bölüm 873, süre Gafer, aýat 21-25
راهی بسوی نور(873)Gafer süresi
, 21 we 22-nji aýatlar:أَوَ لَمْ يَسِيرُوا فِي الْأَرْضِ فَيَنظُرُوا كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الَّذِينَ كَانُوا مِن قَبْلِهِمْ كَانُوا هُمْ أَشَدَّ مِنْهُمْ قُوَّةً وَآثَاراً فِي الْأَرْضِ فَأَخَذَهُمُ اللَّهُ بِذُنُوبِهِمْ وَمَا كَانَ لَهُم مِّنَ اللَّهِ مِن وَاقٍ (21) ذَلِكَ بِأَنَّهُمْ كَانَت تَّأْتِيهِمْ رُسُلُهُم بِالْبَيِّنَاتِ فَكَفَرُوا فَأَخَذَهُمُ اللَّهُ إِنَّهُ قَوِيٌّ شَدِيدُ الْعِقَابِ (22)
<< özlerinden ozalkylaryň ykballarynyň nähili bolanlygyny gözleri bilen synlap görer ýaly ýer ýüzünde aýlanmadylarmy ? olar , bulardan güýçliräkdiler we ýer ýüzünde köp eserleri bardy ( ýöne ) alla olary eden etmişleri üçin gurşap aldy we olaryň allaň garşysynda hiç bir goraýçysy bolmady // sebäbi olaryň üstüne iýberlen pygamberler aýdyň deliller bilen iberlipdiler ýöne şondada olar kapyrlyk etdiler netijede alla olary gurşap aldy dogrudanda alla güýçli we berk azap berijidir.>>
Geçen gepleşike gönäkär adamlaryň kyýamatda gabat geljek ýagdaýlary barada gürrüň etdik gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda ynsanlary geçen kowumlaryň taryhlary barada oýlanmaklyga çagyryp : günäkär adamlar näme üçin geçen kowumlaryň ykballary barada hiç oýlanmaýarlar we şol kowumlaryň öz eden etmişleri sebäpli allanyň gaharna gabat gelip ýok olandyklary barada pikir etmeýärler we olardan ybrat almaýarlar diýip aýdýar .Gurhan kerim bu aýatlarda ynsanlary ýer ýüzünde aýlanyp geçen kowumlaryň ýedigärliklerini synlap görmekligi tabşyryp aýdýar : ýer ýüzünde köp köp taryhy binalar bardyr olaryň wiranalyklaryny henizem dünýäň çar könjünde görmek bolýndyr ol binalarda we köşklerde bir zamanlar men men diýen häkimler ýada zalym we sütemkär ynsanlar ýaşapdyrlar olar öz milletlerine sütem edipdirler sütem edipde uly uly köşikleri salypdyrlar indi bolsa olardan ne nam bar nede nyşan . diňe şol galdyran köşkleriniň weýranalyklary bar we olaryň hemmesini alla tagala gurşap aldy onda bu binalar we köşk eýwanlaryň harabalyklary ynsanlar üçin bir sapak bolmalydyr .Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem aýdýar : taňry tagala ynsanlary gümrälikden halas etmek üçin olaryň üstüne aýdyň deliller bilen pygamberleri ýollady ýöne şondada ynsanlaryň bir topary haka boýun bolman pygamberleriň garşysynda durdylar netijede allanyň gaharyna gabat gelip ýok oldular . olar özlerinden güýçliräk ýokdur diýip güman edýän ýagdaýlarynda allanyň gahar gazabyna uçrap aradan gitdiler .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :ybrat almak maksady bilen dünýäni aýlanyp görmeklik gurhanyň tabşyran zadydyr .2-dünýäde gawy ýaşamak üçin geçen kowumlaryň taryhyny öwrenmeklik derwaýys we akla laýyk meseledir.3-öz baýlygymyza , ylmymyza we güýjimize magtanmaly däldiris sebäbi bu zatlaryň hemmesi allanyň yradasynyň ýanynda hiçdir.4- allanyň gahar gazaby we azaby diňe ahyrete mahsus däldir eýsem alla tagala dünýäniň ýüzünde hem özüniň gahar gazabynyň we azabynyň bir çetini zalymlara görkezýändir.5- alla bir ynsana haky aýan we äşgär etmezden oňa azap berýän däldir.Gafer süresi, 23 we 24-aýatlar :وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا مُوسَى بِآيَاتِنَا وَسُلْطَانٍ مُّبِينٍ (23) إِلَى فِرْعَوْنَ وَهَامَانَ وَقَارُونَ فَقَالُوا سَاحِرٌ كَذَّابٌ (24)
<< dogrudanda biz Musany aýdyň nyşanalar we mugjyzalarymyz bilen (pygamber edip ) iberdik // Fyrown, Haman we Garunyň üstüne, ýöne olar oňa kezzap jadygöý diýip aýtdylar .>>
Gurhan kerim bu aýtlarda allanyň gahar gazaplaryndan bir mysal getirip aýdýar : alla aýdyň nyşanalar we mugjyzalar bilen hezreti Musany şol döwrüň sütemkär häkimi Fyrownyň we onuň weziri Hamanyň şeýlede şol döwriň iň baý adamsy Garunyň üstüne iberdi .Hezret musa hem allanyň medet bermegi bilen özüniň ber haklygyny subut etmek üçin köp mugjyzalary görkezdi ýöne şondada Fyrown we onuň ýaranlary hezret musanyň görkezen mugjyzalaryny jadygöýlik bilip onuň garşysynda durdylar we hezreti musany halka kezzap we ýalançy adam hökmünde tanatjak bolup tagalla etdiler . elbetde zalym häkimler we kapyrlaryň başlyklary pygamberleri we hakyň gözleginde bolan ynsanlary meýdandan çykarjak bolup hemişe olara bu hili tömetleri ýapypdyrlar şeýdipde halkyň ünsüni olaryň üstnden sowjak bolup tagalla edipdirler .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- pygamberler diňe halky allanyň bendeligine çagyrmak bilen ganahat etmändirler eýsem olar sütemkärleriň garşysynda hem durup olara garşy göreşipdirler.kä mahallar güýç – kuwwat we baýlyk, ynsanlary allanyň bendeliginden daşlaşdyryp halka sütem etmeklige tarap iterip bilýändir.Pygamberleriň getirýän aýdyň delilleri we görkezýän mugjyzalary kabul ederli zatlar bolupdyrlar şondan gelende kapyrlaryň başlyklary we eziji ynsanlar , ynsanlary bu kabul ederli zatlardan alyp galypdyrlar .Gafer süresi, 25-nji aýat :فَلَمَّا جَاءهُم بِالْحَقِّ مِنْ عِندِنَا قَالُوا اقْتُلُوا أَبْنَاء الَّذِينَ آمَنُوا مَعَهُ وَاسْتَحْيُوا نِسَاءهُمْ وَمَا كَيْدُ الْكَافِرِينَ إِلَّا فِي ضَلَالٍ (25)
<< haçanda musa biz tarapdan bolan haky olara getirende olar : "onuň bilen iman getiren adamlaryň erkek çagalaryny öldüriň we zenanlaryny öldürmän saklaň" diýip aýtdylar. ýöne kapyrlaryň hileleri gümralykdan aýry zatd däldi. >>
Hezreti musanyň getiren aýdyň delilleriniň we mugjyzasynyň garşysynda aýdara zady bolmadyk. Fyrown bilen onuň weziri Haman , hezreti musanyň öňüni almak üçin köp hilelere baş goşdylar . gurhan kerim bu aýatda olaryň ýola beren işleriniň birsine yşarat edip aýdýar : Fyrown bilen haman ozal başda hezreti musa iman getirip oň bilen hemralyk eden müminleri we olaryň erkek çagalaryny ýok edip zenanlaryny hem keniz etmek üçin saklamak karara geldiler . olar bu hili işler bilen hem hezreti musanyň ýaranlaryny ýok etmekçi boldular .Elbetde bu hili işler taryh boýunda zalymlaryň we sütemkärleriň ulanan zady bolupdyr. olar , bir dini hereketi güýçden düşürmek üçin her bir zatdan ozal bu dini hereketiň arkasynda duran mömin ynsanlary ylaýtada mömin ýaşlary herekete hemralyk etmekden alyp galmak ugurda tagalla edipdirler. ýöne hezreti musanyň wakasynda Fyrownyň we onuň ýaranlarynyň ýola beren hileleri islendik netijäni çykarmady eýsem hezreti musanyň ýaranlarynyň we bäni ysrayýlyň günme gün kuwwatlanmaklaryna sebäp boldy .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- heläkçilik ýada ýesir almaklyk, taryh boýunda zalymlaryň we sütemkärleriň öz maksatlaryna ýetmek üçin ýola beren şiwesi bolandyr .2- duşmanlar oruş we gan dökmek bilen ýada köpçilikde pysady ýaýratmak bilen ýaşlary meýdandan çykarjak bolup tagalla edýändirler .3-duşmanlar hemişe hak toplumynyň garşysynda hile araýandyrlar, ýöne möminler goldaw beren ýagdaýlarynda hak toplumy hergiz ýeňilmez eýsem duşmanlaryň naňşalary suwa dökilip soňky üstünlik möminler bilen bolar, bu zat allanyň beren wadasydyr./////////////