bölüm 857, süre zumär, aýat 24-28
bölüm 857, süre zumär, aýat 24-28
راهی بسوی نور(857)
Zumär süresi, 24-nji aýat :
أَفَمَن يَتَّقِي بِوَجْهِهِ سُوءَ الْعَذَابِ يَوْمَ الْقِيَامَةِ وَقِيلَ لِلظَّالِمِينَ ذُوقُوا مَا كُنتُمْ تَكْسِبُونَ (24)
<< özüniň ýüzi bilen kyýamat gününiň agyr azabyny daş edip bilýän kişi ( allanyň azabyndan aman bolan kişi bilen deňmidir ? ) we ( şol günde ) sütemkärlere: öz gazanan zatlaryňyzy dadyň" diýlip aýdylar .>>
Geçen gepleşikde gürrüňini eden aýatlarymyzyň soňkysynda dogry ýola girenler bilen gümra bolan toparlaryň parhlaryny aýdyp berdik .gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda hem bu iki topary deňeşdirip olaryň soňunyň näme boljakdygyny aýdyp berýär .
Gurhan kerim bu aýatda : öz ýüzi bilen allanyň güçli azabyny özünden daş edip bilýän kişi diýmek öz ýüzi bilen özüni dowzahyň odundan gorajak bolýan kişi allanyň azabyndan asuda we arkaýyn ýatyp bilermi ? şol günde dowzahdaky zalymlaryň ýagdaýy gaty ýowuz bolar olar , el – aýaklary bagly bolansoň özlerini diňe ýüzleri bilen dowzah odundan goramaly bolarlar diýip beýan edýär . dowzahy adamlaryň beden agzalarynyň barysy tamugyň oduna ýanjakdyr onuň bir agzasy ýanyp ýene bir agzasy aman galjak däldir şondan gelende ynsanyň beden agzalarynyň arasynda ýüziň ýörite ähmiýetiniň bolanlygy üçin gurhan kerim bu aýatda ýüzi beýleki agzalardan jyda etmek bilen beýleki agzalaryň ýanynda ynsanyň ýüziniň hem tamugyň oduna ýanjakdygyny ýatlandyr . gurhan kerim bu aýatyň dowamynda dowzaha düşen günäkär ynsanlara ýüzlenip : bu gün öz eden etmişleriňiziň miwesini dadyň şol eden erbet işleriňiziň başyňyza getiren belalaryny synlap gürrüň" diýip beýan edýär .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanyň dowzahda görjek azaplary onuň dünýäde ýola beren günä işleriniň we eden etmişleriniň miwesidir.
2- kyýamatda ynsan özüniň dünýäde goýberen amallaryny jisim görnüşinde synlap görjekdir.
Zumär süresi, 25 we 26-njy aýatlar :
كَذَّبَ الَّذِينَ مِن قَبْلِهِمْ فَأَتَاهُمْ الْعَذَابُ مِنْ حَيْثُ لَا يَشْعُرُونَ (25) فَأَذَاقَهُمُ اللَّهُ الْخِزْيَ فِي الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَلَعَذَابُ الْآخِرَةِ أَكْبَرُ لَوْ كَانُوا يَعْلَمُونَ (26)
<
Aýtmak ýerli azaplaryň kä görnişleri şol sanda hezreti Nuh, Lut we Ad kowumlaryň başyna gelen azaplar mady görnüşinde bolandyr ýöne kä azaplaryň mady görnişi ýokdur hamala , häzirki ýagdaýda günbatar yurtlarda we köpçüliklerde köp mady mümkinçilikleriň bolmagyna garamazdan ynsanlar magnewiýetden we dinden daş düşendikleri üçin ruhy taýdan azapdadyrlar olar magnewiýetden arany açandyklary üçin ruhy hassalyga giriftar bolandyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- günäkär adamlaryň eden etmişleriniň bir topary şu dünýäde azap şeklinde olaryň başyna injekdirler we bir topary hem ahyret azaby şeklinde olaryň ýakasynda ýapyşjakdyr . elbetde bu azaplaryň kä görnüşi jismi bolsa kä görnüşi hem ruhy şeklindedir .
2- dünýäde günäkär adamyň ýakasyndan ýapyşjak azaplara gürä ahyretiň azaplary hem güçliräkdir hemde uzakrakdyr .
3- alla her bir zalymy jezalandyryp bilýändir we alla , zalym ynsanlara olaryň garaşmaýan ýerlerinden azap berer.
Zumär süresi, 27 we 28-nji aýatlar :
وَلَقَدْ ضَرَبْنَا لِلنَّاسِ فِي هَذَا الْقُرْآنِ مِن كُلِّ مَثَلٍ لَّعَلَّهُمْ يَتَذَكَّرُونَ (27) قُرآناً عَرَبِيّاً غَيْرَ ذِي عِوَجٍ لَّعَلَّهُمْ يَتَّقُونَ (28)
<< we dorudanda biz bu gurhanda her bir zatdan mysal getirdik belki ybrat alarsyňyz diýip // arap dilinde bolan gurhan we içinde hiç hili gyşyklyk bolmadyk (gurhan), belki takwa bolsynlar.>>
Gurhan kerim bu aýatlarda özüniň artykmaç taraplaryna yşarat edip : bu gurhanyň maksady ynsanlary dogry ýola salmaklykdyr ynsanyň bagtyýarlygynda täsirli bolan zatlary siz bu gurhanda görüp bilersiňiz dogrusy gurhan kitaby ýalpyldap ynsanlara ýoly görkezýän hedaýat nurydyr" diýip beýan edýär.
ýaradylyşyň syrlary , dogry ýaşaýyşyň kanunlary , ýagşy ynsanlaryň geçmişi we telek ynsanlaryň giriftar bolan şum ykballary , ölümden soňky dünýä , ahyretde dikeldiljek mizan- terezi , we ynsanyň bagtyýar bolmagy üçin bilmeli beýleki zatlary gurhan kerimiň öz aýatlarynda mysal hökmünde getiren zatlarydyr we gurhan kerim bu zatlary mysal hökmünde getirmek bilen hem ynsanlary gaflat ukysyndan oýarmagyň aladasyny edendir .
Gurhan kerim bu iki aýatyň ikinjisinde hem gurhan kerimiň diline yşarat edip gurhanyň aýatlarynyň hemmelere düşnükli bolan sada we süýji dilde özide Arap lawzynda inendiklerini we gurhanyň aýatlarynda hiç hili gyşarnygyň ýokdygyny nygtaýar. Onsoňda gurhanyň inmeginiň maksady ynsanlaryň her hili günälerlikden daş durup takwa bolmaklarydyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gurhan kitaby hemme taraplaýyn kitapdyr we ynsanyň bagtyýarlygy üçin gerek bolan barça zatlar onda bardyr .
2- mysal getirip geplemek kä wagtlarda gaty täsirliräk bolýandyr. şonuň üçin gurhan kerim ynsanlara wagyz etmekde mysallardan köp peýdalanandyr.
3- gurhanyň dili açaçan we hemmelere düşnüklidir we onda hiç hili gyşarnyk ýada bir birine ters gelýän gürrüňler ýokdur.
////////////