bölüm 870, süre Gafer, aýat 10-12
راهی بسوی نور(870)Gafer süresi,
10 nji aýat :إِنَّ الَّذِينَ كَفَرُوا يُنَادَوْنَ لَمَقْتُ اللَّهِ أَكْبَرُ مِن مَّقْتِكُمْ أَنفُسَكُمْ إِذْ تُدْعَوْنَ إِلَى الْإِيمَانِ فَتَكْفُرُونَ (10)
<< takyk kapyrlyk edýänler çagyrlyp "allanyň ( size bolan ) gazaby siziň özüňize bolan gazabyňyzdan ulyrakdyr sebäbi siz imana çagyryldyňyz ýöne kapyrlyk etdiňiz diýlip" aýdylar .>>
Geçen gepleşikde taňry tagalanyň özüniň päk we mömin bendelerine bolan merhemetinden gürrüň etdik . gurhan kerim bu aýatda taňry tagalanyň, kapyrlyk edýän adamlara bolan gahar gazabyndan gürrüň edýär . bu adamlar hakyň nämedigini bilselerde onuň bilen tersleşip iman getirmekden saklanýandyrlar . emma bu kapyrlar kyýamatda özleriniň eden etmişleriniň netijesini görenlerinde gaty tukat bolup özlerini käýejekdirler , näme üçin bu ýoldan gidipdirin diýip özlerine lagnat aýtjakdyrlar. Şeýlede olar özlerini şeýle bir ýola çeken adamlardan we dostlaryndan gaharda bolup olara lagnat iberjekdirler .Belli bolşundan kyýamatda kapyr adamlar öz ganymlary boljakdyr şonda tamugyň ýasawullary : allanyň size bolan gahar gazaby siziň özüňize bildirýän gahar gazabyňyzdan güýçliräkdir, sebäbi siz allanyň resullary tarapyndan dogry ýola tarap çagyryldyňyz ýöne siz hak bilen jedel edip ony kabul etmekden saklandyňyz şeýdipde gümra bolduňyz aslynda siz öz saýlan gümralyk ýoluňyz bilen allanyň iberen pygamberlerine bihormatçylyk etdiňiz diýip aýtjakdyrlar.Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- kapyrlyk edip hak bilen tersleşmeklik , allanyň gahar gazabyny yzyna tirkejekdir.2- allanyň azaby ynsanlara hedaýat ýoly görkezileni soň ynsanyň başyndan inýändir .Gafer süresi, 11-nji aýat :قَالُوا رَبَّنَا أَمَتَّنَا اثْنَتَيْنِ وَأَحْيَيْتَنَا اثْنَتَيْنِ فَاعْتَرَفْنَا بِذُنُوبِنَا فَهَلْ إِلَى خُرُوجٍ مِّن سَبِيلٍ (11)
<< kapyrlar : "bar hudaýa ! sen bizi iki gaýtar öldürdiň we iki gaýtar direldiň ! indi eden etmişlerimizi ykrar edýäris, onda ( mundan ) gutulmak üçin bize hiç bir çäre ýokdur" diýip aýdarlar .>>
Kapyrlaryň dünýäde inkär eden zatlarynyň biriside kyýamat we ölümden soň direlmek meselesi bolandyr . olaryň ynamyna görä ynsanyň dünýäden gaýtmagy bilen ol üçin hemme zat gutarýandyr we ondan hiç bir zat galýan däldir . ýöne ol kyýamatda hakykat bilen ýüz be ýüz bolup dünýäde eden gumanlarynyň nä dogrydygyna göz ýetirjekdirler. şonda olar özleriniň hiç bir delilsiz pygamberleriň kyýamat barada aýdan gürrüňlerini ret edendiklerini ykrar etjekdirler .we : bar hudaýa ! sen bize bir sapar dälde eýsem iki sapar jan berip iki sapar öldürdiň, sen bizi bir sapar ömür käsämiz dolanda öldürdiň soň Barzahda jan berdiň ýene bizi zamana ahyr bolanda öldürdiň we kyýamat bolanda hem direltdiň" diýip aýtjakdyrlar .Şeýlelik bilen gurhan kerimiň bu aýatyndan belli bolşyna görä ynsanyň iki sapar ölmeginden maksat ýaşaýşyň soňundaky ölüm bilen Barzah soňundaky ölümdir, iki sapar direlmekden maksat hem ynsanyň Barzah başynda we kyýamat gününde direlmegidir .Her halda kapyrlar bu hakykaty ykrar etmek bilen taňry tagaladan öz eden etmişleriniň geçilmegini we sogaply işleri eder ýaly özleriniň dünýä gaýtarylmagyny haýyş etjekdirler . ýöne arman , kyýamat gününde olaryň hakykaty ykrar etmekleri ýada özleriniň eden etmişleri üçin puşmanlyk bildirmekleri olara zerre peýda berjek däldir .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- kyýamatda günäkärler dünýä dolanmaklygy arzuw ederler. onda heniz dünýäde bolup ömür käsämiz dolmanka toba edip hata we günä işlerimizi düzeltmelidiris .2- ölümden soň direlmegi inkär edýän kapyrlar iki direlmegi başdan geçirjekdirler, birsi ölümden soň Barzahda ýa şol gabyrda direljekdirler, ikinjisi hem kyýamatda direljekdirler.Gafer süresi, 12-nji aýat :ذَلِكُم بِأَنَّهُ إِذَا دُعِيَ اللَّهُ وَحْدَهُ كَفَرْتُمْ وَإِن يُشْرَكْ بِهِ تُؤْمِنُوا فَالْحُكْمُ لِلَّهِ الْعَلِيِّ الْكَبِيرِ (12)
<< bu azap haçanda allanyň birligine çagyrlaňyzda kapyrlyk edip haçanda oňa şärik kaýyl bolanda iman getirmegiňiz üçindir, onda ( bu gün ) höküm beýik alla degişlidir .>>
Gurhan kerim bu aýatda kapyrlygyň köküni bir hili şirkde bilýär. O'näme kä adamlar , dünýä we ynsanyň ýagdaýny açyklamakda hemme zady alla degişli bilmegiň ýerine : alla bizi ýaradypdyr ýöne ol ondan soň bizi öz halymyza goýupdyr" diýip aýdýarlar. bu hili ynsanlar , dünýäň we ynsanlaryň işlerine çäre göriji närsäni alla dälde başga zatlar bilýärler şonuň üçin hem olar öz işlerine çäre görmek üçin alladan kömek soramagyň ýerne başga zatlardan kömek soraýarlar . ýene bir ybaratda gurhanyň garaýşyndan bu hili adamlar alla tagalany halyk bilýärler ýöne alla tagalanyň perwerdigärlik roluny diýmek terbiýeliji roluny inkär edýärler . kä mahal hem özlerini allanyň ornunda goýup özleri we özgeler üçin kanun düzýärler . kä mahal hem nadanlyk edip botlar ýaly närseleri allanyň ýerinde goýmak bilen özleriniň we dünýäniň ykbalynda olary täsirli bilýärler. elbetde bu hili adamlaryň bu hili pikirleri we ynam – ygtykatlary belli bir zamana mahsus däldir, hatda olar ölümden soň dünýä gaýtarlyp getirilselerde ýene şol işlerini we şol pikirlerini dowam ederler we öz boluşlaryny düzeltmezler .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- ynsanyň birligini ykrar etmekde yhlasly bolmaklyk ýene bir ybaratda yhlas bilen allanyň birligini ykrar etmeklik ynsany kyýamatda azapdan halas etjek zatdyr .2- müşrik adam allany ýaradyjy halyk bilýändir ýöne dünýäniň we barlygyň işlerine çäre görmekde alladan başgalary täsirli bilýändir, şonuň üçin hem alladan özgä ýüz tutýandyr . her halda allanyň barlygyny inkär edýän kapyrlaryň kyýamatda allanyň azabyna giriftar boluşlary ýaly oňa şärik kaýyl bolýan müşrikler hem allanyň gahar gazabyna giriftar bolup dowzaha düşjekdirler./////////////