Aug 03, 2020 13:11 Asia/Ashgabat

bölüm 862, süre zumär, aýat 46-50

راهی بسوی نور(862)

Zumär süresi, 46-njy aýat :

قُلِ اللَّهُمَّ فَاطِرَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ عَالِمَ الْغَيْبِ وَالشَّهَادَةِ أَنتَ تَحْكُمُ بَيْنَ عِبَادِكَ فِي مَا كَانُوا فِيهِ يَخْتَلِفُونَ (46)

<< aýt : bar hudaýa ! ýer- gögi ýaradan ( sensiň) we basygyly we basyrgysyz zatlardan habarly ( sensiň ), sen öz bendeleriň arasynda olaryň dawa etýän zatlary hakynda höküm etjeksiň. >>

geçen gepleşikde müşrikleriň durly hudaýlara çokunmaklary sebäpli möminleriň allany birlemeklerini ýygrenmekleri hakynda gürrüň etdik. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar: olardan ýüz öwür we ýeri- gögi ýaradan we barça närseleriň içindäki syrlardan habarly bolan allanyň dergähine ýüzlen, sebäbi ol , ynsanlaryň, üstünde dawa edýän zatlary barada höküm çykaryp hakyň kimler bilendigini aýan we äşgär etjekdir. Dogrusy kyýamatda hakyky häkim alla tagaladyr we ol bütin syrlardan habarlydyr we allanyň ýanynda basygyly zat ýokdur, onuň üçin onuň hökümi we karary bütin dawalara soň berjekdir : kyýamatda mizan- tereziň başynda jedelkeş müşrikleriň haky inkär etmäge ýollary boljak däldir we olar ol günde , özleriniň goýberen ýalňyşlyklaryny we hata işlerini ykrar etmeli boljakdyrlar. emmä arman olaryň ol günde etjek ykrarlary olaryň hal- ýagdaýna zerre peýdasy boljak däldir .

gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

  1. alladan gaýra köňül beren ynsanlaryň tersine biz alla tagalanyň özüne ýapyşyp öz isleglerimizi onuň özünden islemelidiris .
  2. ýer- gögi ýaradan kimse , onuň içinde we daşynda bolup geçýän ýagdaýlardan hem doly habarlydyr.
  3. allanyň ynsanlar hakynda çykarjak hökümi ylym we ägälik esasyndadyr .

Zumär süresi, 47 we 48-nji aýatlar :

وَلَوْ أَنَّ لِلَّذِينَ ظَلَمُوا مَا فِي الْأَرْضِ جَمِيعاً وَمِثْلَهُ مَعَهُ لَافْتَدَوْا بِهِ مِن سُوءِ الْعَذَابِ يَوْمَ الْقِيَامَةِ وَبَدَا لَهُم مِّنَ اللَّهِ مَا لَمْ يَكُونُوا يَحْتَسِبُونَ (47)‏ وَبَدَا لَهُمْ سَيِّئَاتُ مَا كَسَبُوا وَحَاقَ بِهِم مَّا كَانُوا بِهِ يَسْتَهْزِئُون (48)

<< we (dünýäde) sütem eden kimseler , ýeriň ýüzündäki barça zatlary we ýene şonça mukdardaky zatlary, kyýamat günnüň agyr azabyndan gutulmak üçin pediýe berjekdirler we ( şol günde )   olar üçin hergiz güman etmeýän zatlary alla tarapyndan aýan we äşkär ediljekdir. // we ( şol günde ) özleriniň ozalky eden etmişleriniň ýaramaz keşbi olara äşgär boljakdyr we olaryň (dünýäde ) masgara eden zatlary olary gurşap aljakdyr. >>

Alla tagalanyň kyýamatda ynsanlar arasynda höküm çykarmagy hakynda bolan öňki aýatyň dowamynda gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar : dünýäde zulum eden ynsanlar kyýamatda agyr azaplary görjekdirler we bu azaplaryň bir topary hem dünýäde hatda olaryň zehinlerine hem gelen däldir . gurhanyň düşünjesinde zulum ybaratyndan maksat , düşünje we ygtykat ýerlikdäki zulumdyr. hamana , şirk we kapyrçylyk , ynam ygtykat taýdan bir ynsanyň goyberip biljek zulmydyr. bu sütemiň täsiri köpçülikde bolýan beýleki sütemlerden gaty güçliräkdir, sebäbi beýleki sütemleriň käbiriniň ýerini dolduryp bolýandyr ýöne bir ynsanyň ynam , ygtykat taýdan ýola berýän sütemleriniň täsirleri indiki nesillerde hem dowam edýändir. oňa görä bu hili sütemleriň ýerini doldurmaklyk gaty kyndyr . elbetde taňry tagala günäkär adamlara şol sanda zalymlara özüniň adalaty esasynda azap berýändir we olara zerre artykmaç azap berýän däldir. şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : bu azap olaryň dünýäde goýberen hata işleriniň we ýola beren eden etmişleriniň netijesidir we bu azap dowzahyň ody şeklinde olaryň ýakasyndan ýapyşandyr,  olar dünýäde ýaşan döwürlerinde dünýäň mal- mülküniň yzynda bolup hemme zady hatda bagtyýarlygy pul bilen satyn alyp bolýandyr öýtdiler şonuň üçin hem olar kyýamat barada berilýän duýduryşlara üns bermeýärdiler we olary masgara edýärdiler we bu duýduryşlary medeniýetden daş düşen yza galan ynsanlaryň gürrüňleri bilýärdiler . ýöne indi Mähşär çölünde şol güman etmeýän zatlary olaryň başyna gelendir we şeýle bir ýowuz ýagdaýda bolsa olaryň dünýäde gazanan zatlary we baýlyklary olaryň derdine ýaraman durandyr .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

  1. dünýäniň baýlygy we gudraty kyýamatda ynsanyň derdine ýarajak däldir , karunyň baýlygyna hem eýe bolsaň kyýamatda ol zatlardan ynsana zerre peýda ýetjek däldir.
  2. dowzahda günäkär ynsanlara berilýän azaplar olaryň dünýäde ýola beren günä işleriniň bir görnüşidir, dogrusy ol günä işler azap şeklinde ynsanyň ýakasyndan ýapyşýandyr .
  3. kyýamat güni hakykatlaryň görnüşe çykýan günidir .
  4. dini ynam ygtykatlara hormat goýmalydyrys we olary masgaralamakdan saklanmalydyrys sebäbi masgara eden ýerimizde kyýamatda jogap bermeli bolarys .

Zumär süresi, 49 we 50-nji aýatlar :

فَإِذَا مَسَّ الْإِنسَانَ ضُرٌّ دَعَانَا ثُمَّ إِذَا خَوَّلْنَاهُ نِعْمَةً مِّنَّا قَالَ إِنَّمَا أُوتِيتُهُ عَلَى عِلْمٍ بَلْ هِيَ فِتْنَةٌ وَلَكِنَّ أَكْثَرَهُمْ لَا يَعْلَمُونَ (49) قَدْ قَالَهَا الَّذِينَ مِن قَبْلِهِمْ فَمَا أَغْنَى عَنْهُم مَّا كَانُوا يَكْسِبُونَ (50)

<< haçanda ynsana bir zyýan ýetişende ol doga edip bizi çagyrar soň haçanda öz ýanymyzdan oňa nygmat bagyş edemizde ol : men öz ylymym we iş beletligim bilen bu nygmat maňa berildi” diýip aýdar. ( ýok, beýle däldir ) eýsem ol nygmat bir synagdyr ýöne olaryň köpsi bilmeýärler. // dogrudanda olardan ozalky kimseler hem bu sözi aýdypdylar. ýöne olaryň gazanýan zatlary olaryň halyna peýda bermedi. >>

Gurhan kerim bu aýatlarda gadyrdan bolmadyk ynsanlaryň ýene bir ýöriteligine yşarat edip aýdýar: umuman ynsanlar haçanda agyr ýagdaýlara gabat gelenlerinde allanyň ýadyna duşup ondan medet soraýandyrlar ýöne haçanda kynçylyk başlaryndan sowlanda allany unudyp “men öz ylymym we iş beletligim bilen bu kynçylygy başymdan sowdym we bu nygmatlary we mümkinçilikleri el gerdim” diýip aýdýandyr .

Gurhan kerim bu aýatlarda bu hili gadyr bilmez ynsanlara ýüzlenip : bilýän bolsaňyz size berilen zatlar bir synagdyr we berilen nygmatlaryň şükrini ýerine ýetiýäňizmi? şuny bilmek üçin bu nygmatlar size berilendir diýip aýdýar.

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : allanyň beren nygmatlaryna näşükür bolmaklyk, taryh boýunda hemişe bolandyr we mal-mülke we baýlyga şeýlede orun mertebä ýetenleri soň allany unudan ynsanlar az bolan däldirler . olar özleriniň el geren baýlyklaryny we orun mertebelerini öz başarjaňlyklary üçin bilip alladan gaflat edendirler . emma olaryň baýlyklary we mal- mülkleri olary ne dünýäde we nede ahyretde allanyň yradasynyň we gahar gazabynyň garşysynda gorap bilmez we alla yrada etse olara agyr azaplary berip biler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

  1. kynçylyklarda we ýowuz ýagdaýlarda ynsan özüniň ejizligine göz ýetirip alladan kömek soraýandyr .
  2. ynsanyň asudalygy we onuň bol elin ýaşaýyşdan paýly bolmagy ynsanyň menliklenip allany unutmagyna sebäp bolandyr.
  3. nygmatlar we kynçylyklar ikiside aslynda ynsanlary synamak üçin we olaryň içgin hakykatlaryny görnüşe çykarmaklary üçin bir abzaldyr.
  4.