Dec 05, 2022 10:28 Asia/Ashgabat

bölüm 924, süre Dohan, aýat 19- 27

راهی بسوی نور(924)

Dohan süresi, 19-20 we 21-nji aýatlar :

وَلَقَدْ فَتَنَّا قَبْلَهُمْ قَوْمَ فِرْعَوْنَ وَجَاءَهُمْ رَسُولٌ کَرِیمٌ ﴿١٧﴾ أَنْ أَدُّوا إِلَیَّ عِبَادَ اللَّهِ إِنِّی لَکُمْ رَسُولٌ أَمِینٌ ﴿١٨﴾ وَأَنْ لا تَعْلُوا عَلَى اللَّهِ إِنِّی آتِیکُمْ بِسُلْطَانٍ مُبِینٍ ﴿١٩﴾ وَإِنِّی عُذْتُ بِرَبِّی وَرَبِّکُمْ أَنْ تَرْجُمُونِ ﴿٢٠﴾ وَإِنْ لَمْ تُؤْمِنُوا لِی فَاعْتَزِلُونِ ﴿٢١﴾

<< we allanyň garşysynda ulumsyramaň bilseňiz men size äşgär we aýan delilleri getirdim // we meni daşlamaňyz barada öz perwerdigärime we siziň perwerdigäriňize pena getirýärin // we egerde maňa iman getirmeseňiz onda menden daş duruň we meni öz halyma goýyň. >>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti musa (a.s) alla tarapyndan Fyrawnyň üstüne baryp bäni ysraýyl kowumunyň azatlygyny ondan isledi. gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda hem hezreti musanyň dessanyny dowam edip aýdýar : musa Fyrawnyň adamlaryna ýüzlenip : maňa ölüm howpy bilen haýbat atmaň, men siziň bu haýbatyňyzdan gorkup saýlan ýolumdan dänmerin, bilseňiz men size aýdyň delilleri we mugjyzalary getirdim onda allanyň garşysynda ulumsyramakdan saklanyp onuň emrine boýun boluň , men allanyň iberen resuludyryn we siziň hilelerňiziň garşysynda allanyň özüne pena getirýärin we ol hem islese meni siziň hiläňizden we howpuňyzdan gorar diýip aýtdy .

Indi siz meniň aýdýan zatlaryma iman getirmekden ýada allanyň emrine boýun egmekden saklanýan bolsaňyz saklaberiň ýone meni we maňa eýerýän adamlara azar bermäň we bizi öz erkimize goýuň diýip hezreti musa Fyrawnyň adamlaryna aýtdy.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- tekepbirçilik ylaýtada allanyň garşysynda özüňi uly saýmaklyk gaty ýaramaz häsiýetdir .

2- pygamberleriň çakylygy mantyk we delil esasynda bolandyr, ýene bir ybaratda pygamberler ynsanlary alla tarap çagyrmakda olara aýdyň delilleri getirendirler. oňa görä her kim bu delileri kabul etmese delilleriň ejizligi ýada gümürtikliligi üçin däldir eýsem ol delelleri kabul etmeýänleriň tekepbirligi üçindir.

3- dini wagyz etmekde duşmanlaryň berýän basyşlary ýada atýan haýbatlary bizi dini wagyz etmekden alyp galmaly däldir .

4- din taglymatyny öňe äkitmekde kä mahallar duşmanlardan daş durup ýagdaýyň gawylaşmagyna garaşmalydyr.

Dohan süresi, 22-23 we 24-nji aýatlar :

فَدَعَا رَبَّهُ أَنَّ هَؤُلاءِ قَوْمٌ مُجْرِمُونَ ﴿٢٢﴾ فَأَسْرِ بِعِبَادِی لَیْلا إِنَّکُمْ مُتَّبَعُونَ ﴿٢٣﴾ وَاتْرُکِ الْبَحْرَ رَهْوًا إِنَّهُمْ جُنْدٌ مُغْرَقُونَ ﴿٢٤﴾

<< (Fyrawnyň adamlary onuň aýdanlaryny kabul etmediler) şonda (musa) perwerdigärine ýüzlenip , bu kowum günäkär kowumdyr diýip aýtdy // perwerdigär hem aýtdy : meniň bendelerimi gijesine göçür sebäbi siz (olar tarapyndan) yzarlanyp ýöränsiňiz .// we derýany asudalyk bilen arka atyň elbetde olar gark boljak goşundyr. >>

Hezreti musa (a.s) Fyrawny we onuň köşk adamlaryny dogry ýola çagyrmakda köp zähmetleri çekip netije almany soň taňry tagaladan Fyrawnyň gümra kowumuny we adamlaryny jezalandyrmagyny diledi . taňry tagala hem hezreti musa (a.s) we bäni ysraýyl kowumuna ýaşrynlykda müsürden çykyp felestin yurduna tarap gitmekligi buýrdy . elbetde şonda bäni ysraýyl kowumunyň Fyrawn tarapyndan yzarlanyljakdygyna şek-şübhe ýokdy. Şonuň üçin taňry tagala hezreti musa (a.s) göwünlik berip : gorkman özüňizi nil derýasyna uruň men sizi sag-aman geçirerin ýöne sizi yzarlap gelýän Fyrawnyň goşunyny nil derýasynda gark ederin we olaryň eli size ýetmez” diýip aýtdy .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- köpçüligiň gönä işlere endik etmekleri pygamberleriň kelamynyň şol köpçülikdäki adamlara täsir etmezligine sebäp bolýandyr.

2- ugrunda talaş edilmeýän dogalaryň täsiri bolmaz, biz deslap öz zähmetimizi çekip borjumyzy ýerine ýetirmelidiris soň alladan hem işmize bereket bermegini dilemelidiris şonda alla hem işimizi oňuna etjekdir.

3- alla yrada etse hatda nil derýasyndan hem ýol ýasap bir topar ynsanlary ondan sag-aman geçrip bilýändir .

Dohan süresi, 25-26 we 27-nji aýatlar :

کَمْ تَرَکُوا مِنْ جَنَّاتٍ وَعُیُونٍ ﴿٢٥﴾ وَزُرُوعٍ وَمَقَامٍ کَرِیمٍ ﴿٢٦﴾ وَنَعْمَةٍ کَانُوا فِیهَا فَاکِهِینَ ﴿٢٧﴾

<< ençeme baglary we bulaglary yzynda galdyrdylar // ( ýene köp ) ekiş ýerleri we köşk-saraýlary // we içlerinde hoş we horram bolýan nazy nygmatlaryny (yzlarynda galdyrdylar). >>

Gurhany kerim geçen aýatlarda Fyrawn we onuň goşununyň nil derýasynda gark bolmaklaryna yşarat edeni soň bu aýatlarda aýdýar : özüni hudaý bilip hezreti musanyň çakylygyny kabul etmekden saklanan Fyrawn nil derýasynda gark bolup barça zatlaryny , köşki eýwanyny we baýlyklaryny elden berdi we olaryň hemmesi bäni ysraýyl kowumunyň eline düşdi. gaty geň galmaly zat  düýne çenli gul bolup Fyrawnyň elinde azar görýän kowmuň indi Fyrawnyň köşki saraýlaryna we baýlyklaryna eýe çykmagy, hakykatdanda geň galmaly zatdyr . bu wakada Fyrawnyň we onuň adamlarynyň nil derýasynda gark bolup olaryň bütin baýlyklarynyň bäni ysraýylyň eline düşmegi allanyň mugjyzasy bilen bolandyr . hezreti musa (a.s) haçanda Fyrawnyň elinden gaçyp nil derýasyna baranda allanyň emri bilen hasasyny nil derýasyna urdy şonda nil derýasy böwsildi we bäni ysraýyl kowumy sag-aman derýadan geçdiler. ýöne Fyrawn we onuň goşuny ýaňky açilan ýoldan geçjek bolanlarynda suw ýene öňki jaýna dolanyp olary gark etdi .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- allanyň yradasy hemmeleriň yradasyna üstemdir, hiç kimiň hatda güýçli-güýçli döwletleriň yradasy hem allanyň yradasy bilen barabarlyk edip bilmez .

2- köp mümkinçilikler we baýlyklar hökmany suratda ynsana asudalyk we amanlyk bagş edip bilýän däldirler, alla gahar etse bu zatlar ynsanyň derdine dewa bolup bilmezler .

3- dünýäniň asudalygyna we baýlyklaryna ynam edip bolmaz. her salym olaryň elden gitmekleri mümkindir.

4- güýç-kuwwat we baýlyk ynsany hökmany bagytly edip bilýän däldirler. güýç-kuwwatlaryna we baýlyklaryna magtanyp heläk bolan adamlar az däldir.

/////////////