Dec 07, 2022 13:11 Asia/Ashgabat

bölüm 926, süre Dohan, aýat 37- 50

راهی بسوی نور(926)

 

Dohan süresi, 37-nji aýat :

أَهُمْ خَیْرٌ أَمْ قَوْمُ تُبَّعٍ وَالَّذِینَ مِنْ قَبْلِهِمْ أَهْلَکْنَاهُمْ إِنَّهُمْ کَانُوا مُجْرِمِینَ ﴿٣٧﴾

<< olar gawymy ? ýada Tobbä Kowumy. we (ýada) olardan öň geçenler ? biz olary helak etdik, çünki olar jenaýatkärdiler. >>

Gurhany kerim bu aýatda yslam pygamberi bilen jedel edip ony inkär edýän mekke müşrüklerine ýüzlenip aýdýar : siz güýçlimi? ýada arap ýarym adasynyň günortasynda ýerleşen Ýämän ýurdynyň ýaşaýjylary? olaryň bereketly abadan ýer-ýurtlary bardy we güýç-kuwwatlary hem kändi. ýöne zülüm edip pysat işlere ulaşdylar, şonuň üçin hem heläk bolup ýok edildiler. onda siz hem şeýle bir ykbala uçramak howpundan gorkuň .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhany kerim ynsanlary dogry ýola getirmek üçin geçen kowumlaryň uçran şum ykbaly bilen olara duýduryş berýär .

2- taňry tagala kä işlere dünýäde hem jeza berýändir köpçülikde zülüm , pysat we jenaýat etmeklik şol işleriň sanyndandyr .

Dohan süresi, 38 we 39-njy aýatlar :

وَمَا خَلَقْنَا السَّمَاوَاتِ وَالأرْضَ وَمَا بَیْنَهُمَا لاعِبِینَ ﴿٣٨﴾ مَا خَلَقْنَاهُمَا إِلا بِالْحَقِّ وَلَکِنَّ أَکْثَرَهُمْ لا یَعْلَمُونَ ﴿٣٩﴾

<< we biz gökleri we ýeri we olaryň arasyndaky närseleri oýun üçin ýaratmadyk // biz olary hakykatdan aýry zat üçin ýaratmadyk, ýöne köpüsi ony bilmeýärler. >>

geçen aýatlarda kýamat hakynda gürrüň etdik gurhany kerim bu aýatlarda kyýamatyň näme üçin goýulmagyna yşarat edip aýdýar : bu gökler , ýer we bu azamatly älem- jahan ýöne ýere ýaradyldylarmy we oýun üçin ýaradyldylarmy ? we olary ýaratmakdan hiç bir maksat ýokmy ? we ölümden soň hemme zat gutarýarmy ? we ýaşaýyşyň soňy puçmy?

Egerde ýaşaýşyň soňy puç bolsa bu barlygyň dikeldilmegi bir hili çagalaryň oýuny ýaly bolar, we bir hereket bilen oýunyň soňy harap bolar.

Kapyrlar we kyýamaty inkär edýän adamlar ölümi ýaşaýyşyň soňy bilýärler we ölümden soň hiç zat ýok diýip aýdýarlar. Olarň pikriçe munça okyply we başarnykly ynsan diňe şu dünýäde bäş gün ýaşap ýok olmak üçin ýaradylandyr we ölüm bilen hem barça zatlar gutarýandyr . olaryň bu pikri esasynda ýaradylyş bir oýundyr we onuň başga hiç bir maksady ýokdur .

Ýöne gurhanyň garaýşyndan ölüm , ýene bir ýaşaýyşyň we ýene bir dünýäniň başlangyjydyr. ol ýaşaýyş we ol dünä bu dünýäniň ýaşaýşyndan has ulurakdyr hemişelikdir. bu dünýä we bu dünýäňiň ýaşaýyşy ol dünýäniň we ahyrat ýaşaýşynyň ýanynda hiçdir we hasaba gelýän däldir.

Taňry tagalanyň şu dünýäni we şu dünýäniň ýaşaýyşyny bihuda ýaradan bolmagy kabul ederly däldir bu zat allanyň hikmeti bilen dogry okaýan däldir.

Gurhany kerim bu aýatlarda älem- jahanyň we ýaradylyşyň berhaklygyna yşarat edendir. bu bolsa allanyň bu zatlary bihuda ýaratman onuň yzynda bir uly maksadynyň bardygyny mälim edýändir .

gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- egerde ynsanyň ýaşaýyşy ölüm bilen soňlap onuň soňy hiç bolsa onda ynsan üçin ýaradylan bu azamatly barlygyň hem soňy hiç boljakdyr.

2- egerde barlygyň maksady bar bolsa onda biz ynsanlar öz ýaşaýyşymyzy şol maksada tarap gönükdirmelidiris .

3- ýaradylyşy bihuda we maksatsyz bilmeklik ynsanyň kyýamaty inkär etmekligine sebäp bolýandyr.

 

Dohan süresi, 40, 41 we 42-nji aýatlar:

 إِنَّ یَوْمَ الْفَصْلِ مِیقَاتُهُمْ أَجْمَعِینَ ﴿٤٠﴾ یَوْمَ لا یُغْنِی مَوْلًى عَنْ مَوْلًى شَیْئًا وَلا هُمْ یُنْصَرُونَ ﴿٤١﴾ إِلا مَنْ رَحِمَ اللَّهُ إِنَّهُ هُوَ الْعَزِیزُ الرَّحِیمُ ﴿٤٢﴾

<< dogrudanda ( hak bilen batylyň ) jyda ediljek güni olaryň hemmesine wada berlen zatdyr // şol gün hiç bir döst öz döstüni himaýat etmez we olara goldaw berilmez // meger , allanyň rahmatyna gabat gelen kimse bolmasa , (çünki ) alla gudratly we merhemet eýesidir. >>

Gurhany kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda kyýamatyň kä ýöriteliklerine yşarat edip aýdýar : kyýamat güni jydalygyň günüdir şol günde hak bilen batylyň arasy belli ediler we ynsanlar , öz amallaryndan aýry başga zatlaryň hemmesinde hatda dogan-garyndaş we döst-ýardan jyda düşerler, her kim öz başy bilen gaý bolar, hiç kimi hiç kim goldamaz, bütin baglanşyklar öziler, ynsana kömek beren bolmaz, şeýle bir ýowuz ýagdaýlarda diňe allanyň lotfy keremi we rahmaty ynsany halas edip biler. taňry tagala bolsa şol günde diňe özüniň hakyky bendelerini goldap olary bu ýaramaz ýagdaýdan halas eder.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamat güni ynsanlaryň birek-birekden , döst-ýardan we dogan-garyndaşdan jyda düşjek günüdir. onda kyýamatda olaryň hiç birisinden ynsana kömek ýetmez .

2- kyýamat gününde ynsanlaryň hemmesi bir uly meýdanda jem boljakdyrlar. ýöne her bir ynsan şol uly üýşmelegiň we jemiň arasynda ýekedir, penasyzdyr we oňa himaýat beren bolmaz .

3- kyýamatda ynsanlaryň ykbaly diňe allanyň elinde bolar, alla bolsa kapyrlara gatylyk we gazap bilen we möminlere hem ýumşaklyk we mähribanlyk bilen çemeleşjekdir.

 

Dohan süresi, 43, 44, 45, 46,47, 48, 49 we 50-nji aýatlar:

إِنَّ شَجَرَةَ الزَّقُّومِ ﴿٤٣﴾ طَعَامُ الأثِیمِ ﴿٤٤﴾ کَالْمُهْلِ یَغْلِی فِی الْبُطُونِ ﴿٤٥﴾ کَغَلْیِ الْحَمِیمِ ﴿٤٦﴾ خُذُوهُ فَاعْتِلُوهُ إِلَى سَوَاءِ الْجَحِیمِ ﴿٤٧﴾ ثُمَّ صُبُّوا فَوْقَ رَأْسِهِ مِنْ عَذَابِ الْحَمِیمِ ﴿٤٨﴾ ذُقْ إِنَّکَ أَنْتَ الْعَزِیزُ الْکَرِیمُ ﴿٤٩﴾ إِنَّ هَذَا مَا کُنْتُمْ بِهِ تَمْتَرُونَ ﴿٥٠﴾

<< şübhesiz zakkum agajynyň miwasy //günäkärleriň damagy bolar // erän mis ýaly garynlarynda gaýnar // gaýnan suw ýaly çogar // ony tutup dowzahyň ortasyna äkidiň // onsoň gaýnap duran suwuň azabyny depesinden guýuň // ( bu azabdan ) dat , sen (öz ýanyňdan ) özüňi gudratly we hormatly adam bilýärdiň // bu zat seniň oňa hemişe şübhe bildiren zadyňdy (diýlip aýdylar). >>

Gurhany kerim geçen aýatlarda kyýamatda günäkär adamlara we kapyrlara beriljek güýçli we elhenç azaplaryň bir näçesine yşarat edýär . umum ilatyň ynamyna görä dowzah diýlen ýer, günäkär we kapyr adamlaryň oda ýakylýan ýeri bolmaly. Ýöne gurhany kerimiň bu aýatlary esasynda dowzah diýleni diňe bir ot däldir eýsem onda ýaşaýyş hem bardyr , swu we damak hem bardyr, ýöne dowzahda ynsana beriljek swu we damak , iýip içip lezzet almak üçin däl eýsem azap bermek üçin onuň damagy erip duran mis ýaly swuy hem gaýnap duran swu ýaly ynsanyň içyny bagryny ýakjakdyr, bu zatlar ynsanyň janyna nuş boljak däldirler eýsem onuň dowzahda çekýän azabyny artdyrjakdyrlar .

Dowzahda şu hili azap çekip duran adama ruhy taýdan hem azap berlip : indi bu azaby çek , dünýäde garyp gasarlara , ýetim , ýesirlere köp sütemleri edip bu hşleriň Soragy bolmaz diýen gumandadyňyz özüňizden gudratly we hormatly adam dünýäde ýokdur diýip guman edýärdiňiz indi şol eden etmişleriňiziň azabyny çekiň diýlip aýdylar.

Elbetde dowzahda ynsanlara beriljek azap olaryň dünýäde eden etmişlerine laýyklykda bolar dowzah ähline garalyp : bu çekýän azabyňyz siziň dünýäde hemişe şübhe bildiren zadyňyzdyr diýlip aýdylar.

gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanyň dünýäde eden etmişleri we günä işleri kyýamatda ot bolup onuň ýakasyndan ýapyşjakdyr. Onda dünýäden gaýtmazdan ozal günä işleri terk edip özümizi dowzahyň odundan halas etmelidiris .

2- kyýamatyň azaby hem ynsanyň jysmyna hemde ruhuna azar berýändir.

 

  •