bölüm 925, süre Dohan, aýat 28- 36
bölüm 925, süre Dohan, aýat 28- 36
راهی بسوی نور(925)
Dohan süresi, 28 we 29-njy aýatlar :
کَذَلِکَ وَأَوْرَثْنَاهَا قَوْمًا آخَرِینَ ﴿٢٨﴾ فَمَا بَکَتْ عَلَیْهِمُ السَّمَاءُ وَالأرْضُ وَمَا کَانُوا مُنْظَرِینَ ﴿٢٩﴾
<< ( hawa ) şeýle bolupdi we biz olaryň ( baýlyklaryny ) başga bir kowuma miras edip berdik. // şonda olar üçin ne asman aglady we nede ýer. we olar möhlet tapmadylar. >>
Gurhany kerim geçen aýatlarda Fyrawn kowumynyň dessanyny beýan etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : Fyrawn we onuň adamlarynyň nil derýasynda garyk bolmaklaryndan soň olardan galan zatlaryň hemmesine bäni ysraýyl kowumy eýe çykdy şeýlelik bilen bäni ysraýyl kowumy zähmet çekmän köp baýlygyň eýesi boldy . gurhany kerim şuyära süresinde hem Fyrawn bilen bäni ysraýyl kowumynyň gürrüňlerine girişip : Fyrawn we onuň adamlarynyň nil derýasynda garyk bolmaklaryndan soň bäni ysraýyl kowumynyň bir topury musyr ýürdine dolanyp ol ýerde höküm rowanlyk etdiler diýip aýdýar.
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem fyrawn we onuň adamlarynyň ýok olmaklaryna yşarat edip : olar şeýle bir ýok oldylar weli olaryň ýok olyşlaryny hiç kim bilmän galdy olar üçin gynanyp aglan hem bolmady şeýlelik bilen asman bilen ýer olaryň ýok olmaklaryndan soň asuda boldylar diýip beýan etýär.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- sütemkär kowumlaryň ýok olmaklary, allanyň ynsanlara ybrat bolar ýaly ýer ýüzünde ber karar edip goýan ylahy kadasydyr.
2- diňe bir ynsanlar däl eýsem tebigatdaky beileki närseler hem zalymlaryň ýok olmaklaryndan hoş bolýandyrlar .
Dohan süresi, 30, 31, 32 we 33-nji aýatlar :
وَلَقَدْ نَجَّیْنَا بَنِی إِسْرَائِیلَ مِنَ الْعَذَابِ الْمُهِینِ ﴿٣٠﴾ مِنْ فِرْعَوْنَ إِنَّهُ کَانَ عَالِیًا مِنَ الْمُسْرِفِینَ ﴿٣١﴾ وَلَقَدِ اخْتَرْنَاهُمْ عَلَى عِلْمٍ عَلَى الْعَالَمِینَ ﴿٣٢﴾ وَآتَیْنَاهُمْ مِنَ الآیَاتِ مَا فِیهِ بَلاءٌ مُبِینٌ ﴿٣٣﴾
<< dogrudanda bäni ysraýyly uly elhenç azapdan halas etdik // tekepbir we ysryp edijilerden bolan Fyrawnyň azabyndan // we dogrudanda olary ylym bilen älem- jahanlylara üstemlik bagş etdik // we içinde aýat we nyşanlardan aýan synaw bolan närsäni olara berdik. >>
Hezreti musa (a.s) Fyrawnyň öňünde dordy. Fyrawn bir zalym we sütemkär häkimdi , gan dökmekden hem gorkmaýardy we özüni hemmelerden we hemme zatdan ýokarda bilýärdi ol sütem etmekde hetden geçýärdi sütemkärlikde onuň taýy ýokdy . olaryň gyz çagalaryny gyrnak edip ogyl çagalaryny dünýä gelen badyna öldürýärdiler we bäni ysraýyl kowumyndan ýesir hökmünde iş çekýärdiler . ahyr soňda taňry tagala bäni ysraýyl kowumyny Fyrawnyň elinden halas etmek üçin hezreti musa (a.s)-ny pygamber edip iberdi . şeilelik bilen bäni ysraýyl kowumy hezreti musa (a.s)-yň ýolbaşçylygynda Fyrawnyň we onuň adamlarynyň elinden halas bolmagyň ýanynda olaryň baýlyklaryna we ýer ýurtlaryna hem eýe boldular . taňry tagala bu zatlardan aýry bäni ysraýyl kowumyny synamak üçin olara ýene bir näçe närsäni şol sanda Bakara süresinde hem gelşi ýaly olara asmanlyk nygmat bolan män we sälwä nygmatlaryny bagş etdi şeilede bir uly daşy ýaryp ondan bäni ysraýylň 12 tiresine 12 çeşmäni akdyrdy.
Bu zatlaryň hemmesi synaw üçindi sebäbi taňry tagala bir topar ynsanlary musybat bilen synaýan bolsa ýene bir topar ynsanlary nygmat bilen synaýandyr . umuman gurhanyň garaýşynda hem kynçylyklar we musybatlar hemde asudalyklar we nygmatlar ynsanlary synamak üçin bir wesiledirler . ýöne bäni ysraýyl kowumy allanyň beren ýaňky nygmatlarynyň gadyrny bilmediler şeilelik bilen bu ylahy synawdan şowsuz çykdylar .
Gurhany kermiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- pygamberi goldap pygambere eýerýän ynsanlar, zalymlaryň elinden halas bolup biljekdirler.
2- özüňi özgelerden üstem saýyp hetden geçmeklik Fyrawnyň hasiýetlerindendir.
3- ýaramaz häsiýetler we telek işler milletleriň we halyklaryň heläk bolup ýok olmaklaryna sebäpkärdirler .
4- allanyň ynsanlara we köpçüliklere berýän zatlary synaw üçindir we allanyň berýän bu zatlarynda paryk goýmaklyk ýada birini ýene birinden artykmaç görmeklik dilen zat ýokdur.
Dohan süresi, 34, 35 we 36-njy aýatlar :
إِنَّ هَؤُلاءِ لَیَقُولُونَ ﴿٣٤﴾ إِنْ هِیَ إِلا مَوْتَتُنَا الأولَى وَمَا نَحْنُ بِمُنْشَرِینَ ﴿٣٥﴾ فَأْتُوا بِآبَائِنَا إِنْ کُنْتُمْ صَادِقِینَ ﴿٣٦﴾
<< takyk bu ( müşrükler ) aýdýarlar : // deslapky ölümden aýry zat bolmaz we bizä gaýtadan direlmek ýokdur// egerde aýdýanyňyz dogry bolsa onda biziň ata babalarymyzy gaýtaryp getiriň. >>
Fyrawn bilen bäni ysraýyl kowumynyň gürrüňlerinden soň gurhany kerim bu aýatlarda ýene megke müşrükleriniň gürrüňlerine girşip olaryň kyýamaty inkär etmeklerini açyklap berýär . megke müşrükleri kyýamaty inkär etmek bilen : bir adamyň ömür käsesi dolup dünýeden gaýtdymy? onuň üçin hemme zat gutardy ondan soň ol üçin bolmajak zat ýokdur oňa gürä ölen adamyň direlip täzeden ýaşaýyş tapmagy baradaky gürrüňler boş gürrüňler diýip aýdýardylar . mekke müşrükleri şeýle bir boş pikirleriniň üstünde aýak direýärdiler weli yslam pygamberine ýüzlenip : egerde aýdýanyň dogry bolsa onda biziň geçenlerimizi we ata babalarymyzy şu dünýede direlt tä biz seniň aýdýanlaryňy kabul edeili diýip aýdýardylar .
Allatagala geçen pygamberlere şol sanda hezret isa (a) beren müjizesi bilen ölileri hem direldendir umuman alla tagala her bir zady yrada etse ol hökman boljakdyr . öli direljekdir suw tersine akjakdyr . ýöne allanyň ýer ýüzünde ber karar edip goýan ylahy kadasy , ölileri şu dünýede direltmek esasynda düzilen däldir . ynsanlaryň kyýamatda hem direldilmekleri ýöne ýere däldir eýsem ynsanlaryň amalyna ýetişiklik edip sogaply işlerine ser paý we günä işlerine hem jeza bermek üçindir . unsuňda haky kabul etmejek adam , pygamberiň tarapyndan öliň direldilmegine gözli şaýat bolsada öz pikrinden gaýtmaz eýsem bu zat jad göilik diýip ony inkär eder .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gurhany kerim möminleriň ynam, ygtykatlaryny berkitmek üçin kapyrlar we müşrükleriň aýdýan gürrüňlerini açyklap berýändir.
2- kapyrlar we müşrükler kyýamaty inkär etmekde delil getirýän däl dirler eýsem olar öz gumanlaryny dogry bilip şonuň üstünde aýak direýandyrlar.