bölüm 867, süre zumär, aýat 71-75
bölüm 867, süre zumär, aýat 71-75
راهی بسوی نور(867)
Zumär süresi, 71 we 72-nji aýatlar :
وَسِيقَ الَّذِينَ كَفَرُوا إِلَى جَهَنَّمَ زُمَراً حَتَّى إِذَا جَاؤُوهَا فُتِحَتْ أَبْوَابُهَا وَقَالَ لَهُمْ خَزَنَتُهَا أَلَمْ يَأْتِكُمْ رُسُلٌ مِّنكُمْ يَتْلُونَ عَلَيْكُمْ آيَاتِ رَبِّكُمْ وَيُنذِرُونَكُمْ لِقَاء يَوْمِكُمْ هَذَا قَالُوا بَلَى وَلَكِنْ حَقَّتْ كَلِمَةُ الْعَذَابِ عَلَى الْكَافِرِينَ (71) قِيلَ ادْخُلُوا أَبْوَابَ جَهَنَّمَ خَالِدِينَ فِيهَا فَبِئْسَ مَثْوَى الْمُتَكَبِّرِينَ (72)
<< kapyrlyk eden adamlar , topar-topar Dowzaha tarap äkidiljekdirler , Dowzaha ýetenlerinde onuň gapylary açylar we garawullar olara ( ýüzlenip ) : siziň araňyzdan pygamberler bellenmedilermi? Olar şeýle bir güniň gelejekdigi barada perwerdigäriňiziň aýatlaryndan okap size duýduryş berer ýaly” diýip aýdarlar. (şonda olar ) : elbetde ( geldiler ýöne biz olary inkär etdik ) diýip aýdarlar. Ýöne (indi ) kapyrlar baradaky (allanyň ) azap permany durmuşa geçer // olara aýdylar : Dowzahyň gapylaryndan giriň , hemişelik onda galarsyňyz . bes tekepbirlik edýänleriň menzil mekany ne erbet menzil mekandyr. >>
Geçen gepleşikde kyýamatda Mizan- tereziň gorulmagy barada we şol Mizan- tereziň başynda durly şaýatlaryň ynsanlaryň ýagşy ýaman işleri barada güwälik berjekdikleri barada gürrüň etdik. adyl esasynda goruljak şol Mizan- tereziň üsti bilen hem ynsanlaryň amallaryna ýetişiklik ediljekdir. ýagşylar Behişde girip telek ynsanlar hem Dowzaha girjekdirler .
Emma gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar : Mizan- terezide ynsanlaryň amallary hasaba alynan soň Dowzah ähli topar topar bolup Dowzaha tarap äkidiljekdirler. Şonda Tamugyň garawullary Dowzahyň gapylaryny açyp olary dowzaha tarap sürjekdirler . Tamugyň ýaňky garawullary Tamug ählini dünýäde saýlan ýaramaz ýollary üçin käýäp : siz şeýle bir güne düşmez ýaly öz araňyzdan pygamber bellenmedimi ? olar size aýatlary okap sizi şeýle bir güniň geljekdiginden habarly etmedilermi ? onda näme üçin şol pygamberleriň sözlerini ret edip olaryň duýduryşlaryny unutdyňyz ? olary inkär edip duýduryşlaryny äsgermezlik etmek bilen göwniňiz islänini edip bileris öýdiňizmi ? diýip aýdarlar . şeýle bir ýagdaýda Dowzah ähli öz eden etmişlerini we goýberen hatalaryny ykrar ederler . ondan soň olara azap bermek baradaky allanyň hökümi çykarlar. bu hökümde ikilik bolmaz we hökman durmuşa geçirler . Tamug ähli bilen Tamugyň garawullarynyň arasyndaky söhbetdeşlik gutaran soň Tamug ähline : indi özüňiziň hemişelik jaýňyz bolan Tamuga giriň diýlip emir bolar . Dowzah ähliniň şeýle bir ýowuz ýagdaýa uçramaklarynyň asly sebäpkäri, olaryň hakyň garşysynda tekepbirlik etmekleridir. tekepbirlik olaryň şeýle bir gara bagt bolmaklaryna sebäp bolandyr. olar hemişe hakyň garşysynda tekepbirlik etmek bilen ömürleriniň soňuna çenli özleriniň telek ýollaryndan el özmediler. şu hili kapyrlyk etmek bilen özlerini Tamug oduna giriftar etdiler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- dünýäde tekepbirlik edip pygamberleriň hak sözlerini re edýän adamlar kyýamatda harlanjakdyrlar. Perişdeleriň olary zorlap Dowzaha tarap äkitmekleri munuň bir mysalydyr .
2- hakdan habarly edilmezden ozal hiç bir ynsan Dowzaha oklanmaz. kapyrlar kyýamatda öz eden etmişlerini şeýlede dünýäde haky eşidip ony kabul etmekden saklanandyklaryny ykrar etjekdirler .
3- kyýamatda ynsanlaryň Tamug oduna giriftar bolmaklarynyň asly sebäpkäri kapyrlyk etmekleridir. kapyrlygyň köki hem hakyň garşysynda tekepbirlik etmeklikdir .
Zumär süresi, 73 we 74-nji aýatlar :
وَسِيقَ الَّذِينَ اتَّقَوْا رَبَّهُمْ إِلَى الْجَنَّةِ زُمَراً حَتَّى إِذَا جَاؤُوهَا وَفُتِحَتْ أَبْوَابُهَا وَقَالَ لَهُمْ خَزَنَتُهَا سَلَامٌ عَلَيْكُمْ طِبْتُمْ فَادْخُلُوهَا خَالِدِينَ (73) وَقَالُوا الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي صَدَقَنَا وَعْدَهُ وَأَوْرَثَنَا الْأَرْضَ نَتَبَوَّأُ مِنَ الْجَنَّةِ حَيْثُ نَشَاء فَنِعْمَ أَجْرُ الْعَامِلِينَ (74)
<
Kiçeldip harlanyp Dowzaha tarap äkidiljek kapyrlaryň tersine möminler we salyhy ynsanlar hormatlanyp Behişde tarap äkidiljekdirler . şonda behişdiň garawullary olara hoş geldiňiz aýdyp olary sylag hormat bilen garşy aljakdyrlar .
Şonda behişt ähli , allanyň öz beren wadasynda tapylyp olary hemişelik behiştde ýerleşdirendigi üçin alla hämdi senalar aýdyp hoşlyk etjekdirler .
Aýtmak ýerli Dowzah ähliniň hemişelik Dowzahda galyşlary ýaly Behişt ähli hem hemişelik Behiştde galjakdyr . elbetde behişt ähliniň dünýäniň gysga ömrüniň garşysynda ahyretiň hemişelik bagtyny el germekleri bir geň zat däldir şeýle bir bagty el geren mömin we salyhy ynsanlar dünýäde ýene müň sapar hem ýaşasalar olar ýenede allanyň emrine boýun bolup öz ömürlerini onuň bendeliginde geçirjekdirler . allanyň bendeliginde ýaşamaklyk olaryň ýüreklerine ornan hakykatdyr we bu hakykata üýtgemeklik ýokdur .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- imanyň bir özi ýeterlik däldir Behişde ýetmek üçin päk we takwa bolmaklygy hem unutmaly däldir .
2- Behişt ähli Behişde giren batlaryna allanyň hämdi senasyny aýdarlar, sebäbi her bir nygmata ýetilende onuň şükrüni kylmalydyr indi bu nygmat allanyň öz fazly kereminden bagyş eden Behişt nygmaty bolsa onuň şükrüni hökman ýerine ýetirmelidir.
3- ýagşy amalsyz Behişde girip bolmaz .iman we takwa , zähmet we tagalla bilen hemra bolan ýrinde ynsanlary Behişde ýetirjekdirler. ýöne bir kenarda ýatyp ybadat etmek bilen Behişde ýetip bolmaz.
Zumär süresi, 75-nji aýat :
وَتَرَى الْمَلَائِكَةَ حَافِّينَ مِنْ حَوْلِ الْعَرْشِ يُسَبِّحُونَ بِحَمْدِ رَبِّهِمْ وَقُضِيَ بَيْنَهُم بِالْحَقِّ وَقِيلَ الْحَمْدُ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ (75)
<< we Arşyň töweregine halga uran perişdeleri görersiň weli öz perwerdigärleriniň hämdi senasyny aýdýandyrlar we olaryň arasynda hak bilen höküm kesiler ( soňda olar ) : hämdi sena , älem jahanyň perwerdigäri bolan alla mahsusdyr” diýip aýdarlar. >>
Zumär süresiniň soňky aýaty bolan bu aýatda taňry tagala yslam pygamberine ýüzlenip : ol günde perişdeleri görersiň weli ynsanlar hakynda allanyň emrini ýerine ýetirmek üçin arşyň töweregine halga urup oturandyrlar, şol günde ynsanlaryň işine hak we adalat esasynda ýetişiklik edip olar barada höküm çykararlar, şonda perişdeleriň we Behişt ähliniň agyzlaryndan allanyň hämdi senasy düşmez” diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- hem Dowzahyň hemde Behişdiň garawullary bolan perişdeler, allanyň emrini ýerine ýetirmeklige borçlydyrlar we olar hem diňe allanyň emrini ýerine ýetirýändirler.
2- allany päkläp onuň hämdi senasyny aýtmaklyk bir- biriniň ýanynda mana tapýandyr, sebäbi älem jahany ýaradyp olary dolandyrmak işlerinde hiç hili nogsanlyk bolmadyk Taňry tagala hämdi sena laýykdyr.
Zumär süresiniň soňy