bölüm 919, süre Zohrof, aýat 70- 78
bölüm 919, süre Zohrof, aýat 70- 78
راهی بسوی نور(919)
Zohrof süresi, 70 , 71 , 72 we 73-nji aýatlar:
ادْخُلُوا الْجَنَّةَ أَنتُمْ وَأَزْوَاجُكُمْ تُحْبَرُونَ (70) يُطَافُ عَلَيْهِم بِصِحَافٍ مِّن ذَهَبٍ وَأَكْوَابٍ وَفِيهَا مَا تَشْتَهِيهِ الْأَنفُسُ وَتَلَذُّ الْأَعْيُنُ وَأَنتُمْ فِيهَا خَالِدُونَ (71) وَتِلْكَ الْجَنَّةُ الَّتِي أُورِثْتُمُوهَا بِمَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (72) لَكُمْ فِيهَا فَاكِهَةٌ كَثِيرَةٌ مِنْهَا تَأْكُلُونَ (73)
<< siz başdaşlaryňyz bilen hoşlukda behişde giriň // altyndan bolan gaplary we jamlary olaryň töwereginde aýlarlar ( tä onuň içindäki durly iýmitlerden we içgilerden peýdalansynlar ) we ol ýerde lezzetlerden gözüň isläni we köňül küýsäni üpjündir we siz ol ýerde hemişelik ýaşarsyňyz // we bu , siziň ( ýagşy ) amallaryňyz üçin size miras bolan behiştdir // şol ýerde siziň iýjek köp miweleriňiz siz üçin taýýar edilendir. >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda allanyň salyhy bendelerine kyýamatda hiç hili gorkyň bolmajakdygyny buşlandyr . gurhan kerim şol aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda möminlere we takwa adamlara beriljek behişdiň nähilidigini açyklap aýdýar : dünýäde imanlaryny gorap öz başdaşlaryna kömekçi bolan ynsanlar kyýamatda şatlykda we huşlykda bir birleriniň ýanynda ýaşajakdyrlar olar behiştde bir birlerinden jyda ýaşamazlar hoşlugy we şatlygy olaryň gözlerinde aýan görmek bolar . öz imanlaryny goramak üçin özlerini mahrum eden huşlyklary we lezzetleri kyýamatda ondan zýadaragy olara berler iýmekden we içmekden bolan iň gowy we lezzetli tagamlar we içgiler olaryň erkinde goýlar özide altyn gaplarda we jamlarda olara hödir kerem ediler behişt ähline beriljek bu nygmatlara tükenmeklik bolmaz.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda behişt ähliniň erkinde goýuljak nygmatlaryň ýene ikisine yşarat edip aýdýar : behiştde gözüň lezzet alýan zady ýüregiň küýsäni ynsanyň erkinde goýlar şeýlede behişt ähli hemişelik behiştde diri ýaşap bu nygmatlardan peýdalanjakdyrlar behişt ähli myras hökminde bu nygmatlaryň eýesi boljakdyrlar . asynda bu nygmatlar , behişt ähliniň dünýäde bitiren ýagşy amallary üçin olara myras hökminde beriljekdir şeýilede behişdiň durly mywalary hemişelikdir. Behişdiň baglaryna hazab ýeli ýetişmez we onuň mywalary ter – täze hemişe bolar durar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapkalary :
1- imanly başdaşlar kyýamatda hem öz başdaşlarynyň ýanynda behiştde boljakdyrlar .
2- allanyň razylygy üçin gözlerini haramdan saklan ynsanlar ahyratda gözleri gözel başdaşlara duşup olar bilen şatlykda we hoşlukda pursatlaryny geçirjekdirler elbetde olaryň ahyratda görjrk hpşluklary we lezzetleri dünýäniň hoşlugy we lezzeti bilen paryh edýändir we olary deňeşdirip hem bolmaz.
3- dünýäniň lezzetleri we hoşluklary çäkli we geler geçerdir tükenmejek lezzetleri we hoşluklary diňä kyýamatda tejribe edip bolar .
4- behişt ýöneje berilmez behişde ýetmek üçin hökman zähmet çekmeli we ýagşy işleri etmelidir.
5- behiştdäki lezzetleriň birside ol ýerdäki durly we bol miwelerdir.
Zohrof süresi, 74 , 75 we 76-njy aýatlar:
إِنَّ الْمُجْرِمِينَ فِي عَذَابِ جَهَنَّمَ خَالِدُونَ (74) لَا يُفَتَّرُ عَنْهُمْ وَهُمْ فِيهِ مُبْلِسُونَ (75) وَمَا ظَلَمْنَاهُمْ وَلَكِن كَانُوا هُمُ الظَّالِمِينَ (76)
<< şüphesiz günäkär adamlar dowzahyň azabynda hemişelik galarlar // olaryň (azaby ) egsilmezdir we olar ol ýerde numytdyrlar // we biz olara sütem etmedik eýsem olar özleri (özlerine) sütem etdiler. >>
Gurhan kerim geçen aýatlarda behişt ählininiň ýagdaýyny beýan edeni soň bu aýatlarda günäkär adamlaryň kyýamatda gabat geljek ykballaryna yşarat edip : behişt ähliniň behiştde hemişelik galyp onuň naz- nygmatlaryndan bähre alyşlary ýaly dowzah ähli hem dowzahyň azabyny hemişelik çekmeli boljakdyrlar we dowzahyň azabyna egsilmek bolmaz diýip beýan edýär .
Elbetde gurhanyň beýleki aýatlaryndan we rowaýatlardan hem belli bolşuna görä günäkär adamlaryň hemmesi hemişelik dowzahda galmazlar eýsem olaryň bir topary eden etmişleriniň azabyny çekenleri soň allanyň ýalkawy bilen dowzahdan halas bolarlar. bu arada , dünýäde müň ýyl ýaşasalarda hak bilen terisleşip sütem etmekden el çekmejek ynsanlar hemişelik dowzah odunda ýanarlar. bu hili ynsanlar özleriniň dünýäde eden duşmançylyklary bilen we eden sütemleri bilen özlerini allanyň rahmetinden we magfyratyndan hemişelik mahrum edendirler .
Gurhan kerimiň bu aýatlaryň dowamynda allanyň bu hili ynsanlara hem sütem etmeýändigini ýatladyp : dogrusy olar özleri özlerine sütem edendirler, olar özleriniň eden etmişleri bilen we görkezen duşmançylykly işleri we sütemleri bilen özlerini allanyň magfyratyndan mahrum edendirler diýip beýan edýär.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- gurhan kerimiň terbiýelik usullarynda duýduryş bermekligiň ýanynda buşluk bermek hem bardyr. Gurhan kerim ynsan, haky depelenmer ýaly ýada allanyň rahmetinden numyt bolmaz ýaly oňa hem duýduryş berendir hemde umyt berendir.
2- ýagşy işleriň ynsany behişte ýetirişi ýaly telek we günä işler hem ynsany dowzaha oklajakdyrlar .
3- taňry tagala hiç kimse sütem edýän däldir ýöne zalym we sütemkär adamlara jeza we azap berýändir.
Zohrof süresi, 77 we 78-nji aýatlar :
وَنَادَوْا يَا مَالِكُ لِيَقْضِ عَلَيْنَا رَبُّكَ قَالَ إِنَّكُم مَّاكِثُونَ (77) لَقَدْ جِئْنَاكُم بِالْحَقِّ وَلَكِنَّ أَكْثَرَكُمْ لِلْحَقِّ كَارِهُونَ (78)
<< ( dowzah ähli ) gygyrarlar “eý tamugyň garawuly ! rabbyň bize ölüm bersin” diýip . ( garawul ) aýdar “siz ( bu ýerde ) hemişelik galarsyňyz ( we size gutulmak bolmaz )” diýip. // dogrudanda biz siz üçin haky getirdik ýöne siziň köpiňiz haky islemediňiz. >>
Dowzah ähliniň çekýän azaplary şeýle bir elhençdir weli olar alladan ölümlerini arzuw ederler we dowzahyň garawuly bolan perişdelerden alladan olara ölümiň berilmegini haýyş etmeklerini islärler ýöne perişdeler olaryň bu islegleriniň alla tarapyndan ödelmejekdigini olara aýdarlar. dünýäde ynsan öz janyna kast edip özüniň ömür tanapyny gyryp bilýän bolsa kyýamatda bu iş hem onuň elinden gelmez . dowzahyň ýanyp duran ody ony ne öldürer nede asuda goýar ýöne hemişelik oňa azap berip durar.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda günäkär adamlaryň dowzaha düşmekleriniň bir möhüm delilini olaryň hakdan ýüz öwürmekleri bilip : dünýäde hak sözi olaryň gulagyna ýokmaýardy. olar dünýäde özleriniň haý- höwesleriniň yzynda boldular olar haka gulak bermeýärdiler hatda hak barada oýlanmakdan hem saklanýardylar olar özleriniň şu hili işleri bilen hem özlerini dowzahyň hemişelik azabyna giriftar etdiler diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ahyretde dowzah azabyna giriftar bolup ölümi arzuw etmejek bolsak şu dünýäde öz amallarymyza we edýän işlerimize esewan bolmalydyrys.
2- alla tagala ynsanlara ýol görkezip ýagşy ýamany bildireni soň olaryň amallaryna baha berýändir. telek işlerine azap ýagşy işlerine hem sogap we serpaý berýändir. onda bile- bile hak bilen terisleşip telek işleri edýän adamlar dowzaha düşjekdirler.
3- haky kabul edip oňa boýun egmeklik ynsanyň iki dünýe bagytly bolmagyna sebäpkärdir. Şonçada hak bilen terisleşip haka boýun egmeklikden saklanmaklyk, ynsanyň dünýäde we ahyretde betbagytlyga uçramaklygyna sebäpkärdir.
///////////