Dec 07, 2022 13:20 Asia/Ashgabat

bölüm 927, süre Dohan, aýat 51- 59

راهی بسوی نور(927)

 

Dohan süresi, 51, 52, 53, 54 we 55-nji aýatlar :

إِنَّ الْمُتَّقِینَ فِی مَقَامٍ أَمِینٍ ﴿٥١﴾ فِی جَنَّاتٍ وَعُیُونٍ ﴿٥٢﴾ یَلْبَسُونَ مِنْ سُنْدُسٍ وَإِسْتَبْرَقٍ مُتَقَابِلِینَ ﴿٥٣﴾ کَذَلِکَ وَزَوَّجْنَاهُمْ بِحُورٍ عِینٍ ﴿٥٤﴾ یَدْعُونَ فِیهَا بِکُلِّ فَاکِهَةٍ آمِنِینَ ﴿٥٥﴾

<< dogrudanda , takwa adamlar , aman ýerlerdedyrlar// olar , agaçlaryň arasynda we akar swularyň kenaryndadyrlar.// olar , ýuka we galyň ýüpek donlary geýendirler we tagytlaryň üstünde bir birleriniň garşy-garşy oturýandyrlar// Biz şu hili paý padaş berýändiris we gözleri awadan bolan hüýrler bilen olary baş çatyşdyrýandyrys.// Ol ýerde her hili irimişleri halasalar asudalyk bilen isläp bilerler. >>

Geçen gepleşikde , dowzahdaky zalymlaryň we günäkärleriň ýagdaýlaryna yşarat boldy . ýöne bu aýatlar , behiştdäki takwa adamlaryň ýagdaýlaryny teswire çekip, şeýle aýdýar: Olaryň orunlary kämil amanlykdir, Amanlyk diýmekden maksat , her hili gamdan gussadan dertden renjden we musybatdan halas bolmakdyr. Şu hili amanlygy we asudalygy duýmak alla tagalanyň uly nygmatlaryndandyr . we dünýäde her kim bu hili nygmatdan paýly bolsa elmydam asuda ýaşap , aram boljakdyr. Behişti bolan adamlaryň ýaşaýan ýerleri durly bag agaçlaryň we bustanlaryň arasynda we durly akar suwlaryň we şarlawuklaryň kenaryndadyr. We munuň özi diýseň , şatlyk döredijidir , we düregi we parhly bolmagy sebäpli hiç haçan behiştdäki adamlar , bu mekandan , ýadaýan däldirler .

Dünýäde ýüpek donlary ýumşaklykde we gözellikde at çykarandyrlar we allatagala behiştdäki adamlara ýçpek donlary wada berendir elbet dürli reňlerde we şekillerde bolan ýüpek donlary berýändir we bu hili donlar elmydam täze we haýran galdyrjydyrlar.

Behiştdäki adamlaryň arasynda mähribanlyk we ysnaşyk berkarardyr . we olar , sapaýlylyk we magnewiýetden doly bolan uturulşyklarda , özlerini bir birlerinden üstem saýman tagytlarda oturýandyrlar.

Ynsanlyk duýgularyň kyýamatda hem ynsan bilen bile boljakdygyna karanyňda , alla tagala , ýer ýüzündäki adamlaryň hyýallaryna sygmaýan gözel başdaşlary olara nesip ediljekdir . we şeýle bir iş bilen , olaryň dünýäde namähreme bakmadyklary üçin we günä işlere barmadyklary üçin olara paý padaş beriljekdir.

Ynsanyň jismi gereklikleriniň ýene biri iýip içmek meselesidir . behiştdäki adamlar näme zady isleseler , olara taýýar ediljekdir. olar , diňe belli bir pasyllda bidýän miwalardan dälde eýsem , durly pasyllarda agaçlarda bolup durýan ajaýyp datly miwalardan peýdalanjakdyrlar . bu hili miwalar elmydam olaryň el ýeterliginde boljakdyr . we olary ýygmak üçin hiç bir zähmet çekmek gerek däldir.

Gurhany kerimiň bu Aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- aramlyk we amanlyk behiştdäki nygmatlaryň muhumragydyrlar . behiştde , zerer we zyýan şeýlede hatar we ölüm barada biynjalyk bolmak we nygmatlary elden bermek howpy ýokdur.

2- ynsany behişte laýyk edýän zat , takwa bolmak we günä işlerden daş dormakdyr .

3- dünýäde , zyýanlary we zererleri babatly adamlar şu hil zatlardan saklanan bolsalar , onuň netijesini behiştde gowy tärde görjekdir.

4- behiştdäki adamlaryň özara dostlyk oturulşyklary bolýar , olar bu meseleden lezzet alýandyrlar.

 

Dohan süresi, 56 we 57-nji aýatlar :

لا یَذُوقُونَ فِیهَا الْمَوْتَ إِلا الْمَوْتَةَ الأولَى وَوَقَاهُمْ عَذَابَ الْجَحِیمِ ﴿٥٦﴾ فَضْلا مِنْ رَبِّکَ ذَلِکَ هُوَ الْفَوْزُ الْعَظِیمُ ﴿٥٧﴾

<< Behişte baran adamlar , başdan geçiren ilkinji ölümlerinden başga hiç bir ölümiň tagamyny dadjak däldirler , we alla tagala olary ýandyryjy azapdan gorap saklandyr// bularyň bary seň Repbiň tarapyndan bolan fazyl we bagşeşdir we bu bolsa edil şol uly bagtyýarlygyň özidir. >>

Dünýäde adamlaryň mydamlyk gaýgylarynyň biriside ölümdir , ölüm adamyň öz kowum hyşlaryndan we dost-ýarlaryndan we başga gowy görýän zatlaryndan jyda bolmagyna sebäp bolýandyr.

Ýöne alla tagala behiştde adamlara ölüm ýok we olar mydamlyk ýaşajakdyrlar diýip söz berýär we adamlaryň bu hili behiştde mydamlyk ýaşamaklary gurhany kerimiň ençeme aýatlarynda “ haledinä fihä “ diýlen söz bilen nygtalýar. elbetde , olary ölümiň behiştden jyda edip bilmeýändigä bärde dursun eýsem olar hiç haçan behiştden dowzaha geçiriljek däldirler . elbet mümkin kä admlar dünýäde eden günä işleri babatly deslap dowzaha düşsinler ýöne günäleri päk bolany soň behişde barjakdyrlar we behiştden dowzaha barmaklyk asla ýokdur.

Her halda , behişte baran adamlary , alla tagala öz keremi bilen bagyşlandyr we olary dowzah azabyndan gorandyr. We şol sebäpli mundan beýläk , azapdan we jezalandyrmak meselesinden , biynjalyk bolýan däldirler.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda ýene bir möhüm meselä yşarat edip aýdýar: Bu nygmatlaryň hemmesi hudaýlykly lotfy keremdir, ýogsa , tebigi tärde we adat boýunça , adamlar , azajyk eden ýagşy işleri babatly bu hili müdimi bagtyýarlyga ýetmeklige laýyk däldirler . ýöne alla tagala özüniň lotfy keremi bilen bu hili bol nygmatlary özüniň dogurçyl we päk bendeleriniň erkinde goýandyr, we olara şeýle bir uly bagtyýarlyk beriljekdir welin , onuň nähili ulydygy dünýedäki adamlaryň aklyna hem sygjak däldir.

Her halda , şeýle bir uly padaşlara ýetişmek , behişt ähli üçin uly üstünlikdir we bu zat allanyň lotfy bolmasa boljak däldir.

Gurhany kerimiň bu Aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- her kim behişte girse ondan çykjak däldir we ol ýerde müdimi galjakdyr.

2- her kim dünýäde , öz haý-höwesleriniň garşysynda dorup özüni günä işlerden goran bolsa alla tagala ony dowzah odundan gorajakdyr.

3- biziň dünýäde bitirýän ýagşy işlerimiz az we çäklidir , we bu az işleri behiştdäki uly nygmatlar bilen deňäp bolmaz. onda behişt we ondaky nygmatlar allanyň lotfy keremi bilen adama beriljekdir.

 

Dohan süresi, 58 we 59-njy aýatlar :

فَإِنَّمَا یَسَّرْنَاهُ بِلِسَانِکَ لَعَلَّهُمْ یَتَذَکَّرُونَ ﴿٥٨﴾ فَارْتَقِبْ إِنَّهُمْ مُرْتَقِبُونَ ﴿٥٩﴾

<< gaflatdan oýanar ýaly biz gurhany seň diliňe aňsat aýlandyrdyk // onda garaş, olar hem garaşyp durandyrlar. >>

Bu aýatlar Dohan süresiniň soňky aýatlary hasaplanýarlar, bu süräniň soňunda pygmaber(s)-e ýüzlenip şeýle gelýär: wahyý indermekden maksat adamlar gaflat ukusyndan oýanar ýaly olara üns bermek , we düşündiriş bermekdir. garamaýak adamlaryň hiç bir bähre alyp bilmeýän ylmy kitaplarynyň tersine gurhan kitabyçuň manaly bolsada , sada we düşnükli dilde beýan edilendir we ony hemme adamlar düşünip bilýändirler. Gurhanyň sözi sada we getirýän delilleri aýdyň we mäkämdir. şonuň üçin hem , ýüreklerde oturup gafyl adamlary gaflat ukusyndan oýandyryp başarýandyr. ýöne , gurhany inkär edip oňa ynanmany , terisleşip , oň bilen duşmançylyk edýän adamlara her näçe gurhan okalsada olar düşünýän däldirler. sebäbi olar haky kabul edip başarmaýadyrlar. Eý pygaber! kapyrlar , öz ýanlaryndan seň we seniň getiren diniň şykese duş bolmagyna garaşyp durandyrlar onda sen hem diniň kapyrlara üstin çykjakdygy barda we bidinligiň we şirkiň dargap ýok oljakdygy barada allanyň beren wadasyna garaşyp dur.

Gurhany kerimiň bu Aýatlaryň öwredýän sapaklary :

1- gurhanyň magaryfy sada we düşnükli dilde umum adamlara aýdylamalydyr. sebäbi onuň maksady diňe ýörite bir topary dälde eýsem umum adamlary hidaýat etmekdir. Alla tagala asmanlyk kitaplary we pygamberleri iberip adamlara aýdylmaly zatlary aýdandyr. Indi eger bir adam bilkastlaýyn haky kabul etmese onda ol allanyň gahar gazabyna garaşmalydyr.

 

 

Dohan süresiniň soňy