Jul 27, 2020 11:55 Asia/Ashgabat

bölüm 855, süre zumär, aýat 17-21

راهی بسوی نور(855)

Zumär süresi, 17 we 18-nji aýatlar :

وَالَّذِينَ اجْتَنَبُوا الطَّاغُوتَ أَن يَعْبُدُوهَا وَأَنَابُوا إِلَى اللَّهِ لَهُمُ الْبُشْرَى فَبَشِّرْ عِبَادِ (17) الَّذِينَ يَسْتَمِعُونَ الْقَوْلَ فَيَتَّبِعُونَ أَحْسَنَهُ أُوْلَئِكَ الَّذِينَ هَدَاهُمُ اللَّهُ وَأُوْلَئِكَ هُمْ أُوْلُوا الْأَلْبَابِ (18)

<< tagutyň bendeliginden ýüz öwrüp alla tarap dolanan ynsanlar üçin buşluk bardyr, onda meniň bendelerime buşluk ber.// olar gepi eşidip onuň iň ýagşysyna eýerýän ynsanlardyr  we olary alla hedaýat edendir we olar şol akylly başly ynsanlardyr.>>

Gurhan kerim bu aýatlarda hem ýagşy bilen ýamany deňeşdirip öz matlabyny beýan edendir, sebäbi geçen gepleşikde gury täsip çekip iman getirmekden we haky kabul etmekden saklanan müşrikler hakynda gürrüň boldy ýöne gurhan kerim özüniň bu aýatlarynda hakyň gözleginde bolan haky kabul edip alla tarap dolanan ynsanlar hakynda gürrüň edýär .

Elbetde alladan özgelerden şol sanda butlardan , tagutlardan we betkär ynsanlardan hatda öz gara nepsiňden ýüz öwrüp alla tarap ýüzlenmeklik hakyky imanyň nyşanalaryndandyr . gurhan kerim soň bu aýatlarda allanyň halan ýörite bendeleriniň bir toparyna yşarat edip olar gury täsibi gyrakda goýmak bilen her bir sözi eşitýändirler we özleriniň akyl paýhaslaryndan peýdalanyp iň ýagşy sözi kabul edýändirler olar hakykata susan ynsanlardyrlar hakykaty her ýerde görseler oňa gujak açýandyrlar we hakykatyň dury çeşmesinden gana gana içýändirler diýip beýan edýär.

Gurhan kerim bu aýatlarda bir hakyky musulman adamyň erkana ynsandygyny we her bir sözi eşidýändigini we şol eşidýän zatlarynyň içinden diňe hak kelamyny kabul edýändigini aýdyp akylly başly ynsanlar hak sözüň garşysynda durýan däldirler eýsem haky eşiden badyna ony kabul edýändirler” diýip nygtaýar . gurhanyň aýdyşyça bu hili ynsanlar şol allanyň hedaýat eden akylly başly ynsanlardyr.

1- alla iman getirmegiň möhüm şerti alladan özgäň bendeliginden ýüz öwrüp tagutlary ýigrenmeklikdir .

2- her gepi eşidemizde her bir zatdan ozal gepiň haklygyna ýada na-haklygyna üns bermelidiris we hak sözi kabul edip na-hak sözi hem ret etmelidiris.

3- alla tarapyndan Wahyý bolan zatlar bilen ynsanyň oýlanyp ýedýän hakykatlarynyň arasynda çaprazlyk ýokdur olaryň ikiside diýmek akyl bilen wahyý allanyň ynsanlaryň hedaýaty üçin goýan muhabbetleridir. ynsan , akyl bilen wahyýdan peýdalanyp hakyky bagtyýarlyga ýetip bilýändir.

4- yslam dini erkana oýlanmagyň we akyl paýhas esasynda ýaşamagyň tarapdarydyr.

Zumär süresi, 19 we 20-nji aýatlar :

أَفَمَنْ حَقَّ عَلَيْهِ كَلِمَةُ الْعَذَابِ أَفَأَنتَ تُنقِذُ مَن فِي النَّارِ (19) لَكِنِ الَّذِينَ اتَّقَوْا رَبَّهُمْ لَهُمْ غُرَفٌ مِّن فَوْقِهَا غُرَفٌ مَّبْنِيَّةٌ تَجْرِي مِن تَحْتِهَا الْأَنْهَارُ وَعْدَ اللَّهِ لَا يُخْلِفُ اللَّهُ الْمِيعَادَ (20)

<>

Yslam pygamberi müşrikleri we gümra ynsanlary dogry ýola getirmek ugurda kän zähmetleri çekerdi we hemişe olaryň dogry ýola girmekleriniň aladasyny ederdi . gurhan kerim bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip : özüniň saýlap seçip alan ýalňyş ýoly bilen duwzaha tarap barýan gümra ynsanlary otdan halas edip bilerin diýip guman edýärmiň ? ol diýeniň hergiz bolmaz, sebäbi ol gümra adamlar özlerini alla ilteşdirýän ýollaryň hemmesinden üzendirler. olara gutulmak ýokdur, hatda olar üçin pygamberiň elinden hem hiç bir iş gelmez” diýip aýdar. Emma bu gümra toparyň garşysynda iman we takwa ähli bardyr olaryň kyýamatda beýik orunlary bolup olara behiştden köşk we saraýlar beriljekdir olar şol ýerde kynçylyk çekmän hoşlukda we şatlykda ýaşajakdyrlar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlaryň arasynda ýaşap olary dogry ýola hedaýat etmeklik pygamberleriň asly borjydyr şol bir wagtda ynsanlaryň bagtyýar bolmaklary ýada bagtyýarlykdan daş düşmekleri pygamberleriň elinde däldir eýsem ynsanlaryň öz amallary kyýamatda olaryň ykbalyny belli etjekdir .

2- gury täsip we jedel etmek bilen hakdan ýüz öwürýän ynsanlar aslynda özlerini bagtyýarlyk ýoldan daş edýändirler .

3- hudaýa bolan imanymyz bitin bolsa onuň behişt we dowzah barada beren wadalaryny dogry we hökmany bilmelidiris we öz amallarymyza esewan bolmalydyrys.

Zumär süresi, 21-nji aýat :

أَلَمْ تَرَ أَنَّ اللَّهَ أَنزَلَ مِنَ السَّمَاءِ مَاءً فَسَلَكَهُ يَنَابِيعَ فِي الْأَرْضِ ثُمَّ يُخْرِجُ بِهِ زَرْعاً مُّخْتَلِفاً أَلْوَانُهُ ثُمَّ يَهِيجُ فَتَرَاهُ مُصْفَرّاً ثُمَّ يَجْعَلُهُ حُطَاماً إِنَّ فِي ذَلِكَ لَذِكْرَى لِأُوْلِي الْأَلْبَابِ (21)

<< allanyň gökden suw iberip ony çeşmeler görnüşinde ýeriň ýüzünde akdyryşyny, soň hem şol suw bilen elwan reňkli ekişleri emele getirşini, soň (ondan hasyl berip) gurydyşyny görmediňmi ? soň ol hasylyň saralşyny görýärsiň soň hem (alla) ony samana öwürýändir, şübhesiz bu zatlarda akylly başly ynsanlar üçin ybrat bardyr.>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda kapyrlar bilen möminleriň kyýamatda gabat geljek ykballaryny gysga suratda açyklamakdan soň bu aýatda ýene bir gaýtar towhyt we Muat gürrüňine dolanyp towhtdt diýmek şol allanyň birligini düşündirmekde asmandan ýagyşyň ýagmagyna yşarat edýär . sebäbi ýeriň gögermegi asmandan inýän ýagşyň netijesinde mümkin bolýandyr. egerde suw bug şeklinde derýalaryň we deňizleriň ýüzünden asmana göterlip buluda öwrülmek bilen ýer şarynyň durly künjeklerinde ýagyn we gar görnüşlerinde ýagmasady ýer şary gurap ýatan mekana öwrülerdi we onda ýaşaýşyň emele gelmegi mümkin däldi . dogrusy suwyň şeýle bir tertip düzgünli sistemanyň içinde aýlanmagy netijesinde ýaşaýyş ýer şarynyň durly künjeklerinde emele gelendir .ýer şarynyň künjeklerine suwyň ýetmegi üçin şu hili bir tebigy sistema bolman bolsady hemmeler hatda deňizleriň golaýyndaky ynsanlar hem öz suwlaryny üpjün etmekde kynçylyga düşjekdiler .häzirki zamanda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp deňizleriň suwuny süýji edip bolýandyr. ýöne bu iş yktysady taýdan gaty baha bolýandyr . suwy süýji edýän desgalar köp energiýany saryp edip deňizleriň suwundaky duzy jyda etmek bilen suwy süýji edýändirler ýöne tebigatda haçanda suw deňizleriň ýüzünden bug bolup asmana göterlende onuň duzy deňizde galyp süýji suw asmana göterilýändir, soň şu süýji suw bulut şeklinde ýel bilen ýer şaryň durly künjeklerine tarap ýola düşýändir we soňda ýagyn ýada gar şeklinde suwsap ýatan ýerleriň üstünden ýagýandyr. Şeýdipde ýer şarynyň dürli künjeklerinde ýaşaýyşyň dowamatyna kepil geçýändir. Hatda bu şuwyň bir bölegi ýeriň içine siňip soňda çeşme görnüşinde ýeriň ýüzüne çykandyr ýada ynsanlar guý gazyp ol suwdan peýdalanýandyrlar . akylly başly ynsanlar suwyň ýer şaryň ýüzünde şu hili aýlanyp ýaşaýşy emele getirip onuň dowamatyna kepil geçşini synlap görmek bilen ybrat alýandyr we allanyň ýaradan barlygynyň azamatyna göz ýetirýändir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1-tebigy gopgunlar barada dykgat bilen oýlanyp olary öwrenmek bilen allanyň birligine we gudratyna göz ýetirip boljakdyr .

2- suw bilen toprakdan durly närseleriň we ösümlikleriň emele gelmekleri allanyň gudratyndan we azamatyndan bir nyşandyr.

3- akylly başly ynsanlar tebigy gopgunlary tanamak bilen onuň sebäpleri barada hem oýlanýandyrlar .

/////////////