Aug 03, 2020 12:54 Asia/Ashgabat

bölüm 859, süre zumär, aýat 33-37

راهی بسوی نور(859)

Zumär süresi, 33 we 34-nji aýatlar :

وَالَّذِي جَاء بِالصِّدْقِ وَصَدَّقَ بِهِ أُوْلَئِكَ هُمُ الْمُتَّقُونَ (33) لَهُم مَّا يَشَاءُونَ عِندَ رَبِّهِمْ ذَلِكَ جَزَاء الْمُحْسِنِينَ (34)

<< we dogry sözi getirip oňa iman getiren kimse , olar muttagylardandyr // olara herne isleseler perwerdigärleriniň ýanynda übjündir. budyr ýagşy adamlaryň serpaýy.>>

Kyýamatda ynsanlar iki topar bolarlar olaryň bir topary dindar we möminler bolsalar ýene bir topary müşrikler we kapyrlardyrlar .

Geçen gepleşigiň iň soňky aýatynda müşrikleriň ykballaryna yşarat edip olaryň hak bilen jedel etmekleriniň kyýamatda olary dowzaha tarap iterjekdigini beýan etdik. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda möminler we dindarlar hakynda gürrüň gozgap : olar dogry we hak sözini eşidip oňa iman getirdiler we muttagylardan boldular olaryň hem dillerinde hak kelamy bardyr hemde ýüreklerinde oňa iman getirendirler. olar hem amalda hem kelamda mömindirler dindardyrlar şu hili adamlaryň sözlerinde we amallarynda ikilik ýokdur diýip aýdýar emma bu hili mömin we dindar adamlaryň garşysynda müşrikler bardyr. olar ahyrda dowzahyň oduna düşjekdirler olara dowzah odundan gutulmak bolmaz emma hakyky möminleriň barjak jaýy behiştdyr, olar ol ýerde her näme isleseler alla tarapyndan üpjün ediljekdir

Olar ol ýerde hem mady hemde magnawy näz nygmatlardan we hoşluklardan paýly boljakdyrlar. dogrusy bu näz nygmatlar möminleriň dünýäde eden ýagşy amallary we işleri üçin olara beriljekdir.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- sözde we amalda dogry bolmaklyk imanyň ilki şertlerindendir. ýalançylyk bilen iman bir ýerde jemlenmez.

2- dini wagyz edýän adamyň özi, şol aýdýan zatlaryna amal eden ýerinde bu wagyzlar öz täsirini eşitýän tarapda galdyrýandyr, dini wagyz edýän adam öz aýdýan zatlaryna amal etmese bu wagyzlaryň başgalarda ters täsiri galdyrmagy hem mümkindir .

3- allanyň behişt ähline haslan nygmatlarynyň çägi ýokdur we behişt ähli her bir zady küýsese alla ony üpjün etjekdir.

4- gurhanda takwalyk bilen sahylyk ybaratlary bir biriniň ýanynda köp gaýtalanyp getirlendir bu mesele bolsa sahy adamyň muttagy we muttagy adamyň hem sahy adam bolmalydygyny görkezýändir.

Zumär süresi, 35-nji aýat :

لِيُكَفِّرَ اللَّهُ عَنْهُمْ أَسْوَأَ الَّذِي عَمِلُوا وَيَجْزِيَهُمْ أَجْرَهُم بِأَحْسَنِ الَّذِي كَانُوا يَعْمَلُونَ (35)

<< tä alla olaryň iň telek amallaryny basyryp olara iň ýagşy amallaryna gürä serpaý bersin. >>

muttagy we sahy ynsanlaryň hudaýa bildirýän islegleriniň biri-de olaryň telek işlerini bagyşlap ýagşy işlerine laýyklykda serpaýyň berilmegidir. olar öz doga- dileglerinde: bar hudaýa biziň ýaramaz işlerimizi bagyşla we iň ýagşy işlerimize görä bize serpaý ber” diýip allanyň derkähinden dileýändirler, alla hem olaryň bu doga dileglerini kabul edip olaryň telek işlerini basyryp ýagşy işlerine görä olara serpaý berýändir . ýeri gelende bir zady ýatlasak olda takwa ybaratyndan maksat, asla günä ýada hata etmezlik däldir muttagy adamyň hem ýalňyşyp hata işleri hatda günä işleri etmegi mümkindir ýöne takwalyk, ynsany şol hata we günä işleri yzarlamakdan alyp galyp toba edip alla dolanmaklygyna sebäp bolýandyr. takwalyk , ynsany günä işlerden daşlaşdyryp ýagşy işlere tarap iterýändir. takwalyk edil bir galkan ýaly ynsany şeýtanyň şerinden we günä işlerden alyp galýandyr . şondan gelende bir hatanyň netijesinde şeýtanyň şeriniň bu galkandan hem geçip mömin adama zyýan ýetirmegi we ony günä işe ulaşdyrmagy mümkindir. ýöne şeýle bir ýagdaýda beýik taňry mömin we takwa adamyň ýüregine we niýetine bakýandyr we onuň bilmezlikden ýada gaflatdan eden hata işlerini bagyşlap oňa iň ýagşy amallaryna laýyklykda serpaý berýändir .

1- iň möhüm zat ynsanyň maksady we niýetidir egerde mömin adam günä işlerden daş durjak bolup tagalla etse alla onuň goýberen hatalaryny görmezlik edip oňa özüniň lutfy kereminden artykmaçlygy bilen serpaý berjekdir.

2- allanyň lutfy kereminden paýly boljak bolsak deslap toba edip özümizi uzaklygy ýaramaz we günä işlerimizden päklemelidiris.

Zumär süresi, 36 we 37-nji aýatlar :

أَلَيْسَ اللَّهُ بِكَافٍ عَبْدَهُ وَيُخَوِّفُونَكَ بِالَّذِينَ مِن دُونِهِ وَمَن يُضْلِلِ اللَّهُ فَمَا لَهُ مِنْ هَادٍ (36) وَمَن يَهْدِ اللَّهُ فَمَا لَهُ مِن مُّضِلٍّ أَلَيْسَ اللَّهُ بِعَزِيزٍ ذِي انتِقَامٍ (37)

<< alla öz bendesine ýeterlik dälmidir? We ( kapyrlar ) seni alladan gaýrylardan gorkuzýarlar. we alla her kimi gümra etse ony hedaýat etjek tapylmaz // we her kimi alla hedaýat etse ony gümra edip biljek bolmaz . alla gudratly we ar eýesi dälmidir? >>

Gurhan kerim geçen aýatda möminler bilen kapyrlary deňeşdiren soň bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip : kapyrlar hak kelamyny kabul etmegiň ýerine seniň bilen tersleşip saňa haýbat adýarlar ýöne weli alla saňa ýeterlikdir we allanyň rugsaty bolmasa hiç kim saňa zyýan ýetirip bilmez geçmişde hem kapyrlar hezreti ýbraýymy oda okladylar ýada hezrei Isany dara asdylar ýöne alla olaryň ikisinide kapyrlaryň hopyndan gorady” diýip aýdýar.

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem gümralyk we hedaýat barada gürrüň gozgap: her kim ylahy hedaýaty garşy alsa oňa gümralyk bolmaz we ol gümralykdan aman galar we her kim ylahy hedaýat bilen tersleşse onuň üçin hedaýat ýoly gömük bolar we ony hedaýat edip biljek hem tapylmaz” diýip beýan edýär . gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem ýene bir meselä yşarat edip: müşrikler we kapyrlar allanyň yradasynyň garşysynda durup bilmejekdiklerini bilmeýärlermi ? şeýlede olar , allanyň öz iberen pygamberleriniň garşysynda durýan kapyrlardan we müşriklerden gaty ar  aljakdygyny bilmeýärlermi? Diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- egerde ynsan allanyň bendeliginde dogry tapylsa alla onuň üçin ýeterlikdir we onuň işlerine özi çäre görjekdir .

2- mömin adam duşmanyň atýan haýbatlaryndan gorkman alla töwekgel edip duşmanyň garşysynda durýandyr .

3- ynsan öz özünden gümra bolýan däldir eýsem onuň sebäpleri bardyr, hak bilen tersleşip telek işlere ulaşmaklyk ynsany gümralyga tarap iterýändir.

///////////