bölüm 852, süre zumär, aýat 7-8
bölüm 852, süre zumär, aýat 7-8
راهی بسوی نور(852)
Zumär süresi, 7-nji aýat :
إِن تَكْفُرُوا فَإِنَّ اللَّهَ غَنِيٌّ عَنكُمْ وَلَا يَرْضَى لِعِبَادِهِ الْكُفْرَ وَإِن تَشْكُرُوا يَرْضَهُ لَكُمْ وَلَا تَزِرُ وَازِرَةٌ وِزْرَ أُخْرَى ثُمَّ إِلَى رَبِّكُم مَّرْجِعُكُمْ فَيُنَبِّئُكُم بِمَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ إِنَّهُ عَلِيمٌ بِذَاتِ الصُّدُورِ (7)
<< egerde kapyrçylyk etseňiz ( onda biliň ) alla size mätäç däldir we öz bendeleriniň kapyrlyk etmeklerini söýýän däldir we egerde şükür kylýanlardan bolsaňyz ( alla ) ony siz üçin gowy bilýändir. we hiç bir günäkär adam ýene biriniň ýükini götermez. Onsoň-da siziň baryňyzyň dolanjak ýeriňiz alla tarapdyr. ( şonda alla ) sizi eden etmişleriňizden habarly eder, sebäbi ol , gursaklarda saklanylýan barça zatlardan habarlydyr .>>
Geçen gepleşikde gurhan kerim , ynsanlary we dört aýakly haýwanlary ýaratmakda allanyň bagyş eden nygmatlaryna yşarat etdi . emma gurhan kerim bu aýatlarda allanyň beren nygmatlaryna şükür etmegiň ähmiýetine yşarat edip : käler bu nygmatlary görüp elmydam allanyň şükürni berjaý kylýandyrlar ýöne käler hem bu nygmatlardan peýdalansalarda bu nygmatlar üçin şükür kylmakdan gapyldyrlar ýada asla bu nygmatlary alla tarapyndan bilýän däldirler. olar öz eriklerindäki nygmatlara zähmet bilen ýeten mukam diýip guman edýändirler" diýip aýdýar .
Dogrusy taňry tagala ynsanlaryň gadyrdanlyk etmeklerine ýada nygmatlar üçin şükür etmeklerine mätäç däldir. aslynda alla , ynsanyň şükürne däl hata onuň barlygyna hem mätäç däldirler . ynsanyň allanyň degähine şükür kylmagy alla üçin dälde eýsem ynsanyň özi üçin peýdalydyr . dogrusy ynsanyň bir nygmat üçin gadyrdanlyk bildirmegi ýada şükür etmegi ynsanyň ahlak we magnewiýet taýdan ösmegine sebäp bolýandyr. şonuň üçin hem taňry tagala Lukman süresiniň 14-nji aýatynda :ene- ataňyzyň siz üçin çeken zähmetlerinden hem gadyrdanlyk ediň" diýip tabşyrýar .
Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda bir umumy usula yşarat edip:her kim öz paýna düşýän jogapkärçilikde tapylmalydyr hiç kim öz jogapkärçiligini ýene birisiniň üstüne oklamaga hakly däldir, sebäbi alla kyýamatda bir kişiň günäsini ýene birisiniň üstüne oklajak däldir we özüniň ylmy bilen her kişiň eden etmişlerini hasaba alyp şonuň esasynda ynsanlary soraga çekjekdir" diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- namaz we Roza ýaly diniň borçlary allanyň bu zatlara mätäçligi üçin däldir eýsem bu borçlar bir mugallymyň öz şägirtlerini ylmy taýdan östürmek üçin olara berýän maşgynyň mysalyndadyr .
2- taňry tagala özüniň adalaty bilen kyýamatda ynsanlaryň eden etmişlerine ýetişiklik edýändir we bu meselede gan , kowum we içeri maşgala baglanşyklary ynsanyň kömegine geljek däldir.
3- taňry tagala ynsanlaryň niýetlerinden we ýüreklerinden habarlydyr we şonuň esasynda hem kyýamatda ynsanlaryň amallaryny hasaplaýandyr.
Zumär süresi, 8-nji aýat :
وَإِذَا مَسَّ الْإِنسَانَ ضُرٌّ دَعَا رَبَّهُ مُنِيباً إِلَيْهِ ثُمَّ إِذَا خَوَّلَهُ نِعْمَةً مِّنْهُ نَسِيَ مَا كَانَ يَدْعُو إِلَيْهِ مِن قَبْلُ وَجَعَلَ لِلَّهِ أَندَاداً لِّيُضِلَّ عَن سَبِيلِهِ قُلْ تَمَتَّعْ بِكُفْرِكَ قَلِيلاً إِنَّكَ مِنْ أَصْحَابِ النَّارِ (8)
<< we haçanda ynsana zyýan ýetişse ol öz perwerdigärini ýalbaryp ýowzarmak bilen çagyrar emma haçanda alla öz tarapyndan oňa bir nygmat bagyş etse mundan ozal ( näme üçin ) allany çagyrandygyny unudar we alla üçin şärik kaýyl bolar şeýdipde ( özüni we özgeleri ) onuň ýolundan ( diýmek allanyň ýolundan ) azdyrar. olar: edýän kapyrçylygyňyz bilen azajykdan paýly bol çünki sen şübhesiz dowzah ählindensiň" diýip aýt.>>
Gurhan kerim geçen aýatda allanyň beren nygmatlaryna şükür edýänler bilen şükür etmeýänleriň hakynda gürrüň etmekden soň bu aýatda bir mysala yşarat edip aýdýar: käler ýaşaýyşlarynda gyn we ýowuz ýagdaýlara giriftar bolanlarynda hamana gaty hassalanlarynda ýada gaty bergili bolanlarynda allanyň dergähine ýalbaryp ýozarmak bilen bu kynçylygy başymyzdan sow diýip alladan dileýärler emma haçanda alla olaryň kynçylygyny aradan aýranda ýada alla olara täze täze nygmatlary bagyş edende olar şükür etmegiň ýerine alladan gaflat edýärler we özleriniň gündelik işlerine ulaşýarlar hada kä wagtlarda allany unudyp öz ýaşaýyşlarynda başga zatlary täsirli bilýärler şeýdipde bir hili allaga şärik kaýyl bolýarlar bu hili adamlar özleriniň barýan bu ýalňyş ýollaryna özgeleri hem çagyryp hem özleri hemde özgeleri dogry ýoldan çykarýandyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
- Kä bir sebäpler üçin hamana kynçylyk ýada hassalyk üçin ynsanlarda wagtlaýyn döreýän iman güýji uzak mütdetde peýdaly däldir, sebäbi bu hilli imanlary bolan ynsanlar haçanda kynçylyklar başlaryndan sowlanda allany unudýandyrlar .
- Ýowuz ýagdaýlar ynsanlary kynçylyga uçratsalarda bu ýagdaýlaryň peýdaly taraplary hem bardyr. ynsanyň gaflat ukusyndan oýanyp ahyret barada oýlanmagy bu ýagdaýlaryň peýdaly taraplaryndandyr .
- Aňrysy- bärisi ýakyn ynsanlar şeýlede kemaldan daş düşen ynsanlar haçanda ýaşaýyşlarynda giňişlige gabat gelenlerinde allany unudýandyrlar , ozalky kynçylyklarynyň çözülmeginde allanyň rulyndan gapyl galýandyrlar .
- Dünýedäki bol elinçiligi hakyky bagtyýarlygyň nyşanalaryndan diýip bolmaz hakyky nygmat ahyretiň nygmatlarydyr dünýäniň nygmatlary ahyretiň nygmatlarynyň ýanynda hasaba hem gelýän däldirler. oňa gürä ahyretiň nygmatlaryndan paýly bolman diňe dünýäniň nygmatlaryndan paýly bolan ynsanlary bagtyýar ynsanlar diýip bolmaz.