Jan 03, 2023 09:22 Asia/Ashgabat
  • bölüm 935, süre Älähkaf, aýat 6- 10

bölüm 935, süre Älähkaf, aýat 6- 10

راهی بسوی نور(935)

 

Älähkaf süresi, 6-njy aýat :

وَإِذَا حُشِرَ النَّاسُ کَانُوا لَهُمْ أَعْدَاءً وَکَانُوا بِعِبَادَتِهِمْ کَافِرِینَ ﴿٦﴾

<< we  ynsanlar mähşur bolan mahallary olar (butlar) olaryň duşmany boljakdyrlar we (dünýäde) olara edň bendeligini inkär etjekdirler. >>

Ozalky gepleşikde müşrükleriň butlary ybadat edip olara sygynmaklaryndan gürrüň boldy . gurhany kerim olaryň şeýle bir işleriniň hiç hili bähbidiniň ýokdygyna yşara edip: eger kyýamata çenli hem öz kynçylyklaryňyzy aradan aýyrmak üçin ýada işleriňizde ýeňiş gazanmak ugurda olardan kömek sorap butlary çagyrsaňyz, olar ne siziň sözleriňizi eşiderler nede siz üçin bir işi ýerine ýetirip bilerler” diýip aýdýar.

Ýene gurhany kerim bu aýatyň dowamynda şeýle diýar : bulardan ýokarragy şudyr welin bu magbutlar kyýamatda siziň tersiňize sözläp size garşy durjakdyrlar. Elbet akyl- paýhasdan paýly bolan perişdeler we ynsanlar ýaly magbutlar , siz tarapdan ybadat edilen bolsalarda resmi suratda siz bilen duşman boljakdyrlar . mysal hökmünde hezreti Isa (a.s) we perişdeler özlerini ybadat eden kişilerden bizarlyk bildirjrkdirler.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- dünýedede her näme allanyň ýerine ybadat edilse kyýamatda ynsany şypagat etmegiň ýerine ol bilen duşman bolup ondan taýda arza bildirjrkdir.

 

Älähkaf süresi, 7 we 8-nji aýatlar :

وَإِذَا تُتْلَى عَلَیْهِمْ آیَاتُنَا بَیِّنَاتٍ قَالَ الَّذِینَ کَفَرُوا لِلْحَقِّ لَمَّا جَاءَهُمْ هَذَا سِحْرٌ مُبِینٌ ﴿٧﴾ أَمْ یَقُولُونَ افْتَرَاهُ قُلْ إِنِ افْتَرَیْتُهُ فَلا تَمْلِکُونَ لِی مِنَ اللَّهِ شَیْئًا هُوَ أَعْلَمُ بِمَا تُفِیضُونَ فِیهِ کَفَى بِهِ شَهِیدًا بَیْنِی وَبَیْنَکُمْ وَهُوَ الْغَفُورُ الرَّحِیمُ ﴿٨﴾

<< we her haçan biziň aýdyň aýatlarymyz olara okalanda kapyrlar olara tarap gelen hak barada: bu äşgär jadygöýlikdir” diýip aýdýarlar.// ýada “ony (aýatlary) ýalandan alla aýdýar diýen bolsam siz meni perwerdigäriň gazabyndan gorap bilmersiňz . alla siziň aýdýan zadyňyzdan habarlydyr. Ol siz bilen meniň aramyzda güwä bolmak üçin ýeterlikdir we ol gaty bagşanda we mähribandyr. >>

Bu aýatlar , Megkäniň müşrükleriniň hezreti resuly ekrem (s.w) gara ýakyp aýdýan puç sözlerine yşara edip: müşrükler kä wagtlarda pygamberi jadygöýlikde aýyplap, gurhany hem pygamberiň jadýgülik wesilwesi bilýärdiler, olar bir tarapdan gurhanyň özüne dartyjy häsiýetini inkär edip başarmaýarlar yne bir tarapdan hem onuň azamatynyň we dogrulygynyň garşysynda boýun egip ony kabul etmekden saklanýarlar, şol sebäpli hem umum pikirleri gyşarnyga çekmek üçin gurhanyň aýatlaryny jadygüýlik esbaby tanatmagyň aladasyny edýärler diýip beýan edýär.

Elbet hut şunuň özi hem gurhanyň ýüreklerde galdyrýan ornaýyşyny ykrar etmekdir. Hakykatda gurhanyň ilatyň ýüreklerine ornap täsir galdyrmagynyň sebäbi bu aýatlaryň dogry we hakdygy üçindir.

Kä mahallarda hem müşrükler: bu kişiň diýmek hezreti resulyň aýdýan zatlary onuň alla degişli edýän öz sözleridir we onuň özi , özüni allanyň pygamberi diýip tanadýandyr” diýip aýdýarlar

Hezreti resuly ekrem (s.w) olaryň jogabynda şeýle diýar : egerde siziň toslaýşyňyz ýaly men allanyň pygamberi bolmasam we ýalandan bu sözler perwerdigäriň sözleri diýip aýdýan bolsam onda ilat gümra bolmar ýaly siziň meni ryswa etmäňiz zerür bolýandyr . şeýle bir ýagdaýda hiç kim allanyň yradasynyň garşysynda durup menden arka çykyp başarjak däldir.

Allanyň jezasyndan gorkmaly kişiler siz dirsiňiz çünki siz onuň iberen resulunyň garşysynda durup ilaty hak ýolundan alyp galmak ugurda talaş edýärsiňiz . siz meniň hakdygymy bilýändirsiňiz we men öz dogrulygymy subut etmek üçin size mätäç däldirin . çunky perwerdigäriň özi men üçin şaýad we güwädir we ol meniň onuň sargydyny ýetirmek üçin edýän talaşlarymy görýändir. Ýene bir tarapdan perwerdigär siziň ýalanlaryňyzy we iş bozarlyk etmegiňizi görüp dorandyr we şunuň özi maňa ýetrlikdir . elbetde perwerdigär olaryň iman getirip öz terisleşiklerinden gaýdar ýaly olar üçin toba ýoluny goýup: perwerdigär diýseň bagşlyjy we mähribandyr ol toba edijileri güzeşt edip öz çäksiz rahmatyndan paýly etjekdir” diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň bize öwredýän sapaklary şulardan ybarat :

1- hezreti resuly ekrem (s.w)-yň pygamberçiliginiň berhaklygy bütin nyşanalara äşgärdir emma käleriň kynçylygy olaryň jedelkeşlik ýüzünden duşmançylyk etmekleridir we bu bolsa olaryň iman getirmekleriniň öňüni alýandyr.

2- hatda garşylar hem gurhanyň aýatlarynyň ajaýyp gudratyna we ýüreklerdäki ornaýyşyna ykrar edýändirler emma şol bir ýagdaýda hem ony jadygöýlik bilýändirler.

3- biz öz şahsy düşünjämizi diniň ady bilen alla degişli bilmekden saklanmalydyrys çünki onuň agyr jezasy bardyr.

4- toba ýoly hemmelere hatda kapyrlara we duşmanlara hem açykdyr we mähriban alla olaryň tobalaryny kabul etjakdir.

 

Älähkaf süresi, 9-njy aýat :

قُلْ مَا کُنْتُ بِدْعًا مِنَ الرُّسُلِ وَمَا أَدْرِی مَا یُفْعَلُ بِی وَلا بِکُمْ إِنْ أَتَّبِعُ إِلا مَا یُوحَى إِلَیَّ وَمَا أَنَا إِلا نَذِیرٌ مُبِینٌ ﴿٩﴾

<< aýt: men (ozalky) iberlen pygamberleriň arasynan täze iberlen pygamber däldirin( menem şol pygamberleriň birisi ýalydyryn). We men bilen size nähili çemeleşiljekdigini (hem) bilmeýärin. We özüme wahyý bolýan zatdan aýry zada eýermeýärin we men bir äşgär duýduryş beriji kimseden artykmaç adam däldirin” diýip. >>

Bu aýatda yslamyň pygamberi, Mekgäniň müşrükleriniň tapýan bahanalaryna jogap bermeklige buýrukly bolýar we ol şeýle sözleri aýtmaly bolýar: men allanyň beýleki pygamberlerinden parhly däldirin we onuň beýleki pygamberleri ýaly men hem siz ýaly ynsandyryn. men ilaty towhyda tarap çagyrýan ilkinji pygamber däl, menden öň hem adam hilinden bolan köp pygamberler gelendirler, olar hem imit iýip egneşik mätäç bolan ynsan hilinden bolandyrlar. meniň siz bilen bolýan ýekeje parhym şudur welin alla maňa wahyý edýändir we meni siz erbet işlerňiz barada we onuň agyr yzgelimleri barada size duýduryş berer ýaly borçly edendir.

Mende bar ylym öz tarapymdan däldir. men allanyň maňa öwredýän penhan işlerinden habarlydyryn we olary perwerdigär maňa öwrediş berýändirin . men kyýamatda allanyň maňa nähili çemeleşjekdigini bilýän däldirin . onda özüm ýada siziň ykbalyňyz barada we gelejek barada size habar berer ýaly menden soramaň. Men gaýyp bilýän däldirin.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- pygamberleriň taryh boýundaky maksatlary we bernamalary bir maksada gulluk edendir. olar bir birlerine medet ýetiriji we birek-biregiň ýoluny dowam ediji bolandylar.

2- köpçüligiň başlyklary ilat bilen dogurlyk ýüzünden sözlemelidirler we olaryň erkinde bolmadyk zatlardan ýersiz ýere ilata wada bermeli däldirler.

3- pygamberler , ilatyň haýryny isläp olara ýürek ýandyrandyrlar. olar elmydama ilatyň dünýäsini we ahyretini dargatjak zatlar barada ilata duýduryş berip olary telekeçilikden alyp galmak ugurda tagalla edendirler.

 

Älähkaf süresi, 10-njy aýat :

قُلْ أَرَأَیْتُمْ إِنْ کَانَ مِنْ عِنْدِ اللَّهِ وَکَفَرْتُمْ بِهِ وَشَهِدَ شَاهِدٌ مِنْ بَنِی إِسْرَائِیلَ عَلَى مِثْلِهِ فَآمَنَ وَاسْتَکْبَرْتُمْ إِنَّ اللَّهَ لا یَهْدِی الْقَوْمَ الظَّالِمِینَ ﴿١٠﴾

 

<< Aýt : eger bu ( gurhan kitaby) allanyň tarapyndan bolsa we siz ona kapyr bolan bolsaňyz şol bir ýagdaýda bäni ysraýyl kowumyndan bir şaýat onuň ýaly (Turatadan) güwälik berip iman getiren bolsa, siz tekepbirçilik edýänlerden bolarsyňyz (şonda siz sütemkärlerden bolmarsyňyzmy?) Dogrudan-da alla sütemgär kowumy hidaýat etmez. >>

Tefsirlerde gelşi ýaly abdylla ben salam , hejaz ülkesinde bolan jöhit kowumynyň şohratly alymlarynyň birisidi. ol yslam pygamberine iman getirip hezreti muhammet (s.w)-ny Turatda we injilde gelmegine wada berilen pygamber bilip ony halka yglan etdi.

Emma jöhit kowumunyň ulularynyň köpüsi abdylla ben salamy bu işi üçin ýazgardylar. Olar yslam pygamberiniň pygamberçiligini kabul etmekden boýun gaçyrdylar. şeksiz olaryň şeýle bir işleriniň delili we köki tekepbirçilikden başga zat däldi.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- tersleşik bildirýänler bilen gurruň edeňde öz ynam ygtykadyň üstünde aýak diremegiň ýerine , garşy tarapa : siz oýlanyp görüň egerde biziň sözümiz hak bolsa kabul ediňhak bolmasa kabul etmäň, elbetde eger haka düşünip ony kabul etmeseňiz onda erbet gelejek size garaşýandyr” diýip aýdyň.

2- kapyrlygyň esasi köki , nadanlyk we bilmezlik däldir eýsem tekepbirçilik we hakyň garşysynda duşmançylyk etmeklikdir.

3- gurhany kerimiň we wahyýnyň garşysynda durmaklyk, her bir zatdan ozal adamyň özüne uly sütem etmeklikdir.

 

  •