Feb 01, 2020 12:24 Asia/Ashgabat

bölüm 848, süre sat, aýat 79-83

راهی بسوی نور(848)

Sat süresi, 79, 80 we 81-nji aýatlar:

قَالَ رَبِّ فَأَنظِرْنِي إِلَى يَوْمِ يُبْعَثُونَ (79) قَالَ فَإِنَّكَ مِنَ الْمُنظَرِينَ (80) إِلَى يَوْمِ الْوَقْتِ الْمَعْلُومِ (81)

<>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly , Iblis , hezretiAdama sežde etmek barada allanyň emrinden boýun gaçyryp adama sežde etmekden saklandy ýöne Iblisiň esasy kynçylygy onuň bu eden etmişinden toba etmekden saklanmagydy . ol , özüniň bu işiniň uly günädigini kabul edip toba etmedi eýsem özüniň bu işini dogry görkezjek bolup synanyşdy şonuň üçin hem ol allanyň dergäsindenkowuldy .

Gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar : şeýtan , allanyň dergähindenkowulan mahaly alladan , kyýamata çenli özüne pursat bermegini isledi, elbetde şeýtan, toba edip özüniň goýberen hatasyny düzeltmek üçin bu pursaty dilemedi eýsem ol ynsanlary gümra edip özüniň aryny ynsanlardan almak üçin bu pursaty alladan diledi . aslynda Iblisiň uly ýalňyşlygy özüniň goýberenhatasynda we ýazygynda adamy ýazykly bolmagydy emma aslynda onuň özi bu meselede ýazyklydy . ýöne Iblis ony düşünmedi şonuň üçin hem ol ynsanlardan ar almagyň kowgysynda boldy.

Alla bir ylahy hikmet esasynda şeýtanyň bu islegini kabul edip oňa kyýamata çenli dälde eýsem belli bir güne we belli bir zamana çenli pursat berdi. allanyň Iblise beren pursaty mümkin ynsanlaryň ýer şarynyň üstünde ýaşan döwürlerine çenli bolsun, mümkindehezretimäti(a.s)-yň hökmürowanlygynyň başlanýan zamanyna çenli bolsun. mümkinde allanyň ýanynda belli bolan bir zamana çenli bolsun .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- tekepbirlik üçin Iblis alladan ýalkaw dilemegiň deregine ol ar almak üçin alladan möhlet diländir. dogrusy tekepbirlik Iblisi heläkçilige uçradandyr.

2- haýsydyr bir zada we närse ozak ömür bagyş etmeklik alla üçin kyn zat däldir alla her kimi her näçe ýaşatjak diýse ýaşadyp bilýändir.

3-Iblisiň kynçylygy, onuň allany we kyýamaty bilmezligi däldi eýsem tekepbirlik ony azdyrandyr we Iblis özüni hemme zatlardan ýokaryda bilip Adama boýun egmek meselesinde allanyň emri bilen tersleşip giriftar bolandyr.

Sat süresi, 82 we 83-nji aýatlar:

قَالَ فَبِعِزَّتِكَ لَأُغْوِيَنَّهُمْ أَجْمَعِينَ (82) إِلَّا عِبَادَكَ مِنْهُمُ الْمُخْلَصِينَ (83)‏

<< ( Iblis ) aýtdy : seniň hezzetiňden ant içýärin olaryň hemmesini gümra ederin // meger saňa bendelik etmekde yhlasly bolanlary bolmasa, diýip. >>

Geçen aýatlarda , şeýtanyň alladan uzak ömür diländigini we allanyň hem oňa belli güne çenli pursat berendigini aýtdyk , allanyň pursat bermeginden soň Iblis bu pursatdan özüni düzeltmegiň ýerine , ondan ynsanlary gümra etmek üçin peýdalanjakdygyny aýtdy . bu ýerde geň galmaly zat olda Iblisiň ynsanlary gümra etmek üçin allanyň hezzetinden ant içmegidir . Iblis , bu ýerde bütin ynsanlary gümra edip biljekdigini toslady bu mesele hem Iblisiň tekepbirliginiň neçendeýokarydygyny görkezýär. bu aýatda gelşine gürä şeýtan ynsany özüniň garşysynda gaty ejiz mykamdiýendir . ýöne gurhanyň şu aýatlarda getirşine gürä, şeýtan hemmeleri gümra edip bilmez . we allanyň bendeliginde dogry tapylýan ynsanlar şeýtanyň ýolyna girip gümra boljak däldirler we şeýtan hem bu hili  ynsanlary gümralyga mejbur edip bilmez sebäbi ynsanlar, şeýtanyň ýoluna gidip gümra boljak diýseler gümra bolup bilerler we şeýtandan arany açyp allanyň ýolunda boljak diýseler, ony hem edip bilerler . gurhany kerimiň Säbä süresiniň 20-nji aýatynda hem getirilşine gürä möminleriň bir topary şeýtanyň ugryna gitjek däldirler .

Şeýtan “men bütin ynsanlary gümra etjekdirin” diýip toslan bolsada ol sözüniň dowamynda , allanyň yhlasly bendelerini gümra edip bilmejekdigini kabul edendir . pygamberler we öwliýalar allanyň yhlasly bendeleridirler,oňa gürä bu ynsanlar , şeýtanyň waswasalaryndan amandyrlar, beýleki mömin ynsanlar hem belli bir derejede özlerini şeýtanyň waswasalaryndan daş saklap bilýändirler .

Ynsanlary gümra etmek barada allanyň şeýtana pursat bermeginiň delilini açyklamakda durly pikirler ileri sürlendir . bu pikirleri jemläp aýdar bolsak, taňry tagala ynsanlara ygtyýar diýen bir zady berendir we ynsanlar bolsa şol ygtyýar bilen özleriniň garşysyndaky durly ýollaryň her gaýsyny saýlap aljak diýseler bilýändirler, aýry bir tarapdan hem , taňry tagala, ynsanlaryň kemala ýetmeklerini isländir we kemala ýetmek üçin bolsa ynsanlar özleriniň erik ygtyýarlary bilen dogry ýoly , şeýtany bolmadyk ýol saýlap özünde magnewiýeti östürmeli bolýandyr . elbetde bu arada öz gara nebislerine haý diýip bilmeýän ynsanlar hem şeýtanyň waswasalaryna aldanyp gümralyga uçraýandyrlar, şeýdipde kemalyň ýokary derejelerine ýetmekden mahrum bolýandyrlar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsan özüniň ýaşaýşynyň boýunda elmydam şeýtanyň waswasalary bilen ýüzbeýüzdir sebäbi şeýtan şol başdan , ynsanlary gümra etjekdigi barada ant içendir .

2- kä bir günäler ýene bir ulyrak günälere başlangyç bolup bilýändir şeýtan hezretiAdama sežde etmekden saklanyp bir günä iş etdi, onuň bu günäsi şeýtanyň beýleki günäleri etmekligine sebäp bolup ahyrda allanyň dergähinden kowulmagyna şert döretdi .

3-amalda we ybadatda yhlasyňy düzeltmek bilen şeýtanyň waswasalaryndan we duzaklaryndan aman galyp  bolýandyr.

/////////////////