bölüm 853, süre zumär, aýat 9-10
bölüm 853, süre zumär, aýat 9-10
راهی بسوی نور(853)
Zumär süresi, 9-njy aýat :
أَمَّنْ هُوَ قَانِتٌ آنَاء اللَّيْلِ سَاجِداً وَقَائِماً يَحْذَرُ الْآخِرَةَ وَيَرْجُو رَحْمَةَ رَبِّهِ قُلْ هَلْ يَسْتَوِي الَّذِينَ يَعْلَمُونَ وَالَّذِينَ لَا يَعْلَمُونَ إِنَّمَا يَتَذَكَّرُ أُوْلُوا الْأَلْبَابِ (9)
<< ( şu hili kişi ýagşymydyr ? ) ýada gijäň uzaklygynda sežde edip kyýam edip ybadata meşgul bolan we ahyretden gorkýan we allanyň rahmetine umytly bolan kişi ýagşymydyr ? olara : bilýänler bilen bilmeýänler deňmidirler? diýip aýt ( bu zatlardan ) diňe akylly başly ynsanlar ybrat alarlar >>
Geçen gepleşikde , huş günlerinde allany unudyp hada oňa kapyrlyk edýän ynsanlar hakynda gürrüň etdik bu hili ynsanlar diňe agyr we ýowuz ýagdaýlarda allany ýatlaýandyrlar . emma gurhan kerim bu aýatda bu hili ynsanlary elmydam allanyň ýadynda bolup oňa bendelik edýän ynsanlar bilen deňeşdirip: şu hili ynsanlar ýagşy ynsanlarmy ýada her halda , huş günlerinde we ýowuz günlerinde hemişe allanyň ýadynda bolup oňa bendelik edýän ynsanlar gowymy” diýip beýan edýär .
gurhan kerim bu aýatda ýagşy adamlaryň ýöriteliklerine yşarat edip olar , allanyň gahar- gazabyndan aman galyp onuň rahmetine gabat gelmek üçin gijäň ýarynda oýanyp namaza we ybadata meşgul bolýandyrlar diýip aýdýar.
Gijelerine ukydan oýanyp namaz okap allanyň dergähine doga etmeklik şeýlede gurhan talawat etmeklik allanyň öwliýalarynyň ýöriteliklerindendir .
Beýleki ynsanlar özleriniň bäş wagt namazlaryny kynlyk bilen okaýan ýagdaýynda öwliýalar we hakyky mömin ynsanlar gerişlerine parz bolan 5 wagt namazdan aýry gijelerine turup nefil namazlary hem ber jaý kylýandyrlar . allanyň öwliýalary we hakyky möminler bir tarapdan allanyň gaharyndan we azabyndan gorkýandyrlar ýene bir tarapdan hem allanyň rahmetine umytlydyrlar olar şu hili howp we rejaniň aralygynda allanyň bendeligini edýändirler.
Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda yslam pygamberine ýüzlenip : halka aýt dana we bilýän adamlar bilen nadan we bilmeýän adamlar deňmidir ? diňe akylly başly ynsanlar bu iki toparyň parhlaryny bilip bu tapawulardan ybrat alýandyrlar” diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- gurhan medeniýetinde gije diňe ýatmak we dynç almak üçin goýlan däldir eýsem gijeler halwat-da allanyň dergähine ýüzlenip onuň bilen raz-u nyýaz etmek üçin gowy pursatdyr .
2- dana we alym ynsanlar , raz-u nyýaz we ybadat edýän ynsanlardyrlar.
3- howp we reja meselesinde ýa şol allanyň gazabyndan gorkup onuň rahmetine umytly bolmak meselesinde musulman adam deňligi we aramiýanalygy elden bermeli däldir, diýmek mömin adam allanyň gaharyndan we azabyndan gorkýan mahalynda onuň rahmetinden hem na umyt bolmaly däldir .
Zumär süresi, 10-njy aýat :
قُلْ يَا عِبَادِ الَّذِينَ آمَنُوا اتَّقُوا رَبَّكُمْ لِلَّذِينَ أَحْسَنُوا فِي هَذِهِ الدُّنْيَا حَسَنَةٌ وَأَرْضُ اللَّهِ وَاسِعَةٌ إِنَّمَا يُوَفَّى الصَّابِرُونَ أَجْرَهُم بِغَيْرِ حِسَابٍ (10)
<< ( olara ) aýt : eý iman getiren adamlar perwerdigäriňizden gorkyň şu dünýäde ýagşylyk eden ynsanlara ýagşy ( ser paý ) bardyr we allanyň ýeri giňdir ( onda öz imanyňyz üçin kapyrlar tarapyndan kynçylyk çekýän bolsaňyz ýurdyňyzy üýtgediň ) şübhesiz sabyrly ynsanlaryň serpaýy hasapsyz we doly suratda tölener .>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda allanyň dergähine şükür edýän ynsanlar bilen şükür etmeýän ynsanlary şeýlede alym ynsanlar bilen nadan ynsanlary deňeşdirip olaryň ýöriteliklerini aýdyp berdi . emma gurhan kerim bu aýatda şol gürrüňiň dowamynda allanyň çyn bendeleriniň kä ýöriteliklerine yşarat edip aýdýar : iman ähli takwa adamlardyr alladan gorkýandyrlar we olardaky takwalyk olary günä işlerden alyp galýandyr we olaryň alladan haýa etmeklerine sebäp bolýandyr .
Ýöne takwalygyň bir özide ýeterlik däldir takwalygyň ýanynda ýagşylyk etmek hem gereklidir. takwa diýleni edil maşynyň turmyzy ýalydyr, turmyzyň maşynlary hereketden alyp galmak bilen onuň içindäki adamlary howpdan hatardan aman galdyryşy ýaly takwa diýleni hem ynsanlary erbetliklerden we günä işlerden alyp galýandyr.
Ýagşy sözlemek we ýagşy işleri etmeklik iman üçin gerekli zatdyr oňa gürä özüni mömin bilýän ynsan özüniň diline we amalyna hem esewan bolmalydyr özüni mömin bilip telek gürleýän we ýaramaz işleri edýän adamlaryň imany allanyň ýanynda kabul däldir we olar özleriniň amallary üçin ahyretde alladan serpaýa garaşmaly däldirler .
Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda allanyň ýolunda mömin adamyň gerek bolan ýerinde hijret etmelidigine yşarat edip : egerde mömin adam bir ýurtdy we bir ülkede öz imanyny goramakda kynçylyga düşse gerek bolan ýagdaýynda başga ýerlere göçmelidir onuň öz dogdyk ýurdundan üzülip bilmän şol ýerde galmagy dogry däldir” diýip aýdýar . pygamberiň zamanynda hem musulmanlar özleriniň imanlary üçin Mekgäniň kapyrlary tarapyndan azarda bolandyklary üçin Mekgedin Medine şäherine göçip şol ýerde öz imanlaryny goramagyň ýanynda yslam dinine hem hemaýat berdiler .
Öz dogdyk ýurduňy terk edip gitmeklik agyr işdir şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatyň dowamynda : allanyň razylygyny gazanmak üçin hijretiň kynçylyklaryna düz gelýän ynsanlara alla özüniň lutfy kereminden hasapsyz serpaý bere” diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwretýän sapaklary :
1- ýagşylyk etmeklik , imanly we takwaly bolmagyň ýanynda peýdaly zatdyr ýogsa bu zatlaryň her birisi , öz özünden ynsanlary hakyky bagtyýarlyga ýetirip bilýän däldirler .
2- imanymyzy goramak üçin hijret etmeklik derwaýys mesele bolsa, hökman ony etmelidiris. şu hili ýagdaýlarda hijretiň kynçylyklaryny garşy alyp ýaşaýan ýurdumyzy üýtgetsek alla hem özüniň lutfy kereminden bizi razy etjekdir .
3- allanyň serpaýyna gabat geljek bolsak hökman allanyň ýolunda zähmet çekmelidiris . zähmet talaş ynsanyň ösüp kemal derejelerine ýetmegine sebäp bolýandyr.
///////////////