Jul 27, 2020 12:00 Asia/Ashgabat

bölüm 856, süre zumär, aýat 22-23

راهی بسوی نور(856)

Zumär süresi, 22-nji aýat :

 

‏ أَفَمَن شَرَحَ اللَّهُ صَدْرَهُ لِلْإِسْلَامِ فَهُوَ عَلَى نُورٍ مِّن رَّبِّهِ فَوَيْلٌ لِّلْقَاسِيَةِ قُلُوبُهُم مِّن ذِكْرِ اللَّهِ أُوْلَئِكَ فِي ضَلَالٍ مُبِينٍ (22)

<< alla gursagyny yslam üçin açyp öz rebbiniň tarapyndan gelen nurdan bähre alýan kişi ( gümralykda bolan kişi bilen deňmidir ? ) onda gaty ýürek bolanlyklary üçin allany ýatlamaýan adamlaryň gününe waýlar bolsun . olar äşgär gümralykdadyrlar .>>

Gurhanyň aýatlary we asmandan inýän wahyý edil ýagynyň damjalary ýaly ynsanlaryň ýürek ülkesine ýagýandyr. diňe gögermäge şertli bolan ýerleriň ýagmyr bilen gögerişleri ýaly ýüreklerinde allanyň wahyýsyny we aýatlaryny kabul etmek üçin taýýarlyk bolan ynsanlar ondan täsir alyp haýyrlanyp bilýändirler we daşlyk ýerleriň ýagmyrdan peýdalanyp bilmeýşi ýaly ýüreklerinde iman nury bolmadyk ynsanlar hem asmanlyk wahyýdan we aýatlardan peýdalanyp bilýän däldirler .

Dogrusy ynsanlar haky kabul etmek barada bir hili pikir edýän däldirler. gurhan kerim bu barada kä ynsanlary, ýürekleri giň we gursaklary açyk adamlar diýip tandandyr we käleri hem dar gursak diýip aýdandyr . gurhan kerim bu aýatlarda alla iman getirmegiň ynsanyň ýaşaýyşynda we ykbalynda galdyrýan täsirlerine yşarat edip : ynsanyň ýaşaýyşyny diňe şu dünýäniň ýaşaýyşynda çäkli bilmeklik onuň , bagtyýarlygy şu düýäde we dünýäniň lezzetlerinde bilmegine sebäp bolýandyr diýip beýan edýär .

Bu hili düşünje alladan daş düşen ynsanyň gursagynyň dar bolmagyna we ruhynyň pes bolmagyna sebäp bolýandyr. emma kyýamata we gaýyp dünýäsine imanly bolan mömin ynsan dünýäniň ýaşaýyşyny ahyret üçin bir başlangyç bilýändir we hakyky ýaşaýyşy ahyretde bilmek bilen şol ýaşaýyş üçin taýýarlyk görmek üçin öz gursagyny din tabşyryklarynyň garşysynda açyk goýandyr. şonuň üçin haky kabul etmekde bu hili ynsanlaryň gursaklary giň bolýandyr . şonuň üçin bu hili ynsanlar ýaşaýyşy şu dünýäniň 70 – 80 ýyllyk ýaşaýyşynda çäkli bilýän däldir eýsem ol ahyretiň hemişelik ýaşaýyşynyň sagadatyndan paýly bolmak ugurda tagalla edýändir . bu hili ynsanlar asmanlyk kitabyň nurundan täsir almak bilen garaňkylyklarda özleriniň dogry ýollaryny tapyp sagadata ýetip bilýändirler . ol bir tarapdan hem gümralyk ýoluny saýlap alladan daş düşen ynsanlar hiç bir wagza gulak berýän däldirler olaryň gursagy şeýle bir kiçidir weli hakykat onda ýerleşýän däldir olar gara daş ýaly, iman nurundan täsir alýan däldir allanyň hedaýaty hem olary ýüreklerine ornap bilýän däldir . bu hili ynsanlar allany we ahyreti inkär edip ýaşaýyşy diňe şu dünýäniň ýaşaýyşynda bilýändikleri üçin olar ölümden gaty gorkýandyrlar, sebäbi olar ölümi ýokluk bilen deň bilýändirler .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- alla iman getirmegiň saýasynda ynsanyň gursagy giňelip ýaşaýyş baradaky onuň göz ýetimi hem giň bolýandyr, bu hili ynsanlar özleriniň ruhy baýlyklary bilen hemişe haka boýundyrlar .

2- mömin adam gursagyndaky imanyň nury bilen ýaşaýyşyň kyn ýollaryny sag aman aşyp özüniň maksat myradyna ýetip bilýändir .

3- şirk we haky inkär etmeklik ynsanyň gursagynyň ylahy nurdan mahrum galmagyna ýüreginiň daş ýaly gatamagyna netijede hemişelik gümralyga uçramagyna sebäp bolýandyr.

Zumär süresi, 23-nji aýat :

اللَّهُ نَزَّلَ أَحْسَنَ الْحَدِيثِ كِتَاباً مُّتَشَابِهاً مَّثَانِيَ تَقْشَعِرُّ مِنْهُ جُلُودُ الَّذِينَ يَخْشَوْنَ رَبَّهُمْ ثُمَّ تَلِينُ جُلُودُهُمْ وَقُلُوبُهُمْ إِلَى ذِكْرِ اللَّهِ ذَلِكَ هُدَى اللَّهِ يَهْدِي بِهِ مَنْ يَشَاءُ وَمَن يُضْلِلْ اللَّهُ فَمَا لَهُ مِنْ هَادٍ (23)

<< alla iň gözel sözleri kitap şeklinde inderdi ( onuň aýatlary ) bir-birine çalym edip gaýtalanyp durandyr onuň ( aýatlary ) allasyndan gorkýanlaryň bedenlerini lerzana salýandyr, soň allany ýatlap olaryň tenleri we ýürekleri ýumşaýandyr bu zat allanyň hedaýatydyr. her kimi islese oňa tarap iterer we her kimi islese (hedaýatdan mahrum edip ) gümra eder, we onuň üçin hiç bir hedaýat tapylmaz.>>

Gurhan kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatda özüniň diýmek gurhanyň bir näçe artykmaç tarapyna yşarat edip möminler bilen kapyrlaryň hal- ýagdaýlaryny deňeşdirmek bilen, kä hakykatlaryň üstüni açýandyr . gurhan kerimiň aýatlarynyň bir birlerine ters gelýän ýeri ýokdur, hemmesi mazmun taýdan bir birlerine çalym edýändirler şeýlede ýaradyjy alla bilen ýaradylan ynsanyň parhy ýaly allanyň kelamy hem ynsanyň kelamyndan parhlydyr we gurhanyň aýatlary ynsanyň agzyndan çykýan zatlara meňzeş däldir. allanyň kelamy bolan gurhanyň aýatlary hil we sözlem taýdan bir meňzeş şiewdw görnüşe çykandyrlar şonuň üçin gurhanyň aýatlarynyň arasynda meňzeşlik bardyr ýöne aýatlar bilen ynsanyň agzyndan hatda pygamberiň agzyndan çykan zatlaryň arasynda esasy tapawular bardyr. gurhanyň aýatlary bilen hadysyň arasynda görünýän tapawutlar şu jähetdendir.

Gurhanyň aýatlary bir birine çalym edip olaryň hemmesi bir maksadyň yzynda bolsalarda gurhanyň aýatlary köp wagtlarda bir maksadyň we bir zadyň durly taraplary barada gürrüň edýändir . her bir zadyň öz garşysy bilen tanalşy ýaly gurhan hem öz aýatlarynyň mäkämligini bildirmek üçin olary içi boş gürrüňler bilen deňeşdirendir . şeýdipde hak kelamyndaky mantygyň berkligini görnüşe çykarandyr.

Mysal üçin gurhanyň aýatlarynyň bir topary möminleriň imany we kapyrlaryň kapyrçylygy hakynda gürrüň edýändir. aýatlaryň ýene bir topary allanyň möminlere berjek serpaýlary we kapyrlara berjek azaplary hakyndadyr. Aýatlaryň ýene bir topary hem allanyň halal haramdan emir eden zatlarynda tapylmak hakyndadyr, ýagny halal işleri edip haram işlerden daş durmakda allanyň emrinde tapylmak baradadyr .

Şeýlede aýatlaryň ýene bir topary ylahy hedaýat we onuň sebäpkärleri we gümralyk we onuň sebäpleri baradadyr .

Gurhan kerim öz aýatlarynda bu hili garşy zatlary ýagny gümralyk bilen hedaýaty, iman bilen kapyrlygy we halal bilen haramy deňeşdirip ylahy hakykatlary görnüşe çykarandyr we bu şiwe bilen ýagşy ýol bilen telek ýoluň parhlaryny bildirip ynsanlara ýol saýlamak barada ýardam edendir. Üns bermeli ýene bir mesele olda ynsanlaryň hemişe howp bilen rejaň arasynda diýmek gorky bilen umydygärligiň arasynda ýaşamaklarydyr. ynsan kyýamatda alladan serpaý aljak bolsa öz ýaşaýyşynda bir tarapdan alladan gorkmalydyr we edil şol mahal hem allanyň magfyratyndan umytly bolmalydyr. şübhesiz gurhanyň aýatlary hemmeler üçin ýöne diňe onuň berhaklygyny kabul eden ynsanlar ylahy hedaýatdan paýly bolup kyýamatda serpaý alarlar we oňa iman getirmedikler bolsa hemişelik gümralyga uçrjakdyrlar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhanyň aýatlary iň ýagşy we gözel kelamdyr .

2- gurhanyň aýatlarynyň arasynda tapawut ýokdur we olaryň hemmesi bir maksady yzarlaýandyrlar. gurhanyň aýatlary bir birlerine çalym edýändirler we olaryň arasynda bir birine ters gelýän aýatlar ýokdur .

3- möminler Gurhanyň aýatlaryny talawat edýän mahallary ýüreklerinde allanyň gorkysy bolansoň bedenleri lerzana düşýändir .

4- taňry tagala  adamyň hedaýaty üçin gerek bolan zatlary ynsanyň erkinde goýandyr we gurhan hem ynsanyň hedaýaty üçin iberlendir. Hemmeleriň el-ýeterliginde bolan gurhanda ynsanlaryň hedaýaty bardyr, oňa gürä her kim bu gurhana ýapyşsa onuň hedaýatyndan paýly bolup hakyky bagtyýarlyga ýetjekdir.

////////////