Jul 27, 2020 12:08 Asia/Ashgabat

bölüm 858, süre zumär, aýat 29-32

راهی بسوی نور(858)

Zumär süresi, 29-njy aýat :

ضَرَبَ اللَّهُ مَثَلاً رَّجُلاً فِيهِ شُرَكَاء مُتَشَاكِسُونَ وَرَجُلاً سَلَماً لِّرَجُلٍ هَلْ يَسْتَوِيَانِ مَثَلاً الْحَمْدُ لِلَّهِ بَلْ أَكْثَرُهُمْ لَا يَعْلَمُونَ (29)

<< alla (sirk bilen towhydy açyklamak üçin) mysal getirdi, bir zamanda, oňuşmaýan adamlaryň eýeçiliginde bolan adam bilen diňe bir adamyň eýeçiliginde bolan adam deňmidir ? hämdi senalar alla mahsusdyr, ýöne olaryň köpsi düşünmeýärler .>>

Taňry tagala zumär süresiniň 27-nji aýatynda : biz, gurhanda halka sapak bolar ýaly her bir zatdan mysallary getirdik" diýip beýan edýär . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda hem bu aýatda möminlere görä müşrikleriň ýaramaz ýagdaýlaryny bildirmek üçin aýdýar : hamana bir guluň bir näçe eýesi bolsa we ol öz eýeleriniň aýdanlaryny etmäge mejbur bolsa ol öz eýeleriniň aýdanlaryny bir zamanda edip bilmez, mümkinde şol guluň eýeleriniň käbiriniň aýdýan zatlary ýene biriniň aýtýanlaryna ters bolsyn biri mümkin bu işi et diýsin ýene biri hem etme diýsin şonda bu gul adam öz eýeleriniň haýsy biriniň aýdanlaryny etjegini bilmän haýranlar bolup galjakdyr. emma aýry bir tarapdan gurhan kerim ünsleri ýene bir gula tarap çekýär ol guluň ýekeje eýesi bar we ol diňe şonuň aýdanlaryny etmäge borçly. Netijede ol öz eýesine gulluk etmekde öz borçlarynda dogry tapylmak bilen onyň hemaýatlaryndan hem paýly bolýandyr. Hezreti ýusup (a) hem Fyrawnyň türmesinde kä şu hili bir mysaly getirip : syzyň ýalňyz Taňra bendelik etmegiňiz gowymy ýada durly hudaýlara bendelik etmeňiz ? diýip sorag berendir.

Dogrudanda müşrikler bilen möminleriň parhy şu hilidir, şirk ynsany sergezdan edip onuň asudalygyny alýandyr, ýöne mömin ynsan diňe bir Taňra bendelik edensoň allanyň lutfy kereminden paýly bolýandyr. Ýöne gynanç bilen ynsanlaryň köpsi şirk bilen towhydyň arasyndaky parhlara üns bermeýärler, gaflat edýärler netijede , şirkden arany açyp alla ýakynlaşmagyň ýerine her gün özlerini bir zada bendi we ýesir edýärler .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- mömin ynsan öz işlerinde elmydam allanyň razylygyny göz öňüne alýandyr ýöne müşrik ynsan onuň- munuň razylygyny gazanjak bolup özüni şolara bendi edýärler .

2- şirk bilen towhydyň täsirleri diňe kyýamata mahsus däldir eýsem olaryň täsirlerini şu dünýäde hem görmek bolýandyr . şonuň üçin hem müşrikleriň ýaşaýyşynda içgin asudalyk ýokka , möminleriň ýaşaýyşynda bu asudalygy äşgär suratda görüp bolýandyr .

Zumär süresi, 30 we 31-nji aýatlar :

إِنَّكَ مَيِّتٌ وَإِنَّهُم مَّيِّتُونَ (30) ثُمَّ إِنَّكُمْ يَوْمَ الْقِيَامَةِ عِندَ رَبِّكُمْ تَخْتَصِمُونَ (31)

<< dogrudanda sen öljeksiň we olar (hem) öljekdirler // soň kyýamat gününde perwerdigäriňiziň ýanynda bir biriňiz bilen jedel etjeksiňiz.>>

möminler bilen müşrikleriň soňy ölümdir umuman ölümden gutulmak hiç bir ynsana başartmaz . hatda allanyň saýlan bendeleri bolan pygamberlerde hem ölümden gutulan däldirler. egerde yslam pygamberiniň duşmanlary onuň ölerine garaşan bolsalar olaryň özleride hökman öljekdirler gurhan kerim Änbiýa süresiniň 34-nji aýatynda hem yslam pygamberine ýüzlenip : eý pygamber! sen ölseň olar hemişelik galarlarmy? diýip aýdýar . ýöne ölümden soň ynsanyň işi gutarmaýar eýsem ölüm , kyýamata tarap açylan bir derwezedir . ol iş bolsa kyýamatda ynsana garaşýar we şol ýerde möminler bilen müşrikler ýüz be ýüz bolup öz pikirleriniň we ynam ygtykatlarynyň haklygy barada jedel etjekdirler . belli bolşundan kyýamat gopanda hem müşrikler öz pikirlerini dogry görkezjek bolup tagalla etjekdirler. Ýöne kän wagt geçmänkä alla bu iki toparyň arasyna duşup haýsy toparyň ber-hakdygyny belli etjekdir.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ölüm allanyň ber karar edip goýan zady we ondan hiç kim gutulyp bilmez.

2- kyýamatda dürli toparlar bir- birleri bilen jedel etjekdirler olar bir- birlerini aýyplap özlerini ber-hak görkezjek bolup tagalla etjekdirler  ýöne şol günde iň uly gazy bolan allanyň özi olaryň arasynda höküm çykaryp hakyň haýsy topar bilendigini aýan etjekdir.

Zumär süresi, 32-nji aýat

فَمَنْ أَظْلَمُ مِمَّن كَذَبَ عَلَى اللَّهِ وَكَذَّبَ بِالصِّدْقِ إِذْ جَاءهُ أَلَيْسَ فِي جَهَنَّمَ مَثْوًى لِّلْكَافِرِينَ (32)

<< alla ýalan ýapyp üstüne gelen hak kelamyny inkär eden adamdan sütemkärräk kim bardyr? kapyrlar üçin dowzahan ( ýagşy ) jaý bolarmy ? >>

Bütin ynsanlaryň kyýamatda häzir boljakdyklary barada bolan öňki aýatyň dowamynda gurhan kerim bu aýatda ynsanlaryň bir toparyna yşarat edýär weli ol ynsanlar alla tarapyndan gelen hak kelamyny inkär edip ony kabul etmekden saklanandyrlar . allanyň barlygyny inkär edýän kapyrlar bilen alla barada ýalan zatlary aýdýan müşrikler ikiside haka garşy toparlardyrlar we olaryň ikiside dünýäde edýän erbet işleri, olary dowzaha tarap ýakynladýandyr . ýöne ol bir tarapdan möminler, müşrikler we kapyrlaryň tersine hak kelamyny tassyklap oňa iman getirýändirler .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- jemigatçylyk we yktysady sütemlerden ýokarda durýan sütem bir köpçüligiň medeniýetine we ynam ygtykatlaryna bolýan sütemdir we bu sütemiň iň ulusy alla ýalan ýapyp hak sözi inkär etmeklikdir .

2- gury täsipleri arap jedel etmeklik ynsany hak bilen tersleşmeklige tarap iterýändir şonuň üçin bu hili ynsanlar bir zat barada oýlanmazdan oň bilen tersleşýändirler.

//////////////