bölüm 854, süre zumär, aýat 11-16
bölüm 854, süre zumär, aýat 11-16
راهی بسوی نور(854)
Zumär süresi, 11, 12 we 13-nji aýatlar:
قُلْ إِنِّي أُمِرْتُ أَنْ أَعْبُدَ اللَّهَ مُخْلِصاً لَّهُ الدِّينَ (11) وَأُمِرْتُ لِأَنْ أَكُونَ أَوَّلَ الْمُسْلِمِينَ (12) قُلْ إِنِّي أَخَافُ إِنْ عَصَيْتُ رَبِّي عَذَابَ يَوْمٍ عَظِيمٍ (13)
<< ( eý pygamber! ) olara aýt : men dini alla üçin päklän ýagdaýymda oňa bendelik etmeklige borçly edildim// we musulmançylykda birinji bolmaklyga borçly edildim. // (ýene) aýt : öz perwerdigärime osýan etsem uly günüň azabyndan gorkýan” diýip. >>
Geçen gepleşikde iman ähliniň nyşanalaryndan bolan takwalyga , sabyrlylyga we ehsan etmeklige yşarat etdik . gurhan kerim şol aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda hem yslam pygamberine ýüzlenip : eý pygamber! müşriklere ýüzlenip “men allanyň dinini her hili näpäklikden we şirkden gorap diňe onuň bendeligini etmeklige borçlydyryn şeýlede iman ähliniň arasynda allanyň bendeligini etmekde hemmelerden öňde bolmaklyga we öz amallarymy şirkden arassalamaklyga borçly edildim” diýip aýt diýip aýdýar.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda allanyň emrine eýermezligiň netijelerine yşarat edip bu meselede her kim allanyň emrinden boýun gaçyrsa ol indi her kim bolsada hada pygamber bolsada allanyň gazabyna giriftar boljakdyr allanyň gahar gazabyndan gutulmagyň ýoly onuň emrine eýermeklikdir bu meselede pygamberleriň borjy özgelerden güçliräkdir” diýip aýdýar.
Dogrusy pygamberler özleri üçin hiç hili artykmaç zady alan däldirler eýsem olar özlerini beýleki ynsanlaryň birsi ýaly bilip hemişe allanyň emrine boýun bolandyrlar. bu mesele bolsa olaryň berhaklygyny subut edýändir. emma özlerini pygamber tanadan kezzap we ýalançy adamlar özlerini beýleki ynsanlardan artykmaç saýmak bilen öz şahsy bähbitlerini arandyrlar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- hak pygamberleri , halka özleri tarapyndan hiç hili sargydy ýetiren däldirler, eýsem olar allanyň sargydyny halka ýetirendirler we olaryň amallary hem alla tarapyýndyr.
2- alla bendelik etmekde yhlasly bolup içiňi her hili şirkden arassalamaklyk pygamberleriň borçlaryndandyr.
3- kyýamatda allanyň gorjak mizan terezisinde pygamberler bilen özgeleriň arasynda hiç hili tapawut ýokdur alla olaryň hemmesine bir göz bilen garaýandyr.
Zumär süresi, 14 we 15-nji aýatlar :
قُلِ اللَّهَ أَعْبُدُ مُخْلِصاً لَّهُ دِينِي (14) فَاعْبُدُوا مَا شِئْتُم مِّن دُونِهِ قُلْ إِنَّ الْخَاسِرِينَ الَّذِينَ خَسِرُوا أَنفُسَهُمْ وَأَهْلِيهِمْ يَوْمَ الْقِيَامَةِ أَلَا ذَلِكَ هُوَ الْخُسْرَانُ الْمُبِينُ (15)
Aýt : men öz dinimi alla üçin päklän halymda oňa bendelik edýärin // onda siz ondan özge her kime isleseňiz bendelik ediň” diýip ( eý pygamber ! ) olara aýt : dogrudanda ( hakyky ) zyýankär , özlerini we öz ählini kyýamatda zyýankär eden kişidir, bular şol äşkär zyýankärlerdendirler.>>
Geçen aýatlarda yslam pygamberleri : allanyň dogry we päk dinini yhlas bilen halka ýetirmeklige borçly edildim diýmekden soň bu aýatlarda : men amalda hem şu hili işleri etdim sebäbi birinjiden diňe alla bendelik etdim we özgelere çokunmakdan saklandym ikinjiden hem çokunmak meselesinde alla şärik kaýyl bolmadym” diýip aýtýar . önsoň müşriklere ýüzlenip : men sizi allanyň päk we halys dinine tarap çagyrýaryn ýöne siz meniň bu çakylygymy kabul etmeýärsiňiz onda meň siz bilen işim ýok her kime her bir zada çokunjak bolsaňyz çokunyň ýöne bilip goýyň alladan özgä çokunsaňyz zyýankärlerden bolarsyňyz we özüňizden aýry içeri maşgalaňyzy hem kyýamatda äşgär zyýankärlige giriftar edersiňiz” diýip aýdýar .
Maly zyýanlary uly zyýankärlik bilmäň eýsem iň uly zyýankärlik kyýamatda ynsana garaşýandyrlar, şol günde ynsan , allanyň beren nygmatlaryny ukyplaryny we mümkinçiliklerini bihuda ýerlere saryp edendigine göz ýetirmek bilen özüniň uly zyýankärlige uçrandygyny bilip galjakdyr, onsoňda ynsanyň öz goýberen ýalňyşlyklaryny düzeltmegi üçin oňa dünýä dolanmak rugsady hem beriljek däldir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň emrini ýerine ýetirmekde pygamberler hemmelerden öňde bolandyrlar olar hemmelerden ozal allanyň emrinde tapylandyrlar. olar halky allanyň emrine çagyrýan ýagdaýlarynda özleri şol emirden gaçýanlardan bolan däldirler . eýsem olar şol aýdýan zatlaryna hemmelerden ozal özleri amal edendirler .
2- pygamberleriň iň möhüm jogapkärçiligi allanyň dinini her hili şirkden we ikilikden päklemek bolandyr sebäbi şirk we ikilik diniň uly äpetlerindendir.
3- pygamberler allanyň emrini halka ýetirmeklige borçly bolandyr elbetde bu arada olar ynsanlaryň arasynda özleriniň ýetirýän hak sargytlaryny kabul etmejek ynsanlaryň hem boljakdyklaryny bilýärdiler şondan gelende pygamberler özleriniň alyp barýan ýollaryny dowam etmekde naumyt bolan däldirler eýsem gaýdusyülyk bilen ýollaryny dowam edendirler .
4- ynsan diňe bir allanyň garşysynda däl eýsem özüniň içeri maşgalasynyň garşysynda hem jogapkärdir diniň taglymaty esasynda perzentleri terbiýeläp kemala ýetirmeklik ene atalaryň üstüne düşýän jogapkärçiligiň birsidir.
Zumär süresi, 16-njy aýat :
لَهُم مِّن فَوْقِهِمْ ظُلَلٌ مِّنَ النَّارِ وَمِن تَحْتِهِمْ ظُلَلٌ ذَلِكَ يُخَوِّفُ اللَّهُ بِهِ عِبَادَهُ يَا عِبَادِ فَاتَّقُونِ (16)
<< olar üçin depelerinden otdan bolan kölegeler we aýaklarynyň astyndan hem (otdan bolan ) kölegeler bolar . alla bu zat bilen öz bendelerine gorky berýändir . (onda ) eý meniň bendelerim menden gorkyň .>>
Gurhan kerim bu aýatda kyýamat gününde hakyky zyýankärleriň ýagdaýyny açyklap : tamugyň ody ony dürt tarapdan gurşap alar onuň gaçara ýeri bolmaz. hakykatda bu zat alladan gorkmaýan we takwaly bolmadyk ynsanlar üçin duýduryşdyr we alladan gokmaýan ynsanlaryň kyýamatda şu hili ýowuz ýagdaýa uçramaklary mümkindir diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- alla kapyr bolup şirk getirmeklik we allany ýatdan çykarmaklyk ynsanyň betbagtlyga uçramagyna sebäp bolýandyr. her kim allany ýatdan çykaryp kapyrlyk ýoluna girse ahyretde ol allanyň gahar gazabyna uçrap dowzah oduna ýanjakdyr.
2- tamugyň odundan halas bolmagyň ýekeje ýoly takwa bolup günälerden daş durmaklykdyr. günä bir odun ýalydyr, odun tutaşansoň onuň her bir zady ýakyp kül etjekligine şek şübhe ýokdur . günäni hem tutaşdyrmaly däldir günä tutaşan ýagdaýynda ol her bir zatdan ozal öz eýesini ýakjakdyr.
////////////