Jul 27, 2020 11:30 Asia/Ashgabat

bölüm 850, süre zumär, aýat 1-4

راهی بسوی نور(850)

Zumär süresi:

Geçen gepleşikde Sat süresiniň gürrüňlerini soňlamagy bilen bu günki gepleşikde mübärek Gurhan kerimiň süreleriniň ýene birisiniň gürrüňlerine girişýäris .

Biz bu günki gepleşikde Gurhan kerimiň Zumär süresiniň aýatlarynyň gürrüňlerine girişeris. gurhan kerimiň 39-njy süresi bolan bu süre Mekge ülkesinde yslam pygamberine inensoň Mekgi süreleriniň hatarynda ýerleşýändir . beýleki Mekgi süreleriniň mazmunlary ýaly zumär süresinde hem yslam dinniň töwhyt, kyýamat we pygamberlik meseleleri ýaly ygtykatlyk meseleleri hakynda gürrüň bolýandyr .

Zumär süresiniň birinji we ikinji aýatlary :

تَنزِيلُ الْكِتَابِ مِنَ اللَّهِ الْعَزِيزِ الْحَكِيمِ (1) إِنَّا أَنزَلْنَا إِلَيْكَ الْكِتَابَ بِالْحَقِّ فَاعْبُدِ اللَّهَ مُخْلِصاً لَّهُ الدِّينَ (2)

<< ( bu ) kitabyň inmegi , gudratly we hekim Allanyň tarapyndandyr .// biz bu kitaby hakykat bilen saňa tarap inderdik, onda Alla bendelik et ( öz ) diniňi onuň üçin halys eden halyňda.>>

Taňry tagala bu aýatlarda yslam dinindäki Gurhanyň orun mertebesine yşarat edip aýdýar : Gurhan , allanyň kelamydyr we ol hezreti muhammet (s-w)-iň kelamy däldir , ozalky asmanlyk kitaplar hem ozalky pygamberleriň şol sanda Musa , Isa we beýleki pygamberleriň kelamy bolan däldir. ol kitaplar hem alla tarapyndan gelendirler , umuman kitap ibermekden maksat , umum ilaty , allanyň bendeligine tarap itermek we olaryň ynam ygtykatlaryny alla üçin aýlandyrmakdyr.

Adamzat , özüni we bütin älem- jahany haýsydyr bir gudratyň ýaradandygyny , içgin duýýandyr, ýöne ol , pygamberleriň we asmanlyk kitaplaryň gelmedik ýagdaýynda bu gudratyň kimdigini saýgarmakda ýalňyşýandyr. şonuň üçin hem ýaradylyşda ýada älem-jahany dolandyrmakda allanyň şärigi ýada şärikleri bolandyr diýip başga- başga zatlara çokunýandyr. şonuň üçin hem gurhan kerim hakyky allany ynsanlara tanatmak üçim iberlendir . alla tarapyndan inen kitabyň hak dygyna we onuň içinde hiç hili nä dogry düşünjäň bolup bilmejekdigine şek şübhe ýokdur . sebäbi bu kitap hikmet we ylmyň hakyky eýesi bolan gudratly hekim allanyň tarapyndan inen kitapdyr .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- allany göz bilen görüp bilmesek-de gurhanyň aýatlaryny okap onuň kelamyny eşidip dogry oýlanmak bilen onuň ber-haklygyna göz ýetirip bilýändiris .

2- hakyky hyzzat we baş ýokarylylyk ylmyň we hikmetiň saýasynda ele gelýändir we bu iki zat diýmek hikmet bilen hyzzat elmydam bir birleriniň ýanynda bolýandyrlar .

3- allanyň bendeliginde tapylmaklyk , hak diniň saýasynda yhlas bilen ýerine ýetmelidir.

Zumär süresi, 3-nji aýat :

أَلَا لِلَّهِ الدِّينُ الْخَالِصُ وَالَّذِينَ اتَّخَذُوا مِن دُونِهِ أَوْلِيَاء مَا نَعْبُدُهُمْ إِلَّا لِيُقَرِّبُونَا إِلَى اللَّهِ زُلْفَى إِنَّ اللَّهَ يَحْكُمُ بَيْنَهُمْ فِي مَا هُمْ فِيهِ يَخْتَلِفُونَ إِنَّ اللَّهَ لَا يَهْدِي مَنْ هُوَ كَاذِبٌ كَفَّارٌ (3)

<< bilip goýyň ! halys din Alla üçindir we allanyň ýerine özlerine dost tutunýan adamlar : “biz olara bendelik etmeýäris eýsem olar bizi köpräk alla ýakynlaşdyrsynlar diýip olara çokunýarys” diýip aýdýarlar . şübhesiz Alla , olaryň dawa tutýan meseleleri barada höküm keser . elbetde Alla , kapyrçylyk edýän kezzaplary hedaýat etmez.>>

Gurhan kerim , dinde yhlasly bolmak barada bolan geçenki aýatyň dowamynda bu aýatda hem şol meseläni nygtap aýdýar : dogry we halys dini diňe alladan alyp bolar we bu arada ynsanlaryň öz zehinlerinde bejerýän dinleri we düşünjeleri şirke we beýleki zatlara bulaşandyr , ynsanlara özlerini dogry tanadyp bendeligiň dogry ýoluny oňa öwredip biljek kimse diňe alladyr we alladan özge hiç kim bu işiň hötdäsinden gelmez . şeýlede allanyň kabul edýän zady-da halys dindir we din ady bilen ýada beýleki düşünjeleriň ady bilen durly şirklere we ýaramazlyklara bulaşan zatlary alla kabul etmez . yslam pygamberi hem : “halyk bizi ýagşy adamdy diýip biziň adymyzy ýagşylykda tutarlar ýaly öz mal mülkümizden mätäç adamlara sadaka berýäris” diýip aýdan bir adamyň jogabynda : alla , “diňä yhlas bilen edilen işleri kabul edýändir” diýip jogap berendir .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda , dine yhlas görkezmekden daşlaşmagyň bir nyşanasyna yşarat edip aýdýar : müşrikler öz ýanynda “biz allany göni suratda çagyryp oň bilen arabaglanşyk berkarar edip bilmeýäris şonuň üçin onuň ýaradan kä närselerini mukatdis zat hökmünde çagyrýarys we şol zatlara çokunýarys we öz isleglerimizi şol zatlara aýdýarys” diýip aýdýardylar . müşrikler şeýdipde alla şärik kaýyl bolýardylar, emma taňry tagala , bu hili nä dogry düşünjä eýerip alla üçin şärik tutunmak barada müşriklere hiç mahal rugsat beren däldir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlaryň öz ýanlaryndan bejeren düşünjeleri maddy düşünje bolman magnewi düşünje bolsada ol düşünjede ynam- ygtykat taýdan durly azgynçylyklar bardyr . arassa we halys din diňe alla tarapyndan gelen dindir .

2- düşünjeleri gümralyga ýugrulan adamlar , başgalary öz hatarlaryna  salmak üçin öz düşünjeleriniň ýaramaz taraplaryny dogry görkezjek bolup tagalla edýändirler. hamana butparazlar , butlary özleri bilen allanyň arasynda baglanşyk berkarar edýän wesile bilen bolýandyr.

3- hudaýa ýakynlamagy we hudaýy gözlemekligi hemmeler gowy görýändirler ýöne bu meseläni durmuşa geçirmekde köpler ýalňyşyp azaşýandyrlar .

Zumär süresi, 4-nji aýat :

لَوْ أَرَادَ اللَّهُ أَنْ يَتَّخِذَ وَلَداً لَّاصْطَفَى مِمَّا يَخْلُقُ مَا يَشَاءُ سُبْحَانَهُ هُوَ اللَّهُ الْوَاحِدُ الْقَهَّارُ (4)

<< Alla özi üçin perzent tutunmaklygy yrada etse hökman , olaryň aýdýan zatlaryndan halanyny saýlardy ( ýöne ) ol bu zatlardan päkdir ( we perzentli bolmaklyk oňa ýaraşmaz ) ol , gahhar we ýalňyz taňrydyr .>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda şirkiň bir nyşanasyny beýan etmekden soň bu aýatda aýdýar : bu arada müşrikleriň käleri hem perişdeleri allanyň gyzlary guman edip olara çokunýardylar , edil hiristiýänleriň hezreti Isa (a.s)-y allanyň perzendi bilip oňa çokunyşlary ýaly. emma aslynda allanyň hiç perzendi ýokdur we alla perzentli bolmakdan päkdir. egerde alla öz ýaradan zatlaryndan birsini perzent tutunmak barada yrada etse hemmeleriň ony tanamaklary üçin alla ony yglan ederdi . onsoňda allanyň taýy ýokdur we ol ýalňyzdyr. alla barça zatlara eýedir we onuň gudratynyň garşysynda hiç zat durup bilmez. Indi şeýle bir sypatlara eýe bolan alla , awwaly we  ahyry bolmadyk alla , hiç mahal pany bolmaýan alla perzende mätäç bolarmy ? elbetde bolmaz.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- allanyň ne ogly bardyr, nede ogullygy. sebäbi perzentli bolmaklyk mätäçlikden göz baş alýandyr alla bolsa hiç zada mätäç däldir .

2- alla tagala ýeke we ýalňyzdyr we hiç bir zat oňa meňzeş däldir oňa görä alla tagala üçin deňi- taýy gözleýän ynam- ygtykatlar düýbinden ýalňyşdyr, gümralykdyr.

//////////////