bölüm 921, süre Zohrof, aýat 85- 89
bölüm 921, süre Zohrof, aýat 85- 89
راهی بسوی نور(921)
Zohrof süresi, 85-nji aýat :
وَتَبَارَكَ الَّذِي لَهُ مُلْكُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَمَا بَيْنَهُمَا وَعِندَهُ عِلْمُ السَّاعَةِ وَإِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (85)
<< gökleriň we ýeriň we olaryň arasyndaky zatlaryň hökümrowany we eýesi bolan kimse bereketlidir we kyýamatdan habarly bolmaklyk oňa mahsusdyr we ahyrsoňda(baryňyz) oňa tarap dolanjaksyňyz. >>
Geçen gepleşikde barlygyň hakyky eýesi bolan hemde bendeligini etmeklige laýyk bolan alla hakynda we onuň birligi we perwerdigärligi hakynda gürrüň etdik. ýer-gögüň we yns- jynyň we perişdeleriň kakyky perwerdigäri alladyr . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : barlygyň we barlykdaky närseleriň hakyky eýesi bolan alla tagala ybadat etmegiň delili barlykdaky hökmürowanlygyň allaga mahsuslygy üçindir alla tagala älem- jahany ýokdan bara getirendir hemde oňa hökmürowanlyk edýändir . diňe bir dünýäniň däl eýsem ahyratyň ykbaly hem allanyň elindedir şonuň üçin hem kyýamatyň haçan gopjak dygyny diňe alla bilýändir we alladan gaýry ondan habarly däldir . onda her kim dünýäde we ahyretde bagta eýe boljak bolsa hökman allanyň aýdanyny edip allany özünden razy etmelidir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ýaradylyşyň başy we soňy , dünýäniň, ahyretiň we ynsanyň ykballary allanyň elindedir .
2- alladan gaýry hiç kim dünýäniň soňundan habarly däldir diňe alla kyýamatdan habarlydyr.
Zohrof süresi, 86-njy aýat :
وَلَا يَمْلِكُ الَّذِينَ يَدْعُونَ مِن دُونِهِ الشَّفَاعَةَ إِلَّا مَن شَهِدَ بِالْحَقِّ وَهُمْ يَعْلَمُونَ (86)
<< we allanyň ýerine çagyrylýan we çokunylýan kimseleriň şypagatçy bolar ýaly erk ygtýarlary ýokdur – meger haka şaýatlyk berenler we olar hem ( kimleriň şypagata laýykdyklaryny özleri ) bilýändirler. >>
Dünýäde we ahyretde alladan gaýry närseler we kimseler ynsana şypagatçy bolup biler diýen pikre gullyk etmeklik ynsanlary şirke tarap iterip bilýändir . şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatda kyýamatda şypagat dilen zadyň bardygyny ýatlatmak bilen, her bir zatdan we kimseden şypagata garaşyp bolmaýandygyny we şypagata hem her kim laýyk däldigini aýdýar. Kyýamatda allanyň dergähine pygamberler ýaly kimseleri şypagatçy tutunyp boljakdyr onsoňda pygamberler hem her kim her kime şypagatçy boljak däldirler. pygamberler gepinde we amalynda hak ýolunda bolan ynsanlary şypagat edip olaryň ýazyklarynyň geçelmegini alladan dilejekdirler. dogrusy ýaşaýyşlarynda hemişe allanyň aýdanyny eden adamlar, kimleri şypagatçy tutunyp bolýandygyny şeýlede şypagat dilen zadyň şertlerini bilýändirler. şeýle bir ynsanlar allanyň lotfy keremine gabat gelmek üçin şypagatça ýüz tudýandyr.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- alla tarap dolanmaklygyň ýoly bolan toba ýaly, ynsanyň ýazyklarynyň şypagatçyň kömegi bilen aýrylmagy üçin goýlan ýol, bir meňzeş ýoldur. elbetde şypagatçy diňe allanyň söýen bendeleri we pygamberler bolup bilýändirler.
2- allanyň ýolunda bolan adamlar başgalary hem bu ýola getirmek üçin olaryň elinden tutmalydyrlar. şypagat bolsa bir hili elden tutmaklyk we kömekçi bolmaklykdyr.
Zohrof süresi, 87-nji aýat :
وَلَئِن سَأَلْتَهُم مَّنْ خَلَقَهُمْ لَيَقُولُنَّ اللَّهُ فَأَنَّى يُؤْفَكُونَ (87)
<< we egerde olardan sorap “kim sizi ýaratdy” diseňiz? olar “alla” diýip hökman aýdarlar . onda olar ne sebäpden azaşýarlar? >>
Gurhan kerim öňki aýatda müşrükleriň alladan gaýrydan şypagat dilemekleri barada gürrüň eden soň bu aýatda bir soragy öňe sürüp müşrüklere käýinip aýdýar : siz älem- jahany we özüňizi allanyň ýaradandygyny bilýäňiz, şondan gelende ne sebäpden alladan gaýryny kömege çagyryp alladan özgäni şypagatçy tutunýaňyz ? we alladan özgä ybadat edýäňiz ? emma aslynda alla tagala çokunmaklyga laýykdyr sebäbi ol älem-jahany ýaratmak bilen onuň işlerine çäre görjidir . onda ne sebäpden siz bu hili azyp gümra bolduňyz ? we hiç orun mertebesi bolmadyk närselere çokunup olardan kömege garaşýaňyz ýada şol zatlary , allanyň gazabyndan gutulmak üçin kömekçi we şypagatçy tutunýaňyz?
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- hatda müşrükler hem älem- jahany ýaradan gudratyň alladygyny bilýändirler ýöne olaryň bilmeýän zady älem- jahanyň işlerine çäre görmekde we ynsanyň ykbalynda alladan gaýry zatlary täsirli bilmekleridir. Aslynda alladan gaýry zatlaryň ýaňky meselelerde hiç hili täsirleri ýokdur müşrükler bolsa müni bilýän däldirler şonuň üçin hem olar gümralyga uçrandyrlar .
2- allanyň birligini we perwerdigärlik mertebesini düşünmekde her hili gyşarnygyň ýüze çykmagy ynsany öz gaýnamyndan daşaldyp biljekdir.
Zohrof süresi, 88 we 89-njy aýatlar :
وَقِيلِهِ يَارَبِّ إِنَّ هَؤُلَاء قَوْمٌ لَّا يُؤْمِنُونَ (88) فَاصْفَحْ عَنْهُمْ وَقُلْ سَلَامٌ فَسَوْفَ يَعْلَمُونَ (89)
<< we biziň iýberen ilçimiziň sözi şudyr “bar hudaýa ! bular iman getirmeýän kowumdyrlar.” // onda ( eý pygamber! ) olardan ýüz öwür we “hoş galyň” diy bes basymlykda bilerler. >>
Gurhan kerim zohrof süresiniň soňky aýatlary bolan bu aýatlarda Towhyt we şirk meselelery hakynda gürrüň gozgap aýdýar : müşrükleri dogry ýola çagyrmak ugurda allanyň resulunyň gije- gündiz çekýän zähmetlerine we olara berýen wagyzlaryna garamazdan müşrükleriň bir topary iman getirmeýärler we iman getirmek niýetleri hem ýok. olar hakyň nämedigini bilselerde pygamberiň aýdýan gürrüňleri olaryň doň ýüreklerine täsir galdyrmaýar we olarda hem haky kabul etmägä taýýarlyk ýok, sebäbi haky kabul etmeklik olaryň geler- geçer lezzetleri we bähbitleri bilen jebis gelýän däldir. Müşrükleriň şu hili haky kabul etmekden boýun gaçyrmaklary üçin taňry tagala öz resulyna ýüzlenip aýdýar: müşrükleriň elinde bahana bolmaz ýaly haky olaryň gulagyna ýetir onsoňda olardan ýüz öwür we olary öz erklerine goý we olaryň imanyna mätäç mykam dimesinler we olar bilen hoşlaş , goý gitjek ýerlerine gitsinler.
Ahyr soňda gurhan kerim gowulyk bilen müşrüklere duýduryş berip : müşrükler basymlykda bilerler we işleriniň soňuny öz gözleri bilen görerler diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dini wagyz edýän adamlaryň, hemmeler ýola gelip iman getirerler tamalary bolmaly däldir eýsem halkyň dogry ýola gelmeklerine ýada gelmezliklerine garamazdan olar öz borçlaryny bitirmelidirler .
2- müşrüklere we kapyrlara delil getirmekden soň , ne olara ýalbarmalydyr we nede olary mejbur etmelidir eýsem ýollaryny saýlap biler ýaly olary öz erklerine goýmalydyr.
Zohrof süresiniň soňy