bölüm 864, süre zumär, aýat 54-58
bölüm 864, süre zumär, aýat 54-58
راهی بسوی نور(864)
Zumär süresi, 54 we 55-nji aýatlar
وَأَنِيبُوا إِلَى رَبِّكُمْ وَأَسْلِمُوا لَهُ مِن قَبْلِ أَن يَأْتِيَكُمُ الْعَذَابُ ثُمَّ لَا تُنصَرُونَ (54) وَاتَّبِعُوا أَحْسَنَ مَا أُنزِلَ إِلَيْكُم مِّن رَّبِّكُم مِّن قَبْلِ أَن يَأْتِيَكُمُ العَذَابُ بَغْتَةً وَأَنتُمْ لَا تَشْعُرُونَ (55)
<< azap başyňyza inip goldawsyz galmakdan ozal repbiňize tarap dolanyň we oňa çokunyň.// we perwerdigäriňiz tarapyndan size tarap inen zatlaryň iň ýagşysyna eýeriň , habarsyzkaňyz azap tötänlikde başyňyza inmänkä .>>
Geçen gepleşikde allanyň rahmetinden we magfyratyndan gürrüň etdik. Gorhany kerimiň bu aýatlary bolsa allanyň rahmetenden paýly bolmagyň ýollary barada gürrüň gozgap : toba edip günäden gaýtmaklygy şeýlede allanyň emrine eýermekligi bu ýollaryň ikisi bilýär . gurhan kerim özüniň bu aýatlarynda allanyň rahmeti barada umyt bermegiň ýanynda onuň gahar gazaby barada hem hüşgärlik berýär. sebäbi günäkär ynsanyň özüniň barýan ýolunyň üstünde aýak diremegi we toba etmekden saklanmagy onuň azaba uçramagyna sebäp boljakdyr . bu azaplaryň bir topary dünýäde günäkär ynsanyň başyna injekdir özide tötänlikde onuň başyna injekdir ýada ahyretde onuň başyna injekdir . ahyretiň azabyndan bolsa gutuljak adam ýokdur .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ýürekden allanyň emrine eýermeklik hakyky tobanyň nyşanalaryndandyr .
2- ajal gaýypdyr ömür gysgadyr onda tobany yza oklamaly.
3- ýürekden emre eýeriň, allanyň degähine ýalbaryp ýowzarmagyň ýanynda ýagşy amal hem gerekdir .
4- ýagşy amallar diýseň köpdir ýöne ynsanyň ömri we güýç- kuwwaty çäklidir. oňa görä her bir ynsan zamanasyna we ýagdaýna görä hereket edip ýagşy işleri bitirmelidir .
Zumär süresi, 56-njy aýat :
أَن تَقُولَ نَفْسٌ يَا حَسْرَتَى علَى مَا فَرَّطتُ فِي جَنبِ اللَّهِ وَإِن كُنتُ لَمِنَ السَّاخِرِينَ (56)
<< bir wagt biri : wah arman! men allanyň emrinde dogry tapylmadym we (dünýäde onuň aýatlaryny) masgara edýänlerden boldym diýip aýtmasyn .”
Gurhan kerimiň kä aýatlarynda üstünde gürrüň bolan ahyretiň iň möhüm ýöritelikleriniň birisini , ynsanyň dünýäde goýberen kemçilikleri üçin ahyretde hasrat çekjekdigidir. şonuň üçin hem ahyretiň atlarynyň biridide “ýäwmulhasrat” ýagny hasrat günidir.
Ynsanlar kyýamatda mähşär meýdanynda taýýar bolanlarynda özleriniň eden etmişleriniň we goýberen kemçilikleriniň we hata işleriniň netijesini öz gözleri bilen synlap görjekdirler . şonda olardan we hasrata sesi eşidiljekdir, olary gam basjakdyr we ýüreklerini puşmanlyk gurşap aljakdyr . günäkär ynsanlar dünýäde allanyň aýatlaryny we onuň ýollan pygamberleriniň geplerini magara edendikleri üçin kyýamatda gaty puşman boljakdyrlar sebäbi olaryň gümralyga uçramaklarynyň asly sebäpkäri allanyň aýatlaryny we pygamberlerini masgara etmekleri bolandyr . olar kyýamatda bu hakykata göz ýetirerler ýöne peýda bermez.
Umuman kyýamatda hemme ynsanlar hasrat çekjekdirler . ol günde günäkär ynsanlar : käşki dünýä dolanyp sogap işleri etsedim diýip arzuw ederler ýagşy we mömin ynsanlar hem : käşki dünýäde köpräk sogap we ýagşy işleri eden bolsadyk diýip arzuw ederler bu arada alymlar : käşki dünýäde öz ylymmyza amal eden bolsadyk diýip hemmelerden köpräk arzuw ederler .dogrusy ynsanlar kyýamatda , diňe alla üçin edilen işleriň gymmatlydygyna göz ýetirjekdirler . görme göze ýagşy işler bolup başga niýetler üçin edilen işleriň kyýamatda zerre bahasy bolmaz . umuman riýa üçin edilen ýagşy işleriň sogaby asmana göterilmän şu dünýäde galar we onuň peýdasy hem ahyretde ynsana ýetmez.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- dünýäde allanyň razylygyny gazanmak ugurda ýagşy işleri etmekden saklansak kyýamatda onuň hasratyny çekjekdiris .
2- kyýamat güni , eden etmişleriňe ykrar edip oňa puşman bolunjak gündir .
3- düýäde allanyň emrini we gurhanyň aýatlaryny magara eden ynsanlar kyýamatda puşman bolarlar ýöne arman bu puşmanlyk olara peýda bermez.
Zumär süresi, 57 we 58-nji aýatlar :
أَوْ تَقُولَ لَوْ أَنَّ اللَّهَ هَدَانِي لَكُنتُ مِنَ الْمُتَّقِينَ (57) أَوْ تَقُولَ حِينَ تَرَى الْعَذَابَ لَوْ أَنَّ لِي كَرَّةً فَأَكُونَ مِنَ الْمُحْسِنِينَ (58)
<< ýada : alla meni hedaýat eden bolsady, men takwa adamlaryň sanyndan bolardym diýmesin // ýada haçanda azaby görende : ýagşylaryň sanyndan bolar ýaly käşki maňa dünýä dolanmak bolsady” diýip aýtmasyn .>>
Gurhan kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda ynsanlaryň kyýamatda çekjek hasratlaryna yşarat edip aýdýar : günäkär ynsanlar elleri doly sogap bilen behişte tarap barýan behişt ählini görenlerinde olaryň hatarynda bolup behişte girmekligi arzuw ederler, şonda günäkär adam : alla meni dogry ýola hedaýat eden bolsady men hem dünýäde günä işlerden daş durup takwa ählinden bolardym we bu gün hem behişt ähliniň hatarynda bolardym” diýip ýazygy öz başyndan sowjak bolar .
Ol günäkär adam haçanda gözi dowzahyň oduna düşende , özüniň eden etmişlerini düzelder ýaly özüniň dünýä gaýtarylmagyny arzuw eder . elbetde onuň özüniň günä işleriniň sebäpleri barada aýdan gürrüňleri hem dünýä dolanmak barada etjek arzuwlary nädogrydyr sebäbi alla ynsanlary hedaýat etmek üçin pygamberleri iberendir onda her kim dogry ýola girmän bolsa ýazyk onuň özündendir . şeýlede onuň dünýä dolanmak baradaky arzuwy hem puç arzuwdyr .
gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kyýamatda takwanyň ähmiýeti hemmelere aýan bolar . hakykatda ynsanyň derdine ýarajak zat mal- mülk ýada pul we baýlyk däldir eýsem takwalykdyr .
2- her kim allanyň görkezen hedaýat ýoluna eýermän başga ýollardan gitse gümra boljakdyr .
3- kyýamatda günäkär ynsanlar , takwa ynsanlaryň ýagdaýny görenlerinde hasrat çekip “käşki şolardan bolsadyk” diýip arzuw ederler .
4- takwalyk we sahylyk kyýamatda ynsany azapdan gutuldyrjak zatlardyrlar.
///////////