Jan 03, 2023 09:14 Asia/Ashgabat
  • bölüm 934, süre Älähkaf, aýat 1- 5

bölüm 934, süre Älähkaf, aýat 1- 5

راهی بسوی نور(934)

 

Älähkaf süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar :

حم ﴿١﴾ تَنْزِیلُ الْکِتَابِ مِنَ اللَّهِ الْعَزِیزِ الْحَکِیمِ ﴿٢﴾ مَا خَلَقْنَا السَّمَاوَاتِ وَالأرْضَ وَمَا بَیْنَهُمَا إِلا بِالْحَقِّ وَأَجَلٍ مُسَمًّى وَالَّذِینَ کَفَرُوا عَمَّا أُنْذِرُوا مُعْرِضُونَ ﴿٣﴾

<< hä,mim // bu kitabyň inmegi eziz we hekim perwerdigäriň tarapyndandyr // biz asmanlary we ýeri we olaryň arasyndaky bütin zatlary diňe hakdan we belli karardanbaşga , ýaradan däl diris we kapyrlar olary gorkyzlan zatlardan ýüz ögrýädirler. >>

Bu süre hem gurhany kerimiň beileki 28 süresi ýaly kesik-kesik haryplar bilen başlanyp onsuň hem bu haryplardan soň , gürrüň gurhanyň azamaty we ähmiýeti hakda gidýär. megerde alla bu harplar bilen “men siziň erkiňizde bolan şu elipbiý haryplardan bir kitaby döredendirin welin siz oňa meňzeş kitaby getirmekden ejiz we natuwansyňyz. bu bolsa gurhanyň mugjyza bolmagy hakda iň gowy delildir” diýip aýdjak bolandyr.

Eziz we hekim perwerdigäriň tarapyndan gurhanyň inderilmeginiň nygtalmagy bu asmanlyk kitabyň orun mertebesini beýan etmek üçindir. Gurhanyň taglymatlaryna amal etmek adamyň hezzet we gudrat tapmagyna sebäp bolýandyr, çünki gurhanyň bütin taglymaty ylym we hekmet esasynda bolup onda hiç bir puç söz we artykmaç buýruk ýokdur diňe şerigat kitaby dälde eýsem tebigat düzgüni hem hak esasynda ýaradylyp bernama we belli düzgün esasyndadolandyrylýandyr bu düzgünde hem özüne has orundan paýlydyr.

Şeksiz hiç bir asmanlyk kitapda , hakyň tersine ýekeje söz hem ýokdur şeýlede allanyň ýaradan äleminde , haka garşy ýaramaz zat tapylýan däldir. Hemme zatlar öz ýerinde , düzgünli we hak bilen hemradyr. Emma şeýle bir ýaradylyşyň başynyň boluşy ýaly onuň soňy hem bardyr. Emma allanyň barlygyny ýada pygamberleriň pygamberçiligini inkär edýän adamlar perwerdigäriň gurhandäki aýatlaryny ýaradylyş düzgüni we akyl we wahyýnyň duýduryşlaryny äsgerýän däldirler olar hakdan ýüz öwürýändirler we netijede hem özlerini ylahy hidaýatdan mahrum edýändirler.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- gurhan hakyň kelamydyr we ol deslap pygamberiň kalbyna inip onsuň diline gelýändir.

2- tebigat düzgüni we şerigat kanunlary ikisi hem hak we hekmet esasyndadyr çünki olaryň ikisi-de hekim we alym perwerdigäre dolanýandyrlar.

3- ýaradylyş äleminde , gyşarnyga , puçlyga we nädogry zatlara ýol ýokdur.

4- asman we zemin we bütin ýaradylyş , belli zamana eýedirler we hiç biri öz özünden ýüze çykýan däldir.

5- bütin ýaradylyş hak ýolunda hereket edýändir . diňe ynsan , nädogry ýoly saýlap, hak ýolundan çykyp gyşarnykly ýollara gidip başarýandyr.

 

Älähkaf süresi, 4 nji we 5 nji aýatlar:

قُلْ أَرَأَیْتُمْ مَا تَدْعُونَ مِنْ دُونِ اللَّهِ أَرُونِی مَاذَا خَلَقُوا مِنَ الأرْضِ أَمْ لَهُمْ شِرْکٌ فِی السَّمَاوَاتِ اِئْتُونِی بِکِتَابٍ مِنْ قَبْلِ هَذَا أَوْ أَثَارَةٍ مِنْ عِلْمٍ إِنْ کُنْتُمْ صَادِقِینَ ﴿٤﴾ وَمَنْ أَضَلُّ مِمَّنْ یَدْعُو مِنْ دُونِ اللَّهِ مَنْ لا یَسْتَجِیبُ لَهُ إِلَى یَوْمِ الْقِیَامَةِ وَهُمْ عَنْ دُعَائِهِمْ غَافِلُونَ ﴿٥﴾

<< aýt , hudaýyň ýerine çagyrýan zadyňyz ýerde näme zady ýaradypdyrlar ýada asmanlaryň işlerini çäre görmekde olaryň arkalaşan ýeri barmy? aýdýanyňyz dogry bolsa, bu (gurhan) kitabyndan ozal bir kitaby ýada ozalkylaran galan bir ylmy ýazgyny maňa görkeziň’ diýip // we hudaýdan başgany çagyryp kyýamata çenli hem jogap bermeýän närsäni çagyrýanlardan başga gümräräk bolan kimdir-ol närse olaryň çagyrmaklaryny eşitmeýänem däldirler. >>

 

Bu aýatlarda yslamyň hormatly pygamberi , Megkäniň müşrüklerine şeýle sözleri aýtmaga buýrukly bolýar: siziň sygynýan Butlaryňyz , asman we zemini ýaradyp olary dolandyrmakda näme rola eýedirler . siziň özüňiz , ýer , asman , aý we günüň ýaradylmagynyň alla arkaly bolandygyny ykrar edýärsiňiz onda näme üçin bu Butlara sygynyp öz kynçylyklaryňyzy çözmek üçin häsiýetsiz we akyl-paýhasdan daş bolan şeýle zatlaryň ýanyna barýarsyňyz ! size Butlara sygynmaklyga rugshat berýän gurhandan öňürti bir kitap geldimi? Ýada alymlar tarapyndan , alladan başga magbutlara sygynar ýaly ylmy delili hödür berildimi? Butlary ybadat etmek ýa akyl esasynda ýada beýan edilen söz esasynda bolmaly , we siziň erkiňizde şeýle bir delilleriň hiç biri ýokdur. onda siziň gulluk edýän oý-pikriňiz diňe puç we batyl hyýallardan başga zat däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň dowamynda ýene şeýle gelýär:

Siz akyl ýada nakyl esasynda bolan hiç bir delilsiz , hudaýyň ýerine Butlary ýada beileki magbutlary çagyrýarsyňyz, olar ne siziň jogabyňyzy berip bilýändirler, nede siziň isleglerňizi durmuşa geçirip başarýandyrlar. Hakykatda siz gyşarnyga duş bolup güýçli gümrälige duçar bolansyňyz, siz sözleriňizi eşidip başarmaýan düşümsiz we ejiz zatlary çagyryp şolara sygynýarsyňyz . ol Butlar bütin zatlardan gapyl we habarsyzdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- jahany ýaradan halygyň ýolundan başga her bir ýol gyşarnyk we gümrälikdir.

2- kä mahallarda tersleşik bildirýän adamlary , oýlanyp barýan ýollarynyň esassizdigini bilerler ýaly olary hasaply soraglaryň garşysynda goýmak gereklidir.

3- diňe daş we agaçdan bolan Butlar dälde eýsem kä mahallarda dana we başarjaň ynsanlar hem özleriniň we beýlekileriň isleglerini üpjün etmekden ejizdirler we allanyň ýerine olaryň ýanyna baryp olara daýanyp boljak däldir.

4- ynsan her bir işe baş goşsa ýa onuň akly we ylmy delili bolmalydyr ýada hudaýyň we hudaý resulunyň we onuň päk orun tutarlarynyň kelamlaryndan bir delili we hüjjeti bolmalydyr.

 

  •