Aug 03, 2020 13:08 Asia/Ashgabat

bölüm 861, süre zumär, aýat 42-45

راهی بسوی نور(861)

Zumär süresi, 42-nji aýat :

اللَّهُ يَتَوَفَّى الْأَنفُسَ حِينَ مَوْتِهَا وَالَّتِي لَمْ تَمُتْ فِي مَنَامِهَا فَيُمْسِكُ الَّتِي قَضَى عَلَيْهَا الْمَوْتَ وَيُرْسِلُ الْأُخْرَى إِلَى أَجَلٍ مُسَمًّى إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّقَوْمٍ يَتَفَكَّرُونَ (42)

<< alla , ölüm mahaly ynsanlaryň ruhyny doly suratda alýandyr we ( ýöne ) heniz ölmedikleriň (ruhyny ) ukyda ( alýar ) onda ( alla ) ölümi hökman bolan kişiň (ruhyny öz ýanynda ) saklar we ol biriniň ruhyny belli zamana çenli ( onuň jisimine) öwrüp berer . şübhesiz bu zatda oýlanýanlar üçin nyşanlar bardyr. >>

Gurhan kerimiň bu aýatynda gelşine görä taňry tagala her bir ynsan ölende onuň ruhyny alýar emma başga ynsanlaryň ruhyny ýatan mahallary diýmek şol uklan mahallary wagtlaýyn suratda alyp soň ony gaýdyp berýändir. emma ölümi hökmany bolan ynsanyň ruhyny alan soň ony gaýdyp berýän däldir netijede bu ölen ynsanlara ýaňadan dünýä dolanmak mümkin däldir. belki ynsanlar bolsa allanyň belli eden zamanyna çenli bu dünýäde ýaşaýandyrlar, zamanlary dolan soň olar hem ölüp ýok olýandyrlar .

Gurhan kerim, towhydy, diýmek allanyň birligini we şirki, diýmek alla şärik tutunmaklygy aýdyp mahaly, ynsanyň ölüminden we ýaşaýyşyndan bir mysal hökmünde kän peýdalanýandyr we bu mysallar bilen hem ynsanlaryň ýaşaýşynyň we ölüminiň diňe bir allanyň elindedigini we bu meselede allanyň hiç bir şäriginiň ýokdygyny nygtaýandyr .

Emma gurhan kerim bu aýatda ynsanyň iki möhüm tarapyna diýmek ynsanyň şol jisim we ruh taraplaryna yşarat edýär. ölüm mahaly ynsanyň jisimi bilen onuň ruhynyň arasyndaky baglanşyk üzülýär we onuň jisimi ýok olýar. emma ruhy kyýamat gopýança allanyň ýanynda saklanýar kyýamat gopanda hem ol ruh allanyň islegi bilen jisime gaýdyp berilýär. elbetde ynsanlar özleriniň gündelik ýaşaýyşlarynda hem her günde bir kiçi ölümi ýada wagtlaýyn ölümi tejribe edýärler ol ölüm bolsa oky mahaly ýüze çykýar . ynsan uklan mahaly hem onuň ruhy bilen jisiminiň arabaglanşygy wagtlaýyn üzülýär ýada oň arabalanşygy üzülme derejesine ýedýär, edil diýersiň weli ynsan uklan mahaly bir hili ölýär we oýanan mahaly hem ýaňadan direlýär.

Köp ynsanlar ukyda düş görýärler we düşlerinde hem köp ýerlere aýlanýarlar köp wakalary başdan geçirýärler , gülýärler ýada gam bolýarlar. bu mesele bolsa ynsanyň ruhynyň onuň jisiminden jydadygyny we ukyda onuň ruhynyň her bir ýerlere aýlanyp bilýändigini mälim edýär . oňa görä uky ynsanyň köp oýlanmaly meseleleriniň birsidir. sebäbi bu zatda allanyň gudratyny aýan görmek bolýandyr . ynsan ukydan sapak almalydyr, sebäbi uklap-da asla oýanmadyk ynsanlar az däldir. onda gündelik ukyň ölüm ukysyna baryp çatmagy hem mümkindir. her halda ynsanyň maddy bolmadyk tarapyna ruh diýlip aýdylýar .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. Ynsandaky jisimi bilen ruhy, bir- birinden özňe hakykatlardandyr we ölümde ýada ukyda olaryň baglanşygy üzülýändir. ynsan öleni soň onuň jisimi ýok olýandyr ýöne ruhy ýok olman allanyň ýanynda saklanylýandyr.
  2. Uky bilen ölüm dogandyrlar . ukyda ynsan ölümiň bäriki görnüşini tejribe edýändir .
  3. Uklamak , oýanmak her günde bolup duran zatdyr, ýöne oýlanýan ynsanlar ondan gerek bolan sapaklary alýandyrlar .

Zumär süresi, 43 we 44-nji aýatlar:

أَمِ اتَّخَذُوا مِن دُونِ اللَّهِ شُفَعَاء قُلْ أَوَلَوْ كَانُوا لَا يَمْلِكُونَ شَيْئاً وَلَا يَعْقِلُونَ (43) قُل لِّلَّهِ الشَّفَاعَةُ جَمِيعاً لَّهُ مُلْكُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ ثُمَّ إِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (44)

<< müşrikler alladan gaýry zatlary şepagatçy tutunýarlarmy? olara aýt: (olaryň şepagatçy tutunýan zatlary) hiç bir zadyň eýesi bolman oýlanyp bilmeýändiklerini bilselerde (olary şepagatçy tutunardylarmy? ) // ( ýene ) aýt : bütin şepagatlar alla üçindir. ( ol alla ki ) gökleriň we ýeriň hakyky häkimidir, soňda baryňyz oňa tarap dolanjaksyňyz. >>

Taryhy jähetden müşrikler, butlary özleri bilen allanyň arasynda şepagatçy bilýänmişler we “butlar allanyň ýanynda bize şepagatçy bolar ýaly biz olara çokunýarys” diýip aýdýardylar .

Aslynda müşrikler daşdan we agaçdan ýasalan butlara bir mükaddes zatlar hökmünde garap olaryň şepagatyndan haýyrlanmak üçin olaryň öňünde seždä gidýänmişler.

Gurhan kerim bu aýatlarda müşrikleriň bu nädogry ynam- ygtykatlaryna jogap hökmünde aýdýar : siz bilen allanyň arasynda kimiň ýada näme zatlaryň şepagatçy bolmagyny ýada şepagatçy bolup bilmegini siziň özüňiz dälde eýsem ony alla belli eder . has beter üns bermeli zat olda siziň bu meselede şepagatçy tutýan zatlaryňyzyň öz eliňiz bilen ýasan butlaryňyzdyr, daşdan we agaçdan ýasalan bu butlaryň ne akly bardyr nede gudraty,

Egerde siz , älem jahany ýaradan we oňa hökmürowanlyk edýän kimsäň alla dygyny kabul edýän bolsaňyz onda näme üçin jansyz zatlara ýüz tutup olardan şepagat dileýärsiňiz? her halda şepagatçy bolup biljek zat, her bir zatdan ozal bu mesele barada alla oňa rugsat beren bolsun. Allanyň rugsady bolmadyk ýerinde hiç kim ýada hiç bir zat ýene bir kişä şepagatçy bolup bilmez. gurhan kerimiň aýatlary esasynda allanyň rugsaty bilen pygamberler, ynsanlar bilen allanyň arasynda şepagatçy hökmünde rul oýnap alladan ynsanlaryň şepagatyny diläp bilýändirler hezreti ýüsüp (a)ň dessanynda hem gelşi ýaly onuň doganlaryny dessanyň soňunda öz zeden etmişlerinden puşman bolanlary soň ýazyklarynyň geçilmegi üçin allanyň dergähine ýüzlenip öz atalary hezreti Ýakubuň hatyryna ýazyklarynyň geçilmegini dilediler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

  1. gurhan kerim şepagat diýlen meseläni düýbinden ret edmeýär ýöne butlaryň ynsanlar üçin şepagatçy bolup bilmeklerini ret edýär.
  2. şepagatçy bolup biljek närse ýada kimse allanyň ýanynda orny gaty beýik bolmalydyr oňa görä ne akly nede güýji bolan butlar allanyň ýanynda ynsanlar üçin şepagatçy bolup bilmezler  .

3- alla tagala barlygy , deliller esasynda dikeldendir ýöne delilleriň täsirleri öz özünden däldir eýsem allanyň yradasy bilendir. allanyň yradasy bolmasa ot hem ýakyp ýörmez , şonçada ot hezreti ybraýym (a)ny ýakan däldir.

Zumär süresi, 45-nji aýat :

وَإِذَا ذُكِرَ اللَّهُ وَحْدَهُ اشْمَأَزَّتْ قُلُوبُ الَّذِينَ لَا يُؤْمِنُونَ بِالْآخِرَةِ وَإِذَا ذُكِرَ الَّذِينَ مِن دُونِهِ إِذَا هُمْ يَسْتَبْشِرُونَ (45)

<< haçanda allanyň birliginden gürrüň bolanda ahyrete imanlary bolmadyk ynsanlaryň ýüreklerini ýygrençlik gurşap alar we haçanda alladan özgeleriň gürrüňi bolanda birdenkä ýüreklerini hoşluk gurşap alar. >>

Gurhan kerim bu aýatda müşrikleriň we kapyrlaryň allanyň birliginden gürrüň bolanda olaryň içini gam basar , ýüreklerinde ýygrençlik duýgysy peýda bolar ýöne edil şol wagtda alladan gaýryň gürrüňi bolanda ýada butlardan söz açylanda olaryň içini şatlyk gurşap alar . diňe dünýäň yzynda bolup ahyretden gapyl galan müşrikler we imanlary gowşak ynsanlar allanyň ylmyndan , gudratyndan ýada beýleki sypatlaryndan gürrüň bolanda ýüzlerini turşadyp biynjalyk bolýandyrlar sebäbi bu hili ynsanlaryň ýürekleri alla bilen däldir we olar ýaşaýyşlarynda alla töwekhek etmegiň ýerine alladan gaýry zatlary öz ýaşaýyşlarynda täsirliräk bilýändirler. olar , älem - jahany ýokdan bara getiren allany kenarda goýup özleri ýaly bir adama boýun burýandyrlar, olaryň dünýälik ýokary orun- mertebelerine gözlerini tikip allanyň ýerine şol adamlara ýakynlajak bolup tagalla edýändirler we şu hili ynsanlara ýakynlaşyp bilenlerinde ýüreklerinde hoşluk duýýandyrlar we özlerini bagtly adam bilýändirler . emma ol bir tarapdan mömin ynsanlar haçanda allanyň ady tutulanda ýürekden begenip onuň ýolunda her bir zatdan geçmäge taýyndyrlar, allanyň ady olaryň ýanynda şadyýanlygyň we huşlugyň çeşmesidir, ruhlaryna ruh we ýüreklerine ýagtylyk bagyş edýändir.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. allanyň adynyň we ýadynyň ynsanda galdyrýan täsiriniň üsti bilen ol ynsanyň iman derejesini seljerip bolar . egerde allanyň ady bir ynsanda hoşluk döretse ol ynsan hakykatda mömin ynsandyr .
  2. allanyň buýruklaryny äsgermezlik, ýada allanyň buýruklarynyň ýerine ynsanyň düzen kanunlaryna baha bermeklik ynsany, hatda özüni mömin bilýän ynsany, alladan daşlaşdyryp ony şirk belasyna giriftar etjekdir.
  3.