Dec 13, 2022 12:14 Asia/Ashgabat

bölüm 930, süre Jasiýe, aýat 15- 20

راهی بسوی نور(930)

 

Jasiýe süresi, 15-nji aýat :

مَنْ عَمِلَ صَالِحًا فَلِنَفْسِهِ وَمَنْ أَسَاءَ فَعَلَیْهَا ثُمَّ إِلَى رَبِّکُمْ تُرْجَعُونَ ﴿١٥﴾

<< her kim bir ýagşy işi etse onuň öz peýdasynadyr we her kim telek iş etse onuň (hem) öz zyýanynadyr. iň soňda öz perwerdigäriňiziň tarapyna gaýtaryljaksyňyz. >>

Geçen gepleşigiň soňky aýatynda kyýamaty inkär edýänlere ahyretde nä hilli çemeleşiljekdigi barada gürrüň etdik. gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar: siziň edýän käpyrçylygyňyz ýada getirýän imanyňyz şeilede emre eýermegiňiz ýada ondan boýun gaçyrmagyňyz alla üçin peýdaly ýada zyýanly zatmyka diýip guman etmäň her kim eder özüne eder ýagşy iş etse ahyretde serpaý alar telek iş etse ahyretde jeza görer. ynsanlaryň dünýäde edýän işleri bir okuçyň okuwa bolan yhlasy ýalydyr. egerde okuçyň klasa we sapaga yhlas görkezse onuň miwasyny özi alar egerde yhlas görkezmese onuň ýaramaz netijesini görmeli bolar. okuçyň okuwa yhlas görkezmegi ýada görkezmezligi mugallyma derkär däldir ondan mogullyma ne peýda ýeter nede zyýan.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwreýän sapaklary :

1- ynsanlara kyýamatda serpaý ýada jeza bermek barada allanyň goýan kadasy hemmelere deňdir .

2- taňry tagala ynsana mätaç däldir we onuň goýan taglymaty aslynda ynsanyň ösüp kemal derejelerine ýetmegi üçin goýlandyr.

 

Jasiýe süresi, 16 we 17-nji aýatlar:

وَلَقَدْ آتَیْنَا بَنِی إِسْرَائِیلَ الْکِتَابَ وَالْحُکْمَ وَالنُّبُوَّةَ وَرَزَقْنَاهُمْ مِنَ الطَّیِّبَاتِ وَفَضَّلْنَاهُمْ عَلَى الْعَالَمِینَ ﴿١٦﴾ وَآتَیْنَاهُمْ بَیِّنَاتٍ مِنَ الأمْرِ فَمَا اخْتَلَفُوا إِلا مِنْ بَعْدِ مَا جَاءَهُمُ الْعِلْمُ بَغْیًا بَیْنَهُمْ إِنَّ رَبَّکَ یَقْضِی بَیْنَهُمْ یَوْمَ الْقِیَامَةِ فِیمَا کَانُوا فِیهِ یَخْتَلِفُونَ ﴿١٧﴾

<< biz bäni ysraýyl kowumyna kitap , hökümet we pygamberlik nygmatlaryny bagyş etdik we iň arasta we päk zatlardan olara ryzyk berip (öz döwürlerinde) başgalaryň ýanynda olara pazylat berdik // we (din) işinde olara aýdyň deleileri berdik. ýöne olar ( bir zat barada ) dawa etmediler meger ol barada olara ylym- bilim berlen halynda . özüde jedel we göriplik ýüzünden dawa etdiler . şübhesiz seniň perwerdigäriň olaryň dawa edýän zady barada kyýamatda olaryň arasynda gazyçylyk etjekdir.>>

Gurhany kerim bu aýatlarda taňry tagalanyň bäni ysraýyl kowumyna bagyş eden köp nygmatlaryna yşarat edýär belkide yslam ymmatyna ybrat we pend bolsun diýip . gurhany kerim bu aýatlarda deslap bäni ysraýyl kowumyna berlen asmanlyk kitap , hökümet we pygamberlik ýaly nygmatlara yşarat edip soň olara päk we arasta ryzyk berlendigini ýatlamak bilen aýdýar: bu nygmatlar bilen özge kowumlaryň ýanynda bäni ysraýyl kowumyna pazylat berildi ýöne gynanç bilen olar bir-birlerine göriplik edip olaryň agyzlary alardy. Berlen asmanlyk kitap esasynda olar hakyň nämedigini bilýän ýagdaýlarynda agyz alalykdan el çekmediler, agzy alalygyň uzaga çekmegi bilen olaryň hökümeti dargap şan- şüketlerini elden berdiler .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- bütin nygmatlari alladan bilip olardan dogry haýyrlanmalydyrys şeýdip bilsek alla hem özüniň beren nygmatlaryna bereket berip bizi dünýäde başgalaryň ýanynda üstemlik bagyş etjekdir .

2- hökümet we hökmürowanlyk bilen diniň we pygamberligiň arasynda esasan garşylyk ýokdur oňa görä syýasat we häkimiýet diniň usullary bilen bolmalydyr.

3- alla tagala haky bildirmek üçin kitap we pygamberleri ýollap ynsanyň elinden her hili bahanany alandyr. şonuň üçin hem kyýamatda ynsanlardan hakdan soruljakdyr.

4- ynsanyň hakyky bagtyýarlygy üçin ylym we bilim ýeterlik däldir. Ylym-bilmiň ýanynda iman hem gereklidir- ylym- bilimleri bolup hakdan jyda düşen adamlar we köpçülige agyz alalyk salan adamlar az däldir.

 

Jasiýe süresi, 18, 19 we 20-nji aýatlar :

ثُمَّ جَعَلْنَاکَ عَلَى شَرِیعَةٍ مِنَ الأمْرِ فَاتَّبِعْهَا وَلا تَتَّبِعْ أَهْوَاءَ الَّذِینَ لا یَعْلَمُونَ ﴿١٨﴾ إِنَّهُمْ لَنْ یُغْنُوا عَنْکَ مِنَ اللَّهِ شَیْئًا وَإِنَّ الظَّالِمِینَ بَعْضُهُمْ أَوْلِیَاءُ بَعْضٍ وَاللَّهُ وَلِیُّ الْمُتَّقِینَ ﴿١٩﴾ هَذَا بَصَائِرُ لِلنَّاسِ وَهُدًى وَرَحْمَةٌ لِقَوْمٍ یُوقِنُونَ ﴿٢٠﴾

<< ( eý pygamber! ) onsoň saňa , (din) emrinden ( kämil) şerigaty bagyş etdik . onda oňa eýer we bilmeýän nadanlaryň haý-höweslerine eýermekden saklan .// sebäbi olar allanyň garşysynda hergiz saňa himaýatçy bilmezler. dogrudanda sütemkärler birek-biregi goldaýandyrlar we alla takwa ähliniň hemaýatçysydyr .// bu ( gurhan kitaby ) halkyň gözüni açýandyr we ýagyn ähli üçin hidaýat we rahmatdyr. >>

Gurhany kerim geçen aýatlarda bäni ysraýyl kowumunyň ykbalyny beýan etmekden soň by aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar: biz saňa şerigat berip hak dinina tarap barýan ýoluňy aýdyň etdik, onda şol şerigat esasynda hemmeleri dine tarap çagyr. elbetde müşrükler we kapyrlar seniň garşyňda durup seni waswasa etjak bolup kä işleri ederler kä maslahatlary berip seni özleri bilen hemra etjek bolup tagalla ederler ýöne sen allanyň dininiň üstünde olar bilen ylalaşmaga hakly dälsiň. eý pygamber! sen öz alyp barýan hak ýoluňy mäkäm dowam et, diňe allanyň emrine eýer we garşylaryň isleglerine zerre baha berme, olaryň waswasalaryna hergiz aldanma, sebäbi alla takwa ähliniň himaýatçysydyr sütemkär kapyrlar hem birek-biregiň himaýatçysydyrlar. şondan gelende olar allanyň garşysynda durup bir kimsä zyýan ýetirip bilmezler ýada bir kimsäni allanyň azabyndan halas edip bilmezler. eý pygamber! allanyň saňa beren şu gurhan kitaby saňa ýeterlikdir, sebäbi bu kitap umum halka ägälik berip olaryň gözüni açýan kitapdyr. şübhesiz , bu kitap hakykata ýetmekçi bolan her bir ynsany hidaýat edip ony allanyň ýörite rahmatyndan paýly etjekdir.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- asmanlyk dinlaryň her gaýsy ynsanlary hakykata ýetirmek üçin gelendirler. olaryň sargydy we maksady aslynda bir zatdyr. yslam dini hem şol dinlaryň dowamynda olary kämil etmekde gelendir.

2- allanyň ýoluna eýermedik ynsan özüniň ýada özgeleriň haý-höweslerine eýerip gumra boljakdyr.

3- nadanlaryň isleglerine we aýdýanlaryna eýermeklik olaryň dostlugyny kabul edip allanyň dostlugyndan daş düşmek manasyndadyr.

4- dindar bolmaklyk ägälik ýüzünden bolmalydyr. dindarlyk ägälik ýüzünden bolan ýagdaýynda ynsany hakykata ýetirip biljekdir.

5- gurhan kitaby bütin ýerliklerde şol sanda ahlak , pykyr , sosial , syýasat we içer maşgala ýerliklerde we arabaglanşyklarda ynsanyň düşünjesinde täsir galdyryp oňa ägälik bagyş edýändir.

 

  •