Aug 03, 2020 12:59 Asia/Ashgabat

bölüm 860, süre zumär, aýat 38-41

راهی بسوی نور(860)

Zumär süresi, 38-nji aýat :

وَلَئِن سَأَلْتَهُم مَّنْ خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ لَيَقُولُنَّ اللَّهُ قُلْ أَفَرَأَيْتُم مَّا تَدْعُونَ مِن دُونِ اللَّهِ إِنْ أَرَادَنِيَ اللَّهُ بِضُرٍّ هَلْ هُنَّ كَاشِفَاتُ ضُرِّهِ أَوْ أَرَادَنِي بِرَحْمَةٍ هَلْ هُنَّ مُمْسِكَاتُ رَحْمَتِهِ قُلْ حَسْبِيَ اللَّهُ عَلَيْهِ يَتَوَكَّلُ الْمُتَوَكِّلُونَ (38)

<< gökleri we ýeri kim ýaratdy” diýip olardan sorasaňyz hökman: alla ( ýaratdy ) diýip jogap bererler. ( olara ) aýt: onda alladan gaýry çagyrýan zatlaryňyz hakynda oýlanýarsyňyzmy ? egerde alla maňa zyýan ýetirmekçi bolsa olar şol zyýany menden dep edip bilerlermy ? ýada ( alla maňa bir haýry we) rahmeti ibermekçi bolsa olar allanyň şol rahmetiniň öňini alyp bilerlermi? (olara ýene ) aýt : alla meň üçin ýeterlikdir töwekgel ähli diňä oňa töwekgel edýändirler. >>

Gümra bolanlar we dogry ýola hedaýat bolanlar hakynda gürrüň gozgaýan geçen aýatlaryň dowamynda gurhan kerim bu aýatda bir möhüm meselä yşarat edip aýdýar : müşrikler, ýer - gögi şol sanda ynsany allanyň ýaradandygyna ykrarlydyrlar şondan gelende olar , öz ykballarynda başga zatlary täsirli bilýändirler hamana diýersiň weli alla tagala älem- jahany ýaradan soň onuň işlerine çäre görmekligi öz başyndan sowup başga zatlara ynanan şekilli .

Şonuň üçin müşrikler yslam pygamberiniň zamanynda ýada häzirki döwürde bir zatlara bendelik edipdirler ýada bendelik edýärler weli ol zatlaryň ynsanlara zerre peýdasy ýokdyr. yslam pygamberiniň zamanynda ýaşaýan müşrikler allanyň ýerine daşdan ýada agaçdan ýasalan zatlara çokunyp şolary öz ykballarynda täsirli bilipdirler, häzirki zamanda hem Indiler öz buthanalarynda saklanylýan butlara çokunup allanyň ýerine şolardan kömek soraýandyrlar. olar allanyň ýerine butlara çokunmak bilen hem özlerini hakdan daş edip gümralyk belasyna giriftar edýändirler. şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatyň soňunda: emma möminler butlara we allanyň ýaradan beýleki zatlaryna bendelik etmegiň deregine diňe alla bendelik edip, öz borçlarynda dogry tapylmagyň ýanynda onuň netijesi barada hem allanyň özüne töwekgel  edýändirler we işleriniň soňuny haýra çatdyrmagy alladan dileýärler” diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- butparazlar we müşrikler ýaradylyşyň hakyky eýesiniň alladygyny we barça zatlary allanyň ýaradandygyna ykrar etýärler şondan gelende olar butlara ylahy orun kaýyl bolup olary özleri bilen allanyň arasynda bir wesile bilmek bilen olara çokunýarlar .

2- ynsana ýedýän ýagşy we ýaman zatlar aslynda alla tarapyndandyr, oňa görä ynsan özüni ýaman we şer zatlardan goramak üçin diňe alla töwekgel etmelidir we alladan gaýry zatlara daýanmakdan saklanmalydyr.

Zumär süresi, 39 we 40-njy aýatlar :

قُلْ يَا قَوْمِ اعْمَلُوا عَلَى مَكَانَتِكُمْ إِنِّي عَامِلٌ فَسَوْفَ تَعْلَمُونَ (39) مَن يَأْتِيهِ عَذَابٌ يُخْزِيهِ وَيَحِلُّ عَلَيْهِ عَذَابٌ مُّقِيمٌ (40)

<< ( olara ) aýt : eý meniň halkym ! eliňizden gelenini gaýgymaň, men hem gaýgyrmaryn . onda basymlykda bilersiňiz // kimiň depesinden ýowuz azabyň injekdigini ( şu dünýäde bilersiňiz we kyýamatda hem ) sowulmaz azap onuň üstünden injekdir. >>

Gurhan kerim bu aýatlarda , köpçülikde ýörgün bolan nädogry ynam- ygtykatlar we düşünjelere garşy durmagyň ähmiýetine yşarat edýär . yslam pygamberi hem öz düwründe bu hili ynam ygtykatlaryň garşysynda dürdi. ol hezret özüniň gowum garyndaşlary bolan Goraýşyň arasyndaky nädogry ynam ygtykatlara garşy durmak üçin alla tarapyndan borçly edildi. şonuň üçin hem yslam pygamberi öz gowumynyň arasynda çykyş edip: men diňe ýalňyz Taňra bendelik edýärin we siziň çokunýan butlaryňyza bendelik etmeýärin” diýip yglan etdi . şeýlede yslam pygamberi müşriklere ýüzlenip : egerde siz öz ýalňyş ýoluňyzy dowam etseňiz men hem allanyň bendeliginde berk durup öz ýolumy dowam ederin siz bilen meň aramy allaň özi belli eder diýip nygtadylar .

Gurhan kerimiň bu aýaty : siziň diniňiz özüňiz üçin meniň dinim hem özüm üçin diýýän (her kimiň dini özi üçin) diýen yslamyň hökmüne meňzeşdir. Yslam pygamberi bu ybaraty yglan edip özüniň müşrikler we butparazlar bilen hergiz oňuşmajakdygyny we olaryň ynam- ygtykatlaryna bolan özüniň ýygrenjini aýan şeklinde bildirdiler .

Yslam pygamberi bu aýatlaryň dowamynda müşriklere ýüzlenip : alyp barýan ýoluňyzyň soňuna oýlanyň, sebäbi bu ýol sizi hem şu dünýäde azaba giriftar eder hemde ahyretde sizi sowulmaz azaba uçradar, alla hiç kime zulum edýän däldir we siz öz saýlan ýoluňyzyň netijesini öz ýakaňyz bilen çekmeli bolarsyňyz” diýip duýduryş berýär.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- mömin ynsanyň yradasy güýçli bolýandyr we köpçülikdäki ýaramaz zatlar onuň dine bolan yhlasynda täsir galdyrýan däldir .

2- hudaýlykly ýolbaşçylar özleriniň garşylaryny we maksatlaryny çekinmän yglan edýändirler. olar garşylar bilen oňuşyp öz ynam- ygtykatlaryndan gaýdýan däldirler.

Zumär süresi, 41-nji aýat :

‏ إِنَّا أَنزَلْنَا عَلَيْكَ الْكِتَابَ لِلنَّاسِ بِالْحَقِّ فَمَنِ اهْتَدَى فَلِنَفْسِهِ وَمَن ضَلَّ فَإِنَّمَا يَضِلُّ عَلَيْهَا وَمَا أَنتَ عَلَيْهِم بِوَكِيلٍ (41)

<< biz bu kitaby ilatyň (hedaýaty ) üçin hakykat esasynda saňa inderdik . onda her kim dogry ýola girse özi üçin peýdalydyr we her kim dogry ýoldan çyksa öz zyýany üçin gümra bolandyr. we sen olara kepil bolup bilmersiň. >>

Gurhan kerim bu aýatda wahyýny halka ýetirmekde pygamberiň üstüne düşýän jogapkärçilige yşarat etmek bilen : taňry tagala ilatyň dogry ýola girmekleri üçin gerek bolan zatlary hakykat esasynda öz pygamberine yglan edendir we ol hem allanyň wahyý eden zatlaryny doly suratda halka ýetirendir we bir kitap görnüşinde allanyň wahyýsyny halk arasynda ýadygär galdyrandyr” diýip aýdýar . ýöne bu arada ilatyň bir topary pygamberiň getiren wahyýsyna iman getirip ondan öz ýaşaýyşlarynda peýdalanmak bilen hedaýat bolýarlar ýöne ýene bir topar adamlar jedel edip haky kabul etmekden saklanýarlar şeýdipde gümralyga uçraýarlar. bu arada ynsanyň hakyky bagtyýarlygyny isleýän yslam pygamberiniň bir mugallym hökmünde müşrikleriň halyna gynanmagy bir tebigy zatdyr, ýöne näme edip bolýar? iman getirmejek adam iman getirmeýär we ony iman getirmeklige mejbur hem edip bilmeýär. sebäbi hiç kim ýene bir kişiň imanynyň jogapkäri däldir. iman diýleni içgin bolmalydyr we ynsan ýüregi bilen oňa ýetmelidir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhanyň aýatlary hak we hakykaty açyklamak we hemmelere bildirmek üçin inendirler we gurhanyň bütin aýatlary hakdyr we onda hatadan we nogsandan hiç nyşan ýokdyr. gurhanyň aýatlary ynsanlary dogry ýola getirmek üçin inendirler.

2- ynsanlar her bir ýoldan gitjek diýseler gidip bilerler ýöne onuň jogapkärçiligini hem kabul etmelidir.

3- pygamberleriň borjy allanyň wahyýsyny halka kabul etdirmeklik däldir-de eýsem şol wahyýlary kem-kössiz halka ýetirmeklikdir.

//////////