Dec 05, 2022 10:05 Asia/Ashgabat

bölüm 922, süre Dohan, aýat 1- 8

راهی بسوی نور(922)

 

Dohan süresi

1-2-3 we 4-nji aýatlar :

حم ﴿١﴾ وَالْکِتَابِ الْمُبِینِ ﴿٢﴾ إِنَّا أَنْزَلْنَاهُ فِی لَیْلَةٍ مُبَارَکَةٍ إِنَّا کُنَّا مُنْذِرِینَ ﴿٣﴾ فِیهَا یُفْرَقُ کُلُّ أَمْرٍ حَکِیمٍ ﴿٤﴾

<<>>

Gurhany kerimde 7 süre “hä mim” haryplary bilen başlanýandyr. Dohan süresinden ozal dört süre we ondan soň hem iki süre “hä mim” bilen başlanandyrlar . mundan ozal hem bölek- bölek haryplar bilen başlanýan söreleriň gürrüňinde aýdyşymyz ýaly umuman bu haryplardan soň gurhany kerimiň azamatyndan we ynsany hidaýat etmekde gurhanyň rolundan gürrüň bolandyr. Dohan süresinde hem “hä mim” haryplaryndan soň taňry tagala gurhana ant içendir. ant içmek bilen hem: içi manydan doly bolan gurhan kitabynyň hemişe diridigini ýagtylyk berýändigini we özüniň öz ber haklygyna delalat edýändigini ýatlandyr .

Bu aýatlaryň dowamynda gurhan kitabynyň allanyň ýanyndaky ornuna yşarat bolandyr we : bu kitap ýylyň iň sogaply salym sagatlary bolan gadyr gijesinde inendir diýlip getirilýär . gadyr gijesi gaty bereketli gijedir we şol gijede dönýäniň we ynsanyň bir ýyllyk takdyry belli edilýändir we her bir işiň we meseläniň ykbaly belli bolýandyr. Bu aýatlar şeýlede gurhan kitabynyň ynsanlara duýduryş bermek üçin inendigini ýatladýandyr . şeýlede gurhandan ozalky asmanlyk kitaplar hem ynsanlara duýduryş we hüşgärlik bermek üçin inendirler .

Dogrusy taňry tagala ynsanlary zulumdan we gumralykdan halas etmek üçin taryh boýunda ynsanlaryň üstüne pygamberleri we asmanlyk kitaplary iberendir. allanyň şu hili ynsanlaryň aladasyny etmegi bir ylahy kadaň çar- çubynda bolýandyr . şol pygamberleriň iň soňkysy yslam pygamberi we iň soňky asmanlyk kitaby hem gurhany kerimdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ysalam medeniýetinde kä zamanlaryň ýürite hormary bardyr şol sanda gurhanyň inen gijesi bolan gadyr gijesiniň hormaty başgaçarakdyr. gadyr gijesinde ynsanyň takdyry hem belli edilýändir.

2- gijäniň salym sagatlary ynsanyň ybadat edip ruhy taýdan kemala ýetmegi üçin ýürite orna eýedir .

3- gaflat ukusynda ýatan köpçüligi oýarmak üçin oňa hawup hatarlar barada duýduryş bermegiň ýanynda hüşgärligiň ähmiýetinden hem gürrüň bermelidir.

Dohan süresi, 5 we 6-njy aýatlar :

أَمْرًا مِنْ عِنْدِنَا إِنَّا کُنَّا مُرْسِلِینَ ﴿٥﴾ رَحْمَةً مِنْ رَبِّکَ إِنَّهُ هُوَ السَّمِیعُ الْعَلِیمُ ﴿٦﴾

<< buýruk biziň tarapymyzdandir we biz ( allanyň ) ilçileridiris // ( bular ) saňa alla tarapyndan bolan rahmatdyr, dogrudanda ol eşdiji we bilimlidir. >>

Gurhany kerimiň inmegi barada bolan geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda : gurhanyň inmegi we yslam pygamberniň iberilmegi hakynda gürrüň bolýar. bu aýatlarda gurhanyň inmeginden we yslam pygamberiniň gelmeginden allanyň öz bendelerine bolan lutfy kereminiň we rahmatynyň nyşanalary hökmünde at tutulýar . dogrusy allanyň ynsanlara bagyş eden mady nygmatlary magnawy nygmatlaryň saýasynda ynsanyň ösüp kemala ýetmegine kömekçi boljakdyrlar şeýlede ylahy hidaýat asmanlyk kitaplaryň we pygamberleriň ýoklugynda durmyşa geçip biljek däldir. taňry tagala hidaýat üçin ynsanlara ülňi bolar ýaly olaryň öz hilinden bolan pygamberleri ynsanlaryň arasyna iberendir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhany kerimiň aýatlary pygamberiň kelamy däldir eýsem gurhanyň bütin aýatlary allanyň kelamydyr we alla tarapyndan inendir .

2- ynsanlaryň dogry ýola hidaýat bolmaklary üçin ýeke asmanlyk kitaplaryň inmegi ýeterlik däldir eýsem ýaşaýyşda ynsanlara ülňi bolar ýaly pygamberleriň hem iberilmekleri gerekli bolandyr .

3- ynsanlary terbiýeläp hidaýat etmeklik allanyň ynsanlara haslan rahmatynyň bir görnüşidir , herçen köp ynsanlar nadanlykdan özlerini bu rahmatdan mahrum edendirler .

Dohan süresi, 7 we 8-nji aýatlar :

رَبِّ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَمَا بَیْنَهُمَا إِنْ کُنْتُمْ مُوقِنِینَ ﴿٧﴾ لا إِلَهَ إِلا هُوَ یُحْیِی وَیُمِیتُ رَبُّکُمْ وَرَبُّ آبَائِکُمُ الأوَّلِینَ ﴿٨﴾

<< ýagyn (iman) ähli bolsaňyz (alla) gökleriň we ýeriň we olaryň arasyndaky närseleriň perwerdigäridir // ondan özge alla bolmaz, we öldürýän we direldýän , onuň özidir, ol siziň perwerdigäriňiz we sizden ozalky ata-babalaryňyzyň perwerdigäridir. >>

Müşrükleriň nä dogry ynam ygtykatlarynyň birside olaryň gögüň , ýeriň we tebigatdaky närseleriň şol sanda ýeliň we ýagynyň her gaýsynyň bir taňrysy bar diýen pikre gulluk etmekleridi. Olar şol hudaýlar üçin butlary ýasap şolara çokunýardylar . emma gurhany kerim bu aýatlarda olaryň ynam ygtykatlaryny ret edip : älem jahany we barlygy ýaradan alladyr, we onuň işlerine çäre gorýanda alladyr, alla hemme närseleri ýokdan bara getirendir, oňa gürä alladan gaýra çokunmaklyk asla dogry däldir diýip aýdýar . allanyň birligine delalat edýän deliller älem , jahanda we tebiýgatda gaty kändir. onda diňe allanyň dergahyna ýüzlenip diňe alla bendelik etmeklige borçlydyrys . alla tagala barlygyň perwerdigäri bolmakdan aýry häzirki ynsanlaryň we olaryň geçen ata babalarynyň hem perwerdigäridir. alladan gaýry taňry bolmaz, ol ynsana hem ýaşaýyş berýändir hemde onuň ýaşaýşyny alýandyr . bu zatlaryň hemmesi allanyň elindedir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- älem , jahany ýaradan , onuň hakyky eýesi we onuň işlerine çäre görji alla tagaladan gaýry hiç kim däldir .

2- asmanlyk kitaplary inderen kimse , gökleri we ýeri ýaradan gudrat , taňry tagaladyr. şeýlede ol , tebigatdaky kanunlary düzen we şerigat kanunlaryny iberen perwerdigärdir.

3- ata babalaryň nädogry ynam ygtykatlaryna we däplerine eýermegiň deregine ynsanyň hakyky bagtýarlygy içinde bolan allanyň iberen kanunlaryna eýermeklik ynsanyň bähbidinedir.

/////////////