bölüm 917, süre Zohrof, aýat 57- 62
bölüm 917, süre Zohrof, aýat 57- 62
راهی بسوی نور(917)
Zohrof süresi, 57 we 58-nji aýatlar :
وَلَمَّا ضُرِبَ ابْنُ مَرْيَمَ مَثَلاً إِذَا قَوْمُكَ مِنْهُ يَصِدُّونَ (57) وَقَالُوا أَآلِهَتُنَا خَيْرٌ أَمْ هُوَ مَا ضَرَبُوهُ لَكَ إِلَّا جَدَلاً بَلْ هُمْ قَوْمٌ خَصِمُونَ (58)
<< we haçanda Merýem ogly ( Isa )dan gürrüň gozgamyzda seniň kowumuň şol sözleri ( masgaralap ) gyk-bak edip ugradylar // we “biziň ybadat eden taňrylarmyzy gowymy ýada ol ?” diýip aýtdylar . olar bu sözi saňa aýtmadylar meger jedel we dawa etjak bolup aýtdylar sebäbi olar gepiň we dawaň yzynda bolan kowumydyrlar. >>
Rowaýatlarda aýdylşyna görä Mekgäniň müşrükleri özleriniň butlara edýän bendeliklerini dogry görkezjek bolup hristianlardan mysal getirip : olar hem merýem diýen bir zenandan dünýä gelen isa çokunýarlar, egerde biziň edýän işimiz ýalňyş bolsa olaryň hem edýän işi ýalňyşdyr we egerde seniň aýdyşyň ýaly biz we biziň butlarymyz oda ýanjak bolsalar onda isa we oňa çokunýan adamlar hem dowzaha girjekdirler sebäbi olar hem isany allanyň ornunda goýup ony ybadat edýändirler diýip yslam pygamberine ýüzlenip aýdýardylar elbetde Mekge müşrükleriniň hezret isany öz butlary bilen deňişdirmrkleri nä dogrudy şondan gelende olar jedel we dawa etjek bolup ondan mysal getirýärdylar . şeýdipde olar özleriniň nä dogry we hata işlerini dogry edip görkezjek bolup synanşýardylar . elbetde häzirki zamanda hem bu hili boş delillere esaslanmaklygy görmek bolýandyr . aýtmak gerekli ynsanlardan hudaý derejesinde goýlup bendeligi edilen kimselerden , bile- bile halky öz bendeliklerine çagyran adamlar şol sanda Fyrown dowzaha girjekdirler ýogsa hezret isa (a) hiç mahal hudaýlykly dawasyny eden däldir ýada özgeleri özüniň bendeligine çagyran däldir oňa görä müşrükleriň bu barada getiren delilleri bir boş gürrüňdir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- özgeleriň ynam ygtykatlaryny masgaralamagyň ýerne ony delil we mantyk bilen ret etmelidir.
2- gurhanyň garaýşyndan hakykata ýetmek üçin jedel edip bolýandyr ýöne öz hata we ýalňyş işleriňi dogry görkezjek bolup jedel etmeklik dogry däldir.
Zohrof süresi, 59 we 60-njy aýatlar :
إِنْ هُوَ إِلَّا عَبْدٌ أَنْعَمْنَا عَلَيْهِ وَجَعَلْنَاهُ مَثَلاً لِّبَنِي إِسْرَائِيلَ (59) وَلَوْ نَشَاء لَجَعَلْنَا مِنكُم مَّلَائِكَةً فِي الْأَرْضِ يَخْلُفُونَ (60)
<< Isa ýöne bir bendedir we biz oňa nygmatlary bagyş etdik we ony bäni ysraýyl kowumuna ülňi edip goýduk // we egerde yrada etsek ýer ýüzünde siziň ýerňize perişdeleri ýerleşdirip goýarys. >>
Geçen aýatlarda Mekgäniň müşrükleri butlar bilen hezret isa (a)ny deňeşdirip butparazlyk işini dogry görkezjek boldular. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda hezreti isa (a.s)-dan arka çykyp aýdýar : isa özüni allanyň bendesi bilýärdi we başgalaryň oňa çokunmaklaryny islemeýärdi we hristianlaryň oňa bendelik etmekleri bilen terisleşýärdi , isa allanyň nygmat beren bendelerindendir alla ony pygamber edip ony bäni ysrayyl kowumyna ülňi etmek bilen oňa nygmat berdi, onuň mugjyzalarynyň birside allanyň oňa bagyş eden pygamberlik ornudyr ol halyk arasynda ýaşan ýyllarynda hemişe ilaty allanyň bendeligine çagyrýardy özi hem allanyň bendeligini doly suratda ýerine ýetirýärdi ýöne gynanç bilen hristianlar allanyň ýerine isa pygamberine çokunup ony allanyň ornunda goýdylar.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda müşrüklere ýüzlenip aýdýar: Alla we onuň resuly sizi dogry ýola çagyrýan bolsalar , olaryň siziň dogry ýola gelip iman getirmegiňize mätäç bolmaklary üçin däldir sebäbi alla yrada etse sizi ýeriň ýüzünden aýryp hemişe allanyň emrine taýyn bolan perişdeleri siziň ýeriňizde ýerleşdirip biljekdir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- allanyň bendeliginde tapylmaklyk ynsanyň ösüp kemala ýetmegine sebäpkärdir we pygamberler hem şu ýoldan allanyň ýanynda beýik derejeleri elgerendirler.
2- jöhitler hemişe hezreti isa (a.s) bilen terisleşip gelen bolsalarda ol bäni ysraýyl kowumundan bolandyr şondan gelende jöhitleriň ol hezretiň berhaklygyny inkär etmekleri diňe jedellik we duşmançylyk ýüzünden bolandyr.
3- taňry tagala ynsanlaryň ägälik we ygtyýar ýüzünden iman getirmeklerini isleýändir ýogsa alla tagala , hiç erk ygtyýarlary bolman hemişe allanyň ybadatyna meşgul bolan perişdeleri ýeriň ýüzünde ynsanyň ýerine goýup bilerdi.
Zohrof süresi, 61 we 62-nji aýatlar:
وَإِنَّهُ لَعِلْمٌ لِّلسَّاعَةِ فَلَا تَمْتَرُنَّ بِهَا وَاتَّبِعُونِ هَذَا صِرَاطٌ مُّسْتَقِيمٌ (61) وَلَا يَصُدَّنَّكُمُ الشَّيْطَانُ إِنَّهُ لَكُمْ عَدُوٌّ مُّبِينٌ (62)
<< we dogrudanda ol kyýamatdan habarly bolmagyň çeşmesidir. onda ol barada şek etmäň we maňa eýeriň, çunky budyr dogry ýol // we şeýtan sizi (dogry ýoldan) alyp galar çunky ol siziň äşkär düşmanyňyzdyr. >>
Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda hezreti isa (a.s)-yň ýöritelikleriniň ýene bir tarapyna yşarat edip aýdýar : Hezreti isa (a.s)-yň döreýşiniň özi kyýamatyň nyşanalarynyň birsidir sebäbi ol heniz durmuşa çykmadyk zenandan dünýä indi munuň özi bolsa kyýamatda allanyň ynsanlary gaýtadan ýaradyp bilmegini subut edýändir . şeýlede hezreti isa (a.s)-yň görkezen mugjyzalrynyň birside onuň ölen adamlary direldip bilmegidir . onsuňda yslamy rowaýatlarda gelşine görä we hristianlaryň hem aýtmaklaryna görä hezreti isa (a.s) ahyr zaman bolanda asmandan injekdir . bu mesele bolsa kyýamatyň golaýlamagynyň nyşanlarynyň birsidir.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda kyýamatyň ber haklygyny nygtap : kyýamatyň haklygyna hergiz şek etmäň sebäbi ynsanyň kyýamatdan gapyl galmagy onuň durly günä we jynaýat işlere baş goşup ahyrda dowzah oduna giriftar bolmagyna sebäp boljakdyr onda allanyň belläp goýan dogry ýolundan gidiň, bu ýoly pygamberler açyklap berendirler we allanyň ýoly ynsanlary durly hawp-hatarlardan alyp galyp olaryň iki dünýe bagtyýar bolmaklaryna sebäp boljakdyr. Elbetde allanyň belläp goýan ýolunyň garşysynda şeýtanyň ýoly bardyr. şeýtan ynsanlary waswasa edip olary allanyň ýolundan alyp galýandyr şeýdipde ynsanlary hem bu dünýe hem O dünýe betbagt edýändir. Elbetde şeýtanyň ynsana duşmançylyk etmeginiň sebäbi onuň hezreti adama sežde etmän allanyň dergähinden gowulmagyna dolanýandyr . şeýtan allanyň dergähinden gowlan mahaly hezreti adam (a.s)-dan önüp ösen adamlary kyýamat gopýança gümra etjekdigi barada ant içendir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň söýen bendeleriniň we öwliýalarynyň işleri we aýdýan sözleri ynsana kyýamaty ýatladýandyr .
2- ynsan dogry ýoldan azaşmajak bolsa ülňä mätäçdir oňa görä dogry ýoly pygamberlerden we öwliýalardan öwrenmelidir ylahy ülňiler bolmadyk ýerinde ynsanyň şeýtana aldanyp gümra bolmagy mümkindir.
3- şeýtan ynsany dogry ýoldan çykarjak bolup hemişe onuň ýolunda duzak gurýandyr şeýtan ynsanyň kalbyna we ruhyna ornap ony dogry ýoldan alyp galmagyň aladasyny edýändir.
///////////