bölüm 865, süre zumär, aýat 59-63
bölüm 865, süre zumär, aýat 59-63
راهی بسوی نور(865)
Zumär süresi, 59 we 60-njy aýatlar :
بَلَى قَدْ جَاءتْكَ آيَاتِي فَكَذَّبْتَ بِهَا وَاسْتَكْبَرْتَ وَكُنتَ مِنَ الْكَافِرِينَ (59) وَيَوْمَ الْقِيَامَةِ تَرَى الَّذِينَ كَذَبُواْ عَلَى اللَّهِ وُجُوهُهُم مُّسْوَدَّةٌ أَلَيْسَ فِي جَهَنَّمَ مَثْوًى لِّلْمُتَكَبِّرِينَ (60)
<< hawa ! meniň aýatlarym seniň yzyňdan geldi ýöne olary ýalan bildiň we tekepbirçilik edip kapyrlardan bolduň // we kyýamat gününde Alla ýalan ýapanlary görersiň weli ýüzleri garadyr. Tamug, tekepbirçilik edýänler üçin haslanan mekan dälmidir? >>
Geçen gepleşikde bir topar adamlardan gürrüň etdik weli olar Tamugyň oduny görenleri soň gaflat ukysyndan oýanyp özleriniň bihuda geçiren ömürleriniň hasratyny çekjekdirler. şonda olar : käşki öz eden etmişlerimizi düzeldip dogry ýoldan hereket eder ýaly bir dünýä dolansadyk” diýip arzuw ederler ýöne olaryň arzuwlary durmuşa geçmez.
Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: alla hiç kimiň hakynda keýeňlik edýän däldir eýsem hedaýat esbabyny özgeler ýaly size hem iberendir siziň hedaýatyňyz üçin pygamberleri we asmanlyk kitaplary iberendir, egerde oýlanyp aklyňyzdan peýdalanan bolsadyňyz aňsatlyk bilen haky saýgaryp hedaýat bolardyňyz ýöne siziň tekepbirçilik etmegiňiz haky inkär edip pygamberleriň çakylygyny kabul etmekden saklanmagyňyza sebäp boldy. Netijede bu tekepbirçilik sizi Tamugyň oduna giriftar etdi Tamugda size beriljek jezalar siziň keşbiňizi gara eder şonda keşpleri gara bolan Dowzah ählini bir – birleri ýygrenjekdirler .
Kyýamat aslynda ynsanyň içgi syrnyň aýan we äşgär bolýan günidir. Dünýäde özleriniň eden etmişleri bilen içleri gara bolan ynsanlar kyýamatda suratlaryda içleri ýaly gara boljakdyr netijede olaryň daş keşpleri hem iç keşpleri ýaly gara boljakdyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
- taňry tagala wahyý we akyl bilen ynsanlara ýetirmeli zatlary ýetiren soň olardan jogapkärçilik talap edýändir we öz borçlarynda tapylmadyk ynsanlary bolsa jezalandyrjakdyr .
- tekepbirlik etmeklik ynsany hakdan daşlaşdyryp ony kapyrlyga iterýändir .
- kyýamatda ynsanlaryň daş keşpleri olaryň içleri ýaly boljakdyr bir ynsanyň içi gara bolsa kyýamatda oň keşbi we suraty hem gara boljakdyr.
Zumär süresi, 61-nji aýat :
وَيُنَجِّي اللَّهُ الَّذِينَ اتَّقَوا بِمَفَازَتِهِمْ لَا يَمَسُّهُمُ السُّوءُ وَلَا هُمْ يَحْزَنُونَ (61)
<< We alla takwa ählini eden ýagşy işleri üçin ( azapdan ) halas eder, hiç erbetlik olara ýetişmez we olar hiç gam bolmazlar .>>
Tekepbirlik edip kapyr bolan we kyýamatda ýüzleri gara bolan geçenki toparyň garşysynda gurhan kerim bu aýatda kyýamat azabyndan gutuljak ynsanlara yşarat edip takwaly bolmagy kyýamat azabyndan gutulmaklyga sebäpkär bilýär, we : alla tagala takwa halkyny halas eder we olar kyýamatda hakyky bagtyýarlygy el gerjekdirler diýip aýdýar . bagtyýarlyk dileni ynsanda amala gelýän hoşlugyň hemişelik bolup galmagydyr. datly tagamlar we içgiler ynsanda lezzet we hoşluk haly döretselerde ol hoşluk hal uzaga çekmän aradan gitýändir. ýöne ylym- bilim we barlag bilen ele gelýän lezzetler we hoşluklar dowamly bolup ynsanyň bagtly bolmagyna şert döredip bilýändirler. emma dünýäň hoşluklarynyň dowamy ýokdur. onsoňda ynsanyň ömrüniň gysgalygy üçin ahyret lezzetleriniň ýanynda dünýäniň lezzetleri hiçdir hasaba gelýän däldir. şu hasap bilen hakyky bagtyýarlygy, ynsana hemişelik hoşlugy bagyş edýän ahyret bilen baglanşykdaky işlerde gözlemelidir .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
- takwaly bolup ýaşamaklyk ynsany ahyretde hakyky bagtyýarlyga ýetirjekdir .
- takwa, ynsany ýaramazlyklardan we erbetliklerden goraýan bir galkan hökmündedir. takwa adamlar kyýamatda bütin erbetliklerden daş bolup gama we puşmanlyga giriftar boljak däldirler.
Zumär süresi, 62 we 63-nji aýatlar :
اللَّهُ خَالِقُ كُلِّ شَيْءٍ وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ وَكِيلٌ (62) لَهُ مَقَالِيدُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَالَّذِينَ كَفَرُوا بِآيَاتِ اللَّهِ أُوْلَئِكَ هُمُ الْخَاسِرُونَ (63)
<< bütin zatlary ýaradan alladyr we ol her bir zada gözegçi we wekildir // gökleriň we ýeriň açarlary oňa mahsusdyr we allanyň aýatlaryna kapyrlyk eden adamlar olar zyýankärdirler. >>
Zumär süresiniň mazmuny umuman Towhyt we şirk hakyndadir. oňa görä gurhan kerimiň bu aýatlary ýene bir gaýtar Towhyt meselesine dolanyp älem- jahany gorap onuň işlerine çäre görmekligiň älem jahany ýaradan allanyň özüne mahsusdygyny ýatlaýar. şu hasap bilen : alla tagala älem , jahany ýaradyp onuň işlerine çäre görmekligi başgalara hamana butlara ynanypdyr diýen düşünje düýbinden nädogrydyr. müşrikleriň köpsi allanyň älem , jahany ýaradandygyny kabul edýärdiler ýöne şondada olar özleriniň çokunýan butlaryny öz ykballarynda täsirli bilýärdiler. gurhan kerimiň garaýşyndan allany taşlap başgalara çokunýan ynsanlar we älem , jahanyň işlerine çäre görmekde başgalary täsirli bilýän ynsanlar hakyky zyýankärlerdirler. sebäbi olar gökleriň we ýeriň açarlary elinde bolan alladan ýüz öwrüp elinden zat gelmeýän ejiz närselere çokunýandyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
- ýaradylşyň we barlygyň dowamaty alla baglydyr, ýene bir ybaratda alla hem ýaradandir hemde ýaradan zatlarynyň çäresini görýändir. Onda bu iki zadyň eýesini parhly bilmeklik ýene bir ybaratda ýaradylyşy alla mahsus bilip onuň dowamatyny Butlara ýada başga zatlara degişli bilmeklik şirkdir.
- Towhyt ynsanyň ýaşaýyşynyň bütin taraplarynda huzurly bolmalydyr we Towhydy, ynsanyň ýaşaýyşynyň kä taraplarynda dahylsyz bilmeklik dogry däldir.