bölüm 866, süre zumär, aýat 64-67
bölüm 866, süre zumär, aýat 64-67
راهی بسوی نور(866)
Zumär süresi, 64, 65 we 66-njy aýatlar :
قُلْ أَفَغَيْرَ اللَّهِ تَأْمُرُونِّي أَعْبُدُ أَيُّهَا الْجَاهِلُونَ (64) وَلَقَدْ أُوحِيَ إِلَيْكَ وَإِلَى الَّذِينَ مِنْ قَبْلِكَ لَئِنْ أَشْرَكْتَ لَيَحْبَطَنَّ عَمَلُكَ وَلَتَكُونَنَّ مِنَ الْخَاسِرِينَ (65) بَلِ اللَّهَ فَاعْبُدْ وَكُن مِّنْ الشَّاكِرِينَ (66)
<< aýat : eý nadanlar! alladan gaýra çokunmak barada maňa emir edýärsiňizmi ? // we saňa we senden ozal geçen ( pygamberlere ) hökman Wahyý bolandyr, egerde (alla ) şirk getirseň bütin amallaryň zaýa bolar we zyýankärlerden bolarsyň, diýip // onda alla ybadat et we şükür kylýanlardan bol. >>
Geçen gepleşiklerde şirk we Towhyt meseleleri hakynda gürrüň etdik . gurhan kerim bu aýatlarda şol gürrüňiň dowamynda aýdýar: müşrikler we butparazlar dürli bahanalar bilen butlara hormat goýmak barada yslam pygamberini razy etjek boldular. olar : eý pygamber! biz seniň hudaýyň garşysynda sežde edip namaz kylmaga taýýar ýöne sen hem biziň butlarymyzyň garşysynda seždä gitmeli bolýaň” diýip aýtdylar .
Taňry tagala bu aýatlarda mäkämlik bilen aýdýar : bu hili bihuda sözler olaryň nadanlygyndan göz baş alýandyr sebäbi butlardan ýüz öwrüp halky allanyň birligine çagyrmak üçin pygamberlige bellenen ynsan indi müşrikleri özüne tarap çekmek üçin olaryň çokunýan butlaryna sežde edermi?
Taňry tagala bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : eý pygamber! olara aýt “men diňe bir alla çokunýaryn we siziň butlaryňyza hem hergiz se1de etmerin sebäbi Towhyt bilen şirk, bir- biriniň ýanynda bolup bilmez we nep aranyp olardan geçip hem bolmaz, her kim şirke ýüzlense onuň ýagşy amallary hem zaýa bolar, indi şeýle bir ynsan pygamber bolsa onuň jezasy neçe esse bolar, sebäbi ol adam şirke meýil etmek bilen özgeleri hem gümra etjekdir. Şübhesiz ynsanyň amallarynyň kabul bolmagy onuň Towhyda ýa şol allanyň birligine bolan ynam ygtykadyna baglydyr. Şeýle bir bu ygtykaty bolmadyk ýerinde ynsandan hiç bir amal kabul edilmez we onuň ýagşy amallary hem zaýa bolar, sebäbi şirk diýleni ot ýaly ynsanyň ýagşy amallaryny ýakyp ýok edýändir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- alladan özgä çokunmaklyk nadanlygyň nyşanydyr hatda ol görme göze ylymly we alym adam bolsada aslynda nadandyr .
2-möminler allanyň birliginiň üstünde ýa şol Towhyt barada gaty gaýym durýandyrlar we nep üçin ondan geçýän däldirler .
3- diniň duşmanlary ýönekeý adamlara bärde dursyn, olar hatda pygamberleri hem alyp barýan ýolundan alyp galjak bolup tagalla edýändirler .
4- alla bendelik etmeklik bir hili onuň beren nygmatlarynyň şükrüni kylmaklykdyr.
Zumär süresi, 67-nji aýat :
وَمَا قَدَرُوا اللَّهَ حَقَّ قَدْرِهِ وَالْأَرْضُ جَمِيعاً قَبْضَتُهُ يَوْمَ الْقِيَامَةِ وَالسَّماوَاتُ مَطْوِيَّاتٌ بِيَمِينِهِ سُبْحَانَهُ وَتَعَالَى عَمَّا يُشْرِكُونَ (67)
<< we alla tagalanyň şanyna laýyk hormat goýmadylar (we ony dogry tanamadylar) kyýamat gününde ýer tutuşlygyna onuň golunyň astynda bolup gökler ( ýumrulyp ýumak ýaly ) saraljak halynda , ol , oňa ýapylýan şäriklerden päk we ulydyr. >>
Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatda aýdýar: müşrikler, yslam pygamberine bolugsyz teklipleri berip ondan , öz butlaryna hormat goýmagy isleýärdiler. aslynda olar özleriniň bu teklipleri bilen hem allany dogry tanatmaýandyklaryny we onuň ornuny butlaryň orny bilen deň bilýändigini mälim etdiler.
Aslynda şirkiň asly sebäpkäri allanyň şanyny dogry tanamazlykdan göz baş alýandyr, barça zatlary ýokdan bara getiren we olaryň çäresini görýän we älem , jahany tertip düzgün esasynda dolandyryp duran allany , ynsanyň döreden we ýasan butlary bilen deň görmeklik uly nadanlykdyr we bu nadanlyk hem şirkiň göz başy hasaplanýandyr.
Aslynda barça zatlaryň barlygy allanyň yradasyna baglydyr. alla islemese ýer – gökde hiç bir janly jandar diri galmaz. Hemme zatlar onuň yradasy bilen ölerler ýenede kyýamatda onuň yradasy bilen direlip mizan – tereziň başynda häzir bolarlar. kyýamatda ýer we gök allanyň häkemiýeti astynda bolarlar. bu sözden maksat, allanyň gudratynyň we azamatynyň barça zatlara üstemdigini mälim etmeklikdir tä hemmeler bilsinler, kyýamatda hiç kimiň we hiç bir zadyň, adamlary halas eder ýaly erk ygtyýarlary ýokdur. ol günde adamlary halas etmegiň açary we erk ygtyýar diňe allanyň elinde boljakdyr. hawa , taňry tagala , oňa her hili şärik totardan päkdir ýöne müşrikler bu hakykata bir wagt göz ýetirjekdirler weli özleriniň bu hatalaryny düzeltmekleri üçin pursatlary boljak däldir .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwretýän sapaklary :
1-şirk, allanyň ylmyny we gudratyny we onuň gadryny bilmezlikden ýada ünsden düşürmekden göz baş alýandyr .
2- gök , özüniň şol ululygy we azamaty bilen allanyň gudratynyň ýanynda düýrlenen tomar ýaly kiçi zatdyr.
Zumär süresi, 68, 69 we 70-nji aýatlar:
وَنُفِخَ فِي الصُّورِ فَصَعِقَ مَن فِي السَّمَاوَاتِ وَمَن فِي الْأَرْضِ إِلَّا مَن شَاء اللَّهُ ثُمَّ نُفِخَ فِيهِ أُخْرَى فَإِذَا هُم قِيَامٌ يَنظُرُونَ (68) وَأَشْرَقَتِ الْأَرْضُ بِنُورِ رَبِّهَا وَوُضِعَ الْكِتَابُ وَجِيءَ بِالنَّبِيِّينَ وَالشُّهَدَاء وَقُضِيَ بَيْنَهُم بِالْحَقِّ وَهُمْ لَا يُظْلَمُونَ (69) وَوُفِّيَتْ كُلُّ نَفْسٍ مَّا عَمِلَتْ وَهُوَ أَعْلَمُ بِمَا يَفْعَلُونَ (70)
<< we Sur çalynar, şonda göklerdäki we ýerdäki barça zatlar ölerler meger allanyň islän kimsesi (ölmez) .soň ýene Sur çalynar, şonda hemmeler asgyrşyp galarlar ( we haýranlar bolup dürt tarapa ) ser ederler // we ýer , perwerdigäriniň nury bilen ýagtylanar we ( ynsanlaryň ) amal depderlerini getirerler we pygamberleri we şaýatlary çagyrarlar we olaryň ( ynsanlaryň ) arasynda hak bilen höküm çykarlar we olaryň ( hiç birsine ) sütem edilmez // we her kimsä eden işiniň ( netijesi ) doly suratda berler we alla tagala olaryň amallaryndan doly habarlydyr.>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda alla tagalanyň kyýamatdaky gudratyny ýatlap geçmekden soň bu aýatlarda dünýäniň nähili ahyr bolup kyýamatyň başlanmagyna yşarat etmek bilen : Sur çalynyp asmandan güýçli sesiň eşidilmegi bilen janly jandarlaryň hemmesi ölerler, yz ýanyndan ýene bir ses eşidiler weli hemmeler direlip özleriniň amal depderlerine ýetişikligiň edilmegine garaşarlar” diýip aýdýar . elbetde alla her kimi islese diri saklar mysal üçin Jebraýyl , Ysrapyl we Mikaýyl atly perişdeler allanyň yradasy bilen kyýamata çenli diri galarlar. kyýamat gününde bolsa barça zatlar ýaňadan jana gelip direljekdirler we ýer ýüzüni allanyň nury ýagtylandyrjakdyr we hakykat şühlesi şeýle bir alyma çaýjakdyr weli hiç bir zady inkär edip boljak däldir . perdeler gyraga gidip ynsanlaryň amallarynyň aňrysyndaky hakykatlar aýan boljakdyr . hakykatlaryň aýan we äşgär bolan güni diýmek şol kyýamat gününde ynsanlaryň amal depderlerine ýetişiklik ediljekdir. pygamberler we beýleki şaýatlar çagyrlyp ynsanlaryň iri we ownuk amallary barlanyp adalat esasynda höküm çykaryljakdyr we hiç kime zerre sütem ediljek däldir we her kim öz amalyna görä serpaý ýada jeza görjekdir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- barça närseleriň ölümi ýada diriligi şol sanda ynsanyň ölümi ýada diriligi allanyň yradasyna baglydyr. alla her wagt yrada etse ynsany öldürip biler ýada oň ýaşaýyşyna ýaşaýyş bagyş edip biler .
2- zaman ahyr bolup kyýamatyň gopmagy, ýuwaş ýuwaşdan dälde birden ýüze çykýandyr .
3- bu dünýäde käler biziň amallarymyzy synlap durandyrlar, perişdeler hem biziň amallarymyzy depdere geçirýändirler kyýamatda şolar biziň amallarymyz barada şaýatlyk berjekdirler.
////////////