Jan 03, 2023 09:28 Asia/Ashgabat
  • bölüm 936, süre Älähkaf, aýat 11- 14

bölüm 936, süre Älähkaf, aýat 11- 14

راهی بسوی نور(936)

 

Älähkaf süresi, 11-nji aýat :

وَقَالَ الَّذِینَ کَفَرُوا لِلَّذِینَ آمَنُوا لَوْ کَانَ خَیْرًا مَا سَبَقُونَا إِلَیْهِ وَإِذْ لَمْ یَهْتَدُوا بِهِ فَسَیَقُولُونَ هَذَا إِفْکٌ قَدِیمٌ ﴿١١﴾

<< we kapyrlyk edýänler, möminlere aýtdylar : eger ( bu din ) gawy bolsady olar ony kabul etmekde bizden öňe çykmazdylar, we onuň bilen hidaýat bolmanlary soň çaltlykda aýdarlar: bu bir köne ýalandyr” diýip. >>

Yslam pygamberiniň çakylygynyň başlangyjynda ýoksul garyp-gasarlar we gullar beýleki adamlardan çaltrak hezreti resuly ekrem (s.w)-e iman getirdiler. çünki olaryň howpa düşer ýaly haramy mal mülkleri ýokdy şeýlede olar pygamberiň garşysynda durar ýaly  tekepbir bolup pahyrlanmaýardylar . şol zamanda köpçüligiň ejiz we golydar gatlaglarynyň yslama birikmekleri , megkäniň baranda we ýokary orunly adamlarynyň gaýtawul görkezmeklerine sebäp boldy we şonda olar: yslama birigen bu adamlar bir topar magrypatdan paýly bolmadyk garyp gasarlardyrlar, Egerde bu şerigat dogry we ýagşy bolsady onda köp düşnükden mal mülkden we gudratdan paýly bolan biz ýaly adamlar oňa iman getirerdiler” diýip aýtdylar. kapyrlaryň mantykdan daş bolan şeýle bir täsiply sözleri tekepbirlik we pahyrlanmakdan başga zat däldi . hakykatda kynçylygyň köki yslam şerigatynda däldi-de eýsem olaryň özlerinden gözbaş alýardy . eger pahyrlanmak we tekepbirlik perdeleri olaryň kalplaryny gurşaman bolsady we olar , özlerini mal-mülke , şähwete we orun-mertebe ýaly zatlara giriftar etmän bolsalardy tekepbirlikden el çekip päk ýürekli garyp gasarlar ýaly hak talap ynsanlar bolup hakyň gözleginde bolardylar . we olar hem çaltlykda yslam şerigatyna birigerdiler. Şol sebäpli ýaňky aýatyň dowamynda şeýle gelýär : olar gurhan hidaýatyny kabul etmänseňler: gurhan hudaýyň kelamy däldir we gadymy ertekiler ýaly esassyz we ýasama sözlerdir diýip  gurhana gara ýapmak bilen özleriniň iman getirmeýändikleriniň sebäbini düşündiriş bermegiň aladasyny etdiler.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- kapyrlar özlerini musulmanlardan akyllyrak we daýawrak hasaplap barýan ýollaryny yslam şerigatyndan oňatrak mykam diýip guman edýärler.

2- gurhan we yslam pygamberine gara ýapmak kapyrlaryň tekepbirlikinden gözbaş alýandyr we mantyk we delil esasynda däldir.

Älähkaf süresi, 12-nji aýat :

وَمِنْ قَبْلِهِ کِتَابُ مُوسَى إِمَامًا وَرَحْمَةً وَهَذَا کِتَابٌ مُصَدِّقٌ لِسَانًا عَرَبِیًّا لِیُنْذِرَ الَّذِینَ ظَلَمُوا وَبُشْرَى لِلْمُحْسِنِینَ ﴿١٢﴾

<< we mundan ozal Musanyň kitaby ýol görkeziji we rahmet çeşmesi bolupdy we bu (gurhan) kitaby hem arap dilinde bolup şol kitaby tassyklaýandyr tä sütemgärlere duýduryş berip ýagşylyk edýänlere buşluk bolar ýaly. >>

Megke müşrükleriniň gurhana we yslam pygamberine ýapýan tömetlerine we garalaryna we bu kitaby hiç hili esasy bolmadyk ertekiler ýaly bilmeklerine jogap hökminde bu aýatda şeýle getirilýär: Bu kitabyň hakdygynyň nyşanlarynyň birisi-de onuň adynyň we hezreti resuly ekrem (s.w)-ň ýüritelikleriniň Turatda gelmegidir. Gurhan aýatlary hem Turat aýatlary bilen sazlaşykda bolup bu kitaplar birek-biregi tassyklaýandyrlar , bu bolsa bu kitaplaryň bir çeşmeden inendiklerini mälim edýändir . Turatyň dili Ebri we gurhanyň dili bolsa Arap dilidir şondan gelende olaryň içinde beýan edilen sözler we sargytlar meňzeş bolup ikiside ilaty hudaý parazlyga we onuň buýruklaryna amal etmeklige tarap çagyrýandyrlar. olaryň ikisiniň hem maksady zalymlara garşy durup olara duýduryş bermek şeýlede salyhy we ýagşy ynsanlara ýeňişi we sagadaty buşlamakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- asmanlyk kitaplaryň inmegi , taryh boýunda , adam oglyny hidaýat etmek üçin ylahy sünnetleri biri bolandyr bu kitaplar birek biregi kämil ediji we birek birek bilen sazlaşykly bolandyrlar birek biregi ret eden däldirler .

2- asmanlyk kitap , allanyň rahmatynyň bir jilwesidir we asmanlyk kitaby özüne ýol görkeziji tutunýan köpçülik ylahy rahmatdan paýly boljakdyr .

3- alla tagala iman getirmeklik , beýlekilere zülüm etmek bilen jebis gelýän däldir . yhsan we ýagşylygy yzyna tirkeýän iman hakyky imandyr.

Älähkaf süresi, 13 we 14-nji aýatlar :

إِنَّ الَّذِینَ قَالُوا رَبُّنَا اللَّهُ ثُمَّ اسْتَقَامُوا فَلا خَوْفٌ عَلَیْهِمْ وَلا هُمْ یَحْزَنُونَ ﴿١٣﴾ أُولَئِکَ أَصْحَابُ الْجَنَّةِ خَالِدِینَ فِیهَا جَزَاءً بِمَا کَانُوا یَعْمَلُونَ ﴿١٤﴾

<< “şeksiz biziň perwerdigärimiz alladyr” diýip bu ýolda çydam görkezen adamlar üçin hiç hili howp we gorky ýokdur we olar gamly boljak däldirler // olar behişt ählidirler we (dünýäde) bitiren ýagşy işleriniň serpaýy üçin şol mekanda müdimi galjakdyrlar. >>

Bu aýatlar , pygamberiň we asmanlyk kitabyň olary terbiýelemek ugurda gelen hakyky möminleri keşplerini suratlandyryp : ol ýeke täk alla sygynýan kişiler biziň perwerdigärimiz hudaýdyr diýip aýdýarlar we şol ýolda hem çydam görkezip aýak dirediler “ diýip aýdýar. şek siz diňe ýürekden hudaýa ynamly bolup kä bir sözleri we kelemeleri dile getirmeklik alla imanly bolmaga ýetrlik däldir eýsem amal ýüzünde hem allanyň isleýşi ýaly bolmak we amal etmek zerur bolup durýandyr we şol ýolda hem mäkäm we berk durmaklyk gereklidir. Käler kä bir gynçylyklaryň we düzginsizlikleriň orta gelmegi bilen öz iman göherlerini elden berip allanyň ýolundan çykarýarlar we öz haý-höwesleriniň yzynda bolup mal ýygnamagyň gözleginde bolýarlar bu dogry däldir . şeksiz , dürli günäleriň ýöň bolup pysadçylyklaryň köpelen asrynda iman göwherini saklamak gaty kyn işdir we şol ýolda mäkäm we berk durmak gerekli bolýandyr.alla tagala kyn we agyr ýagdaýlarda imanlaryny saklap allanyň ýolunda berk durýan möminlere dünýäde we ahyretde paý-padaş berjekdir olar bu dünýäde hem doly aramlykda we ynam esasynda ýaşajakdyrlar . şu hili adamlar ne gelejekden gorkjakdyrlar nede geçmişden gamly bolup narahat boljakdyrlar.

Onuň garşysynda jismi asudalykdan paýly bolan köp baranda we gudratly adamlar içgin we ruhy aramlykdan paýly däldirler, olar öz ruhlaryny aramlaşdyryp gaýgylaryny dep etmek üçin durly däri-dermanlara we hatda neşelendiriji maddalara ýüzlenip giriftar bolýarlar. Alla tagala hakyky möminlere dünýäde ruhy we kalby aramlygy bermekden daşgary ahyretde hem olara behiştden orun berjekdir şol ýerde mekan we zaman ölçegi adam ogluna düşnikli däldir we çäksizdir şol mekanda behişt ähli müdimi ýaşapda tükeniksiz nygmatlardan paýly boljakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýtlarynyň öwredýän sapaklary :

1- towhyda ykrarly bolup iman getirdim diýip aýtmaklyk ýeterlik däldir eýsem ondan möhümrak şol ýolda berk durup çydam görkezmeklikdir.

2- alla tagala iman getiren kişi alladan başga hiç kimseden gorkýan däldir.

3- geçmiş hakda gamly gussaly bolmak , ýalňyş ýola gidip puşman bolanlara degişlidir emma hak ýolundan hereket edýän adamlar hiç haçan öz geçmişleri hakda puşman bolup gamly boljak däldirler.

 

/////////////