlar hem ahyrda Fyrownyň ykbalyna üçrap suwda gark boldular diýip aýdýar . dogrusy Fyrownyň we onuň ýaranlarynyň uçran ýaňky şum ykbaly biz ynsanlar üçin sapak bolmalydyr.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- pasyk häkemiýetler özleriniň hökmürowanlygyny dowam etmek üçin halky ejiz saklamagyň ýanynda olaryň pikrini hem ogurlaýandyrlar. Olar şeýdipde halky özlerine boýun edýändirler.

2- allanyň emrinde tapylmaýan köpçülik ahyrda zalymlara we ezijilere boýun boljakdyr.

3- kä mahallar allanyň gahar gazaby bir kowumuň üstünden inip olary heläk etmek bilen olary başgalar üçin ybrat edip goýýandyr.

////////////